17-nji bap
Hudaýyň halkynyň arasynda gizlen!
1, 2. Adamzadyň ýagdaýy näme üçin harasady başdan geçirenleriň ýagdaýyna meňzeýär?
AÝDALY, seniň ýaşaýan ýeriňden güýçli harasat geçdi. Seniň öýüň harabalyga öwrülip, barja mal-mülküňden mahrum bolduň. Sen diňe çörek we suw bilen oňmaly bolýaň. Göräýmäge, seniň ýagdaýyň çykalgasyz ýaly. Birdenem, haýsydyr bir ýerden zyýan çekenlere kömek gelýär. Bol-elin iýmit we egin-eşik getirýärler. Saňa täze öý gurýarlar. Elbetde, şeýle kömegi beren adamlara sen çäksiz minnetdar bolarsyň.
2 Şu günlerem şoňa meňzeş zatlar bolup geçýär. Adam-ata bilen How-enäniň gozgalaňy şol harasat ýaly, bütin adamzada juda uly zyýan ýetirdi. Adamlaryň öýi — Jennet ýitirildi. Şondan bäri, ynsan hökümetleri adamlary uruşlardan, jenaýatçylykdan we adalatsyzlykdan gorap bilenok. Ýalan din millionlarça adamlary sagdyn ruhy iýmitsiz goýup, olara açlyk çekdirýär. Emma Ýehowa Hudaý bize ruhy iýmit, egin-eşik we pena berýär. Ol muny nädip edýärkä?
«SADYK HEM AKYLLY HYZMATKÄR»
3. Ýehowa adamlara ruhy iýmiti nädip berýär, we bu haýsy mysallardan görünýär?
3 Tebigy betbagtçylykdan zyýan çekenlere kömegi adatça haýsydyr bir gurama arkaly berýärler. Ýehowanyň öz halkyna berýän ruhy iýmiti hem, edil şonuň ýaly guramaçylykly gelýär. Meselem, ysraýyllylar bir ýarym müň ýyllap diýen ýaly «Ýehowanyň ýygnagy» bolupdylar. Ýehowa olaryň arasyndan, halka Onuň Kanunyny öwretjek adamlary belledi (1 Taryhlar 28:8, TD; 2 Taryhlar 17:7—9). Biziň eramyzyň birinji asyrynda Ýehowa mesihçiler guramasyny döretdi. Ýygnaklar düzüldi, olar resullardan we ýaşululardan ybarat maslahatyň ýolbaşçylygynda hereket edýärdiler (Resullaryň Işleri 15:22—31). Biziň günlerimizde hem, Ýehowa öz halkyny gurama arkaly dolandyrýar. Biz muny nireden bilýäris?
4. Biziň günlerimizde «sadyk hem akylly hyzmatkär» kim bolup çykdy we biz Hudaýdan ruhy iýmiti nädip alýarys?
4 Isa patyşalyk häkimiýetine eýe bolanda, onuň şägirtlerine «wagtly-wagtynda nahar» paýlaryny berjek «sadyk hem akylly hyzmatkär» boljagyny aýtdy (Matta 24:45—47). 1914-nji ýylda Isa gökdäki tagta çykanda, bu «hyzmatkär» kim bolup çykdyka? Bu asla hristian dünýäsiniň ruhanylary däl. Birinji Jahan Urşy döwründe ruhanylaryň köpüsi sürini öz milli hökümetini goldaýan «wagyz-nesihat» bilen «naharladylar». Peýdaly we wagtly-wagtyndaky ruhy nahary bolsa, hakyky mesihçileriň topary paýlaýardy, olar Hudaýyň mukaddes ruhy bilen mesh edilip, Isanyň «kiçijik süri» diýýänine girýärler (Luka 12:32). Bu mesh edilen mesihçiler ynsan hökümetleri däl-de, Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärdiler. Netijede, birnäçe wagtdan soň, hakyky dine, dogry bolmagy ýüregine düwen «başga goýunlaryň» millionlarçasy mesh edilen «hyzmatkäre» goşuldy (Ýahýa 10:16). Hudaý «sadyk hyzmatkäri» we «hyzmatkäriň» Ýolbaşçylyk maslahatyny ulanyp, isleg bildirýänlere ruhy iýmit, ruhy egin-eşigi we pena paýlamagy öz guramaçylykly halkyna öwredýär.
«WAGTLY-WAGTYNDAKY NAHAR»
5. Häzir dünýä nähili ruhy ýagdaýda we Ýehowa näme edýär?
5 Isa: «Adam diňe bir çörek bilen däl, eýsem Hudaýyň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr» diýdi (Matta 4:4). Gynansak-da, adamlaryň köpüsi Hudaýyň aýdýan zatlaryna hiç hili üns berenok. Ýehowanyň Amos atly pygamberiniň öňünden aýdyşy ýaly, ’çörek açlygy däl-de, suw teşneligi däl-de, Ýehowanyň sözlerini eşitmek teşneligi’ başlady (Amos 8:11, TD). Hatda iň barypýatan dindar adamlaryň arasynda-da ruhy açlyk bar. Emma Ýehowa «bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine ýetmegini isleýändir» (1 Timoteos 2:3, 4). Şoňa görä-de, Ol bize ruhy iýmiti bol-elin berýär. Ýöne, ony nireden tapyp bolarka?
6. Geçmişde Ýehowa öz halkyny nädip ruhy iýmit bilen üpjün edipdir?
6 Bütin taryhyň dowamynda, Ýehowa aýry-aýry adamlary däl-de, bütin halky ruhy iýmit bilen üpjün edipdir (Işaýa 65:13). Meselem, halka Hudaýyň Kanunyny öwretmek üçin ysraýyl ruhanylary uly-kiçi diýmän, hemmeleri — erkekleri, aýallary we çagalary ýygnapdyrlar (Kanunyň Gaýtalynyşy 31:9, 12). Her kes öwüt-nesihat we ruhlandyrma alyp biler ýaly, birinji asyryň mesihçileri ýolbaşçylyk maslahatyň baştutanlygynda ýygnaklar döredip, duşuşyklar geçiripdirler (Rimliler 16:4; Filimun 1, 2). Ýehowanyň Güwäleri olaryň göreldesine eýerýärler. Olar seni ýygnagyň duşuşyklaryna gatnaşmaga tüýs ýürekden çagyrýar.
7. Mesihi duşuşyklara yzygiderli gatnaşmagyň, bilim we iman bilen nähili baglanyşygy bar?
7 Elbetde, şahsy okuwyň kömegi bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenip, sen eýýäm köp zatlar bilensiň. Megerem, saňa Güwäleriň biri kömek edendir (Resullaryň Işleri 8:30—35). Emma seniň imanyňy ösümlik bilen deňeşdirse bolar, eger ösümlige gerekli ideg edilmese, ol saralyp-solup, ahyrsoňam gurap galýandyr. Diýmek, sen zerur bolan ruhy iýmiti almalysyň (1 Timoteos 4:6). Mesihi duşuşyklarda yzygiderli okuw berilýär, ol saňa ruhy taýdan iýmitlenmäge we Hudaý baradaky bilimiň köpelmegi bilen imanda ösmäge kömek eder (Koloseliler 1:9—11).
8. Biz Ýehowanyň Güwäleriniň ýygnak duşuşyklaryna näme üçin gatnaşmaly?
8 Ýygnagyň duşuşyklary ýene-de bir möhüm maksada gulluk edýär. Pawlus: «Birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrjak bolalyň... ýygnanyşmagy goýman» diýip ýazdy (Ýewreýler 10:24, 25). Grekçeden «gaýrata galdyrmak» diýip terjime edilen sözüň «ýiteltmek» diýen manysy hem bar. Mukaddes Ýazgylardaky tymsalda şeýle diýilýär: «Demir demri ýiteldýändir; adam hem öz dostunyň ýitelmegini gazanýandyr» (Süleýmanyň Tymsallary 27:17). Biziň her birimiz hemişe «ýiteldilmeli». Dünýäniň gowşamaýan täsiri biziň imanymyzy küteldip biler. Mesihi duşuşyklarda bolsa, biz berkidýän güýç alýarys (Rimliler 1:11, 12). Ýygnagyň agzalary resul Pawlusyň «biri-biriňizi ruhlandyryň, biri-biriňizi abatlaň» diýen çakylygyna eýerýärler, sebäbi bu biziň imanymyzy ýiteldýär (1 Selanikliler 5:11). Mesihi duşuşyklara yzygiderli barmagymyz Hudaýy söýýändigimizi görkezýär, hem-de Ony şöhratlandyrmaga mümkinçilik berýär (Zebur 35:18).
«SÖÝGINI GEÝIŇ»
9. Ýehowa söýgä degişli nähili görelde görkezdi?
9 Pawlus: «Kämil birligiň bagy bolan söýgini geýiň» diýip ýazdy (Koloseliler 3:14). Ýehowa mähribanlyk bilen bize şeýle geýimi berýär. Nädip? Mesihçiler söýgi bildirýärler, sebäbi söýgi — Ýehowanyň mukaddes ruhunyň miweleriniň biri (Galatýalylar 5:22, 23). Ýehowanyň özi beýik söýgi bildirdi, çünki biz ebedi ýaşaýşa gowşup biler ýaly, Ol özüniň ýekeje Ogluny iberdi (Ýahýa 3:16). Şeýle söýgini bildirip, Hudaý iň oňat görelde görkezdi. «Hudaý bizi şeýle söýen bolsa, onda biz-de biri-birimizi söýmäge borçludyrys» diýip, resul Ýahýa ýazdy (1 Ýahýa 4:11).
10. «Doganlar» bilen aragatnaşyk etmegiň näme peýdasy bar?
10 Patyşalyk Zalyna baranyňda, söýgi bildirmäge ajaýyp mümkinçiligiň bar. Sen ol ýerde dürli-dürli adamlara duşarsyň. Olaryň köpüsi, gürrüňsiz, derrew seniň göwnüňe ýarar. Elbetde, Ýehowanyň gullukçylarynyň arasynda-da her hili adamalar duş gelýär. Belki, öňki wagtda, gyzyklanýan zatlary, ýa-da gylyk-häsiýeti bilen özüňden tapawutlanýan adamlardan gaça duransyň. Emma mesihçiler ’doganlary söýmeli’ (1 Petrus 2:17). Şoňa görä-de, ýaşy, gylyk-häsiýeti, reňki we bilimi seniňkiden tapawutlanýan bolsa-da, Patyşalyk Zalyna barýanlaryň hemmesi bilen tanyşmagy maksat edin. Megerem, sen, olaryň her biriniň ajaýyp häsiýetiniň bardygyna göz ýetirersiň.
11. Ýehowanyň halkynyň dürli-dürli adamlardan ybarat bolmagy näme üçin seni büdretmeli däl?
11 Ýygnak dürli adamlardan ybarat, ýöne bu seni büdretmeli däldir. Aýdaly, seniň bilen bir köçede ençeme maşyn gidip barýar. Maşynlaryň tizligi birmeňzeş däl we olaryň hemmesi oňat ýagdaýda diýip bolmaýar. Käbirleri eýýäm ençeme kilometr ýol geçdi, beýleki maşynlar bolsa, seniňki ýaly ýaňyja bat almaga başlady. Emma, bu tapawutlara garamazdan, olaryň hemmesi bir ýoldan barýarlar. Bu mysal ýygnakdaky adamlary ýatladýar. Hemmämiz mesihi häsiýetleri birmeňzeş tizlik bilen edinemizok. Mundan başga-da, hemmämiziň beden, ýa-da duýgy ýagdaýymyz birmeňzeş däl. Käbirleri köp ýyllaryň dowamynda Ýehowa sežde edip gelýär; beýlekiler bolsa, ýaňyja başlady. Muňa garamazdan, biziň hemmämiz ebedi ýaşaýşa gidýän bir ýol bilen barýarys, hem-de ’bir pikirde we bir raýda [niýetde] birleşen’ (1 Korintoslylar 1:10). Şoňa görä-de, ýygnakdaky adamlaryň gowşak däl-de, güýçli taraplaryny gözle. Şeýtseň, sen has şadyýan bolarsyň, sebäbi dogrudan-da Hudaýyň şol adamlardan razydygyna göz ýetirersiň. Eýsem, sen olaryň arasynda bolmak isläňokmy? (1 Korintoslylar 14:25).
12, 13. a) Ýygnakdakylaryň biri göwnüňe degse, sen näme etmeli? b) Gahar saklamazlyk näme üçin wajyp?
12 Hemme adamlar kämilsiz, şol sebäpli, käwagt ýygnakda kimdir biri sözi bilen, ýa-da hereketi bilen seniň göwnüňe degmegi mümkin (Rimliler 3:23). Şägirt Ýakup muňa düşünýärdi, şoňa görä-de: «Hemmämiz köp büdreýäris. Kim gepinde büdremese, kämil adam» diýip, ýazdy (Ýakup 3:2). Kimdir biri göwnüňe degse, sen näme edersiň? Mukaddes Ýazgylardaky tymsalda şeýle diýilýär: «Adamyň paýhasy onuň gaharyny köşeşdirýändir; ýazygy geçmek onuň şöhratydyr» (Süleýmanyň Tymsallary 19:11). Paýhas — bu, adamyň aýdan sözleriniň, ýa-da eden hereketleriniň hakyky sebäbini görmek we oňa düşünmek ukybydyr. Öz ýazyklarymyzy geçmek üçin biziň köpümizde gerekli paýhas tapylýar. Başga adamlara-da düşünip, ýalňyşlaryny bagyşlamak üçin edil şonuň ýaly paýhasly bolsak, oňat bolmazdymy? (Matta 7:1—5; Koloseliler 3:13).
13 Eger-de biz, Ýehowanyň ýazyklarymyzy bagyşlamagyny isleýän bolsak, biziň özümizem başgalary bagyşlamalydygymyzy hiç haçan unutmaly däl (Matta 6:9, 12, 14, 15). Hakykat boýunça ýaşap, biz başgalary söýmeli (1 Ýahýa 1:6, 7; 3:14—16; 4:20, 21). Şonuň üçin, ýygnakda kimdir biri bilen seniň araňda agzalalyk dörese, hiç haçan gahar saklama. Söýgini geýnen adam kynçylygy çözjek bolar, kimdir biriniň göwnüne degen bolsa, haýal etmän ötünç sorar (Matfeýa 5:23, 24; 18:15—17).
14. Biz haýsy häsiýetleri geýinmeli?
14 Biziň ruhy geýimlerimize söýgi bilen baglanyşykly beýleki häsiýetler hem girmeli. Pawlus: «Rehimdarlyk ýüregini, ýagşylygy, kiçigöwünliligi, ýumşaklygy we sabry geýniň» diýip ýazdy. Bu häsiýetler söýgi bilen deň derejede Hudaýa ýaraýan «täze» adama mahsusdyr (Koloseliler 3:10, 12). Sen «täze» adamy geýinmek üçin tagalla edersiňmi? Doganlary söýmek seniň ruhy geýimiň bolanda, sende Isanyň şägirtlerini tapawutlandyrýan alamat aýan bolar, çünki ol: «Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýipdi (Ýahýa 13:35).
HOWPSUZ ÝER
15. Ýygnagy näme üçin pena bilen deňeşdirip bolar?
15 Şeýle hem, ýygnak pena we gaçalgadyr, ol ýerde sen özüňi howpsuzlykda duýup bilersiň. Ýygnakda hemişe Hudaýyň islegine laýyk ýaşamaga çalyşýan akýürekli adamlary taparsyň. Olaryň köpüsi, belki-de, seniň entäk ýeňmeli boljak ýaramaz gylyk-häsiýetleri we endikleri taşladylar (Titus 3:3). Olar saňa-da kömek edip biler, sebäbi bize ’birek-biregiň ýüküni göteriň’ diýildi (Galatýalylar 6:2). Ebedi ýaşaýşa eltýän ýol bilen seniň deregiňe, elbetde, hiç kim ýöremez (Galatýalylar 6:5; Filipililer 2:12). Emma, Ýehowa, biziň üçin hemişe kömek we goldaw boljak mesihçiler ýygnagyny göz öňünde tutdy. Seniň aladalaryň näçe kyn bolsa-da, göwünlik tapyp biljek gymmatly gözbaşyň bar, bu gözbaş betbagtçylykda we horlukda saňa goldaw berjek söýgüden doly ýygnakdyr. (Luka 10:29—37 bilen deňeşdir; Resullaryň Işleri 20:35.)
16. Ýygnagyň ýaşululary bize näme kömek berýär?
16 Saňa kömege ýetişjekleriň arasynda «adamlar görnüşindäki sylaglar» hem bar, — olar ýygnagyň bellenen ýaşululary, ýagny «sürüni» yhlas bilen meýletin otladýan gözegçiler (Efesliler 4:8, 11, 12, TD; Resullaryň Işleri 20:28; 1 Petrus 5:2, 3). Işaýa pygamber olar barada şeýle ýazdy: «Her biri ýelden buky ýer ýaly, çabgadan gaçalga ýaly, suwsuz ülkede suw akymlary ýaly, yssy ýurtda uly gaýanyň kölegesi ýaly bolar» (Işaýa 32:2, TD).
17. a) Ilkinji nobatda Isa nähili kömek bermek isleýärdi? b) Hudaý öz halkyna näme wada berdi?
17 Gynansak-da, Isa ýer ýüzündekä, dini ýolbaşçylar şeýle söýgi bilen gözegçilik edenokdylar. Halkyň ýagdaýy Isany örän tolgundyrýardy, ol ilki bilen adamlara ruhy taýdan kömek edesi gelýärdi. Isanyň olara haýpy gelýärdi, sebäbi «olar çopansyz goýunlar ýaly pytraňňydy, alaçsyzdy» (Matta 9:36). Bu sözler, şu günlerem dürli kynçylyklardan horluk çekip, ruhy kömek we goldaw sorara hiç kimi bolmadyk adamlaryň gynançly ýagdaýyny, gör, nähili dogry beýan edýär! Emma Ýehowanyň halkynda şeýle ruhy goldaw bar, çünki Hudaý wada berýär: «Men olaryň üstünden olary hakykatdan bakjak çopanlary goýaryn; we indi olar ne ürkerler, ne-de olary gorky basar, we hiç biri ýitmez» (Ýeremiýa 23:4, TD).
18. Ruhy taýdan kömek gerek bolsa, näme üçin ýaşululara ýüz tutmaly?
18 Ýygnagyň ýaşululary bilen tanyş bol. Hudaý baradaky bilimi ulanmakda bu adamlaryň örän uly tejribesi bar, sebäbi olaryň her biri gözegçilere niýetlenen Mukaddes Ýazgylardaky talaplara laýyk gelýär (1 Timoteos 3:1—7; Titus 1:5—9). Eger saňa, Hudaýyň talabyna garşy gelýän endiklerden, ýa-da häsiýetlerden dynmaga ruhy kömek gerek bolsa, çekinme-de, ýaşulularyň birine ýüz tut. Sen olaryň «Göwnüçökgünlere göwünlik beriň, ejizleri goldaň, hemmeler barada sabyrly boluň» diýen, Pawlusyň maslahatyna eýerýändigine göz ýetirersiň (1 Selanikliler 2:7, 8; 5:14).
HUDAÝYŇ HALKYNYŇ ARASYNDA HOWPSUZLYKDA BOL
19. Ýehowanyň guramasynda howpsuzlyk gözleýänlere Hudaý nähili bereketler berýär?
19 Biz kämilsiz şertlerde ýaşasak-da, Ýehowa bize ruhy iýmit, ruhy egin-eşik we pena berýär. Hakyky jennetiň eşretlerini görmek üçin, elbetde, Hudaýyň wada beren täze dünýäsine garaşmaly. Emma Ýehowanyň guramasyndaky adamlar, eýýäm häzir ruhy jennetiň howpsuzlygyndan lezzet alýarlar. Ezekiýel şol adamlar barada pygamberlik etdi: «Olar hakykatdan howpsuzlykda ýaşar, hiç kim olary gorkuzmaz» (Ezekiýel 34:28, TD; Zebur 4:8).
20. Ýehowa sežde etmek üçin nämeden geçseň-de, Ol nädip artygy bilen öwezini dolar?
20 Sözi we guramasy arkaly söýgi bilen şeýle köp ruhy sylaglar berýändigi üçin, biz, Ýehowa, gör, nähili çuňňur minnetdar bolmaly! Hudaýyň halkyna goşul. Dostlar, ýa-da garyndaşlar näme pikir ederkä diýip, gorkma, Ýehowany has oňat tanamakdan saklanma. Ýehowanyň Güwäleri bilen aragatnaşyk edýändigiň üçin ýa-da Patyşalyk Zalyndaky ýygnagyň duşuşyklaryna barýandygyň üçin seni ýazgaryp bilerler. Ýöne Hudaýa sežde etmek üçin nämeden geçseňem, Ol artygy bilen öwezini doldurar (Malaki 3:10). Üstesine-de, Isa şeýle diýipdi: «Meniň hatyram üçin, Hoş Habaryň hatyrasy üçin öýüni, doganlaryny, uýalaryny, enesini, atasyny, oglan-uşagyny ýa ýerlerini taşlap-da, şindi bu zamanda çekjek azaplary bilen birlikde, ýüz esse edip öýler, doganlar, uýalar, eneler, atalar, oglan-uşaklar, ýerler we geljek döwürde ebedi ýaşaýyş almajak ýokdur» (Markus 10:29, 30). Hawa, sen nämeden geçip, nämeler çekip-çydamaly bolsaň-da, Hudaýyň halkynyň arasynda ajaýyp doganlygy we ruhy howpsuzlyk taparsyň.
BILIMIŇI BARLAP GÖR
«Sadyk hem akylly hyzmatkär» kim?
Ýehowa nämäniň kömegi bilen bizi ruhy taýdan iýmitlendirýär?
Mesihçiler ýygnagyndaky adamlar bize nädip kömek edýärler?
[165-nji sahypadaky surat]