Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwyp mak. 76
  • Ýygnaklara näme üçin barmaly?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýygnaklara näme üçin barmaly?
  • Ýaşlaryň sowallary
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýygnak jaýynda nämeler bolýar?
  • Ýygnaklara näme üçin barmaly?
  • Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnaklaryna barmagyň nähili peýdasy bar?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Hudaýa sežde edilýän ýeri gymmat saýyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Hudaýa sežde edilýän ýerler
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Biz ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmagy näme üçin wajyp hasaplaýarys?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
Başgalary
Ýaşlaryň sowallary
ijwyp mak. 76
Ýaş oglan adamlaryň Ýygnak jaýyna girip barýanyny synlaýar

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Ýygnaklara näme üçin barmaly?

Ýehowanyň Şaýatlary Hudaý barada öwrenmek üçin hepdede iki gezek ýygnanyşýarlar. Olaryň ýygnanyşýan ýerine Ýygnak jaýy diýilýär. Ol ýerde nämeler bolýar we ýygnaklaryň saňa nähili peýdasy bar?

  • Ýygnak jaýynda nämeler bolýar?

  • Ýygnaklara näme üçin barmaly?

  • Deň-duşlaryň näme diýýär?

Ýygnak jaýynda nämeler bolýar?

Ýygnak jaýlarynda Mukaddes Kitaba esaslanan bilim berilýär. Ol ýerde sen...

  • Hudaý barada dogry zatlary öwrenip bilýärsiň.

  • häzirki bolýan wakalaryň näme aňladýandygyna gowy düşünip bilýärsiň.

  • gowy häsiýetleri öwrenýärsiň.

  • gowy dostlary, joralary tapýarsyň.

Bilýäňizmi? Ýygnaklarda, esasanam, Hudaýyň Patyşalygy barada köp öwredilýär (Matta 6:9, 10; 24:14; Luka 4:43).

Ýygnaklara näme üçin barmaly?

Ýygnakda berilýän bilim. Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary esasynda berilýän bilim akyldar bolmaga kömek edýär (Nakyllar 4:5). Akyldar bolsaň durmuşda ýalňyşmaýarsyň, gelen kararlaryňa ökünmeýärsiň. Şeýle-de wajyp soraglaryň jogabyny tapyp bilýärsiň:

  • durmuşyň manysy nämede?

  • başymyza inýän kynçylyklara Hudaý günäkärmi?

  • adam ölende oňa näme bolýar?

Ýygnakda her hepde şuňa meňzeş nutuklar bolýar.

  • Mukaddes Kitapdaky maslahatlara näme üçin gulak asmaly?

  • Kyn günde biz kimden kömek soramaly?

  • Hudaý häzir Patyşalygy arkaly biziň üçin näme edýär?

«Bir gezek klasdaşym ýygnaga geldi. Ony ýanymyzda oturdyp, kitabymyzdan bile yzarladyk. Ýygnak gutaransoň, ol berilýän jogaplara haýran galandygyny we öz gatnaýan buthanasynda biziňki ýaly öwredilmeýändigini aýtdy» (Brenda).

Bilýäňizmi? Ýygnak jaýynda hiç kimden pul alynmaýar.

Ýygnaga gelýänler. Mukaddes Kitapda Ýehowa gulluk edýän adamlaryň ýygnanyşyp, biri-birini ruhlandyrmalydygy aýdylýar (Ýewreýler 10:24, 25). Şu wagt köp adamlar diňe özüni bilýär. Ýöne Hudaýa we birek-birege hormat goýýan adamlaryň arasynda bolmak örän ýakymly.

«Uzynly gün işläp, öýe ýadaw gelýärsiň, keýpiňem bolmaýar. Ýöne Ýygnak jaýyna baranymda, bar ýadawlygym zym-zyýat bolýar. Ýygnakdan soň öýe begenip gaýdýan we ertirki güne güýç toplaýaryn» (Elisa).

Bilýäňizmi? Tutuş dünýäde Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnaklary 120 000-den geçýär. Şeýle-de 60 000-den köpräk Ýygnak jaýlary bar. Ýygnaga gitdigiçe köp adam gelensoň, her ýyl ortaça 1 500-e golaý Ýygnak jaýyny gurmaly bolýara.

Deň-duşlaryň näme diýýär?

Jessika

«Mekdepde okap ýörkäm, klasdaşymy birnäçe gezek ýygnaklara çagyrdym. Ol ýygnakda dürli ýaşdaky adamlaryň Mukaddes Kitaby bilelikde öwrenýändigini görüp, agzyny açdy. Şeýle-de men başlygymam ýygnaga çagyrdym, ol hem Mukaddes Kitaby köp açyp okaýandygymyza haýran galypdyr. Başlygymyň: „Ýygnaklaryňyz gowy eken“ diýen sözlerini eşidip, özümem ýygnaklaryň gadyryny bilip başladym» (Jessika).

Timoti

«Ýygnaklara gelenimde, bar gaýgy-aladamy unudýaryn. Biz ýygnakda durmuşdan lezzet alyp ýaşamagy, gowy adam bolmagy, başga-da köp zatlary öwrenýäris. Men ýygnaklardan hemişe-de ruhlanyp, begenip gaýdýaryn» (Timoti).

Jeýkob

«Bir gezek men gyzyklanýan adamy ýygnaga çagyrdym. Ýygnak gutaransoň, ol: „Aslynda men siziň diniňizden kemçilik tapmak üçin geldim, ýöne görüp otursam, öz dinimde kemçilik bar eken“ diýdi. Oňa hasam Ýehowanyň Şaýatlarynyň güler ýüzi ýarapdyr. Ol şeýle diýdi: „Siz meni birinji gezek görseňizem, öňden bäri tanşyňyz ýaly garşy aldyňyz“» (Jeýkob).

Medison

«Her sapar ýygnak gutardygy çykyp gaýdaryn diýýärdim. Ýöne ýygnak gutaransoň, dogan-uýalar bilen gürrüňe gyzygyp gidenimi duýman galýaryn. Ýygnaklara gelmedik bolsam, gowy dostlary tapyp bilmezdim» (Medison).

a Ýaşaýan ýeriňize golaý Ýygnak jaýyny tapmak üçin jw.org saýtyndaky «Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnak duşuşyklary» diýen sahypa girip, «Özüňize golaý ýeri tapyň» diýen ýere basyň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş