Diliňde «merhemet kanuny» bolsun
«Agzyny hikmet bilen açýandyr, dilinde merhemet kanuny bardyr» (SÜL. TYM. 31:26).
1, 2. a) Ýehowanyň gullukçylary haýsy häsiýeti ösdürmeli? b) Şu makalada nämä serederis?
GADYMY döwürde Lemuil patyşa ejesi öwüt berende, gowy aýalyň esasy häsiýetlerini aýtdy. Ejesi oňa paýhasly aýal: «Agzyny hikmet bilen açýandyr, dilinde merhemet kanuny bardyr» diýdi (Sül. tym. 31:1, 10, 26). Merhemet kanuny diňe bir paýhasly aýalyň dilinde däl, eýsem, Ýehowa Hudaýa ýaranmak isleýän ähli adamlaryň dilinde bolmaly (Süleýmanyň tymsallary 11:17-ni okaň). Ýehowanyň gullukçylarynyň ählisi mähirli gepleşmeli.
2 Merhemet näme? Kime merhemetli bolmaly? «Diliňde merhemet kanuny» bolar ýaly näme kömek eder? Merhemet kanuny maşgala agzalary we imandaşlar bilen gepleşende nähili täsir edýär?
Söýgi mähriban bolmaga ýardam edýär
3, 4. a) Merhemet näme? b) Merhemet bilen mähribanlygyň näme tapawudy bar?
3 Merhemetli bolmak söýmegi we mähriban bolmagy aňladýar. Adamlara duýgudaşlyk bildirip, ýagşylyk edip we olar bilen oýlanyşykly gepleşip, aladasyny etsek, mähribanlyk bildirýäris. Şeýle-de merhemetli bolmak üçin adamlary söýmeli we olaryň bähbidini gözlemeli. Emma merhemet diýip terjime edilen sözüň asyl nusgasynda bu diňe mähriban bolmagy we söýmegi aňlatmaýar. Merhemet bu maksada ýetilýänçä kimdir birine höwes hem wepalylyk bilen ýagşylyk etmekdir.
4 Merhemet bilen mähribanlygyň ýene-de bir tapawudy bar. Mähribanlyk ýa-da ynsanperwerlik hatda nätanyş adamlara görkezilýär. Meselem, Pawlus resul 275 adam bilen gämi heläkçiligine uçranda, Malta adasynyň ýaşaýjylary olary tanamasa-da, ynsanperwerlik görkezdi (Res. iş. 27:37—28:2). Merhemet bolsa, köp ýyldan bäri ýakyn gatnaşyk saklaýan adamlaryň arasynda görkezilýära. Dawut Mefibosede şeýle merhemet edipdi (2 Sam. 9:7).
Oýlanmak we doga etmek wajyp
5. Dilimizi saklamaga bize näme kömek eder?
5 Mähirli gepleşmek aňsat däl. Dil barada Ýakup şägirt şeýle diýdi: «Dile bolsa adamlaryň hiç biri erk edip bilýän däldir. Ol durnuksyz erbetlikdir, öldüriji awudan doludyr» (Ýakup 3:8). Dilimizi saklamaga bize näme kömek eder? Bu soragyň jogabyny Isanyň dini ýolbaşçylara aýdan sözlerinden tapsa bolýar. Ol: «Agyz ýüregiň dolulygyndan sözlenýändir» diýdi (Mat. 12:34). Merhemet kanuny dilimizde bolar ýaly, biz ony ýüregimizde ösdürmeli. Bu babatda oýlanmagyň we doga etmegiň nähili kömek edýändigine seredeliň.
6. Biz näme üçin Ýehowanyň merhemeti barada minnetdarlyk bilen oýlanmaly?
6 Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa «tükeniksiz söýgüden doly» Hudaý diýilýär (Müs. çyk. 34:6). «Ýa Reb, ýer Seniň merhemetiňden doly» (Zeb. 119:64). Hudaýyň Sözünde Ýehowanyň gullukçylaryna merhemetini nädip görkezýändigi barada ençeme wakalar bar. Biz Ýehowanyň «ähli işleri» hakynda minnetdarlyk bilen oýlanmaga wagt sarp etsek, Hudaýyň halaýan häsiýetlerini ösdürip bileris (Zebur 77:12-ni okaň).
7, 8. a) Ýehowa Luta we onuň maşgalasyna nädip merhemet etdi? b) Dawut patyşa Hudaýyň merhemetine minnetdarlygyny nädip bildirdi?
7 Ýehowa Sodom şäherini weýran etjek bolanda, Ybraýymyň doganoglany Luty maşgalasy bilen nädip halas edendigi hakynda oýlanyp görüň. Şol wagt golaýlanda, perişdeler Luty maşgalasy bilen şäherden haýal etmän çykar ýaly, gyssap başladylar. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Emma Lut ikirjiňlendi. Şol wagt (perişdeler) Lutuň, onuň aýalynyň hem iki gyzynyň elinden tutup, Rebbiň merhemeti bilen olary aman-sag galadan alyp çykdylar». Ýehowanyň şeýdip halas edendigi ýüregimize täsir edip, merhemetini bildirendigini subut etmeýärmi? (Gel. çyk. 19:16, 19).
8 Şeýle-de «ähli ýazyklaryňy bagyşlaýan, ähli keselleriňi bejerýän» diýip, aýdym aýdan Ysraýyl patyşasy Dawudyň mysalyna seredeliň. Dawut Batşeba bilen eden günäsini Ýehowanyň bagyşlandygyna örän minnetdardy! Ol: «Gökler ýeriň ýokarsynda nähili belent bolsa, şonça-da Onuň merhemeti Ondan gorkýanlaryň depesinde uludyr» diýip, Ýehowany wasp etdi (Zeb. 103:3, 11). Mukaddes Ýazgylardaky şu we beýleki wakalar barada oýlansak, Ýehowanyň merhemeti üçin minnetdarlykdan ýaňa ýüregimiz joşup, ony şöhratlandyrarys hem-de oňa sagbolsun aýdarys. Biz hak Hudaýa näçe minnetdar bolsak, şonça-da Onuň göreldesine eýereris (Efes. 5:1).
9. Ýehowanyň gullukçylary gündelik durmuşynda merhemetli bolar ýaly, nähili degerli sebäp bar?
9 Mukaddes Ýazgylardaky mysallardan görnüşi ýaly, Ýehowa merhemetini, ýagny wepaly söýgüsini onuň bilen ýakyn gatnaşykda bolan adamlara görkezýär. Hudaý bilen ýakyn gatnaşykda bolmadyk adamlar barada näme diýse bolar? Ýehowa olara ýamanlyk edýärmi? Elbetde, etmeýär! Luka 6:35-de şeýle diýilýär: «Çünki Ol (Hudaý) gadyr bilmezlere-de, ýamanlara-da mähribandyr». «Gününi ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar» (Mat. 5:45). Biz hakykaty bilmänkä-de, şoňa görä ýaşamanka-da, Hudaý bize mähribandy. Emma biz onuň gullukçylary bolandan soň, ol bize merhemet edip başlady (Işaýa 54:10-y okaň)b. Biz munuň üçin Ýehowa örän minnetdar! Şol sebäpli mähirli gepleşip, gündelik durmuşda merhemetli bolar ýaly degerli sebäp bar!
10. Näme üçin merhemetli bolar ýaly doga etmeli?
10 Merhemetli bolmak üçin doga etmek örän wajyp. Merhemetli bolmak söýmegi we mähriban bolmagy aňladýar, şeýle häsiýetler Ýehowanyň mukaddes ruhunyň miwesidir (Gal. 5:22). Biz mukaddes ruhuň görkezmesine eýersek, merhemetli bolarys. Ýehowanyň mukaddes ruhuny almagyň iň gowy usuly, bu barada doga etmeli (Luka 11:13). Şonuň üçin dyngysyz mukaddes ruhy dilemek we onuň görkezmesine eýermek ýerliklidir. Diýmek, dilimizde merhemet kanuny bolar ýaly, oýlanmaly we doga etmeli.
Är-aýal nädip mähirli gepleşip biler?
11. a) Ärleriň aýallaryna merhemetli bolmagyny Ýehowanyň isleýändigini nireden bilýäris? b) Merhemet kanuny ärlere dilini saklamaga nädip kömek edýär?
11 Pawlus resul ärlere: «Eý ärler, Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem aýalyňyzy söýüň» diýip, maslahat berdi (Efes. 5:25). Şeýle-de Pawlus resul olara Ýehowanyň Adam ata bilen How enä näme diýenini ýatlatdy. Ol: «Erkek ata-enesini terk edip, aýalyna goşular-da, ikisi bir beden bolar» diýdi (Efes. 5:31). Ýehowa ärleriň aýallaryna wepaly bolmagyny we hemişe olara merhemet etmegini isleýär. Aýalyny söýýän ärler iliň içinde aýalynyň kemçiligini aýdyp, kemsitmeýär. Ol aýalyny ýürekden öwýär (Sül. tym. 31:28). Olaryň arasynda haýsydyr bir sebäbe görä agzalalyk dörese, merhemet kanuny äre aýalyny kemsitmez ýaly dilini saklamaga kömek eder.
12. Aýal merhemet kanuny dilindedigini nädip görkezip biler?
12 Merhemet kanuny aýalyň hem dilinde bolmaly. Bu dünýäniň ruhy onuň gepleýşine täsir etmeli däl. Ol «ärini sylap», adamlaryň ýanynda ýanýoldaşy barada gowy zatlary aýdyp, onuň abraýyny göterýär (Efes. 5:33). Şeýle aýal çagalaryň öňünde kakasynyň pikirine garşy bolman we ony tankytlaman sylaýandygyny görkezýär. Eger ol bir meselede äri bilen ylalaşmasa, ony ikiçäk çözýär. Mukaddes Ýazgylarda «akyldar aýal öýüni dikýändir» diýilýär (Sül. tym. 14:1). Onuň öýi bütin maşgalasy üçin rahat we ýaraşykly ýerdir.
13. Biz esasanam merhemet kanunyna nirede eýermeli we bu nämeden görünýär?
13 Är-aýal öýünde ikiçäk galanda-da, mähirli gürleşip, bir-birine hormat goýýandygyny görkezýärler. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Gahary, gazaby, ýamanlygy, sögünji we agzyňyzdan çykýan hapa sözleri taşlaň. Şeýlelik bilen, Hudaýyň mukaddes hem söýgüli saýlananlary hökmünde rehimdarlyk ýüregini, ýagşylygy, kiçigöwünligi, ýumşaklygy we sabry geýniň... Bularyň hemmesiniň üstünden-de kämil birligiň bagy bolan söýgini geýniň» (Kol. 3:8, 12—14). Çagalar hemişe öýünde mähirli sözleri eşitse, olara diňe bir gowy täsir etmän, eýsem, gepleşende-de ata-enesiniň göreldesine eýererler.
14. Maşgalabaşy nädip maşgalasyna teselli berip biler?
14 Mezmurçy Ýehowa şeýle diýdi: «Haýyş edýärin, bendäňe bolan sözüňe laýyklykda merhemetiň maňa teselli bolsun» (Zeb. 119:76). Ýehowa halkyna nesihat we görkezme arkaly teselli berýär (Zeb. 119:105). Maşgalabaşy gökdäki Atasynyň göreldesine eýerip, nädip maşgalasyna teselli berip biler? Ol maşgalasyna görkezme berip we ruhlandyryp biler. Maşgala okuwynda ruhy hazynalary gözlemäge, gör, nähili ajaýyp mümkinçilik bar! (Sül. tym. 24:4).
Imandaşlaryňa söýgiňi bildir
15. Ýygnak ýaşululary we ruhy taýdan ýetişen mesihçiler gepleşende imandaşlaryny nädip gorap biler?
15 Dawut patyşa: «Seniň merhemetiň, Seniň hakykatyň mydama maňa gözegçilik etsin» diýip, doga etdi (Zeb. 40:11). Bu babatda ýygnagyň ýaşululary we ruhy taýdan ýetişen mesihçiler Ýehowanyň göreldesine nädip eýerip biler? Mesihçiler Mukaddes Ýazgylardaky aýdylan zatlara üns berip, gepleşende merhemet kanunyna eýerýärler (Sül. tym. 17:17).
16, 17. Dilimizde merhemet kanunynyň bardygyny nähili ýagdaýlarda görkezip bileris?
16 Biz bir mesihçiniň Mukaddes Ýazgylardaky prinsipi bozýandygyny görsek näme etmeli? Merhemet kanunyna eýerip, biz ony düzederismi? (Zeb. 141:5). Imandaşymyzyň agyr günä edendigini bilsek, wepaly söýgi bizi günä eden adama ýaşululara ýüz tutmagy maslahat bermäge ýardam eder. Günä eden adam «ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrsyn, olar hem Rebbiň adyndan oňa ýag çalyp, onuň üçin doga etsin» (Ýakup 5:14). Ol hem, biz hem ýaşululara aýtmasak, söýgi bildirdigimiz bolmaz. Mesihçileriň käbiri göwnüçökgünlige düşýär, ýekesireýär, özüni dereksiz duýýar ýa-da lapykeç bolýar. Biz «göwnüçökgünlere göwünlik bersek», merhemet kanunynyň dilimizdedigini görkezeris (1 Sel. 5:14).
17 Hudaýyň duşmanlary imandaşlarymyz barada gybat ýaýratsa, näme etmeli? Doganymyzyň Hudaýa wepalydygyna şübhelenmän, şeýle gürrüňi dymmak bilen kesmeli, ýa-da ýerlikli bolsa, aýyplaýan adamyň nämäniň esasynda şeýle diýýändigini subut etmegini soramaly. Hudaýyň duşmanlary dogan-uýalarymyza zyýan ýetirmek üçin, olaryň nirede ýaşaýandygyny biljek bolsa, doganlarymyzy söýýändigimiz üçin hiç hili maglumat bermeris (Sül. tym. 18:24).
«Merhemet yzynda gezýän adam ýaşaýyş... tapar»
18, 19. Ýehowanyň gullukçylary bilen gatnaşanymyzda, näme üçin dilimizde merhemet kanuny bolmaly?
18 Ýehowanyň gullukçylary bilen gatnaşanymyzda, ähli ýagdaýlarda wepaly söýgimiz görünmeli. Kyn ýagdaýlarda-da dilimizde merhemet kanuny bolmaly. Ysraýyl ogullarynyň merhemeti «tiz aýrylýan çyg ýaly» bolanda, Ýehowa ýaramaýardy (Hoş. 6:4, 6). Ýöne biz hemişe merhemet etsek, Ýehowa halaýar. Merhemet edýänleri Ýehowanyň nähili ýalkaýandygyna seredeliň.
19 Süleýmanyň tymsallary 21:21-de şeýle diýilýär: «Dogrulyk we merhemet yzynda gezýän adam ýaşaýyş, dogrulyk we hormat tapar». Şeýle adam gysga wagt däl-de, ebedi ýaşar. Ýehowa oňa «soňsuz ýaşaýşa eýe bolar» ýaly kömek edýär (1 Tim. 6:12, 19). Şol sebäpli, geliň, «birek-birege merhemet edeliň» (Zak. 7:9).
a Wepalylykdan, söýgüden we mähribanlykdan merhemediň tapawudyny köpräk bilmek üçin, «Garawul diňiniň» (rus.) 2002-nji ýylyň 15-nji maýda çykan sanynyň 12, 13, 18, 19-njy sahypalaryna seret.
b Işaýa 54:10. Seni mähir bilen goraýan Ýehowa şeýle diýýär: «Daglar ýerinden gozgalyp, depeler sarsar, ýöne men dostlugymdan dänmerin, parahatlyk baradaky ähtim sarsmaz».
Siz nähili düşündirersiňiz?
• Merhemet näme?
• Dilimizde merhemet kanuny bolar ýaly, bize näme kömek eder?
• Är-aýal nädip mähirli gepleşip biler?
• Imandaşlarymyz bilen gatnaşanymyzda, näme üçin dilimizde merhemet kanuny bolmaly?