Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • fy bap 10 sah. 116—127
  • Maşgalada biri kesellände

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Maşgalada biri kesellände
  • Maşgala bagtynyň syry
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SIZ MUŇA NÄHILI GARARSYŇYZ?
  • ŞYPA BERIJI RUH
  • MÖHÜM ZATLARY ANYKLAMAK
  • ÇAGALARA KÖMEK EDIŇ
  • BEJERGÄ NÄHILI GARAMALY?
  • Eýýup çydamly we aýypsyz adam
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Hojalygyň işlerini nädip dolandyryp bolýar?
    Maşgala bagtynyň syry
  • «Ýehowa umyt bagla»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Eýýup Hudaýa wepaly galdy
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Maşgala bagtynyň syry
fy bap 10 sah. 116—127

ONUNJY BAP

Maşgalada biri kesellände

1, 2. Şeýtan Eýýubyň wepalylygyny gowşatmak üçin betbagtçylygy we keselçiligi nädip ulanýar?

MAŞGALASY bilen bagtly ömür sürenleriň hataryna Eýýuby goşsa bolar. Mukaddes Ýazgylarda oňa: «Gündogar ogullarynyň içinde iň atly-abraýly adamdy» diýilýär. Eýýup on çaganyň ýedi ogluň we üç gyzyň atasydy. Ol maşgalasyny ähli zat bilen üpjün edýärdi, çünki ol örän baýdy. Esasanam, ol maşgalasyna ruhy taýdan ýolbaşçylyk edip, Ýehowanyň öňünde çagalarynyň abraýy hakda alada edýärdi. Şol sebäpli onuň maşgalasy agzybir we bagtlydy (Eýýup 1:1—5).

2 Eýýubyň abadançylygy Ýehowanyň ganym duşmany bolan Şeýtanyň gözünden sypmaýar. Ol Hudaýyň gullukçylarynyň wepalylygyny gowşatmak üçin hemişe mümkinçilik gözleýär. Şonuň üçin Şeýtan Eýýubyň bagtly maşgalasyny ýok edýär. Soňra «Eýýuby dabanyndan tä depesine çenli heýwere keseline uçradýar». Şeýtan betbagtçylygy, keselçiligi ulanyp, Eýýubyň wepalylygyny gowşadaryn öýdýär (Eýýup 2:6, 7).

3. Eýýubyň keseliniň alamatlary nähili?

3 Mukaddes Ýazgylarda Eýýubyň keseliniň medisinada ulanylýan ady aýdylman, diňe alamatlary agzalýar. Onuň endamy gurçuklap, derisi kesmekläp, iriňläpdi. Deminden ýürekbulanç ys gelýärdi, bedeni bolsa aňkap durdy. Eýýup agyrydan ýaňa juda azap çekýär (Eýýup 7:5; 19:17; 30:17, 30). Ol halys bolup, külüň üstünde oturýar we küýze bölegi bilen endamyny gazaýar (Eýýup 2:8). Nähili gynançly ýagdaý!

4. Her bir maşgala käte nämä duçar bolýar?

4 Eger siz şeýle agyr kesele duçar bolsaňyz, özüňizi nähili duýarsyňyz? Häzir Şeýtan Hudaýyň gullukçylaryny Eýýup ýaly kesele duçar etmeýär. Emma ynsan bikämilligi, gaýgy-aladalar we tebigatyň hapalanmagy sebäpli maşgalada biriniň kesellemegi mümkin. Edilýän üznüksiz tagallalara garamazdan, kesellemeýän adam ýok, ýöne Eýýup ýaly ejir çekýän az bolsa gerek. Dogrudanam, maşgalada biri kesellese, kynçylyklaryň döremegi mümkin. Şonuň üçin, geliň, adamzadyň duşmany bolan keselçilige garşy göreşmäge Mukaddes Ýazgylaryň nädip kömek edýändigine seredeliň (Wagyz kitaby 9:11; 2 Timoteos 3:16).

SIZ MUŇA NÄHILI GARARSYŇYZ?

5. Adatça, uzaga çekmeýän kesel maşgala agzalaryna nähili täsir edýär?

5 Ýaşaýşyň gündeki akymy haýsy-da bolsa bir sebäbe görä üýtgese, oňa öwrenişmek kyn bolýar. Aýratynam, ýakynymyzdan biri uzaga çekýän kesele duçar bolanda kyn düşýär. Hatda çalt geçýän keselçilik sebäpli hem käbir zatlary üýtgedip, eglişik edip, ýagdaýa görä hereket etmeli bolýar. Syrkaw dynjyny alar ýaly, maşgalanyň beýleki agzalary özlerini ýuwaş alyp barmaly bolar. Mümkin, käbir işlerden el çekmeli bolar. Maşgalada dogany, kakasy ýa-da ejesi syrkawlanda, hatda ýaş çagalar hem duýgudaşlyk bildirýär, ýöne olara köplenç ünsli bolmagy ýatlatmaly bolýar (Koloslylar 3:12). Adatça, kesel uzaga çekmese, maşgala agzalary hemme zada taýyn bolýar. Galyberse-de, olar syrkawlan ýagdaýynda, özüne-de şeýle serediljegine ynanýar (Matta 7:12).

6. Maşgalada biri uzaga çekýän agyr kesele uçranda, nähili duýgularyň döremegi mümkin?

6 Eger agyr kesele duçar bolup, ýaşaýşy uzak wagtlap düýpli üýtgetmeli bolsa näme? Mysal üçin, maşgalada biri ysmaz bolsa, Alsgeýmer keseline uçrasa ýa-da başga keselden ýaňa ejir çekýän bolsa näme etmeli? Şizofreniýa ýaly ruhy taýdan keselli bolsa näme etmeli? Ilkibada, gowy görýän adamyň gynanyşyny görüp, ýüregiňiz awap, gaýga batýarsyňyz. Emma dura-bara bu duýgulara derek başga duýgular ýüze çykyp başlaýar. Maşgala agzalary bir adamyň keseli olaryň durmuşyna täsir edendigi we el-aýagyny baglandygy üçin gaharlanmaklary mümkin. Belki, olaryň biri: «Meniň başyma näme üçin şeýle jebir indikä?» diýip oýlanýandyr.

7. Eýýubyň keseli aýalyna nähili täsir etdi we ol nämäni unudan bolmaly?

7 Eýýubyň aýalynda-da şeýle pikirler dörändir. Ýadyňyzda bolsa, ilki onuň çagalary ölýär. Şeýle betbagtçylygy gözi bilen görüp, ol has-da howsala düşýär. Ahyrynda, ol bir wagt gaýratly, sagat äriniň ejirli, ýigrenji kesele duçar bolandygyny görende, ähli betbagtçylyga döz gelmäge kömek etjek iň möhüm zady—özüniň we äriniň Hudaý bilen gatnaşygyny unudan bolmaly. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Şonda aýaly oňa: «Sen henizem Hudaýa wepalylygyňy berk saklaýarmyň? Hudaýa garga-da, öl!» diýdi» (Eýýup 2:9).

[118-nji sahypadaky surat]

Ýanýoldaşy kesellände mesihçiler ýürekden söýgi bildirýärler

8. Maşgalada biri agyr kesellese, ýagdaýa dogry garamaga haýsy aýat kömek eder?

8 Biriniň keseli sebäpli durmuşyny düýpli üýtgetmeli bolanda, adamlar köplenç lapykeç bolýarlar, hatda gaharlanýarlar. Muňa garamazdan, dörän ýagdaý barada oýlanýan mesihçi, munuň öz ýakynyny çyn ýürekden söýýändigini subut etmäge mümkinçilikdigine ahyrsoňy düşüner. Hakyky söýgi «sabyrlydyr, mähirlidir... öz peýdasyny gözleýän däldir... ähli zada çydaýandyr, ähli zada iman edýändir, ähli zada umyt baglaýandyr, ähli zada döz gelýändir» (1 Korinfliler 13:4—7). Şoňa görä-de ýaramaz duýgulara ýol bermän, olara erk etmek üçin elimizden gelenini etmeli (Süleýmanyň tymsallary 3:21).

9. Biri agyr kesellese, nähili ynandyryjy sözler maşgalany ruhy we duýgy taýdan goldar?

9 Biri agyr kesellese, maşgalanyň ruhy we duýgy taýdan saglygyny saklamak üçin näme etmeli? Elbetde, her kesel aýratyn bejergini we idegi talap edýär, şonuň üçin bu kitapda bejerginiň, idegiň ýollaryny maslahat bermek ýerlikli bolmaz. Muňa garamazdan, Ýehowa ruhy taýdan «ähli bükülenleri dikeldýändir» (Zebur 145:14). Dawut patyşa şeýle sözleri ýazdy: «Garyplara paýhasly garaýan nähili bagtly! Ýaman günde Reb ony halas eder. Reb oňa gözegçilik eder, ony diri saklar... Hassalyk düşeginde Reb ony söýgetlär» (Zebur 41:1—3). Hudaýyň gullukçylary duýgy taýdan ejir çekse-de, Ýehowa olary ruhy taýdan goldaýar (2 Korinfliler 4:7). Maşgalasynda biri agyr kesellän adamlaryň köpüsi mezmurçynyň: «Agyr muşakgata batdym; ýa Reb, sözüňe laýyklykda meni direlt» diýen sözleri bilen ylalaşýarlar (Zebur 119:107).

ŞYPA BERIJI RUH

10, 11. a) Kesele hötde gelmek üçin maşgala näme wajyp? b) Bir aýal äri kesellände näme etdi?

10 Mukaddes Ýazgylarda: «Ynsanyň keselini onuň ruhy çekýändir; emma synyk ruhy kim göterer?» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 18:14). Duýgy taýdan ýeten şikes diňe bir «ynsanyň... ruhuna» däl, eýsem, maşgalanyň ruhuna hem täsir edýär. Emma «asuda ýürek bedene ýaşaýyşdyr» (Süleýmanyň tymsallary 14:30). Agyr kesele hötde gelmäge köplenç maşgala agzalarynyň yhlasy, ýagny ruhy kömek edýär (Süleýmanyň tymsallary 17:22-ni deňeşdiriň).

11 Bir mesihçi uýanyň durmuşa çykanyna bary-ýogy alty ýyl bolanda, äriniň beýnisine gan inip, köp kynçylyklary başdan geçirdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Bu kesel ýanýoldaşymyň gepleýşine güýçli täsir etdi, hatda onuň bilen gepleşip hem bolmaýardy. Onuň näme diýýänine düşünmek üçin ünsüňi jemlemeli bolýardy». Äriniň-de çekýän görgüsini, lapykeçligini göz öňüne getirip görüň. Olar näme etdi? Ýygnakdan daşda ýaşasa-da, uýamyz ruhy taýdan berk bolmak üçin guramanyň işlerinden habarly bolup, «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallary arkaly berilýän ruhy iýmitleri almak üçin elinden gelenini etdi. Bu oňa söýgüli ärine dört ýyllap, tä ölýänçä ideg etmäge güýç berdi.

12. Eýýubyň mysalyndan görnüşi ýaly, käwagt syrkawyň özi nädip kömek edýär?

12 Eýýup öz gezeginde berk durdy. Ol aýalyna: «Hudaýdan ýagşylygy kabul edip, ýamanlygy kabul etmälimi?» diýdi (Eýýup 2:10). Ençeme ýyldan soň, Ýakup şägirdiň Eýýubyň çydamlylygy bilen sabyrlylygyny görelde hökmünde aýdandygy geň galdyrmaýar! Ýakup 5:11-de şeýle sözleri okaýarys: «Siz Eýýubyň çydamlylygy we Ýehowanyň oňa pata berendigi hakda eşidensiňiz. Hawa, Ýehowa mähirli we rehimdardyr». Şonuň ýaly şu günler hem syrkawyň mertligi köplenç hossarlaryna dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär.

13. Maşgalada biri agyr syrkawlasa nähili deňeşdirme etmeli däl?

13 Köp adamlar maşgalasynda biri kesellese, ilkibada, şeýle ýagdaý bilen razylaşmagyň kyn bolýandygyny aýdýarlar. Şeýle-de olar dörän ýagdaýa adamyň nähili garaýandygyna köp zadyň baglydygyny belleýärler. Mümkin, ilkibaşda, maşgalanyň ýaşaýyş akymyny üýtgedip, täze ýagdaýa görä ýaşamak kyn düşer. Emma yhlas bilen tagalla edilse, täze ýagdaýa öwrenişip bolar. Ýöne ýagdaýymyzy syrkawsyz maşgalanyň ýagdaýy bilen deňeşdirip, «olara ýaşamak aňsat», «bu barypýatan adalatsyzlyk!» diýip, pikir etmeli däl. Aslynda, başga adamlaryň nähili kynçylyklary başdan geçirýändigini hiç kim bilmeýär. Isa Mesihiň: «Eý ýadap halys bolan we agyr ýükli adamlar, meniň ýanyma geliň, men size dynçlyk bereýin» diýen sözleri ähli mesihçilere teselli berýär (Matta 11:28).

MÖHÜM ZATLARY ANYKLAMAK

14. Möhüm zatlary nädip dogry kesgitlemeli?

14 Öýde biri agyr kesellände, maşgala agzalary şu sözleri unutmaly däl: «Diňe maslahatçylaryň köp ýerinde myrat hasyl bolýandyr» (Süleýmanyň tymsallary 15:22). Maşgala agzalary ýygnanyşyp, kesel sebäpli dörän ýagdaý barada maslahatlaşýarmy? Elbetde, munuň üçin Hudaýa doga etmeli we Onuň Sözündäki görkezmä eýermeli (Zebur 25:4). Olar nämeleri ara alyp maslahatlaşmaly? Bejergi, çykdajy we maşgaladaky ýüze çykan başga özgerişler baradaky soraglary çözmeli. Esasan, syrkawa kim seretmeli? Başgalar nähili kömek edip biler? Bu üýtgemeler öýüň her bir agzasyna nähili täsir eder? Syrkawa seredýän adamyň ruhy we beýleki zerurlyklary hakda nädip alada etmeli? 

15. Ýehowa agyr syrkawly maşgalalary nähili goldaýar?

15 Biz ýürekden Ýehowadan görkezme dilesek, Onuň Sözi barada oýlansak we Ýazgylaryň görkezýän ýolundan batyrgaý ýöresek, artygy bilen bereket alarys. Elbetde, keselli adamlaryň hemmesi sagalmaýar. Emma Ýehowa bil baglasak, nähili ýagdaý bolaýanda-da, gowy netije berer (Zebur 55:22). Mezmurçy şeýle ýazýar: «Reb, merhemetiň meni tutýar. Içimdäki aladalar artanda Seniň teselliň janyma rahatlyk berýär» (Zebur 94:18, 19; şeýle-de 63:6—8-nji aýatlara serediň).

ÇAGALARA KÖMEK EDIŇ

[125-nji sahypadaky surat]

Maşgala agzalary birek-birege kömek edip, kynçylyklara hötde gelip biler

16, 17. Ýaş çagalara doganynyň keselini düşündirende nämeleri göz öňünde tutmaly?

16 Maşgalada biri agyr kesellese, çagalar üçin köp kynçylyk döredip biler. Ata-eneler kesel sebäpli öýde nähili zerurlyklaryň dörändigini we çagalaryň nädip kömek edip biljekdigini düşündirmeli. Eger çaga kesellese, oňa köp üns berip, aladasyny etmek bilen beýleki çagalary kem söýmeýändigimizi olara düşündirmeli. Ata-eneler çagalaryň arasynda bolýan öýkä, besdeşlige ýol bermegiň deregine, olara biri-birine ýakynlaşyp, çyn ýürekden gowy görmäge we kesel sebäpli ýüze çykan ýagdaýa hötde gelmäge kömek etmeli.

17 Ata-eneler ýaş çagalaryna syrkawyň ýagdaýyny uzyn we çylşyrymly sözler bilen däl-de, olaryň duýgularyny göz öňünde tutup düşündirse gowy bolar. Şonuň üçin ata-eneler çagalaryna syrkawyň ýagdaýy hakda umumy düşünje bermeli. Eger sagdyn çagalar ýarawsyz doganynyň kesel sebäpli köp zatlary edip bilmeýändigine göz ýetirse, olara «doganlyk söýgüsini» bildirer we «rehimdar» bolmak aňsat bolar (1 Petrus 3:8).

18. Uly ýaşly çagalara keselçilik sebäpli ýüze çykan kynçylyklary nädip düşündirmeli we bu olara nähili peýda berer?

18 Uly ýaşly çagalara-da dörän kyn ýagdaý sebäpli maşgalanyň her bir agzasynyň käbir zatlardan geçmeli boljakdygyny düşündirmeli. Ata-eneler lukmanyň hyzmaty we bejergi üçin pul tölemeli bolýarlar, şol sebäpli çagalarynyň islän zadyny satyn almaga ýagdaýy bolmaýar. Munuň üçin çagalar öýkeläp, özlerini kemsidilen duýarmy? Ýa-da maşgala ýagdaýynyň kyndygyna düşünip, bir zatdan geçmäge taýyn bolarmy? Köp zat ýagdaýyň düşündirilişine we maşgalanyň garaýşyna bagly bolýar. Dogrudan-da, maşgalada biri syrkawlanda, Pawlusyň: «Hiç zady dawa-jenjel ýa-da ulumsylyk bilen etmäň, gaýtam, pesgöwünli boluň we başgalary özüňizden ýokary saýyň. Diňe öz bähbidiňizi gözlemän, başgalaryňkyny hem agtaryň» diýen maslahaty köp çagalara kömek etdi (Filipililer 2:3, 4).

BEJERGÄ NÄHILI GARAMALY?

19, 20. a) Maşgalada biri kesellese maşgalabaşy nämä jogapkär? b) Mukaddes Ýazgylar medisina kitaby bolmasa-da, bejergi bilen bagly nähili görkezme berýär?

19 Paýhasly mesihçiler Hudaýyň kanunyna garşy gelmeýän bejergini saýlaýarlar. Eger maşgalada biri kesellese, olar syrkawyň halyny ýeňilleşdirmegiň ýoluny gözleýärler. Ýöne lukmanlar bir-birine garşy gelýän maslahatlary bermegi mümkin, şonuň üçin berlen maslahatlary gowy deňeşdirmeli. Şeýle-de soňky ýyllar täze keseller gitdigiçe köpelýär, olaryň köpüsini bejerip bolmaýar. Hatda käwagt keseli dogry anyklamak hem kyn bolýar. Şeýle ýagdaýda mesihçi näme etmeli?

20 Mukaddes Ýazgylary ýazanlaryň biriniň lukmandygyna, Pawlus resulyň hem dosty Timoteosa peýdaly sagaldyş usulyny maslahat berendigine garamazdan, Mukaddes Ýazgylar medisina kitaby däl. Onda ahlak we ruhy taýdan görkezme berilýär (Koloslylar 4:14; 1 Timoteos 5:23). Şonuň üçin bejergi bilen bagly meseläni mesihçi maşgalabaşynyň özi paýhasly çözmeli. Belki, olar birnäçe ökde lukmanyň pikirini bilmeli bolar (Süleýmanyň tymsallary 18:17-ni deňeşdiriň). Mümkin boldugyndan, mesihçi maşgalabaşy syrkawa kömek etmek üçin tejribeli lukmanlara ýüz tutýar. Käbiri başga bejeriş usullaryny saýlaýar. Muny her kimiň özi çözmeli. Emma saglyk meselesinde mesihçiler üçin Hudaýyň Sözi hemişe «aýaklaryna çyra, ýoluna nurdur» (Zebur 119:105). Olar Mukaddes Ýazgylaryň görkezmesine eýerýärler (Işaýa 55:8, 9). Şeýlelikde, mesihçiler spiritizm bilen bagly anyklaýyş usullary we Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine garşy gelýän bejerişi inkär edýär (Zebur 36:9; Resullaryň işleri 15:28, 29; Ylham 21:8).

21, 22. Aziýaly bir aýal Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler barada nähili oýlanýar we gelen karary onuň ýagdaýynda nähili gowy netije berýär?

21 Aziýada ýaşaýan bir ýaş aýal bilen bolan waka seredeliň. Ol Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlanyna köp wagt geçmänkä, wagtyndan öň, agramy bir ýarym kilogramma ýetmedik gyzjagazy dogurýar. Lukman oňa bäbegiň ösüşi örän yzda galar we hiç haçan ýöräp bilmez diýende, bu aýalyň ýüregine nähili agyr degendir. Ol aýala çagasyny ýetimler öýüne bermegi maslahat berdi. Aýalyň äri näme etjekdigini bilmän aljyrady. Şonda aýal kömek üçin kime ýüzlendi?

22 Ol şeýle gürrüň berýär: «Mukaddes Ýazgylardaky „ine, çagalar Rebden mirasdyr, ýatgynyň miwesi Ondan sylagdyr“ diýen sözleri ýadyma düşdi» (Zebur 127:3). Ol öz «mirasyny» öýüne äkidip, aladasyny edýär. Ilkibada ýaş enä örän kyn düşýär, ýöne oňa Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýerli ýygnakdaky dostlary kömek edýär. Ol ahyry kynçylyklara hötde gelip, çagasyna gerekli kömegi berýär. Aradan on iki ýyl geçenden soň, gyzjagaz Ýygnak jaýyndaky duşuşyklara gatnaşyp, deň-duşlary bilen gepleşip şatlanýar. Ejesi şeýle diýýär: «Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleriň kömegi bilen dogry karara gelenime men örän minnetdar. Mukaddes Ýazgylar maňa Ýehowanyň öňünde ynsabymy arassa saklamaga kömek etdi. Ýogsam, ömür boýy ökünerdim».

23. Mukaddes Ýazgylar syrkawlara we olara ideg edýänlere nähili teselli berýär?

23 Adamzat keselçilikden hemişe ejir çekmez. Işaýa pygamber «ýaşaýjylaryň hiç biri: „Men syrkaw“ diýmez» diýen wagt geler diýdi (Işaýa 33:24). Bu wada tizden täze dünýäde ýerine ýeter. Häzir bolsa biz keselçilik, ölüm bilen göreşmeli bolýarys. Biziň bagtymyza Hudaýyň Sözi görkezme we kömek berýär. Bikämil adamlaryň durnuksyz oý-pikirlerinden tapawutlylykda, Mukaddes Ýazgylaryň esasy kadalary ýokary we üýtgewsizdir. Şonuň üçin paýhasly adam mezmurçynyň şu sözleri bilen ylalaşýar: «Rebbiň kanuny kämildir, ol jany täzeleýändir. Rebbiň şaýatlygy ygtybarlydyr, ol mön adamy hem akyldar edýändir... Rebbiň hökümleri hakdyr, ählisi adyldyr... Olary saklamakda uly sylag bardyr» (Zebur 19:7, 9, 11).

MUKADDES ÝAZGYLARDAKY ŞU PRINSIPLER AGYR KESELE WE ONUŇ BILEN BAGLY KYNÇYLYKLARA HÖTDE GELMÄGE NÄDIP KÖMEK EDÝÄR?

Söýgi sabyrlydyr we ähli zada döz gelýändir (1 Korinfliler 13:4—7).

Dogry garaýyşda bolmak wajyp (Süleýmanyň tymsallary 18:14).

Wajyp karara gelmänkä maslahatlaşmaly (Süleýmanyň tymsallary 15:22).

Ýehowa bizi kyn ýagdaýlarda goldaýar (Zebur 55:22).

Ýehowanyň Sözi ähli ýagdaýda görkezme berýär (Zebur 119:105).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş