Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/4 sah. 7—11
  • Seniň aýypsyzlygyň Ýehowanyň ýüregini şatlandyrýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Seniň aýypsyzlygyň Ýehowanyň ýüregini şatlandyrýar
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hakyky duşmanyň kimdigini unutmaň
  • Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygy berkidiň
  • Ýehowa wepaly gullukçylaryny nädip goldaýar
  • Eýýup Ýehowanyň adyny şöhratlandyrdy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • «Ýehowa umyt bagla»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Aýypsyzlygyňyzy saklaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Eýýup çydamly we aýypsyz adam
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/4 sah. 7—11

Seniň aýypsyzlygyň Ýehowanyň ýüregini şatlandyrýar

«Oglum, men özüme gyjalat berýäne bir söz gaýtarar ýaly, akyldar bol-da, ýüregimi şatlandyr» (SÜL. TYM. 27:11).

1, 2. a) Eýýup kitabynda aýdylyşy ýaly, Şeýtan nähili meseläni orta atdy? b) Eýýubyň günlerinden soň, ýene-de Şeýtanyň Ýehowa gyjalat berýändigi nämeden görünýär?

ÝEHOWA Eýýubyň aýypsyzlygyny synamak üçin Şeýtana ýol berdi. Şeýlelikde, Eýýup mal-garasyny, çagalaryny we saglygyny ýitirýär. Emma Şeýtan Eýýubyň aýypsyzlygyny şübhä goýanda, diňe Eýýuby göz öňünde tutmady. Şeýtan: «Deri ýerine deri! Adam jany üçin ähli zadyny berer» diýdi. Orta atylan bu mesele diňe bir Eýýuba däl, eýsem, başga adamlara hem degişlidi. Eýýup ölenden soňam bu mesele dowam edýär (Eýýup 2:4).

2 Eýýubyň synaga döz gelmeginden, takmynan 600 ýyl geçensoň, Süleýman Hudaý tarapyndan ylhamlanyp: «Oglum, men özüme gyjalat berýäne bir söz gaýtarar ýaly, akyldar bol-da, ýüregimi şatlandyr» diýdi (Sül. tym. 27:11). Şol wagtlar Şeýtanyň Ýehowany aýyplamagyny dowam edýändigi gürrüňsizdi. Ýahýa resulyň gören görnüşinde, 1914-nji ýylda Hudaýyň Patyşalygy gökde berkarar edilenden soň hem, Şeýtan Hudaýyň gullukçylarynyň aýyplaýjysy hökmünde suratlandyrylýar. Ol zalym dünýäniň soňky günleriniň başlanyna birnäçe wagt geçenden soňam, Hudaýyň gullukçylarynyň aýypsyzlygyny şübhä goýýar (Ylh. 12:10).

3. Eýýup kitabyndan biz nähili wajyp netijä gelýäris?

3 Geliň, Eýýup kitabyndan nähili üç wajyp netije çykaryp bolýandygyna seredeliň. Birinjiden, Eýýubyň başdan geçiren synagy adamlaryň hakyky duşmany we Hudaýyň halkynyň yzarlanmagyna baştutanlyk edýäniň Şeýtan Iblisdigini bildik. Ikinjiden, biz Hudaý bilen ýakyn gatnaşykda bolsak, dürli synaga duçar bolsak-da, aýypsyz galyp bileris. Üçünjiden, biz synaga duçar bolanymyzda, Hudaýyň Eýýuby goldaýşy ýaly, bizi-de goldar. Şu günler muny Ýehowa Sözi, guramasy we mukaddes ruhy arkaly edýär.

Hakyky duşmanyň kimdigini unutmaň

4. Häzirki dünýäniň ýagdaýyna kim günäkär?

4 Köp adamlar Şeýtanyň bardygyna ynanmaýar. Olar dünýäniň ýagdaýy barada aladalansa-da, Şeýtan Iblisiň günäkärdigine düşünmeýärler. Bolýan betbagtçylyklara, köplenç, adamlaryň özi günäkär. Ilkinji ynsan, Adam ata bilen Howa ene Ýaradyjydan özbaşdak ýaşamak islediler. Olardan önen nesil özlerini örän paýhassyz alyp bardy. Iblisiň hut özi How enäni aldap, Hudaýa garşy pitneçilige yrdy. Ol bikämil, ölýän adamlary öz gol astyndaky dünýäsine tabyn etdi. Şeýtan «bu dünýäniň taňrysy», şol sebäpli adamlar onuň tekepbirlik, dawa, içigaralyk, açgözlük, aldawçylyk we tabyn bolmazlyk ýaly häsiýetlerine eýerýärler (2 Kor. 4:4; 1 Tim. 2:14; 3:6; Ýakup 3:14, 15-nji aýatlary okaň). Bu häsiýetler syýasy we dini uruşlara, ýigrenje, parahorluga, tertipsizlige eltýär. Bularyň bary adamlara has-da köp ejir çekdirýär.

5. Biz gymmatly bilimimizi nädip ulanmak isleýäris?

5 Ýehowanyň gullukçylarynda, gör, nähili gymmatly bilim bar! Biz dünýä ýagdaýynyň erbetleşmegine kimiň günäkärdigini bilýäris. Biz wagyz edip, kimiň betbagtçylyklara günäkärdigini gürrüň bermek islemeýärismi näme? Biz hak Hudaý Ýehowanyň Şeýtany ýok etjekdigini we betbagtçylyklaryň soňuna çykjagyny adamlara gürrüň berip, Hudaýyň tarapynda durup bilýändigimize begenmeýärismi?

6, 7. a) Hak Hudaýa sežde edýänleriň yzyrlanmagyna kim günäkär? b) Biz nädip Elihunyň göreldesine eýerip bileris?

6 Şeýtan diňe bir dünýädäki betbagtçylyga däl, eýsem, Hudaýyň halkynyň yzarlanmagyna hem günäkär. Ol bizi synamagy berk ýüregine düwdi. Isa Mesih Petrusa şeýle diýdi: «Simun, Simun! Bugdaý kimin galbir bilen elejek bolup, şeýtan sizi diledi» (Luka 22:31). Isanyň yzyna eýerýänleriň her biri dürli synaglara duçar bolar. Petrus Iblisi «arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörene» meňzetdi. Pawlus resul: «Mesih Isada Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamak isleýänleriň bary azar çeker» diýdi (1 Pet. 5:8, 9; 2 Tim. 3:12, 13).

7 Imandaşymyz betbagtçylyga uçranda, hakyky duşmanyň kimdigi biziň ýadymyzdadygyny nädip görkezip bileris? Biz ejir çekýän dogandan daşlaşman, Eýýup bilen hakyky dost ýaly gepleşen Elihunyň göreldesine eýermeli. Biz doganymyza Şeýtana garşy durmaga kömek etmeli (Sül. tym. 3:27; 1 Sel. 5:25). Biz imandaşymyza aýypsyz galmagyna kömek etmek bilen, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrýarys.

8. Şeýtanyň hüjümine garamazdan, näme üçin Eýýup Ýehowany şöhratlandyrmagyny bes etmedi?

8 Ilki bilen, Şeýtan Eýýubyň mal-garasyny ýok edýär. Olar Eýýubyň baýlygydy, belki, ýaşaýşa gerekli bolan serişdesidir. Şeýle-de Eýýup Hudaýa sežde edende, mallaryndan gurban berýärdi. Eýýup çagalaryny mukaddes edenden soň, «irden turup, olaryň sanyna görä, ýakma gurbanlaryny berýärdi; çünki ol şeýle diýdi: «Belki, ogullarym günä edendir ýa-da ýüreginde Hudaýa gargandyr». Eýýup hemişe şeýle ederdi» (Eýýup 1:4, 5). Görşümiz ýaly, ol hemişe Ýehowa mal gurbanlaryny berýärdi. Synaglar başlan badyna Eýýup bu mümkünçilikden mahrum bolýar. Indi, Eýýubyň Ýehowany hormatlar ýaly, berere «maly» ýokdy (Sül. tym. 3:9). Emma ol Ýehowany dili bilen şöhratlandyryp bilýärdi. Eýýup şeýle-de edýärdi!

Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygy berkidiň

9. Biziň iň gymmatly zadymyz näme?

9 Biz baý ýa-da garypmy, ýaş ýa-da gartaşanmy, saglygymyz gowy ýa-da ýarawsyzmy — biz ähli ýagdaýda-da, Ýehowa bilen gatnaşygymyzy berkidip bilýäris. Biz Hudaý bilen ýakyn gatnaşykda bolup, dürli synaglara duçar bolsak-da, aýypsyzlygymyzy saklap, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarys. Käbir adamlaryň hakykat barada köp bilimi bolmasa-da, mert bolup, olar aýypsyzlygyny saklady.

10, 11. a) Uýamyz synagda aýypsyzlygyny nädip saklady? b) Ol Şeýtana nädip berk jogap berdi?

10 Wepaly Eýýup ýaly, agyr synaglara garamazdan, Russiýadaky ençeme Güwäçiler aýypsyzlygyny sakladylar. Olardan biri Walentina Garnowskaýanyň mysalyna seredeliň. 1945-nji ýylda, Walentina takmynan 20 ýaşyndaka bir dogan oňa wagyz edýär. Dogan iki sapar ikilenç ideg edip, Mukaddes Ýazgylaryň esasynda onuň bilen gürrüňdeş bolýar, emma şondan soň Walentina ony görmedi. Ýöne Walentina goňşularyna wagyz edip başlaýar. Şol sebäpli ony sekiz ýyl türmä basýarlar. Ol 1953-nji ýylda azatlyga çykýar hem-de wagzyny dowam edýär. Ony ýene-de tussag edip, on ýyl berýärler. Walentinany birnäçe ýyldan başga tussaghana geçirýärler. Ol tussaghanadaky uýalarda Mukaddes Ýazgylar bardy. Bir gün uýa Walentina Mukaddes Ýazgylary görkezýär. Gör, nähili tolgundyryjy waka! Walentina Mukaddes Ýazgylary 1945-nji ýylda wagyz eden doganyň elinde görüpdi!

11 1967-nji ýylda Walentina tussaglykdan azat bolýar we suwda çokundyrylyp, özüni Ýehowa bagyş edýär. Ol azatlykda yhlasly wagyz edýär. 1969-njy ýylda ony ýene-de üç ýyllyk basýarlar, emma muňa garamazdan, wagyz etmegi dowam edýär. Walentina bütin ömrüne (2001-nji ýylda aradan çykýar) 44 sany adama hakykaty bilmäge kömek etdi. Ol 21 ýylyny tussaglykda geçirdi. Ol aýypsyz galmak üçin ähli zadyny bermäge, hatda azatlykdan-da mahrum bolmaga taýýardy. Walentina şeýle diýýär: «Meniň hiç haçan öýüm bolmandy. Ähli goşum bir çemedana ýerleşýärdi, ýöne Ýehowa gulluk edip, men bagtly we hoşaldym». Adamlar synaga duçar bolsa, Hudaýa wepaly galmaz diýen Şeýtana, Walentina berk jogap berdi! (Eýýup 1:9—11). Walentina Ýehowanyň ýüregini şatlandyrandygyna hiç hili şübhe ýok. Biz Hudaýyň Walentinany we beýleki wepaly gullukçylaryny ölümden direltmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyna ynanýarys (Eýýup 14:15).

12. Ýehowa bilen gatnaşygymyzda söýginiň nähili ähmiýeti bar?

12 Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygymyz, oňa bolan söýgimize esaslanýar. Biz Hudaýyň häsiýetlerine guwanyp, onuň niýetine görä ýaşamak üçin elimizde baryny edýäris. Iblisiň atan töhmetine garamazdan, biz Ýehowa bolan söýgimizi höwes bilen, dürli ýagdaýda görkezýäris. Şeýle akýürekli söýgi bize synaglarda aýypsyzlygymyzy saklamaga güýç berýär. Ýehowa bolsa «takwalarynyň ýollaryny gorar» (Sül. tym. 2:8; Zeb. 97:10).

13. Biz Ýehowanyň hatyrasyna edýän işlerimize ol nähili garaýar?

13 Biziň mümkinçiligimiz çäklenen ýaly bolup görünse-de, Ýehowa bolan söýgi onuň adyny şöhratlandyrmaga höweslendirýär. Ol biziň ýagşy niýetimizi görýär we etmek isleýän zatlarymyzy edip bilmesek-de, bizi ýazgarmaýar. Biziň diňe bir edýän işlerimiz däl, eýsem, näme üçin edýändigimiz hem wajyp. Eýýup ejir çekip, betbagtçylykdan ýaňa sussupes bolsa-da, Ýehowanyň ýollaryna bolan söýgüsini ýalan dostlaryna gürrüň berdi (Eýýup 10:12; 28:28-nji aýatlary okaň)a. Biz Eýýup kitabynyň soňky babyndan, Hudaýyň Elifaz, Bildad we Sofara gahary gelendigini bilýäris, çünki olar Hudaý barada hakykaty aýtmady. Şol wagt Ýehowa Eýýuba dört gezek «meniň gullukçym» diýip, ondan razydygyny görkezýär we ýalan dostlary üçin doga etmegi aýdýar (Eýýup 42:7—9). Ýehowanyň merhemetini gazanmak üçin biz-de şeýle etmeli.

Ýehowa wepaly gullukçylaryny nädip goldaýar

14. Ýehowa Eýýuba pikirini düzetmäge nädip kömek etdi?

14 Eýýup bikämil bolsa-da, aýypsyz galdy. Emma agyr synaga düşende, ol käte nädogry pikirde bolýardy. Meselem, ol Ýehowa şeýle diýdi: «Maňa ýardam berer ýaly, seni çagyrýaryn, emma jogap bermeýärsiň... Eliň güýji bilen maňa garşy bolýarsyň». Galyberse-de, Eýýup özüni aklamaga has köp üns berdi. Ol şeýle diýdi: «Men günäkär däl» hem «elimde zorluk ýok we dogam arassa» (Eýýup 10:7; 16:17; 30:20, 21). Muňa garamazdan, Ýehowa Eýýuba soraglar berip, mähirli kömek etdi. Eýýup bolýan zatlara giňişleýin seredip, Hudaýyň beýikligine we ynsanyň ähmiýetsizligine göz ýetirdi. Eýýup nesihaty we düzedişi kabul etdi (Eýýup 40:8; 42:2, 6-njy aýalary okaň)b

15, 16. Şu günler Ýehowa gullukçylaryna nädip kömek berýär?

15 Ýehowa mähirli bolany üçin şu günlerem gullukçylaryna ygtybarly görkezme berýär. Galyberse-de, bizde başga-da bereketler bar. Mysal üçin, Isa töleg gurbanyny berdi we şonuň esasynda biziň günälerimiz bagyşlanýar. Şol gurbanyň esasynda bikämilligimize garamazdan, biz Hudaý bilen ýakyn gatnaşykda bolýarys (Ýakup 4:8; 1 Ýahýa 2:1). Synaga duçar bolanymyzda, Hudaýdan mukaddes ruh arkaly bizi goldamagy we güýçlendirmegi dileýäris. Şeýle-de bizde Mukaddes Ýazgylaryň ähli kitaplary bar, olary okap, oýlansak, özümizi synaglara taýýarlarys. Mukaddes Ýazgylary öwrensek, Hudaýyň hökümdarlygy we adamlaryň aýypsyzlygy baradaky jedelli meselä düşüneris.

16 Şeýle-de «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» ruhy iýmit bilen üpjün edýän bütindünýä doganlygynyň agzasy bolmak uly bereketdir (Mat. 24:45—47). Ýehowanyň Güwäçileriniň 100 müňe golaý ýygnaklarynda imanymyzy berkidýän duşuşyklar geçirilýär. Muny Germaniýada ýaşaýan Ýehowanyň Güwäçisi ýaş Şila bilen bolan wakadan görse bolýar.

17. Şu günler Ýehowanyň guramasynyň görkezmesine eýermegiň paýhaslydygyny gürrüň beriň.

17 Bir gün Şilanyň synpynda mugallym bolmaýar. Onuň synpdaşlary jadyly tagtany ulanyp görmekçi bolýar. Şila derrew synpdan çykýar we soňra şeýle edenine begenýär. Okuwçylar jadyly tagtany ulananda, olaryň käbir jynlaryň peýda bolanyny duýup, gorkudan ýaňa gaçyp gidýär. Şila näme üçin synpdan derrew çykdy? Şila şeýle gürrüň berýär: «Bu waka bolmazdan öň, ýygnak duşuşygynda jadyly tagtanynyň howpludygy barada aýdylypdy. Şol sebäpli men näme etmelidigini bilýärdim. Men Süleýmanyň tymsallary 27:11-de aýdylyşy ýaly, Ýehowany şatlandyrmak isledim». Şilanyň ýygnaga barmagy we ünsli diňlemegi, gör, nähili peýdaly boldy!

18. Sen näme etmegi ýüregiňe düwdüň?

18 Geliň, her birimiz Hudaýyň guramasynyň berýän görkezmesine eýereliň. Biz yzygiderli ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp, Hudaýyň Sözüni we Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary okap, doga edip hem-de ruhy taýdan ýetişen mesihçiler bilen dostlaşyp, gerekli maslahaty hem goldawy alarys. Ýehowa biziň ýeňiş gazanmagymyzy isleýär hem-de wepaly galjagymyza ynanýar. Ýehowanyň adyny şöhratlandyryp, aýypsyz galmak we onuň ýüregini şatlandyrmak, biziň üçin uly hormatdyr!

a Eýýup 10:12 Sen maňa ýaşaýşy sowgat berdiň we merhemet görkezdiň; sen aladaň bilen meniň janymy goradyň. 28:28 Ynsana şeýle diýdi: «Ýehowadan gorkmak paýhaslydyr we ýamanlykdan gaça durmak düşünjedir».

b Eýýup 40:8 Sen meniň adalatlygymy ret etjekmi? Özüňi aklamak üçin, meni günäkärlejekmi? 42:2 «Men seniň ähli zady edip bilýändigiňe ynanýaryn. Amala aşyryp bilmeýän niýetiň ýokdur. 6 Şol sebäpli men aýdan sözlerimden dänip, gumda we külde toba edýärin».

Ýadyňyzdamy?

• Şeýtan nähili synaglara we dünýädäki haýsy ýagdaýlara günäkär?

• Biziň iň gymmatly zadymyz näme?

• Biziň Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygymyz nämä esaslanýar?

• Şu günler Ýehowa bizi nädip goldaýar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş