Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 50 sah. 120—sah. 121 abz. 5
  • Ýehowa Ýehoşapata kömek edýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa Ýehoşapata kömek edýär
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehoşafat Ýehowa bil baglaýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ýehowanyň öýüne yhlasly boluň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • 2 Taryh kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
  • Siz geçmişde bolan wakalardan sapak edinýärsiňizmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 50 sah. 120—sah. 121 abz. 5
Ýehoşapat bilen aýdymçy lewiler goşunyň öňünden gidip barýar

50-NJI SAPAK

Ýehowa Ýehoşapata kömek edýär

Ýehoşapat Ýahudanyň patyşasydy. Ol ýurtda Bagal butlaryny, olara gurbanlyk berilýän ýerleri ýok etdi. Ýehoşapat halka Ýehowanyň kanunlaryny öwretmek isleýärdi. Şonuň üçinem halkyň ýanyna baştutanlary we lewileri iberdi.

Goňşy halklar Ýahuda hüjüm etmäge gorkýardy. Olar Ýehowanyň öz halkyny goraýandygyny bilýärdi. Olar Ýehoşapat patyşa sowgat hem getirýärdiler. Ýöne soň mowaplar, ammonlar we Segirde ýaşaýanlar Ýahudanyň üstüne çozýar. Şonda Ýehoşapat Ýehowadan kömek soraýar. Ol erkek adamlary, aýallary we çagalary Iýerusalime ýygnaýar. Soň olaryň öňünde: «Ýehowa, duşmanlarymyzy ýeňmäge kömek et. Bize näme etmelidigini öwret» diýip dileg edýär.

Ýehowa onuň dilegine jogap berdi. Ol: «Gorkmaň, men size kömek ederin. Ýeriňizde durup, meniň halas edişimi görüň» diýdi. Ýehowa olary nädip halas etdi?

Ertesi ir bilen Ýehoşapat aýdymçylary ýygnaýar. Olar esgerleriň öňünden ýöräp aýdym aýtmalydylar. Şeýdip, olar Iýerusalimden söweş bolmaly ýere çenli ýörediler. Söweş Tekoýa çölünde bolmalydy.

Aýdymçylar Ýehowany öwüp, joşup aýdym aýtdylar. Ýehowa halky üçin söweşdi. Ol ammonlar bilen mowaplary bir-birini öldürer ýaly etdi. Adamlar bir-birine topuldy, hiç kim diri galmady. Ýöne ýahuda halkyna, esgerlere we ruhanylara hiç zat bolmady. Ýehowa olary gorady. Goňşy ýurtlar hem Ýehowanyň halkyny halas edendigini eşitdi. Olar Ýehowanyň halkyna henizem kömek edýändigine düşündiler. Ýehowa olary her dürli ýol bilen halas edýärdi. Oňa adamlaryň kömegi gerek däldi.

«Size söweşmek gerek bolmaz. Ýeriňizde durup, Ýehowanyň halas edişini görüň» (2 Taryh 20:17).

Soraglar: Ýehoşapat nähili patyşady? Ýehowa Ýahudany nädip gorady?

2 Taryh 17:1—19; 20:1—30

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş