Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/8 sah. 28—30
  • Elýaşa alaw arabasyny görüpdi. Sen hem görýärmiň?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Elýaşa alaw arabasyny görüpdi. Sen hem görýärmiň?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ELÝAŞA YLÝASA GULLUK EDIP BAŞLADY
  • ELÝAŞA IŞINE YHLASLY ÝAPYŞDY
  • «MENDEN ISLÄN ZADYŇY SORA»
  • ELÝAŞA NÄME GÖRDI?
  • ELÝAŞA ÝEHOWA BIL BAGLADY
  • Ýehowanyň goşuny
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýaşulular doganlara talaplara laýyk gelmäge kömek edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/8 sah. 28—30

Elýaşa alaw arabasyny görüpdi. Sen hem görýärmiň?

Aram patyşasy Hudaýyň pygamberi Elýaşany yzarlaýar we onuň baýyrda ýerleşýän daşy diwarly Dotan şäherindedigini bilýär. Gije aram patyşasy atlary, söweş arabalary bilen uly goşuny Dotana iberdi. Daňdan onuň goşuny şäheriň daşyny gabapdy (2 Pat. 6:13, 14).

Elýaşanyň hyzmatkäri irden turup, daşary çykanda, pygamberiň daşy gabalandygyny görýär. Ol: «Wah, jenabym, biz indi näme ederis?» diýip gygyrdy. Elýaşa: «Gorkma, çünki biziň ýanymyzdakylaryň sany olaryňkydan köpdür» diýip jogap berdi. Onsoň Elýaşa dileg edip: «Eý, Reb, meniň hyzmatkärimiň gözlerini açaý, goý, ol görsün» diýdi. Soňra «Reb Elýaşanyň hyzmatkäriniň gözlerini açdy. Hyzmatkär dagda Elýaşanyň töwereginiň atlardyr söweş arabalary sypatyndaky otdan doludygyny gördi» (2 Pat. 6:15—17). Biz Elýaşanyň durmuşynda bolan şu we beýleki wakalardan näme öwrenip bileris?

Elýaşa aramlylaryň gabanyny görse-de, howsala düşmedi, sebäbi Ýehowa bil baglap, Hudaýyň halas edendigini görüpdi. Biz şu günler gudratlar görmesek-de, Ýehowanyň ähli gullukçylaryny gorajakdygyny bilýäris. Sebäbi göçme manyda biziň hem daş-töweregimizi alaw atlar we arabalar gurşap alýar. Biz muny iman gözümiz bilen «görsek» we hemişe Hudaýa bil baglasak, «aman-esen ýaşarys» hem Ýehowanyň bereketlerini alarys (Zeb. 4:8). Geliň, Elýaşanyň durmuşyndan bize peýdaly boljak başga-da wakalara seredeliň.

ELÝAŞA YLÝASA GULLUK EDIP BAŞLADY

Bir sapar Ylýas pygamber Elýaşa ýer sürüp ýörkä, ýanyna baryp, donuny onuň egnine atdy. Elýaşa munuň näme aňladýandygyny bilýärdi. Ol meýlis gurnap, ata-enesi bilen hoşlaşyp, öýüni taşlap gitdi we Ylýasa hyzmat edip başlady (1 Pat. 19:16, 19—21). Elýaşa Hudaýa doly gulluk etmek üçin, elinde baryny etmäge taýyndy. Şol sebäpli ol Ýehowanyň elinde gural ýaly boldy we iň soňy Ylýasa derek pygamber boldy.

Elýaşa Ylýas pygambere alty ýyl hyzmat etdi. Şol wagt Elýaşa «Ylýasyň eline suw akydardy» (2 Pat. 3:11). Şol döwür adamlar köplenç eli bilen iýýärdi. Nahardan soň hyzmatkär hojaýynyň eline suw akdyryp, ýuwdurýardy. Elýaşanyň bitirýän işi abraýly bolmasa-da, ol Ylýasyň hyzmatkäri bolmagy uly hormat saýýardy.

Şu günlerem mesihçileriň köpüsi doly wagt gullugyň dürli görnüşlerini ýerine ýetirýärler. Olar muny Hudaýa iman edýändigi we bar güýji bilen Ýehowa gulluk etmek isleýändigi üçin edýärler. Olar köpleriň abraýsyz hasaplaýan işlerinde, ýagny Beýtelde, guramanyň gurluşyk işlerinde we ş. m. ýerlerde işlemek üçin, öýüni goýup gidýärler. Hiç bir mesihçi şeýle gullugy wajyp däl ýa-da abraýsyz hasaplamaly däl, çünki muny Ýehowa gymmat saýýar (Ýew. 6:10).

ELÝAŞA IŞINE YHLASLY ÝAPYŞDY

Hudaý «Ylýas pygamberi harasat içinde göge götermezden öň», ony Gilgaldan Beýtele iberdi. Ylýas Elýaşa yzyma düşme diýse-de, ol: «Men senden galmaryn» diýip jogap berdi. Olaryň ikisi ýoluny dowam edýärkä, Ylýas Elýaşa iki-üç sapar gal diýse-de, ol onuň yzyndan galmady (2 Pat. 2:1—6). Rutuň Nagomy bilen bile gidişi ýaly, Elýaşa hem Ylýasyň yzyndan galmady (Rut 1:8, 16, 17). Näme üçin? Sebäbi Elýaşa Hudaýyň ynanan Ylýas pygambere hyzmat etmek işiniň gadyryny bilýärdi.

Elýaşa bize gowy görelde galdyrdy. Hudaýyň guramasynda bize haýsydyr bir iş ynanylsa, oňa Ýehowa gulluk etmek ýaly garasak, onda ony gymmat saýarys. Sebäbi mundan uly hormatly iş ýokdur (Zeb. 65:4; 84:10).

«MENDEN ISLÄN ZADYŇY SORA»

Ylýas bilen Elýaşa bile gidip barýarkalar, Ylýas oňa: «Hudaýyň meni ýanyňdan alyp gitmezinden öň, menden islän zadyňy sora» diýdi. Birnäçe ýyl mundan öň Süleýman patyşa mukaddes ruhuň gerek bolşy ýaly, Elýaşa hem güýç gerekdi. Ol Ylýasyň ruhundan iki esse artyk ruhy diledi (1 Pat. 3:5, 9; 2 Pat. 2:9). Gadymy wagtda Ysraýylda her bir adam ilkinji ogluna emläginden iki esse paý bermelidi (Kan. tag. 21:15—17). Şol sebäpli Elýaşa Ylýasdan oňa derek Hudaýyň pygamberi bolmagyny haýyş etdi. Onsoňam, Elýaşa Ylýas pygamber ýaly, Ýehowa yhlasly guluk edip, batyrgaý bolmak isleýärdi (1 Pat. 19:13, 14).

Ylýas pygamber hyzmatkäriniň haýyşyna näme jogap berdi? Ol: «Kyn zat dilediň. Emma muňa garamazdan, eger sen meniň öz ýanyňdan göterilip barýanymy görseň, diňe şonda dilegiň kabul bolar. Eger-de meni görüp bilmeseň, onda dilegiň bitmez» diýdi (2 Pat. 2:10). Ylýasyň beren jogabynyň iki manysy bar. Birinjisi, Elýaşanyň dilegini bitirmelimi ýa-da bitirmeli däldigini diňe Hudaý çözýär. Ikinjisi, Elýaşa dilegi biter ýaly, näme bolaýanda-da, Ylýasyň ýanynda bolmagy ýüregine düwmelidi.

ELÝAŞA NÄME GÖRDI?

Hudaý Elýaşanyň Ylýasyň ruhundan iki esse artyk ruhy dilemegine nähili garady. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Olar gürleşip gidip barýarkalar, birdenkä alaw atlaryna tirkelen alaw arabasy olary biri-birinden aýyrýar. Ylýas harasat bilen göge göterilýär. Elýaşa Ylýas pygambere seredýär»a. Şeýdip, Ýehowa Elýaşanyň dilegini bitirdi. Elýaşa Ylýasyň ýanyndan alnandygyny görüp, oňa derek pygamber boldy (2 Pat. 2:11—14).

Elýaşa Ylýasdan gaçyp galan donuny alyp, egnine atdy. Bu don indi Elýaşanyň Hudaýyň pygamberi bolandygyny aňladýardy. Soňra gudrat arkaly Iordan derýasynyň ikä bölünmegi hem onuň pygamber bolandygyny subut etdi.

Elýaşa Ylýas pygamberiň harasat bilen göge göterilýändigini görende, bu oňa örän täsir etdi. Onsoňam, adam alaw söweş arabasyny we alaw atlary günde görüp durmaýar ahyryn! Bu Ýehowanyň Elýaşanyň haýyşyny bitirendigini görkezýär. Hudaý biziň dilegimizi eşidende, görnüş arkaly alaw söweş arabalaryny we alaw atlary görmeýäris. Emma biz Hudaýyň islegini berjaý etmäge güýjüniň ýetýändigine göz ýetirýäris. Biz Ýehowanyň ýer ýüzündäki guramasyna ak pata berýändigine üns bersek, gökdäki arabasynyň hereketdedigini «görýäris» (Ezek. 10:9—13).

Elýaşa pygamber ençeme sapar Ýehowanyň Gudratygüýçlidigine göz ýetirdi. Ol Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly Ylýas pygamberden iki esse köp, ýagny 16 gezek gudrat görkezdib. Makalanyň başynda aýdylyşy ýaly, Elýaşa pygamber Dotanda kyn ýagdaýa düşende, ikinji sapar alaw atlaryny we söweş arabalaryny gördi.

ELÝAŞA ÝEHOWA BIL BAGLADY

Dotan şäherinde duşmanlary Elýaşa pygamberiň daşyny gabasa-da, ol arkaýyndy. Näme üçin? Sebäbi ol Ýehowa berk iman edýärdi. Biz hem şeýle iman etmeli. Şonuň üçin, geliň, Hudaýyň mukaddes ruhuny diläp, imanymyzy berkideliň we mukaddes ruhuň başga-da miwesini ösdüreliň (Luka 11:13; Gal. 5:22, 23).

Dotanda bolan waka hem Elýaşa pygambere Ýehowa we onuň göze görünmeýän goşunynyň gorajakdygyna bil baglamagy öwretdi. Ol Hudaýyň ençeme perişdeleriniň şäheriň we duşmanlaryň daşyny gabandygyna göz ýetirdi. Hudaý gudrat arkaly duşmanlary kör edip, Elýaşany we onuň hyzmatkärini halas etdi (2 Pat. 6:17—23). Şeýle kyn pursatda we beýleki ýagdaýlarda-da Elýaşa Ýehowa iman edip, oňa doly bil baglady.

Geliň, biz hem Elýaşa pygamber ýaly Ýehowa Hudaýa bil baglalyň (Sül. tym. 3:5, 6). Eger bil baglasak, «Hudaý bize rehimdar bolup, ak pata berer» (Zeb. 67:1). Elbetde, biziň daşymyzy göni manyda alaw arabalary we atlar gurşap almaýar, ýöne Ýehowa halkyny häzir hem goraýar. Ýehowa «uly muşakgatda-da» halkyny gorar (Mat. 24:21; Ylh. 7:9, 14). Şoňa çenli, geliň, hemişe «Hudaýyň bize penadygyny» unutmalyň (Zeb. 62:8).

a Ylýas pygamber göge, Ýehowanyň we perişdeleriň ýaşaýan ýerine galmady. 1997-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykan «Garawul diňiniň» (rus.) 15-nji sahypasyna seret.

b 2005-nji ýylyň 1-nji awgustynda çykan «Garawul diňiniň» (rus.) 10-njy sahypasyna seret.

KÄBIR TÄZE ÝURIDIK ÝEŇIŞLER

  • 243 — Bütin dünýäde Ýehowanyň Güwäçileri 243 gezek Ýokary kazyýetde ýeňiş gazandy

  • Fransiýa 8,2 million $ jerime töledi

    2012-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Fransiýa hökümeti 15 ýyllap Ýehowanyň Güwäçileri bilen sudlaşansoň, 8.2 million $ (amerikan dollary) jerime töledi

  • Gresiýanyň Döwlet mejlisi

    2012-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Döwlet mejlisi Ýehowanyň Güwäçileri giňden ýaýran din we sežde eder ýaly öz jaýlary bolmaga hukugy bar diýip ykrar etdi

  • 20 — 2000-nji ýylyň aprel aýyndan bäri, Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýetde 20 sany ýeňiş gazanyldy

  • Günorta Koreýa — BMG. Adam hukuklary boýunça komitetiň karary

    2012-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda harby gullukdan boýun gaçyran 388 sany Ýehowanyň Güwäçileriniň hukuklaryny bozandyklary üçin, Günorta Koreýa hökümetine jerime salyndy

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş