Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/2 sah. 8—12
  • Guzynyň toýuna şatlanalyň!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Guzynyň toýuna şatlanalyň!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • ÝIGIDIŇ TOÝ LYBASY
  • GELIN TOÝA TAÝÝARLYK GÖRÝÄR
  • GELIN «PATYŞANYŇ ÝANYNA GETIRILÝÄR»
  • «TOÝ BAŞLANÝAR»
  • «OLAR BEGENÇ... BILEN GETIRILER»
  • «SENIŇ OGULLARYŇ SENIŇ ATALARYŇ ORNUNA GEÇER»
  • «ADYŇY YGLAN EDÝÄRIS»
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/2 sah. 8—12

Guzynyň toýuna şatlanalyň!

«Begeneliň, şatlanalyň!.. Guzynyň toýy başlanýar». YLH. 19:7

ESASY PIKIRLERI ÝATLALYŇ

  • Guzynyň gelni kim we Mesih ony toýa nädip taýýarlaýar?

  • Guzynyň toýy haçan başlanar?

  • Guzynyň toýuna «başga goýunlaryň» hem şatlanjakdygyny nireden bilýäris?

1, 2. a) Kimiň toýy uly şatlyk getirer? b) Nähili soraglar ýüze çykýar?

TOÝA taýýarlyk göreniňde, bu elmydama köp wagtyňy alýar. Emma biz ünsümizi örän üýtgeşik toýa, ýagny Patyşanyň toýuna gönükdireris. Göz öňüne getiriň, oňa takmynan 2 000 ýyl bäri taýýarlyk görülýär! Häzir gelinligiň Ýigidine gowuşmagyň tüýs wagtydyr. Tizden Şanyň köşgi aýdym-sazyň sesinden dolar we gökdäki märeke şeýle aýdym aýdar: «Haleluýa! Çünki her zada güýji ýetýän Reb Hudaýymyz höküm sürýär. Begeneliň, şatlanalyň! Ony şatlandyralyň! Guzynyň toýy başlanýar. Onuň gelni taýýarlandy» (Ylh. 19:6, 7).

2 Toýy tutulýan «Guzy» — Isa Mesih (Ýahýa 1:29). Onuň toýy gökde uly şatlyk getirer. Ýigidiň toý lybasy nähili bolar? Onuň gelinligi kim? Gelinlik toýa nädip taýýarlyk görýär? Toý dabarasy nirede geçiriler? Oňa ýerde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlar şatlanyp bilerlermi? Bularyň jogabyny bilmek üçin, geliň, 45-nji mezmura seredeliň.

ÝIGIDIŇ TOÝ LYBASY

3, 4. a) Öýlenýän Ýigidiň toý lybasy nähili we onuň şatlygyna şatlyk goşýan zat näme? b) «Ezizler» we «patyşalaryň gyzlary» kim?

3 Zebur 45:8, 9-njy aýatlary okaň. Öýlenýän Ýigit Isa Mesih ajaýyp toý lybasyna geýinýär. Onuň egin-eşigi mür we dalçyn ýaly «iň gowy hoşboý yslar» bilen pürkülendir. Şeýle garyndylar gadymy Ysraýylda mesh etmek üçin ýag taýýarlananda ulanylýardy (Müs. çyk. 30:23—25).

4 Gökdäki aýdym-sazyň sesi öýlenjek Ýigidiň ýüregindäki şatlygyna şatlyk goşýar. Onuň şatlygyny «ezizleri» paýlaşýar. Olar Hudaýyň guramasynyň gökdäki bölegine degişli perişdelerdir. Şeýle-de olara «patyşalaryň gyzlary» diýilýär. «Begeneliň, şatlanalyň!.. Guzynyň toýy başlanýar» diýen sesler, gör, nähili tolgundyryjy!

GELIN TOÝA TAÝÝARLYK GÖRÝÄR

5. «Guza aýal boljak gelin» kim?

5 Zebur 45:10, 11-nji aýatlary okaň. Biz öýlenjek Ýigidiň kimdigini bildik, emma onuň gelinligi kimkä? Gelin — Isa Mesihiň ýolbaşçylygyndaky imanlylar ýygnagynyň agzalary (Efesliler 5:23, 24-nji aýatlary okaň). Olar gökde Mesih bilen bile höküm sürerler (Luka 12:32). Bu 144 müň mesh edilen mesihçiler «Guzy nirä gitse, Onuň yzyna düşýändir» (Ylh. 14:1—4). Hawa, olar «Guza gelin» bolup, göge giderler (Ylh. 21:9; Ýahýa 14:2, 3).

6. Mesh edilenlere näme üçin «patyşa gyzy» diýilýär we olara näme üçin «halkyny... unutmak» maslahat berilýär?

6 Gelne diňe bir «gyz» däl-de, eýsem, «patyşa gyzy» hem diýilýär (Zeb. 45:13). Bu «patyşa» kim? Ol — Ýehowa. Mesh edilen mesihçilere Onuň «perzentleri» diýilýär (Rim. 8:15—17). Olara: «Öz halkyňy, ataň öýüni unut» diýip maslahat berilýär. Sebäbi mesh edilen mesihçiler gökde gelin bolarlar. Olar «ünsüni ýer ýüzündäki däl-de, gökdäki zatlara gönükdirmeli» (Kol. 3:1—4).

7. a) Isa gelinligini nädip taýýarlaýar? b) Gelin Ýigide nähili garaýar?

7 Asyrlar boýy Isa gelinligini gökde boljak toýa taýýarlaýar. Pawlus resul Mesih barada şeýle diýdi: «Mesih imanlylar ýygnagyny suw bilen ýuwup, Hudaýyň sözi bilen tämizläp, mukaddes etmek üçin, Ony Özüne tegmiltsiz, ýygyrtsyz ýa-da şoňa meňzeş zatlarsyz şöhratda hödürlemek üçin, ýygnagyň mukaddes hem müýnsüz bolmagy üçin onuň ugrunda Özüni pida etdi» (Efes. 5:25—27). Şeýle-de Pawlus Korintosdaky mesh edilenlere: «Men size Hudaýyň yhlasy bilen yhlas edýärin, sebäbi men sizi päk gyz hökmünde Mesihe hödürlemek üçin diňe bir äre niýetledim» diýip ýazdy (2 Kor. 11:2). Öýlenjek Ýigit gelinliginiň ruhy «gözelligini» gymmat saýýar. Gyz hem Mesihi «baýary» hasaplaýar we geljekki ýanýoldaşy hökmünde oňa «tabyn bolýar».

GELIN «PATYŞANYŇ ÝANYNA GETIRILÝÄR»

8. Gelne «örän şöwketli» diýilmegi näme üçin ýerlikli?

8 Zebur 45:13, 14a-nji aýatlary okaň. Gelniň toýda «örän şöwketli» boljakdygy aýdylýar. Ylham 21:2-de ol «öz adamsy üçin taýýarlanan» Täze Iýerusalim bilen deňeşdirilýär. Bu gökdäki şäher «Hudaýyň şöhraty arkaly parlaýar» we «Onuň parlaklygy bir juda gymmat daşyň, kristallaşan ýaşma daşynyň parlaklygy kimindir» (Ylh. 21:10, 11). Ylham kitabynda Täze Iýerusalimiň gözelligi ajaýyp beýan edilýär (Ylh. 21:18—21). Şol sebäpli mezmurçynyň gelne «örän şöwketli» diýmegi geň galdyrmaýar. Hawa, gökde boljak şa toýy şeýle-de bolmaly!

9. Gelin kimiň ýanyna getirilýär we onuň eginbaşy nähili?

9 Gelin öýlenjek Ýigidiň, ýagny Mesihi Patyşanyň ýanyna getirilýär. Isa gelnini «suw bilen ýuwup, Hudaýyň sözi bilen tämizläp» taýýarlady. Ol «mukaddes we müýnsüzdir» (Efes. 5:26, 27). Mesihiň gelni toý dabarasyna ýaraşykly geýnipdir. Ynha-da, ol! Dogrudan-da, «onuň eginbaşy altyndan dokalandyr» we «ol keşdelenen eginbaşda patyşanyň ýanyna getirilýär». Guzynyň toýy üçin «geýsin diýip, oňa parlak, tämiz we nepis keteni berildi. Nepis keteni mukaddesleriň adyl işleridir» (Ylh. 19:8).

«TOÝ BAŞLANÝAR»

10. Guzynyň toýy haçan başlanar?

10 Ylham 19:7-ni okaň. Guzynyň toýy haçan başlanar? Ylham 19:7-de gelniň toýa taýýarlyk görýändigi hakda aýdylýar. Ondan soňky aýatlarda beýan edilýän wakalar toý bilen deňeşdirilmeýär. Ol aýatlarda uly muşakgadyň soňky tapgyry täsirli gürrüň berilýär (Ylh. 19:11—21). Onda gökdäki toý Patyşa ýeňiş gazanmanka bolarmy? Elbetde, ýok. Ylham kitabyndaky wakalar taryhy yzygiderlilikde beýan edilmeýär. 45-nji mezmura görä, Patyşa Isa Mesih «gylyjyny biline dakyp», duşmanlarynyň üstünden ýeňiş gazanar, soňra gökde şa toýy bolar (Zeb. 45:3, 4).

11. Mesih nädip doly ýeňiş gazanar?

11 Mukaddes Ýazgylardan görnüşi ýaly, bu wakalar şeýle yzygiderlilikde bolar: ilki bilen, «uly kemçin», ýagny ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan Beýik Babyl ýok ediler (Ylh. 17:1, 5, 16, 17; 19:1, 2). Soňra Mesih «Hudaýyň uly gününde boljak» Armageddon söweşinde Şeýtanyň zalym dünýäsine çykarylan hökümi berjaý eder (Ylh. 16:14—16; 19:19—21). Ahyrynda, Söweşiji Patyşa Şeýtany we onuň jynlaryny düýpsüz çuňluga zyňyp, olaryň üstünden doly ýeňiş gazanar. Olar hiç kime zyýan ýetirip bilmezler (Ylh. 20:1—3).

12, 13. a) Guzynyň toýy haçan bolar? b) Guzynyň toýuna gökde kimler şatlanar?

12 Soňky günlerde ýaşaýan mesh edilen mesihçiler ölüminiň ahyryna çenli wepaly galsalar, gökdäki sylagyny alarlar. Beýik Babyl ýok edilenden soňra, Isa gelin toparynyň galanlaryny ýygnar (1 Sel. 4:16, 17). Görşümiz ýaly, «gelniň» ähli agzalary Armageddon söweşi başlamanka göge galarlar. Armageddondan soňra Guzynyň toýy bolar. Gör, nähili şatlykly waka! Ylham 19:9-da: «Guzynyň toý aşyna çagyrylanlar bagtlydyr!» diýilýär. Gelin bu şatlykly waka diýseň begener! Göçme manyda, öýlenjek Patyşa hem ähli ýoldaşlary bilen «Patyşalygynda saçagynyň başynda oturyp, iýip-içjekdigine» örän şatlanar (Luka 22:18, 28—30). Emma Guzynyň toýy başgalara-da şatlyk getirer.

13 Ýokarda agzalyşy ýaly, gökdäki märeke şeýle aýdym aýdar: «Begeneliň, şatlanalyň! Ony (Ýehowany) şatlandyralyň! Guzynyň toýy başlanýar. Onuň gelni taýýarlandy» (Ylh. 19:6, 7). Ýehowanyň ýer ýüzündäki gullukçylary barada näme diýse bolar? Bu baýramçylyga olar hem goşularlarmy?

«OLAR BEGENÇ... BILEN GETIRILER»

14. 45-nji mezmurda agzalýan «gyzlar» kim?

14 Zebur 45:12, 14b, 15-nji aýatlary okaň. Zakarýa pygamberiň aýtmagyna görä, soňky günlerde dürli halkdan bolan adamlar ruhy Ysraýylyň galyndysy bilen bilelikde Ýehowa gulluk ederler. Ol şeýle ýazdy: «Şol günlerde dürli dillerde gepleýän ähli milletlerden on adam ýahudalynyň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“ diýerler» (Zak. 8:23). Bu aýatdaky «on adam» Zebur 45:12-de agzalýan «sur gyzyny» we «halkyň barlylaryny» aňladýar. Olar mesh edilen mesihçileri goldaýarlar we Hudaýa gulluk etmäge kömek soraýarlar. 1935-nji ýyldan bäri mesh edilenler millionlarça adamlary «dogry ýola ündediler» (Dan. 12:3). Mesh edilenleriň wepaly ýoldaşlary ýalan dinden arassalandylar. Şol sebäpli olar durmuşa çykmadyk «gyzlar» bilen deňeşdirilýär. Bu «gyzlar» özlerini Ýehowa bagyş etdiler we öýlenjek Patyşanyň wepaly raýatlarydygyny subut etdiler.

15. «Gyzlar» mesh edilenler bilen nädip işleşýärler?

15 Gelin topary «Patyşalyk baradaky Hoş Habary» ýer ýüzünde wagyz etmäge yhlas bilen kömek edýän «gyzlara» örän minnetdardyr (Mat. 24:14). «„Gel!“ diýýär. Her eşiden „Gel!“ diýsin. Suwsan gelsin. Dilän gelip, ýaşaýyş suwuny mugt alsyn» diýen sözleri diňe bir «ruh we gelin» diýmeýär (Ylh. 22:17). «Başga goýunlar» hem mesh edilen gelin topary bilen bilelikde ýer ýüzünde ýaşaýanlara «Gel!» diýýärler (Ýahýa 10:16).

16. Ýehowa başga goýunlara nähili hormat bildirýär?

16 Mesh edilenleriň galyndysy «başga goýunlary» söýýärler. Olar Ýehowanyň başga goýunlara toýdan lezzet almaga mümkinçilik berendigine begenýärler. Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, «gyzlar» «begenç we şatlyk bilen getiriler». Hawa, ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän başga goýunlar gökde boljak Guzynyň toýuna şatlanarlar. Şol sebäpli Ylham kitabynda «uly märekäniň tagtyň hem Guzynyň öňünde durandygy» aýdylýar. Olar ruhy ybadathananyň ýer ýüzünde ýerleşýän howlusynda Ýehowa mukaddes gullugy ýerine ýetirerler (Ylh. 7:9, 15).

Guzynyň toýunda gelne kömek edýän «gyzlar» şatlanarlar (16-njy abzasa serediň)

«SENIŇ OGULLARYŇ SENIŇ ATALARYŇ ORNUNA GEÇER»

17, 18. Guzynyň toýy nähili peýda getirer we Isa Mesih kimleriň atasy bolar?

17 Zebur 45:16-ny okaň. Mesihiň gökdäki gelnine kömek edýän «gyzlar» toýuň täze dünýäde getirjek bereketlerini görüp, has-da begenerler. Patyşa Isa Mesih ýerde ýaşan öz «atalaryny» direlder. Şeýlelikde, bu «atalar» onuň «ogullary» bolarlar (Ýahýa 5:25—29; Ýew. 11:35). Mesih olaryň arasyndan «şazadalary» saýlar. Isa şu günki wepaly ýygnak ýaşulularynyň arasyndan hem täze dünýäde ýolbaşçylyk etjek doganlary saýlar (Iş. 32:1).

18 Isa Mesih Müňýyllyk Patyşalygynda başga-da adamlaryň atasy bolar. Olar Isanyň töleg gurbanyna iman edýändikleri üçin ýerde ebedi ýaşarlar (Ýahýa 3:16). Şeýdip, Isa olaryň «Ebedi Atasy» bolar (Iş. 9:6, 7).

«ADYŇY YGLAN EDÝÄRIS»

19, 20. 45-nji mezmurdaky wakalar şu günki mesihçilere nähili täsir edýär?

19 Zebur 45:1, 17-nji aýatlary okaň. 45-nji mezmurda gürrüň berilýän wakalar ähli mesihçilere degişli. Tizden mesh edilenleriň galyndysy gökdäki doganlaryna we öýlenjek Ýigide — Isa Mesihe gowşar. Başga goýunlar şöhratly Patyşasyna has-da köp tabyn bolmaga jan ederler. Olar ýer ýüzünde ýaşaýan gelin toparynyň agzalary bilen hyzmatdaşlyk edýändigine begenýärler. Hawa, Mesihiň toýy ýer ýüzünde ýaşajak adamlara görlüp-eşidilmedik bereketleri getirer (Ylh. 7:17; 21:1—4).

20 Biz Mesihi Patyşa baradaky «oňat sözleriň» ýerine ýetişini ara alyp maslahatlaşdyk. Bu bizi onuň «adyny... yglan etmäge» höweslendirmeýärmi näme?! Geliň, «ebedilik we mydamlyk» Patyşamyzy şöhratlandyrýan adamlaryň arasynda bolalyň!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş