Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lff sap. 10 sözb. 1—5
  • Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnaklaryna barmagyň nähili peýdasy bar?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnaklaryna barmagyň nähili peýdasy bar?
  • Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SÖHBETDEŞLIK
  • ESASY PIKIRLER
  • KÖPRÄK BILIŇ
  • Biz ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmagy näme üçin wajyp hasaplaýarys?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Duşuşyklara näme üçin yzygider barýarys?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Sen ýygnak duşuşyklarynda abatlaýarmyň?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Ýygnaklara näme üçin barmaly?
    Ýaşlaryň sowallary
Başgalary
Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
lff sap. 10 sözb. 1—5
10-njy sapak. Bir adam ýygnakda Ýehowanyň Şaýady bilen Mukaddes Kitapdan aýady yzarlaýar.

10-NJY SAPAK

Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnaklaryna barmagyň nähili peýdasy bar?

Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi

Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnagyna baryp gördüňmi? Ýygnaga çagyrýan bolsalar, belki, birbada barmaga çekinýänsiň. Sen: «Ýygnaklarda näme edilýär? Barmak hökmanmy? Men ýygnaga näme üçin barmaly?» diýýänsiň. Şu sapakda ýygnaga barmagyň saňa nähili kömek edýändigini we Hudaýa ýakynlaşdyrýandygyny bilersiň.

1. Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin ýygnak geçirýärler?

Mukaddes Kitapda ýygnaklara barmagyň esasy sebäbi aýdylýar: «Adyňy doganlaryma aýdaryn, ýygnakda seni wasp ederin» (Zebur 22:22). Bütin dünýäde Ýehowanyň Şaýatlary ýygnaklara höwes bilen barýarlar. Olar her hepde ýygnakda Hudaýy şöhratlandyrýarlar, aýdym aýdýarlar, doga edýärler. Şeýle-de olar ýylyň dowamynda birnäçe gezek uly ýygnaklary geçirýärler.

2. Ýygnaklarda näme öwredilýär?

Ýygnaklarda Hudaýyň Sözi öwredilýär, Mukaddes Kitap has gowy düşündirilýär (Nehemýa 8:8-i oka). Ýygnaklara barsaň, Ýehowa we onuň häsiýetleri barada has köp öwrenip bilersiň. Şonda Ýehowanyň seni hem söýýändigine düşünip, dostlugyň has-da berkär. Şeýle-de peýdaly maslahatlar saňa bagtly ýaşamaga kömek eder (Işaýa 48:17, 18).

3. Ýygnakda kimler bilen tanşyp bilersiň?

Ýehowa Hudaý «biri-birimize ünsli bolup, birek-biregi söýmegi we ýagşy işleri etmegi... ýygnaklardan galmazlygy» ündeýär (Ýewreýler 10:24, 25). Ýygnaklarda mähirli we aladaňy edýän adamlar bilen tanşarsyň. Olaram seniň ýaly Ýehowa barada köpräk bilmek isleýärler. Şeýle-de Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlaryny gürrüň berip, biri-birini ruhlandyrýarlar (Rimliler 1:11, 12-nji aýatlary oka). Ýygnaga dürli ýaşdaky adamlar gelýär, olaryň arasynda durmuş guranlar, gurmadyklar, çagalaram bar. Olar bilen gürrüňdeş bolup, kynçylyklary ýeňmegi öwrenersiň. Ýygnaklara barmagyň başga-da köp peýdasy bar, şonuň üçin Ýehowa ýygnaga yzygider barmagymyzy isleýär.

SÖHBETDEŞLIK

Ýygnaklaryň geçirilişi, oňa gatnaşmagyň peýdasy barada bileliň.

4. Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnaklary

I asyrda-da hudaýhon adamlar Ýehowa sežde etmek üçin yzygider ýygnanyşypdyrlar (Rimliler 16:3—5). Koloslylar 3:16-ny okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • I asyrda Ýehowa sežde etmek üçin näme edipdirler?

Şu günler hem Ýehowanyň Şaýatlary Ýygnak jaýlarynda yzygider ýygnanyşýarlar. Ýygnak baradaky WIDEONY görüň. Soňra «Ýygnakda» diýen surat esasynda aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

WIDEO: «Ýygnak jaýynda nämeler edilýär?» (2:12)

  • I asyrdaky ýaly şu günlerem ýygnaklar nähili geçirilýär? (Koloslylar 3:16).

  • Wideoda ýa-da suratda ýygnaklar babatda nämäni gowy gördüň?

2 Korinfliler 9:7-ni okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnaklary näme üçin mugt?

Eger ýygnaga barmak isleseňiz, şol hepde geçiljek zatlara mugallym bilen göz aýlaň.

  • Ýygnagyň haýsy bölümini haladyň?

Bilýäňizmi?

Ýygnaklaryň geçirilýän ýerini we wagtyny jw.org saýtyndan bilip bolýar.

Suratlar: Ýygnakdan öň, ýygnak wagty we soň. Ýygnakda bolýan ýagdaýlar A suratdan D surata çenli görkezilýär. A. Ýehowanyň Şaýady ýygnakda Mukaddes Kitaby düşündirýär. B. Ýehowanyň Şaýady ýygnakda jogap berýär. Ç. Ýehowanyň Şaýady ýygnakdan soň bir maşgala bilen gürrüňdeş bolýar. D. Ýehowanyň Şaýady ýygnaga gelen ýaşuly adamy gapynyň agzynda garşy alýar.
  1. A. Ýygnaklarda nutuk we sahna bilen çykyş edilýär, wideo görkezilýär. Ýygnagyň başynda hem soňunda aýdym aýdylýar, doga edilýär.

  2. B. Käbir bölümlerde ýygnaga gatnaşýanlar hem jogap berip bilýär.

  3. Ç. Ýygnaga är-aýallar, garrylar, ýaşlar, çagalar gelip bilýär.

  4. D. Ýygnaklar mugt. Girmek üçin pul tölemeli däl, sadaka dilemeýärler.

5. Ýygnaklara barmak üçin jan etmeli

Isanyň ene-atasy-da ýygnaklara barmak üçin jan etdiler. Olar her ýyl Nazaretden Iýerusalimdäki ybadathana barmak üçin, daglyk ýerlerden üç günläp ýol ýöräpdirler. Luka 2:39—42-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Olara Iýerusalime gitmek näme üçin aňsat bolmandyr?

  • Sen hem näme üçin ýygnaklara barmaga jan etmeli?

  • Jan edeniňe degýärmi? Näme üçin?

Suratlar: Ýusup, Merýem, Isa we jigisi ýola taýýarlyk görýärler. 1) Ýusup ýükleri eşegiň üstüne goýýar. Merýem iýmitleri salýar. 2) Kartada Nazaretden Iýerusalime çenli ýol görkezilýär.

Mukaddes Kitapda ýygnaga yzygider barmagyň wajypdygy aýdylýar. Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýygnaklara näme üçin yzygider barmaly?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Köpçülik bolup üýşmek nämä gerek?! Öýüňde okaber».

  • Ýehowa näme diýýär? Muny haýsy aýatdan ýa-da wakadan bilip bolýar?

ESASY PIKIRLER

Ýygnaklarda Ýehowa barada has köp öwrenip, dostlugyňy berkidip bolýar. Hudaýhon adamlar bilen bilelikde Hudaýy şöhratlandyryp bilýäris.

Gaýtalamak

  • Ýehowa näme üçin ýygnaklara barmagymyzy isleýär?

  • Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnaklarynda näme öwrenip bilýärsiň?

  • Ýygnaklara barmagyň ýene nähili peýdasy bar?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Sen ýygnaga barmaga çekinýärsiňmi? Ýygnaklara barmaga çekinýän adam soň ony gowy görüp başlaýar.

«Mähirli garşy alandyklaryny unutmarys!» (4:16)

Bir ýaş oglan ýygnaklara barmagy gowy görýär, oňa gatnaşmak üçin köp tagalla edýär.

«Ýygnaklara barmagy gowy görýärin!» (4:33)

Adamlaryň ýygnaklar barada berýän gürrüňleri.

«Ýygnaklara näme üçin barmaly?» (Internet makala)

Bir jenaýatçy Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnagyna baryp görensoň, durmuşyny üýtgedip gowy adam boldy.

«Ýaragym hemişe ýanymdady» («Garawul diňi» 1 iýul, 2014)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş