Gitdigiçe parlaýan ýodadan ýöreýäris
«Dogrularyň ýodasy bolsa ýaňy dogan Gün ýalydyr, bütinleý gündiz bolana deňeç gitdigiçe parlar» (SÜLEÝMANYŇ TYMSALLARY 4:18)
1, 2. Ýehowanyň gitdigiçe parlaýan ruhy nury Hudaýyň halkyna näme peýda berýär?
GÜN doganda garaňky dünýäniň ýagtylyga çykyşyny Nuruň Gözbaşy bolan Ýehowa Hudaýdan başga kim has oňat düşündirip biler? (Zebur 36:9). «Säher çagy jahan ýagtylyp, ýeriň ujuna ýetende, ýer möhüriň astyndaky toýun ýaly üýgäp, zatlar durkuna gelýär-de, hamala eşigini geýýär» diýip, Hudaý aýdýar (Eýýup 38:12—14). Möhüriň astynda ýumşak toýnuň üýtgeýşi ýaly, ýaňy dogan Günüň ýagtysyna-da ýeriň durky aýyl-saýyl bolup başlaýar.
2 Ýehowa ruhy nuruň hem Gözbaşy (Zebur 43:3). Tutuş dünýä tüm garaňkylykda bolsa-da, hakyky Hudaý halkyna nur saçýar. Munuň näme peýdasy barka? Mukaddes Ýazgylarda şeýle jogap berilýär: «Dogrularyň ýodasy bolsa ýaňy dogan Gün ýalydyr, bütinleý gündiz bolana deňeç gitdigiçe parlar» (Süleýmanyň tymsallary 4:18). Ýehowanyň berýän parlaýan nury halkynyň ýodasyny ýagtylandyrýar. Netijede, olar guramaçylyk taýdan gowulanýar, taglymatlara has oňat düşünýärler hem-de ahlak kadalaryny has dogry berjaý edýärler.
Ruhy nur guramaçylyk taýdan gowulandyrýar
3. Işaýa 60:17-de näme wada berilýär?
3 Işaýa pygamber arkaly Ýehowa öňünden şu sözleri aýtdy: «Misiň deregine altyn we demriň deregine kümüş getirerin, agajyň deregine mis we daşyň deregine demir getirerin» (Işaýa 60:17). Arzan zadyň gymmat zada çalşylmagy gowulanmagy aňladýar. Ýehowanyň Güwäçileri hem «ahyrzaman» döwründe, ýagny «soňky günlerde» guramaçylyk taýdan hut şonuň ýaly gowulanýar (Matta 24:3; 2 Timoteos 3:1).
4. 1919-njy ýylda näme täzelik girizildi we näme peýda berdi?
4 Soňky günleriň başynda Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler (Ýehowanyň Güwäçileriniň şol wagtky ady) ýaşululary we hyzmatçylary demokratiki ýol bilen saýlaýardylar. Ýöne käbir ýaşulular hoş habary wagyz etmäge onçakly yhlasly däldi. Käbirleri sowuk-sala wagyz etmek bilen çäklenmän, eýsem, beýlekilere hem wagyz etmäge päsgel berdiler. Şonuň üçin 1919-njy ýylda her ýygnakda täze wezipe girizildi — wagyz ýolbaşçylary bellendi. Wagyz ýolbaşçysyny ýygnak saýlamaýardy, ýöne ony filial teokratiki taýdan belleýärdi. Wagyz ýolbaşçysynyň borjy wagyz işini guramakdan, wagyz etmäge ýer bellemekden hem-de beýlekileri wagyz etmäge höweslendirmekden ybaratdy. Şondan soňky ýyllar Patyşalyk baradaky wagyz işi has-da güýjedi.
5. 1920-nji ýyllar näme täzelik durmuşa geçirildi?
5 Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň 1922-nji ýylda Sidar-Poýntda (ABŞ, Ogaýo ştaty) geçiren kongresinde «Patyşany we onuň patyşalygyny wagyz ediň, wagyz ediň, wagyz ediň!» diýen çagyryşy eşidip, ähli ýygnaklar has-da janlanyp başlady. 1927-nji ýyla çenli wagyz işi şeýle oňat guraldy welin, Dynçgüni öýden-öýe wagyz etmek üçin iň amatly gün hasaplanýardy. Näme üçin şol güni saýladylarka? Sebäbi Dynçgüni köp adamlar işlänok. Şu günler hem Ýehowanyň Güwäçileri adamlaryň öýünde bolaýjak wagty wagyz edýärler. Meselem, dynç alyş günleri ýa-da agşamara wagyz edýärler.
6. 1931-nji ýylda nähili jarnama kabul edildi we ol wagyz işine nähili täsir etdi?
6 1931-nji ýylyň Gorkut aýynyň 26-da, Dynçgüni Patyşalygy wagyz etmek işine uly goşant goşuldy. Şol gün başda Kolumbus şäherinde (ABŞ, Ogaýo ştaty), soňra bütin dünýäde jarnama kabul edildi. Şol jarnamada şeýle diýilýärdi: «Bize, Ýehowanyň Güwäçilerine, Hudaýyň adyndan işi ýerine ýetirmek hem-de Isa Mesih barada wagyz etmek, şeýle-de Ýehowanyň hakyky we Her zady başarýan Hudaýdygyny adamlara habar bermek tabşyryldy; şol sebäpli Reb Hudaýyň özüniň beren adyny şatlyk bilen kabul edýäris hem-de adamlaryň bizi Ýehowanyň güwäçileri hökmünde atlandyrmagyny we tanamagyny isleýäris» (Işaýa 43:10). Bu täze at Hudaýyň halkynyň esasy işiniň nämedigini anyk görkezýär! Doganlar muny şatlyk bilen kabul etdiler.
7. 1932-nji ýylda näme özgerişiklik girizildi we näme üçin?
7 Ýaşulularyň köpüsi wagyz işine kiçigöwünlik bilen wagtyny we güýjüni sarp etdiler. Emma käbir ýygnaklardaky saýlanan ýaşulular hemmeleriň wagyz etmelidigine garşy çykdylar. Tizden ýene bir özgerişlik girizilmelidi. 1932-nji ýylda «Garawul diňi» žurnalynda ýaşululary we hyzmatçylary mundan beýläk saýlamazlyk barada maslahat berildi. Indi ýygnaklar wagza gatnaşýan hem-de ruhy taýdan ýetişen doganlardan gulluk komitetini saýlamalydylar. Şeýlelikde, ýygnaklardaky gözegçilik wagyz işine yhlasly gatnaşýan doganlara tabşyryldy. Bu wagyz işiniň gowulanmagyna ýardam etdi.
Indiki özgerişlikler
8. 1938-nji ýylda nähili özgerişlik boldy?
8 Nur «gitdigiçe parlaýar». 1938-nji ýylda jogapkär doganlaryň saýlawy ýatyryldy. Indi ýygnagyň ähli hyzmatçylary «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» gözegçiligi astynda teokratiki ýol bilen saýlanýardy (Matta 24:45—47). Bu özgerişligi Ýehowanyň ähli ýygnaklardaky Güwäçileri kabul etdiler. Şeýdip wagyz işi mundan beýläk hem üstünlikli dowam etdi.
9. 1972-nji ýylda nähili özgerişlik boldy hem-de bu näme netije berdi?
9 1972-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 1-ne ýene bir özgerişlik boldy. Indi bütin dünýäde Ýehowanyň Güwäçileriniň ýygnaklarynda gözegçilik etmek bir hyzmatça däl-de, ýaşulular maslahatyna tabşyryldy. Bu täze özgerişlik ruhy taýdan ýetişen doganlary ýygnakda gözegçi bolmak üçin talaplara laýyk gelmäge has hem höweslendirdi (1 Timoteos 3:1—7). Netijede, doganlaryň köpüsi ýygnakdaky wezipesini ýerine ýetirmegi öwrendiler. Şeýle ajaýyp çopanlar hakykaty kabul eden adamlaryň köpüsine diýseň uly kömek etdiler!
10. 1976-njy ýylda nähili özgerişlik boldy?
10 Soňra ýolbaşçylyk maslahatynyň alty sany komiteti döredildi. 1976-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-den başlap bütin dünýäde guramanyň işi şolaryň gözegçiligi astynda alnyp barylýar. «Maslahatçylaryň köp ýerinde» Patyşalyk baradaky wagyz işi has-da ilerleýär! (Süleýmanyň tymsallary 15:22; 24:6).
11. 1992-nji ýyl nähili özgerişlik girizildi we näme üçin?
11 1992-nji ýylda girizilen özgerişligi ysraýyllylaryň we başga adamlaryň Babyl gulçulygyndan azat bolşy bilen deňese bolar. Şonda ybadathanada gulluk etmek üçin lewililer azlyk edýärdi. Şol sebäpli ysraýylly bolmadyk ybadathana gullaryny lewililere kömek etmek tabşyryldy. Şonuň üçin 1992-nji ýylda «başga goýunlaryň» käbirleri sadyk hem akylly hyzmatkäre Patyşalyk baradaky wagyz işiniň ýer ýüzünde ýaýramagyna kömek etmek üçin goşmaça gulluk wezipelerini aldylar. Olar Ýolbaşçylyk maslahatyna kömekçi edip bellendi (Ýahýa 10:16).
12. Ýehowa haýsy manyda parahatçylygy gözegçi edip belledi?
12 Bu özgerişlikler nähili netije berdi? Ýehowa şeýle diýýär: «Men parahatçylygy gözegçiň edip bellärin we dogrulygy iş beriji edip bellärin» (Işaýa 60:17). Şu günler Ýehowanyň Güwäçileriniň arasynda parahatlyk höküm sürýär we olara «iş beriji» — Hudaýa gulluk etmäge höweslendirýän güýç — dogrulyga bolan söýgi. Olar Patyşalyk barada wagyz etmek hem-de şägirt taýýarlamak işini oňat guramaçylykly ýerine ýetirýärler (Matta 24:14; 28:19, 20).
Ýehowa taglymatlaryny düşündirýär
13. Ýehowa 1920-nji ýyllarda taglymatlara düşünmäge halkyna nädip kömek etdi?
13 Gullukçylary gowy düşüner ýaly Ýehowa taglymatlaryny kem-kemden düşündirýär. Mysal üçin, Ylham 12:1—9-njy aýatlarda üç sany meňzetme agzalýar: dogurjak bolup, burgusy tutup gygyrýan «aýal», «aždarha» hem-de «ogul». Şu meňzetmeleriň manysyna düşünýäňizmi? 1925-nji ýylyň Nowruz aýynyň 1-ne çap edilen «Garawul diňi» (iňlisçe) žurnalynyň «Halkyň döremegi» makalasynda meňzetmeleriň näme aňladýandygy düşündirildi we Patyşalygyň döremegi baradaky pygamberlik has anyk düşündirildi. Şeýle hem şol makalada bir birinden tapawutlanýan iki guramanyň — Hudaýyň we Şeýtanyň guramasynyň bardygy düşündirildi. Soňra 1927-28-nji ýyllarda Hudaýyň halky Roždestwony we doglan günleri bellemek Mukaddes Ýazgylara garşy gelýändigini bilip, bellemegini bes etdiler.
14. 1930-njy ýyllarda haýsy wajyp taglymatlar düşnükli boldy?
14 1930-njy ýyllarda başga üç sany wajyp taglymata düşündiler. Köp ýyldan bäri, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Ylham 7:9—17-nji aýatlardaky «uly märekäniň» Isa Mesih bilen patyşalar we ruhanylar hökmünde höküm sürjek 144 000 adamlardan tapawutlanýandygyny bilýärdiler (Ylham 5:9, 10; 14:1—5). Emma «uly märekäniň» kimdigi doly düşüniksizdi. Ýagtylykda zadyň görnüşini we reňkini saýgaryp bolşy ýaly, 1935-nji ýylda «uly märekäniň» agyr muşakgatdan diri geçip, ýer ýüzünde ebedi ýaşajakdygy düşnükli boldy. Soňra şol ýylda käbir ýurtlarda ýaşaýan Ýehowanyň Güwäçileriniň çagalaryna degişli ýene bir zat düşnükli boldy. Watana söýginiň giňden ýaýran döwründe-de, Ýehowanyň Güwäçileri baýdaga hormat goýmagyň ýöne bir göz üçin däldigini düşündiler. Ýene-de bir ýyldan Isa Mesihiň haçda däl-de, pürsde ölendigi baradaky hakykata düşündiler (Resullaryň işleri 10:39).
15. Ganyň mukaddesligi baradaky mesele haçan we nädip ýüze çykdy?
15 Ikinji Jahan urşunda ýaralanan esgerleri bejermek üçin gan goýbermek giňden ýaýrandygy üçin ganyň mukaddesligi baradaky mesele ýüze çykdy. 1945-nji ýylyň Gorkut aýynyň 1-ne çykan «Garawul diňi» (iňlisçe) žurnaly «täze dünýäde ýaşamak isleýän ähli Ýehowanyň Güwäçileri gany mukaddes saýmak barada we bu wajyp meselede Hudaýyň adalatly tabşyrygyna eýermek barada» aýdyldy.
16. «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesi» haçan çykdy we onuň iki sany aýratynlygy haýsylar?
16 1946-njy ýylda Mukaddes Ýazgylary öwrenýän ylymda ýetilen üstünlikleriň esasynda hem-de buthanalaryň taglymatyna esaslanmaýan Mukaddes Ýazgylaryň täze terjimesiniň gerekdigine göz ýetirdiler. Şeýle terjimä 1947-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda başladylar. 1950-nji ýylda iňlis dilinde Injiliň täze dünýä terjimesi çykdy. 1953-nji ýyldan başlap, Töwradyň, Zeburyň hem-de Pygamberler ýazgylarynyň bäş tomy kem-kemden çap edilip başlandy. Soňky tomy 1960-njy ýylda çap edildi. Terjime işi 12 ýyldan gowraga çekdi. 1961-nji ýylda «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesiniň» (iňlisçe) doly bir tomy çykdy. Bu terjime köp dillerde bar hem-de onuň wajyp aýratynlygy bar. Onda Hudaýyň Ýehowa ady dikeldildi. Mundan başga-da, bu terjime Ýazgylaryň asyl nusgasyndaky pikiriň göni berilendigi bilen tapawutlanyp, Mukaddes Ýazgylardaky hakykata düşünmäge kömek edýär.
17. 1962-nji ýylda näme düşnükli boldy?
17 1962-nji ýylda Rimliler 13:1-de aýdylan ýokary häkimiýetleriň kimdigi we mesihçileriň olara nädip tabyn bolmalydygy belli boldy. Rimliler kitabynyň 13-nji baby, şeýle-de Titus 3:1, 2-nji aýatlary we 1 Petrus 2:13, 17-nji aýatlary çuňňur öwrenilip, «ýokary häkimiýetleriň» Ýehowa Hudaýa we Isa Mesihe däl-de, hökümetlere degişlidigi belli boldy.
18. 1980-nji ýyllarda nämeler düşnükli boldy?
18 Soňky ýyllarda dogrularyň ýodasy gitdigiçe parlady. 1985-nji ýylda «ýaşaýyş üçin» aklanmagyň we Hudaýyň dosty hökmünde aklanmagyň nämedigi düşnükli boldy (Rimliler 5:18; Ýakup 2:23). 1987-nji ýylda Hristian ýubileýiniň manysy doly düşündirildi.
19. Soňky ýyllar Ýehowa halkyna ruhy nury nädip has köp berdi?
19 1995-nji ýylda «goýunlaryň» «geçilerden» saýlanmagy baradaky tymsal has-da düşnükli boldy. 1998-nji ýylda bolsa, şu günler ýerine ýetýän Ezekiýel kitabyndaky ybadathana baradaky görnüş has oňat düşündirildi. 1999-njy ýylda haçan we nädip «weýrançylyk getirýän ýigrenjiniň mukaddes ýerde durjagy» düşnükli boldy (Matta 24:15, 16; 25:32). 2002-nji ýylda Hudaýa «hakykatda we ruhda» sežde etmegiň näme aňladýandygy anyklanyldy (Ýahýa 4:24).
20. Hudaýyň halky ýene näme özgerişliklik etdi?
20 Şeýle özgerişlikler diňe bir guramaçylyk işlerinde we taglymatlarda däl-de, eýsem, mesihçileriň özüni alyp barşynda hem boldy. Mysal üçin, 1973-nji ýylda çilim çekmegiň «ten pisligi» hökmünde agyr günä hasaplanýandygyna düşündiler (2 Korintoslylar 7:1). Soňra 1983-nji ýylyň «Garawul diňi» žurnalynyň Gorkut aýynyň 15-ne çykan sanynda ýaraga bolan garaýşymyz düşündirildi. Bu Ýehowanyň şu günler nury parladandygy baradaky mysallaryň käbiri.
Parlaýan ýodadan ýöremegi dowam edýäris
21. Bize gitdigiçe parlaýan ýodadan ýöremäge näme kömek edýär?
21 Tejribeli ýaşulylaryň biri şeýle diýdi: «Özgerişlikleri kabul edip, şol boýunça ýaşamak aňsat däl». Ol 48 ýyllap Patyşalygyň wagyzçysy bolup, özgerişlikleri öz gözi bilen gördi. Olary kabul etmäge oňa näme kömek etdikä? Ol şeýle gürrüň berýär: «Esasanam, dogry garaýyşda bolmaly. Käbir anyklamalary kabul etmeseň, Ýehowanyň guramasyndan daşlaşdygyň bolýar. Özgerişlikleri kabul etmek kyn bolanda, men Petrusyň Isa aýdan: «Ýa Reb, biz Seni terk edip, kime baraly? Ebedi ýaşaýyş sözleri Sende ahyryn» diýen sözleri barada oýlanýaryn. Men özüme şeýle sorag berýärin: «Men nirä gideýin? Şu dünýäniň tümlügine gideýinmi? Şeýle soraglar barada oýlanmak maňa Hudaýyň guramasynda bolmaga kömek edýär» (Ýahýa 6:68).
22. Gitdigiçe parlaýan ýodadan ýöremegiň bize näme peýdasy bar?
22 Biz tümlük dünýäde ýaşaýarys. Ýehowa halkyna nury parlatdygyça dünýä bilen olaryň arasyndaky tapawut görünýär. Ruhy nur bize nädip kömek edýär? Ýoluň ugrundaky çukury çyranyň ýagtylygynda görüp bolýar, ýöne ony aýryp bilmeýär. Şonuň ýaly Mukaddes Ýazgylaryň nury hem bize abanýan howpy aýryp bilmeýär. Ýöne ol bize howpdan gaça durmaga we gitdigçe parlaýan ýodadan ýöremäge kömek edýär. Şonuň üçin, geliň, mundan beýläk hem Ýehowanyň «garaňky ýerde nur saçýan çyra ýaly» pygamberlik sözüne eýereliň (2 Petrus 1:19).
Ýadyňdamy?
• Ýehowa öz halkyny guramyçylyk taýdan nähili gowulandyrdy?
• Haýsy taglymatlara gitdigiçe gowy düşünildi?
• Siz haýsy özgerişlikleri gördüňiz we size olary kabul etmäge näme kömek etdi?
• Siz näme üçin gitdigiçe parlaýan ýodadan ýöremek isleýäňiz?