Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lff sap. 4
  • Hak Hudaý kim?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hak Hudaý kim?
  • Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SÖHBETDEŞLIK
  • ESASY PIKIRLER
  • KÖPRÄK BILIŇ
  • Hudaýyň adynyň manysy we dogry tutulyşy
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Ýehowanyň beýik adyny şöhratlandyryň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Biz Ýehowanyň adyny nädip aklap bileris?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Hudaý adamlary näme üçin ýaratdy?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Başgalary
Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
lff sap. 4
4-nji sapak. Teleskopda surata düşürilen ýyldyzlar we galaktikalar.

4-NJI SAPAK

Hak Hudaý kim?

Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi

Adamzat döräli bäri her dürli taňrylara sežde edilýär. Ýöne Mukaddes Kitapda «ähli taňrylardan beýik» ýeke-täk hak Hudaý barada aýdylýar (2 Taryh 2:5). Ol kimkä? Oňa näme üçin ähli taňrylardan beýik diýilýär? Hak Hudaý näme üçin özi barada seniň hem bilmegiňi isleýär? Geliň, bileliň.

1. Hudaýyň ady näme we adyny bildirmek üçin näme etdi?

Mukaddes Kitapda Hudaý özi barada şeýle diýýär: «Men, Ýehowa. Bu meniň adym» (Işaýa 42:5, 8-nji aýatlary oka). Ýewreý dilinde «Ýehowa» diýen at «boldurýar» diýmegi aňladýar. Biz Hudaýyň adyny bilmeli, muny onuň özem isleýär (2 Musa 3:15). Mukaddes Kitapda Hudaýyň ady 7 000 gezekden köpräk duş gelýära. «Ýerde-gökde ýeke-täk hak Hudaýyň» ady Ýehowa (5 Musa 4:39).

2. Mukaddes Kitapda Ýehowa barada näme diýilýär?

Adamlar köp taňrylara sežde edýärler. Ýöne Mukaddes Kitapda diňe Ýehowanyň hak Hudaýdygy aýdylýar. Munuň birnäçe sebäbi bar. Ýehowa älem-jahanda iň beýik Hökümdar, «hemmelerden Beýik Hudaý» (Zebur 83:18-i oka). Mukaddes Kitapda Ýehowa «Gudratygüýçli» hem diýilýär, sebäbi islän zadyny etmäge güýji ýetýär. Ol ýerde-gökde «ähli zady» ýaratdy (Ylham 4:8, 11). Ýehowa hemişe-de bardy, ebedilik hem bolar (Zebur 90:2).

SÖHBETDEŞLIK

Hudaýyň titullary bilen ýeke-täk adynyň tapawudyny biliň. Şeýle-de Hudaýyň öz adyny tanatmak üçin nämeler edendigini öwreniň.

Bir adam gije ýyldyzlary synlaýar. Hudaýyň ady Ýehowa.

3. Hudaýyň bir ady bar

Adamyň wezipesi bilen adynyň tapawudyny bilmek üçin WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

WIDEO: «Hudaýyň hakyky ady» (0:41)

  • Hudaýyň ýeke-täk ady adamlaryň tutýan beýleki atlaryndan nämede tapawutlanýar?

Mukaddes Kitapda adamlaryň köp taňrylara sežde edýändigi aýdylýar. Zebur 136:1—3-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • «Hudaýlaryň Hudaýy» we «Hökümdarlaryň Hökümdary» kim?

4. Ýehowa öz adyny bilmegiňi we tutmagyňy isleýär

Hudaýyň öz adyny tanatmak isleýändigini nädip bilse bolýar? WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

WIDEO: «Hudaýyň ady barmy?» (3:11)

«Hudaýyň ady barmy?» diýen wideodan parça. Bir adam «Korol Ýakowyň terjimesinden» Zebur 83:18-i okap, Ýehowanyň adyny bilýär.
  • Hudaý adyny tanatmak isleýärmikä? Näme üçin şeýle pikir edýärsiň?

Allatagala öz adynyň tutulmagyny isleýär. Rimliler 10:13-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowanyň adyny näme üçin tutmaly?

  • Biri seniň adyňy tutup ýüzlense, özüňi nähili duýýarsyň?

  • Ýehowa Hudaýyň adyny tutup ýüzlensek, Oňa ýararmy?

5. Ýehowa seniň dostuň bolmak isleýär

Kambojaly Soten atly aýal Hudaýyň adyny bilende, «özüni gaty bagtly duýandygyny» gürrüň berýär. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

WIDEO: «Hak Hudaýy gözledim» (8:18)

Suratlar: «Hak Hudaýy gözledim» diýen wideodan parçalar. 1) Soten jeňňelde agajyň aşagynda oturyp, asmana seredýär we hak Hudaýa doga edýär. 2) Herold Sotene Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny aýdýar.
  • Soten Hudaýyň adyny bilende, özüni nähili duýdy?

Biri bilen dostlaşmak üçin, ilki, adyny bilmeli. Ýakup 4:8a-ny okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowa seniň näme etmegiňi isleýär?

  • Hudaýyň adyny bilmek we tutmak dosty bolmaga nädip kömek edýär?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Hemmämizem bir Alla ynanýarys. Ýehowa diýmek hökmanmy?»

  • Hudaýyň adynyň Ýehowadygyna ynanýarmyň?

  • Hudaýyň adyny tutmagymyzy isleýändigini nädip düşündirerdiň?

ESASY PIKIRLER

Hak Hudaýyň ady Ýehowa. Hudaýyň dosty bolmak üçin adyny bilmeli we tutmaly.

Gaýtalamak

  • Ýehowa ähli taňrylardan näme üçin beýik?

  • Näme üçin Hudaýyň adyny tutup ýüzlenmeli?

  • Ýehowa seniň bilen näme üçin dost bolmak isleýär?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Hudaýyň bardygyny bäş zat subut edýär.

«Hudaý barmy?» (Internet makala)

Hudaýyň bardygyna ynanmaly.

«Hudaýy kim ýaratdy?» («Garawul diňi» 1 awgust, 2014)

Hudaýyň adynyň dogry tutulyşyny anyk bilmesek-de, näme üçin adyny tutup ýüzlenmeli?

«Ýehowa kim?» (Internet makala)

Hudaýyň adyny tutmak hökmanmy? Hudaýyň diňe bir ady bar.

«Hudaýyň näçe ady bar?» (Internet makala)

a Hudaýyň adynyň manysy we käbir terjimeçileriň onuň adyny Mukaddes Kitapdan näme üçin aýyrandygy barada «Mukaddes Kitabyň» A4 goşmaça maglumatyndan biliň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş