Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwyp mak. 70
  • Duýgularyma nädip erk edip bilerin?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Duýgularyma nädip erk edip bilerin?
  • Ýaşlaryň sowallary
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Näme üçin şeýle bolýar?
  • Üç peýdaly maslahat
  • Duýgularyma nädip erk edip bilerin?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Göwnüçökgünligi nädip ýeňip bilerin?
    Ýaşlaryň sowallary
  • Mähirlilik we duýgy
    Wagyz mekdebi
  • Hudaýa näme üçin doga etmeli?
    Ýaşlaryň sowallary
Başgalary
Ýaşlaryň sowallary
ijwyp mak. 70
Bir ýetginjek gam-gussaly we şadyýan ýüzüň suratyny çekýär

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Duýgularyma nädip erk edip bilerin?

«Bir gün özümi gowy duýsam, ertesi gam-gussa batýaryn. Düýnki wajyp däl zatlar bu gün uly kynçylyk bolup görünýär». Karissa

Seniň keýpiň egrem-bugram ýol ýaly üýtgäp durýarmy?a Eger şeýle bolsa, şu makala saňa kömek eder!

  • Näme üçin şeýle bolýar?

  • Üç peýdaly maslahat

  • Deň-duşlaryň näme diýýär?

Näme üçin şeýle bolýar?

Ýetişenlik döwri beden taýdan özgerişikler bolanda, keýpiň üýtgäp durmagy adaty zat. Hatda ýetginjeklikden saýlanan wagtyň hem duýgularyň tiz-tizden üýtgeýändigine geň galarsyň.

Eger şeýle duýgularyňdan ýaňa özüňi oňaýsyz duýýan bolsaň, şuny ýatdan çykarma: Uly adamlaryň hataryna goşulýan döwrüň gormonlaryň üýtgäp, özüňi ejiz we ynamsyz duýmaklyk bolýan zat. Ruhdan düşme, sebäbi sen öz ýagdaýyňa düşünip, duýgularyňa erk etmegi başararsyň.

Hakykat: Duýgularyňa ýaşlykdan erk etmegi öwrenmek örän wajyp. Sebäbi ulalanyňda, bu ukyp saňa gerek bolar.

Ulagly bir oglan ýoluň çukanakly ýerlerine gaçman sürjek bolýar

Nädogry duýgulary ýoluň çukanakly ýerlerine meňzetse bolýar. Tejribe toplasaň, çukurlara gaçman, ýoluňy dowam edip bilersiň

Üç peýdaly maslahat

Biri bilen gepleş. Mukaddes Ýazgylarda: «Dost her wagt söýýändir; dogan bolsa aladaly gün üçin doglandyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 17:17).

«Biziň maşgalamyzyň ýakyn dosty bar. Men ony daýzam ýaly görýärin. Ol hemişe meni höwes bilen diňleýär we oňa duýgularymy arkaýyn aýdyp bilýärin. Garaýşym dogry bolanda, ol maňa buýsanýar; eger nädogry zatlary aýtsam, ol meni ýumşaklyk bilen düzedýär». Ýolanda

Maslahat. Diňe deň-duşlaryň bilen gepleşmän, eýsem, ene-ataň ýa-da uly ýaşly ýakyn dostuň bilen hem gepleş. Sebäbi deň-duşlaryň duýgulary hem seniňki ýaly üýtgäp durýar.

Duýgularyňy ýaz. Mukaddes Ýazgylarda Eýýup pygamberiň güýçli gam-gussa batanda, şeýle diýendigi aýdylýar: «Erkinlik bilen arz ederin, ajy hasratdan geplärin» (Eýýup 10:1). Ýüregiňi kimdir birine dökmek gowy, ýöne duýgularyňy başga usul bilen hem «arz edip», ýagny olary ýazyp bolýar.

«Men ýanymda hemişe depder göterýärin. Bir zat sebäpli lapykeç bolanymda, bu barada depdere ýazýaryn. Geň galaýmaly, duýgularymy ýazsam, ýüregim aram tapýar». Iliana

Maslahat. Senem bir depder ýöredip, oňa duýgularyňy, näme sebäpden şeýle duýgularyň dörändigini we olara nädip erk edip bolýandygyny ýazyp bilersiň. Bu babatda saňa makalada getirilýän gönükmeler kömek eder.

Doga etmek. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýüküňi Rebbiň üstüne taşla, Ol seni saklar; Ol dogry adamy asla sarsdyrmaz» diýilýär (Zebur 55:22).

«Biynjalykdan ýaňa özüme erk etmek kyn bolanda, men Ýehowa gaýta-gaýta doga edýärin. Oňa ýüregimi dökenimde, kalbym rahatlyk tapýar». Jasmin

Maslahat. Gam-gussaň nähili güýçli bolsa-da, şükür edip ýaşamagyň üç sebäbini tapjak bol. Ýehowa doga edip, ondan kömek soranyňda, alýan bereketleriň üçin minnetdarlyk bildirmegi unutma.

Deň-duşlaryň näme diýýär?

Daniýel

«Filipililer 4:6-da ýüregimizdäki aladalary aýdanymyzda, „minnetdarlyk bilen“ doga etmelidigi barada maslahat berilýär. Men minnetdarlyk bilen doga etmäge çalyşýaryn, munuň üçin Ýehowa sagbolsun aýtmaga hemişe sebäp gözleýärin. Şonda men özümi rahat duýýaryn». Daniýel

Jesika

«Käte maňa duýgularymy Ýehowa aýtmak kyn bolýar, ýöne şonda-da jan edýärin. Doga etmek Ýehowanyň aladasyny duýmaga kömek edýär; Ylham 21:4-de aýdylyşy ýaly, tizden ol „gözlerimizden ähli ýaşlary süpürer“». Jesika

a Bu makalada üýtgäp durýan duýgular barada gürrüň edilýär. Muny köp ýaşlarda görse bolýar. Eger sen göwnüçökgünligiň bipolýar näsazlyk atly görnüşinden ejir çekýän bolsaň, «Göwnüçökgünligi nädip ýeňip bilerin?» diýen makala seret.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş