Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w16 Dekabr sah. 29—31
  • Ýumşaklyk akyldarlygyň miwesidir

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýumşaklyk akyldarlygyň miwesidir
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝUMŞAKLYK AKYLDARLYK RUHUDYR
  • Ýumşaklyk. Bize nähili peýdasy bar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • «Siziň araňyzda akyldar, düşünjeli kim?»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Ýumşak adam güýçlüdir
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
w16 Dekabr sah. 29—31
Agyr hassa seredýän uýamyzyň gaharly aýal bilen gepleşişi

Ýumşaklyk akyldarlygyň miwesidir

Agyr hassa seredýän Tonýa atly uýamyz gapyny kakanda, ony orta ýaşly bir aýal açýar. Ol garry ejesine seretmäge gelen Tonýa gijä galandygy üçin gygyryp, käýäp başlaýar. Tonýa gijä galmandy, ýöne ol şonda-da dörän düşünişmezlik üçin ýumşaklyk bilen ötünç soraýar.

OL INDIKI sapar gelende, ýaňky aýal ýene-de oňa sögýär. Tonýa näme edýär? Ol şeýle gürrüň berýär: «Bu maňa gaty agyr degdi, sebäbi gijä galmasam-da, ol ýüzümi aldy». Tonya ýene-de ötünç soraýar we onuň ýagdaýyna düşünip, duýgudaşlyk bildirýär.

Eger Tonýa derek siz bolsaňyz näme ederdiňiz? Sizem özüňizi ýumşak alyp bararmydyňyz? Özüňize erk etmek size kyn bolarmydy? Elbetde, şeýle ýagdaýda özüňi ýumşak alyp barmak aňsat bolmasa gerek. Dogrudan-da, kyn ýagdaýa düşenimizde ýa-da kimdir biri öjükdirende, özümizi ýumşak alyp barmak aňsat däl.

Mukaddes Ýazgylarda mesihçilere ýumşak bolmak maslahat berilýär. Onda şeýle adamlaryň paýhasly bolýandygy aýdylýar. Bu babatda Ýakup şägirt şeýle diýdi: «Siziň araňyzda akyldar we düşünjeli adam barmy? Goý, ol bu häsiýetlerini ýumşaklyk bilen, ýagny özüniň ýagşy edim-gylymy we edýän işleri bilen görkezsin. Sebäbi ýumşaklyk akyldarlygyň miwesidir» (Ýak. 3:13). Ýumşaklyk haýsy manyda akyldarlygyň miwesi? Hudaýa ýaramly ýumşaklygy ösdürmäge bize näme kömek eder?

ÝUMŞAKLYK AKYLDARLYK RUHUDYR

Ýumşaklyk parahatlyk döredýär. «Ýumşak jogap gahary ýatyrýandyr; gaty söz bolsa gazaby oýarýandyr» (Sül. tym. 15:1).

Edil oduň üstüne nebit döken ýaly, gahar-gazap hem ýagdaýy öňküdenem beterleşdirýär (Sül. tym. 26:21). Ýumşak jogap bolsa parahatlygy döredýär, hatda gahary gelip duran adamy-da ýumşadyp bilýär.

Tonýa muňa özi göz ýetirdi. Ol duýgudaşlyk bildirende, ýaňky aýal aglap başlaýar. Ol özüniň we maşgalasynyň aladalary bilen başagaýdygyny düşündirýär. Tonýa özüni ýumşak alyp barandygy üçin, aýal onuň wagzyny diňläp, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar.

Ýumşaklyk bizi bagtly edýär. «Pesgöwünli adamlar bagtlydyr, sebäbi olar ýer ýüzüni miras alarlar» (Mat. 5:5).

Ýumşak adamlar näme üçin bagtly? Gaharjaň adamlaryň köpüsi ýumşaklyk häsiýetini ösdürip, häzir özüni bagtly duýýarlar. Olaryň durmuşy gowulaşyp, ajaýyp gelejege umyt edýärler (Kol. 3:12). Ispaniýada ýaşaýan Adolfo atly etrap gözegçisi hakykaty bilmänkä gaharjaň bolandygyny ýatlaýar.

Ol şeýle gürrüň berýär: «Meniň durmuşym manysyzdy. Men gaty gaharjaň adamdym, hatda käbir dostlarym-da ganygyzmalygymy bilip, menden gorkýardylar. Ahyry, men belanyň üstünden bardym. Bir gezek urşanymda, alty ýerimden pyjaklanyp, ölümiň bäri ýanyndan gaýtdym».

Häzir Adolfo sözde we iş ýüzünde başgalara ýumşak bolmagy öwredýär. Onuň ýumşak we başga-da gowy häsiýetleri köpleri özüne çekýär. Adolfo durmuşyny üýtgedendigine diýseň begenýär. Ol Ýehowa ýumşaklyk häsiýetini ösdürmäge kömek edendigi üçin örän minnetdar.

Ýumşak adamlar Ýehowany begendirýär. «Oglum, men özüme gyjalat berýäne bir söz gaýtarar ýaly, akyldar bol-da, ýüregimi şatlandyr» (Sül. tym. 27:11).

Ýehowanyň ganym duşmany Iblis onuň üstünden gülýär. Elbetde, Hudaý onuň ýaňsylaýjy sözleri üçin gaharlanyp bilerdi. Emma Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň «giň göwünlidigi» aýdylýar (Müs. çyk. 34:6). Eger biz Hudaý ýaly giň göwünli bolmaga jan etsek we özümizi ýumşak alyp barsak, akyldar bolup, Ýehowanyň göwnünden turarys (Efes. 5:1).

Häzirki döwürde gaharjaň adam gaty köp. Biz her gün diýen ýaly «öwünjeň, tekepbir, Hudaýa dil ýetirýän... eglişik etmeýän... özüne erk etmeýän, zalym» adamlara duş gelýäris (2 Tim. 3:2, 3). Muňa garamazdan, mesihçi ýumşaklyk häsiýetini ösdürer ýaly hiç zada päsgel berdirmeli däl. Hudaýyň Sözünde «gökden inýän akyldarlygyň... parahat, paýhaslydygy» barada aýdylýar (Ýak. 3:17). Biz özümizi parahat we paýhasly alyp barsak, gökden inýän akyldarlyga eýerýändigimizi görkezýäris. Şeýle akyldarlyk kimdir biri öjükdirende ýumşaklyk bilen jogap bermäge we akyldarlygyň Gözbaşy bolan Ýehowa ýakynlaşmaga kömek eder.

Ýumşaklyk häsiýetini nädip ösdürmeli?

Eger biri siziň bilen özüni gödek ýa-da adalatsyz alyp barsa, nädip özüňize erk edip, Ýehowany begendirip bilersiňiz? Geliň, käbir wajyp prinsiplere seredeliň.

  1. 1 «DÜNÝÄNIŇ RUHUNDAN» GAÇA DURUŇ. 1 Kor. 2:12. Köpler ýumşak adamlary gowşak, özdiýenli we gaharjaň adamlary bolsa güýçli hasaplaýarlar. Şeýle garaýyş dünýäniň ruhuny görkezýär; oňa gökden inen akyldarlyk diýip bolmaz. Emma Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, özüňi ýumşak alyp barmak üçin uly güýç gerek. «Hökümdar sabyr bilen yrylýandyr, ýumşak dil süňki döwýändir» (Sül. tym. 25:15).

    Oýlanmak üçin soraglar:

    Men ýumşaklygy batyrgaýlyk hasaplaýarynmy ýa-da gowşaklyk?

    Men gaharjaňlyk we ganygyzmalyk ýaly «ten işlerinden» gaça durmaga jan edýärinmi? (Gal. 5:19, 20).

  2. 2 OÝLANMAK ÜÇIN WAGT TAPYŇ. «Dogrynyň ýüregi jogap berende köp oýlanýandyr; erbetleriň agzy bolsa ýaman sözler sowurýandyr» (Sül. tym. 15:28). Eger biz gaharymyza ýol berip, erbet sözleri aýtsak, soň ökünmegimiz mümkin. Emma öňünden oýlansak, pikirimizi jemläp, ýumşak we ruhlandyryjy sözleri aýdyp bileris.

    Oýlanmak üçin soraglar:

    Ganygyzmalyk maňa nähili täsir edip biler?

    Maňa adalatsyzlyk edenlerinde parahatlygy saklap bilerinmi? (Sül. tym. 19:11).

  3. 3 DYNGYSYZ DOGA EDIŇ. Älem-jahanda iň uly güýç bolan mukaddes ruhy diläň (Luka 11:13). Ýumşaklygyň we özüňe erk etmekligiň Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesidigini unutmaň. Adolfo dogan şeýle ýatlaýar: «Kyn ýagdaýda Ýehowa dyngysyz doga edenimde, maňa gerekli kömegi berýärdi. Eger biz „erjellik bilen doga etsek“, Ýehowa mukaddes ruh babatda eden gyzgyn dogalarymyza jogap berer» (Rim. 12:12).

    Oýlanmak üçin soraglar:

    Ýehowa ýüregimi we niýetimi barlar ýaly, oňa hemişe doga edýärinmi?

    Özümi Ýehowa ýaramly alyp barmak üçin, ondan mukaddes ruhy we akyldarlyk dileýärinmi? (Zeb. 139:23, 24; Ýak. 1:5).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş