ÝAŞLARYŇ SOWALLARY
Hudaýa näme üçin doga etmeli?
Bir hasabata görä, Amerikadaky ýaşlaryň 80% Hudaýa doga edýär. Ýöne olaryň diňe ýarysy günde doga edýär. Diýmek, galan ýarysy kyn güne düşende Hudaýa doga-dileg edýär.
Doga etmek näme?
Doga etmek — ähli zady ýaradan Allatagala bilen gepleşmek. Ýehowa adamlardan beýik bolsa-da, «hiç kimden uzakda däldir» (Resullar 17:27). Beýik Biribar bilen gürleşmek uly hormat! Mukaddes Kitapda-da: «Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar» diýilýär (Ýakup 4:8).
Hudaýa nädip ýakynlaşmaly?
Doga etmeli, ýagny Hudaýa ýüregiňi dökmeli.
Mukaddes Kitaby okamaly, ýagny Hudaýy diňlemeli.
Şeýle ikitaraplaýyn gürrüňdeşlik Hudaý bilen dostlaşmaga kömek edýär.
«Beýik Biribar bilen gepleşmek adam üçin iň uly bagt» (Jeremi).
«Doga edip, ýüregimi dökenimde, Ýehowa edil ýanymda duran ýaly bolýar» (Miranda).
Hudaý dogalary diňleýärmi?
Sen Hudaýa ynansaňam, hatda doga etseňem, onuň doga-dilegleriňi eşidýändigine ynanmak birbada kyn bolýandyr. Emma Mukaddes Kitapda Ýehowa «dogalary eşidýän Hudaý» diýilýär (Zebur 65:2). Hudaý gaýgy-aladalaryňy gürrüň bermegiňi isleýär. Näme üçin? Sebäbi «ol seniň aladaňy edýär» (1 Petrus 5:7).
Oýlan. Sen jana-jan dostlaryň ýa joralaryň bilen hemişe gürleşmek üçin wagt tapýansyň. Şonuň ýaly Hudaý bilen hem gepleşip bilýärsiň. Sen oňa her gün doga edip, adyny tutup ýüzlen (Zebur 86:5—7; 88:9). Mukaddes Kitapda-da: «Hemişe doga-dileg ediň» diýilýär (1 Selanikliler 5:17).
«Doga edenimde, gökdäki Atama ähli zady gürrüň berýärin» (Moýzes).
«Men ejem ýa joram bilen gepleşişim ýaly, Ýehowa-da doga edenimde, hemme zady aýdýaryn» (Karen).
Näme barada doga etmeli?
Mukaddes Kitapda: «Her bir ýagdaýda Hudaýdan kömek sorap doga ediň, minnetdarlyk bilen dileg ediň we ýalbaryň» diýilýär (Filipililer 4:6).
Diýmek, Hudaýa kynçylyklaryň hakda-da aýdyp bilýärsiň. Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Gaýgy-aladaňy Ýehowa tabşyr, ol seniň arkadaýanjyň bolar» (Zebur 55:22).
Elbetde, sen Hudaýa diňe bir kynçylyklaryň däl-de, başga zatlar hakda-da doga etmeli. Şantel diýen bir gyz şeýle diýýär: «Ýehowadan diňe kömek sorap doga etseň, onda hakyky dost bolmaýarsyň. Şonuň üçin men, ilki bilen, Ýehowanyň edýän ýagşylyklary hakda oýlanyp, oňa köp sagbolsun aýdýaryn».
Oýlan. Haýsy zatlar üçin Ýehowa sagbolsun aýdasyň gelýär? Şu gün Ýehowa minnetdarlyk aýtmak üçin üç zat hakda oýlan.
«Ýehowa ýönekeý zat üçinem minnetdarlyk aýdyp bilýäris. Meselem, men owadanja güli görenimde-de, Ýehowa sagbolsun aýdýaryn» (Anita).
«Ýehowanyň ýaradan owadan tebigaty ýa-da ýüregiňe jüňk bolan aýat hakda oýlan. Soňra Ýehowa sagbolsun aýt» (Braýan).