«Ýaşlygyň aýaly bilen şatlan»
«Ýaşlygyň aýaly bilen şatlan. Oglum, sen näme üçin bir keseki aýaldan serhoş boljak» (SÜLEÝMANYŇ TYMSALLARY 5:18, 20).
1, 2. Näme üçin är-aýalyň arasyndaky söýgä Hudaýyň bereketi diýse bolar?
MUKADDES ÝAZGYLARDA jynsy gatnaşyk barada hem açyk aýdylýar. Süleýmanyň tymsallary 5:18, 19-njy aýatlarda: «Çeşmäň bereketli bolsun, ýaşlygyň aýaly bilen şatlan. Ol bir söýgüli keýik, bir näzik maral kimindir; onuň göwüsleri her wagt seni doýursyn; onuň söýgüsinden mydama serhoş bol» diýilýär.
2 Bu ýerde «çeşme» diýilýän söz jynsy höwesiňi kanagatlandyrmagy aňladýar. Bu bereketdir, çünki, är-aýalyň söýgüsi we olaryň jynsy gatnaşykdan serhoş bolmagy Hudaýdan sowgat. Ýöne beýle gatnaşyk diňe är-aýalyň arasynda bolmaly. Gadymy Ysraýylyň patyşasy Süleýman: «Oglum, sen näme üçin bir keseki aýaldan serhoş boljak we bigäne aýaly bagryňa basjak?» diýdi (Süleýmanyň tymsallary 5:20).
3. a) Köp är-aýallar baradaky nähili maglumat gynandyrýar? b) Hudaý zyna nähili garaýar?
3 Toý güni ýaş ýigit bilen gelin biri-birini söýjekdigine, wepaly boljakdygyna söz berýärler. Emma muňa garamazdan, är-aýalyň köpüsi zyna sebäpli aýrylyşýarlar. Bir aýal ýigrimi bäşden gowrak geçirilen soraglaryň maglumatyny agtaryp, şeýle netijä geldi: «Aýallaryň 25% we erkek adamlaryň 44% ýanýoldaşyna biwepalyk edipdir». Pawlus resul şeýle diýdi: «Aldanmaň, Hudaýyň Patyşalygyny ne ahlaksyzlar, ne butparazlar, ne zynahorlar, ne gomoseksuallar, ne beçebazlar . . miras alar» (1 Korintoslylar 6:9, 10). Bu sözleriň hakdygy şübhesiz. Zyna Hudaýyň öňünde agyr günä, şonuň üçin Ýehowanyň Güwäçileri ýanýoldaşyna biwepalyk etmeli däl. Bize nika hormat goýup, düşegi günä bilen hapalamaz ýaly näme kömek eder? (Ýewreýler 13:4).
Aldawçy ýürekden ägä bolmaly
4. Maşgalaly mesihçiler nädip tötänlikden ýanýoldaşyna biwepalyk edýärler?
4 Şu günki ahlagy pese düşen dünýäde adamlaryň köpüsiniň «[gözleri] zynadan doly» we olar «günäden gaýtmaýarlar» (2 Petrus 2:13). Olar ýanýoldaşyna biwepalyk edýärler. Ýurtlaryň käbirinde aýallaryň köpüsi işe girende, ýerkek işgärleri bilen biwepalyk etmäge şert döreýär. Hatda çekinjeň adamlar hem internetiň çat sahypalary arkaly biri bilen ýakyn tanyşmak üçin bildiriş berýärler. Şeýlelikde, maşgalaly adamlaryň hem köpüsi munuň näme eltip biljekdigine düşünmän şeýle duzaga düşýärler.
5, 6. Bir mesihçi uýa nädip howply ýagdaýa düşdi we biz ondan näme öwrenip bileris?
5 Meri (ady üýtgedilen) atly bir uýa tas zyna edipdi. Geliň, şol waka seredeliň. Onuň äri Ýehowanyň Güwäçisi däldi. Ol maşgalasyna kän üns bermeýärdi. Meri birnäçe ýyl mundan öň äriniň bir işgäri bilen tanyşan wagtlaryny ýatlaýar. Ol örän edepli adamdy, biraz wagtdan ol hatda Meriniň dini bilen hem gyzyklanyp başlady. Meri: «Ol şeýle ýakymly bolany üçin ärimden tapawutlanýardy» diýýär. Tizden Meri bilen ol adamyň arasynda söýgi duýgusy döredi. Meri özüni şeýle köşeşdirýärdi: «Men ärime ikilik edemok, bu adam Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklanýar, mümkin men oňa kömek edip bilerin».
6 Meri söýgi duýgusynyň zyna eltmänkä, örän howply ýagdaýdadygyna düşündi (Galatýalylar 5:19—21; Efesliler 4:19). Onuň ynsaby ezýet berip başlany üçin ýalňyşyny düzetdi. Meriniň mysaly bize «ynsanyň ýüreginiň aldawçydygyny, galyberse-de, bozukdygyny» gowy görkezýär (Ýeremiýa 17:9). Mukaddes Ýazgylarda: «Bar zadyňdan ilki ýüregiňi gora» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 4:23). Ýüregimizi nädip gorap bolarka?
Paýhasly adam bela-beterden gizlenýär
7. Maşgalasyndaky kynçylyk bilen biri ýüz tutanda, sen Ýazgylardaky haýsy maslahata eýermeli?
7 Pawlus resul: «Men dogrudyryn diýip pikir edýän adam öz ýykylmagyndan ägä bolsun» diýdi (1 Korintoslylar 10:12). Süleýmanyň tymsallary 22:3-de bolsa şeýle diýilýär: «Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir». Paýhasly adam özüne göwni ýetip: «Maňa hiç zat bolmaz» diýmän, kynçylyga eltýän ýagdaýdan ägä bolýar. Mysal üçin, ol maşgaladaky kynçylygyny çözmek üçin başga jynsdaky adamyň diňe oňa ýüz tutmagyna ýol bermeýär (Süleýmanyň tymsallary 11:14). Gowusy sen oňa öz ýanýoldaşyň ýa-da nikaň bozulmagyny islemeýän öz jynsyňdaky ýetişen mesihçä ýa-da ýaşuly bilen maslahatlaşmalydygyny ýatlat (Titus 2:3, 4). Bu babatda Ýehowanyň Güwäçileriniň ýaşululary gowy görelde görkezýär. Olar ýygnakdaky uýalar bilen gepleşmeli bolanlarynda, adamlaryň bar ýerinde, mysal üçin Patyşalyk Zallarynda gürleşýärler.
8. Işde esasan nämeden ägä bolmaly?
8 Işleýän ýerimizde we islendik ýerde jynsy gatnaşyga eltýän ýagdaýlardan ägä bolmaly. Meselem, iş wagtyndan daşary işlänimizde başga jynsdaky adam bilen ýeke galsak günä eltmegi mümkin. Durmuş guran adamlar biri bilen gepleşende we özüni alyp baranda ýanýoldaşyna ikilik etmek islemeýändigini görkezmeli. Biz Hudaýyň gullukçylary hökmünde näz-kereşme, edepsiz eşigimiz we daşky sypatymyz bilen biriniň ünsüni çekmek islemeýäris (1 Timoteos 4:8; 6:11; 1 Petrus 3:3, 4). Iş ýerimizde ýanýoldaşymyzyň, çagalarymyzyň suratlaryny görnükli ýerde goýup, özümize we başga adamlara maşgalamyza hormat goýýandygymyzy ýatladýarys. Hiç haçan kimdir biriniň başyňy aýlap, aldamagyna ýol berme we özüňem şony goldamazlygy ýüregiňe berk düw (Eýýup 31:1).
«Söýýän aýalyň bilen ýaşap lezzet al»
9. Ýanýoldaşyňa biwepalyk etmäge näme sebäp bolup biler?
9 Ýüregimizi goramak diňe bir howply ýagdaýdan gaça durmagy aňlatmaýar. Ýanýoldaşyňdan başga birine göz gyzdyrmak, är-aýalyň biri-biriniň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaýandygyny görkezýär. Bu äriniň mydama üns bermeýändigi ýa-da aýalynyň hemişe tankytlaýandygy sebäpli bolup biler. Şeýdip, ýanýoldaşyňda ýetmezçilik edýän häsiýet garaşylmadyk wagtda iş ýeriňdäki ýa-da hatda ýygnakdaky adamlaryň birinde bar ýaly bolup görünmegi ahmal. Tizden dostlukly gatnaşygyň netijesinde, biri-birine bolan gyzyklanma döräp başlar. Şeýle ýagdaýlar Mukaddes Ýazgylardaky: «Ýöne her kes öz höwesleri tarapyndan çekilip, aldanan mahaly synalýandyr» diýlen sözleriň hakdygyny subut edýär (Ýakup 1:14).
10. Nädip är-aýal gatnaşygyny berkidip biler?
10 Är-aýal söýgi, dostluk we teselli gözlemek ýaly zerurlyklaryny başga birinde gözlemegiň deregine, biri-biri bilen gatnaşygyny berkitmeli. Munuň üçin hökman wagtyňy bile geçirmeli we biri-biriňe üns bermeli. Biri-biriňiz bilen nädip söýşüp başlandygyňyz barada ýatlaň. Ýanýoldaşyňyza bolan öňki mähirli duýgyny gaýtadan gazanjak boluň. Bile geçiren gowy günleriňizi ýatlaň. Kynçylygyňyz barada Hudaýa doga ediň. Dawut pygamber Ýehowa: «Mende tämiz ýürek ýarat, eý Hudaý, içime täzeden durnukly ruh ber» diýip diledi (Zebur 51:10). «Bütin ömrüň Hudaýyň beren, söýýän aýalyň bilen ýaşap lezzet al» diýen maslahata eýeriň (Wagyzçy 9:9).
11. Maşgalany berkitmek üçin bilimiň, akyldarlygyň hem-de düşünjäniň näme ähmiýeti bar?
11 Bilimsiz, akyldarlyksyz we düşünjesiz maşgalany berkidip bolmaýandygyny hem unutmaly däl. Süleýmanyň tymsallary 24:3, 4-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Öý akyldarlyk bilen salnyp, düşünje bilen berkarar edilýändir. Bilim bilen otaglar her hili gymmatbaha hem ýakymly şaý-sepden dolýandyr». Bagtly maşgalada söýgi, wepalylyk, Hudaýdan gorky we iman ýaly gymmatbaha «zatlardan» doly. Bu häsiýetleri ediner ýaly, Hudaý barada bilim almaly. Munuň üçin är-aýal Mukaddes Ýazgylary ymykly öwrenmeli. Näme üçin akyldarlyk we düşünje şeýle wajyp? Biz gündeki kynçylyklary üstünlikli çözmek üçin paýhasly bolmaly, ýagny Mukaddes Ýazgylardaky bilimi ulanmaly. Düşünjeli we düşgür adam ýanýoldaşynyň pikirine, duýgularyna düşünip bilýär (Süleýmanyň tymsallary 20:5). Ýehowa Süleýman pygamber arkaly: «Oglum, sagdyn paýhasy saklar ýaly, dodaklaryň bilimi gorar ýaly, Meniň hikmetimi diňle» diýýär (Süleýmanyň tymsallary 5:1, 2).
Kynçylyk dörände
12. Nikada kynçylygyň döreýändigine näme üçin geň galmaly däl?
12 Kynçylyksyz nika bolmaýar. Hatda Mukaddes Ýazgylarda är-aýalyň «muşakgaty bolar» diýilýär (1 Korintoslylar 7:28). Maşgalada aladalar, keselçilik, yzarlamalar we başga-da kynçylyklar bolup biler. Şeýle ýagdaýda Ýehowany razy eder ýaly, kynçylyklary ýanýoldaşyň bilen bile çözmeli.
13. Haýsy ýagdaýlarda är-aýal özüne sorag bermeli?
13 Eger är-aýalyň gatnaşygy sebäpli nikada kynçylyk dörese näme? Olary çözmek üçin köp tagalla etmeli. Meselem, belki, är-aýalyň arasynda göwne degilýän sözleri aýtmak endik bolandyr (Süleýmanyň tymsallary 12:18). Geçen makaladan bilşimiz ýaly, şeýle sözler erbet täsir etmegi mümkin. Süleýmanyň tymsallary 21:19-da: «Çölde ýaşamak igenjeň we gyňyr aýal bilen ýaşamakdan gowudyr» diýilýär. Şonuň üçin aýal özüne şeýle sowal bermeli: «Ýanýoldaşyma meniň bilen ýaşaşmak kynmyka?» Mukaddes Ýazgylarda ärlere: «Eý ärler, aýalyňyzy söýüň, olara ýowuz bolmaň» diýilýär (Koloseliler 3:19). Är bolsa özüne şeýle sowal bermeli: «Meniň sowuklygym sebäpli aýalym başga ýerden teselli gözleýärmikä?» Her niçik bolsa-da, bu jynsy ahlaksyzlyk etmeli diýildigi däl. Emma beýle betbagtçylyga eltmänkä, açyk gürleşip kynçylyklary çözmeli.
14, 15. Ýanýoldaşyňa biwepalyk etmek näme üçin nikadaky kynçylygy çözmeýär?
14 Ýanýoldaşyňa biwepalyk edip teselli gözlemek bilen nikadaky kynçylygy çözüp bolmaýar. Şeýtmek bilen täze we gowy maşgala gurup bolýarmy? Käbir adamlar gurup bolýar diýip pikir edýärler. Olar: «Bu adamda maňa ýaraýan häsiýetler bar» diýýärler. Emma beýle pikir etmek nädogry, sebäbi ýanýoldaşy bilen aýrylyşýan ýa-da aýrylyşmagy goldaýan adam mukaddes nika hormat goýmaýandygyny görkezýär. Şeýdip, gowy nika gurup bilerin öýtmek akylsyzlyk bolardy.
15 Ýokarda ýatlanyp geçilen Meri, özüniň howply herektleriniň netijesi barada paýhasly oýlanyp, özüniň-de, ýene biriniň-de, Hudaýyň razylygyny ýitirip biljekdigine göz ýetirdi (Galatýalylar 6:7). Ol şeýle diýýär: «Men ärimiň işgärine bolan duýgularymy barlap başlanymda, ol adamyň hakykata gelmegine päsgel berjekdigime düşündim. Eger günä eden bolsak, bize-de, ýakyn adamlarymyzada erbet täsir ederdi we başga adamlary-da büdrederdik!» (2 Korintoslylar 6:3).
Güýçli isleg bolmaly
16. Jynsy ahlaksyzlyk nämä eltip biler?
16 Mukaddes Ýazgylarda şeýle duýduryş bar: «Keseki aýalyň dodaklary bal damdyrýandyr, agzynyň sözleri ýagdan ýumşakdyr. Emma soňra ýowşan kimin ajydyr, iki ýüzli gylyç kimin ýitidir» (Süleýmanyň tymsallary 5:3, 4). Ahlaksyz işler ýürege ýara salýar, hatda ölüme-de eltip biler. Jynsy ahlaksyzlyk wyždanyňa ezýet berýär, olar arkaly kesel geçýär we şeýle biwepalyk bigünä ýanýoldaşyň ýüregine bitmejek ýara salýar. Diýmek, biwepalyk etmezlige degerli sebäpler bar.
17. Ýanýoldaşymyza wepaly bolmaga nähili isleg kömek eder?
17 Biwepalyk etmek näme üçin erbet hasaplanylýar? Munuň esasy sebäbi maşgalany Döreden we jynsy gatnaşyklary beren Ýehowa ýazgarýar. Ýehowa Malaki pygamber arkaly şeýle diýdi: «Men siziň ýanyňyza höküm etmek üçin gelerin. . . zyna edýänlere garşy şaýat bolaryn» (Malaki 3:5). Ýehowanyň nämeleri görýändigi barada Süleýmanyň tymsallary 5:21-de şeýle diýilýär: «Ynsanyň ýollary Rebbiň gözleriniň alnyndadyr; Ol onuň ähli ugurlaryna dykgat edýändir». Hawa, «hasap bermeli Hudaýymyzyň gözleriniň öňünde ähli zat ýalaňaç hem açykdyr» (Ýewreýler 4:13). Şonuň üçin islendik ahlaksyz jynsy gatnaşygy gizlemek başartsa-da, saglygymyza we başga adamlara nähili zyýan ýetirenimize garamazdan, Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygymyzy hökman ýitireris. Şuňa düşünsek, ýanýoldaşymyza wepaly bolmaga güýçli isleg dörär.
18, 19. Ýusup bilen bolan wakadan biz nähili sapak edinýäris?
18 Ýakup pygamberiň ogly Ýusubyň mysaly Hudaý bilen dost bolmagyň güýçli islegdigini görkezýär. Ýusup faraonyň emeldary Potifaryň nazarynda merhemet tapany üçin onuň öýünde ýokary orun eýeledi. Şeýle-de Ýusubyň «endamy owadan we keşbi owadan» bolany üçin Potifaryň aýaly oňa göz gyzdyrdy. Ol her gün Ýusubyň başyny aýlajak boldy, emma başartmady. Ýusup näme üçin onuň teklibini ret etdi? Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ol ret edip, hojaýynyň aýalyna diýdi: Ine, hojaýynym. . . senden başga hiç zady menden aýamady, çünki sen onuň aýalysyň; we men bu uly ýamanlygy nähili edeýin we Hudaýyň ýanynda günäkär bolaýyn?» (Barlyk 39:1—12).
19 Ýusup öýlenmedik bolsa-da, biriniň aýaly bilen jynsy gatnaşyk etmän, ahlak taýdan arassa galdy. Süleýmanyň tymsallary 5:15-de öýlenen erkek adamlara: «Suwy öz howdanyňdan, akar suwy öz guýyňdan iç» diýilýär. Aýalyňdan başga birine tötänden dörän söýgi duýgularyndan gaça dur. Ýanýoldaşyň bilen gatnaşyklaryňy berkitmek üçin bar güýjüňi sarp edip, islendik kynçylyk dörände, ony çözmäge jan et-de «ýaşlygyň aýaly bilen şatlan» (Süleýmanyň tymsallary 5:18).
Siz näme öwrendiňiz?
• Mesihçi nädip tötänlikden söýgi duýgularynyň toruna düşüp biler?
• Biwepalyk etmezlige haýsy duýduryş kömek eder?
• Kynçylyk dörände är-aýal nädip çözmeli?
• Ýanýoldaşymyza wepaly bolmaga nähili isleg kömek eder?