Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýehowanyň dosty bolup bilersiň!
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 8-nji sapak. Bir adam deňziň kenarynda oturyp, asmana seredýär.

      8-NJI SAPAK

      Ýehowanyň dosty bolup bilersiň!

      Ýehowa her bir adama özüni tanatmak isleýär. Hudaýy näçe gowy tanasaň, şonça-da dosty bolmak islärsiň. Hudaýy gowy tanamak üçin häsiýetlerini, niýetlerini, işlerini bilmeli. Sen nädip Hudaýyň dosty bolup bilersiň? (Zebur 25:14-i oka). Mukaddes Kitap muny öwredýär. Ýehowa seniňem iň gowy dostuň bolup biler.

      1. Ýehowa näme etmek isleýär?

      Injilde: «Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar» diýilýär (Ýakup 4:8). Diýmek, Ýehowa seniň bilen dost bolmak isleýär. Käbir adamlar: «Hiç haçan görmedik adamyň bilen dostlaşyp bolmaýar. Hudaý bilen-ä hijem dostlaşyp bolmaz» diýýärler. Ýehowa Mukaddes Kitapda özi barada köp zatlary ýazdyrdy. Biz Mukaddes Kitaby okap, Ýehowany has gowy tanap bilýäris. Şeýdip, Hudaýy görmesek-de dostlaşyp bilýäris.

      2. Ýehowa näme üçin iň gowy dost?

      Hiç kim seni Ýehowanyň söýşi ýaly söýüp bilmeýär. Ol seniň bagtly bolmagyňy isleýär, kyn günüňde ondan arkaýyn kömek sorap bilersiň. «Gaýgy-aladaňy Hudaýyň üstüne at, sebäbi ol seniň aladaňy edýär» (1 Petrus 5:7). Ýehowa hemişe dostlaryna kömek edýär, göwünlik berýär, olary diňleýär (Zebur 94:18, 19-njy aýatlary oka).

      3. Ýehowa bilen dostlaşmak üçin sen näme etmeli?

      Ýehowa hemme adamlary söýýär, ýöne diňe dogruçyllar bilen dostlaşýar (Nakyllar 3:32). Ýehowanyň dostlary diňe ýagşy işleri etmeli, erbet işiň golaýyna-da barmaly däl. Käbir adamlar Hudaýyň isleýşi ýaly dogruçyl adam bolup bilmerin öýdýärler. Ýöne Ýehowa biziň ýalňyşýandygymyza düşünýär. Ýehowany söýýän we razy etmek isleýän her bir adam onuň dosty bolup bilýär (Zebur 147:11; Resullar 10:34, 35).

      SÖHBETDEŞLIK

      Ýehowa bilen dostlaşmak hakda köpräk bileliň. Hudaýyň iň gowy dostdugyna göz ýetireliň.

      4. Ybraýym pygamber Ýehowanyň dostudy

      Ybraýym (öňki ady Ybram) pygamber bilen bolan wakadan Hudaý bilen dostlaşmak hakda köp zatlary öwrenip bilýäris. 1 Musa 12:1—4-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Ýehowa Ybraýyma näme diýdi?

      • Ýehowa Ybraýym pygambere nämäni söz berdi?

      • Ybraýym näme etdi?

      5. Ýehowanyň dostlary näme etmeli?

      Biz dost-ýarlarymyzda belli bir häsiýetleriň bolmagyny isleýäris.

      • Dostlaryň seniň üçin näme etmegini islärdiň?

      1 Ýahýa 5:3-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Ýehowa dostlarynyň näme etmegini isleýär?

      Biz Ýehowa gulak asmak üçin gowy häsiýetleri öwrenmeli we özümizi alyp barşymyzy üýtgetmeli. Işaýa 48:17, 18-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Ýehowa dostlarynyň näme üçin gowy tarapa üýtgemegini isleýär?

      Bir adam işdeşine kaska uzadýar.

      Hakyky dost gowy maslahat berýär. Ýehowa-da şol dost ýaly peýdaly zady öwredýär.

      6. Ýehowa dostlaryna nädip kömek edýär?

      Ýehowa dostlaryna kynçylyklara çydamaga kömek edýär. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      WIDEO: «Ýehowa meni goldady» (3:20)

      • Ýehowa göwnüçökgün gyza nädip kömek etdi?

      Işaýa 41:10, 13-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Ýehowa dostlaryna näme söz berýär?

      • Ýehowa gowy dostuň bolup bilermi? Näme üçin?

      Suratlar: dostlar bir-birine kömek edýär. 1) Bir adam dostuna uly stoly göterişýär. 2) Bir gelin jorasy bilen iç döküşýär. 3) Bir adam aýagy döwlen oglana kömek edýär.

      Jana-jan dostlar kömegini gaýgyrmaýar. Ýehowa-da saňa hemişe kömek eder.

      7. Ýehowa bilen dostlaşmak üçin ýene näme etmeli?

      Dostlar bir-biri bilen gürrüňdeş bolup, hasam ýakynlaşýar. Zebur 86:6, 11-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Biz Ýehowa bilen nädip gürrüňdeş bolup bilýäris?

      • Ýehowa biziň bilen nädip gürrüňdeş bolýar?

      Suratlar: 1) Bir gyz doga edýär. Suratdaky ugur görkezýän çyzyk ýokary bakyp dur. 2) Şol gyz Mukaddes Kitaby okaýar. Ugur görkezýän çyzyk aşak bakyp dur.

      Biz Ýehowa doga edip gepleşýäris; ol hem Mukaddes Kitap arkaly gepleşýär.

      ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Heý-de, Hudaý bilen dostlaşyp bolarmy?!»

      • Ýehowa bilen dostlaşyp bolýandygyny haýsy aýat bilen düşündirerdiň?

      ESASY PIKIRLER

      Ýehowa seniň bilen dostlaşmak isleýär, ol saňa özüni tanadýar.

      Gaýtalamak

      • Ýehowa dostlaryna nädip kömek edýär?

      • Ýehowanyň dostlary näme üçin gowy häsiýetli bolmaly?

      • Ýehowa dostlaryndan başarmajak zadyny talap edýärmi? Näme üçin?

      Maksat goýuň

      KÖPRÄK BILIŇ

      Hudaý bilen dostlaşsaň, durmuşyň manyly bolýar.

      «Ýehowany tananyňa degýär» («Garawul diňi» 15 fewral, 2003)

      Hudaýyň dosty bolmagy öwreniň.

      «Men nädip Hudaýyň dosty bolup bilerin?» («Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom» bap 35)

      Ýehowa bilen dostlugy bir aýalyň janyny halas edýär.

      «Ölesim gelmeýärdi» («Garawul diňi» No. 1, 2017)

      Ýaşlar Ýehowa bilen dostlugy hakda gürrüň berýär.

      «Hudaý bilen nädip dost bolup bolýar?» (1:46)

  • Suwa çümdürilmegi maksat goýuň!
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 6. Ýehowanyň maşgalasyna goşulýarsyň

      Biz suwa çümdürilip, bütin dünýädäki agzybir maşgala goşulýarys. Biz dürli milletden bolsak-da, dürli ýurtda ýaşasak-da, ählimiz Mukaddes Kitaba ynanýarys we Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýarys. Zebur 25:14 we 1 Petrus 2:17-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Suwa çümdürilseň, Ýehowa we dogan-uýalar bilen araň nähili bolar?

      Suratlar: Suwa çümdürilen uýa ýygnakdaky dogan-uýalar bilen dostlaşandygyna begenýär. 1) Ol garry uýa ýüregini dökýär. 2) Ol garry uýa kömek edip barýar. 3) Uýa dürli ýaşdaky dostlary bilen saçak başynda otyr. 4) Ol uýa bilen bir adama wagyz edýär. 5) Ol kongresde başga milletli uýalar bilen surata düşýär.
  • Hudaý adamlary näme üçin ýaratdy?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 2. Biz häzirden nädip bagtly ýaşap bileris?

      Ýehowa adamlaryň ýüregine Hudaýy tanamak we sežde etmek islegini guýdy (Matta 5:3—6-njy aýatlary oka). Ýehowa biziň bilen dostlaşmak isleýär. Ol seniň hak ýoldan ýöräp, Allatagala bütin ýüregiň bilen gulluk etmegiňi we söýmegiňi isleýär (5 Musa 10:12; Zebur 25:14). Eger Ýehowa gulak asyp ýaşasak, kynçylyklara garamazdan, bagtly bolarys, durmuşymyz manyly bolar.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş