Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • kl bap 9 sah. 80—89
  • Ölen ýakynlarymyza näme bolýar?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ölen ýakynlarymyza näme bolýar?
  • Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ADAMLARDAKY «RUH» NÄME?
  • «TOPRAGA ÖWRÜLERSIŇ»
  • «UKLAP ÝATYR»
  • «GABYRDAKYLARYŇ HEMMESI»
  • DIRELENLER NIREDE ÝAŞARLAR?
  • Ölen dogan-garyndaşlarymyz üçin hakyky umyt
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Söýgüli ölenlerimiz üçin näme umyt bar?
    Söýgüli ölenlerimiz üçin näme umyt bar?
  • Direlişe umyt güýç berýär
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Direliş näme?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
kl bap 9 sah. 80—89

9-njy bap

Ölen ýakynlarymyza näme bolýar?

1. Ýakynlaryňdan biri ölende, adamlar näme duýýarlar?

«ÝAKYNYŇ ölende, ýürek çydamajak bolýar; onuň ýogalandygyny akyla sygdyryp bolanok» Bu sözleri, başda atasy, soňra enesi aradan çykan bir adam aýtdy. Onuň çeken agyrysy we ýitgisi şeýle agyrdy welin, özüne ýer tapanokdy. Mümkin, senem şeýle duýgulary başdan geçirensiň. Belki, özüňden: «Ölen ýakynlarym indi nirede, olary haçanda bir wagt ýene görermikäm» diýip soransyň?

2. Ölüm bilen bagly nähili kyn soraglar döreýär?

2 Käbir ýerlerde çagasynyň ýasyny tutýan ene-atalara: «Hudaý göge, öz ýanyna iň gowy adamlary alýar» diýýärler. Bu hakykatdanam şeýlemikä? Ýakynlarymyz ruhy dünýä ugraýarlarmyka? Ýogsa-da, nirwana diýilýän, hiç hili agyrysyz we höwessiz, bagtly ýagdaý, şol ýerde bolaýmasyn? Söýgüli adamlarymyz behiştdäki baky ýaşaýşyň gapysyndan girdilermikä? Ýa-da başgalaryň aýdyşy ýaly, ölüm, Hudaýy ynjadýanlar üçin tükenmez jebirlere geçelgemikä? Ölüler bize täsir edip bilýärlermikä? Bu soraglara dogry jogaplar almak üçin, Hudaýyň Sözi bolan Mukaddes Ýazgylara ýüz tutmaly.

ADAMLARDAKY «RUH» NÄME?

3. Sokrat hem-de Platon ölüler hakda nähili pikirdediler we şeýle garaýyşlar bu gün adamlara nähili täsir edýär?

3 Gadymy grek filosoflary Sokrat hem-de Platon erkekleriň we aýallaryň içinde baky bir zadyň, ýagny ten ölende-de, özi hiç haçan ölmeýän bir zadyň bardygyna ynanýardylar. Şu günler bütin dünýäde millionlarça adam ölmez ruha ynanýar. Şeýle garaýyşlar köplenç ölülerden gorky döredýär we olary razy etmek barada aladalandyrýar. Emma, ölüler hakynda Mukaddas Ýazgylaryň öwredýänleri düýbünden başgadyr.

4. a) Barlyk kitabynda Adam-atanyň ýaradylyşy barada näme aýdylýar? b) Adam-atany diri etmek üçin Hudaý oňa näme üfledi?

4 Ölüleriň nähili ýagdaýdadygyna düşünmek üçin, biz Adam-atanyň nähili ýaradylandygyna seretmeli. Hudaý ilkinji ynsany, ýeriň esasy maddalaryndan örän täsin ýasady, soňra oňa «ýaşaýyş demini» üfledi. Barlyk 2:7-de şeýle diýilýär: «Reb Hudaý ýeriň topragyndan adamy ýasady; we onuň burnuna ýaşaýyş demini üfledi; we adam diri jan boldy». Adam-ata dem almak arkaly ýaşaýardy. Emma Hudaýyň Adam-ata beren ýaşaýyş demi, öýkenindäki howa aýlanyşdan has köp zady aňladýar. Mukaddes Ýazgylar ýer ýüzünde ýaşaýan janly-jandarlardaky «ýaşaýyş ruhy» ýa-da «ýaşaýyş güýji» (TD) barada aýdýar (Barlyk 7:22).

5, 6. a) «Ýaşaýyş güýji» näme? b) Zebur 146:4-de aýdylşy ýaly, «ruh» tenden çykanda näme bolýar?

5 Eýsem «ýaşaýyş güýji» näme? Bu, Hudaýyň Adam-atanyň ýaşaýyşsyz teninde goýan ýaşaýyş uçgunydyr. Bu güýç dem almak arkaly saklanýardy. Onda, Zebur 146:4-däki «ruh» sözi nämä degişlikä? Bu aýatda şeýle diýilýär: «Onuň ruhy çykyp, topraga öwrülip, niýetleri şol günüň özünde puja çykar». Mukaddes Ýazgylaryň ýazyjylary «ruh» sözüni ulananda, ölümden soň ýaşaýan, görünmeýän bir zady göz öňünde tutmandylar.

6 Adam ölende çykýan «ruh» — bu, Ýaradyjymyzyň beren ýaşaýyş güýjüdir (Zebur 36:9; Resullaryň Işleri 17:28). Edil elektrik togunda, onuň işledýän enjamlarynyň häsiýetleri bolmaýşy ýaly, ýaşaýyş güýjünde-de, onuň dirilik berýän adamynyň şahsy häsiýetleri ýok. Adam ölende, ruh (ýaşaýyş güýji) bedendäki öýjüklere dirilik bermegini bes edýär. Bu ýagdaý elektrik togy kesilip yşygyň sönüşine meňzeýär. Ýaşaýyş güýji ynsan bedenine kuwwat bermegini kesende, adam ölýär (Zebur 104:29; Wagyzçy 12:1, 7).

«TOPRAGA ÖWRÜLERSIŇ»

7. Hudaýa gulak asmadyk ýagdaýynda, Adam-ata näme bolmalydy?

7 Günä eden Adam-ata ölümiň nämedigini Hudaý anyk düşündirdi. Ýehowa oňa: «Topraga öwrülýänçäň, maňlaý deriň bilen çörek iýersiň; çünki ondan alyndyň; çünki topraksyň, we topraga öwrülersiň» diýdi (Barlyk 3:19). Adam-ata nämä öwrülmelidi? Ýaradylanda ulanylan topraga. Adam-ata ölende, ol bary-ýogy ýaşamagyny bes ederdi!

8. Haýsy manyda adamlaryň haýwanlardan artykmaçlygy ýok?

8 Şu tarapdan garaňda, ynsanyň ölümi haýwanlaryňkydan tapawutlanmaýar. Haýwanlaryň ýaşaýşy hem şol bir ruh, ýa-da ýaşaýyş güýji arkaly saklanýar (Barlyk 1:24). Wagyzçy 3:19, 20-de, (TD) dana Süleýman şeýle diýýär: «Olaryň ölşi ýaly, bular hem ölýärler: hemmesinde-de şol bir ruh; we [ölüm babatda] adamyň haýwandan artykmaçlygy ýokdur... Hemmesi toprakdandyr we topraga-da öwrülýändir». Ynsanyň haýwanlardan artykmaçlygy — onuň Hudaýa meňzeşlikde ýaradylyp, Ýehowanyň häsiýetlerini görkezýänligindedir (Barlyk 1:26, 27). Emma adamlar hem, haýwanlar hem, ölüp, topraga öwrülýärler.

9. Ölüler nähili ýagdaýda we nirä gidýärler?

9 Süleýman ölüm hakda ýene şeýle sözler aýtdy: «Diriler öljeklerini bilýärler, ölüler bolsa hiç zat bilmeýär». Hawa, ölüler hiç zat bilmeýärler. Şol sebäpli, Süleýman şeýle maslahat berdi: «Eliňden gelýän işi, güýjüň ýetdigiçe ediber; çünki seniň barjak ölüler diýarynda [ewr. şeol] ne iş bar, ne-de düşünje, ne bilim bar, ne-de akyldarlyk» (Wagyzçy 9:5, 10, TD). Ölüler nirä gidýärlerkä? Şeola — adamzadyň umumy gabryna. Ölen ýakynlarymyz hiç zat bilmeýärler. Olar horluk çekenok, bize hiç hili täsir edip bilenok.

10. Ölüm ömrümiziň soňy däldir diýip, näme üçin aýdyp bileris?

10 Eýsem, ýakynlarymyz we biz birnäçe wagt ýaşansoň müdimilik ýok bolup gitmelimikä? Mukaddes Ýazgylara görä, beýle däl. Adam-ata günä edenden soň, Ýehowa Hudaý ynsan günäsiniň netijesini aradan aýyrmak üçin bada-bat çäre gördi. Hudaý adamlaryň ölümini asla islemeýärdi (Ezekiýel 33:11; 2 Petrus 3:9). Şonuň üçin, ölüm, entek ömrümiziň soňy däldir.

«UKLAP ÝATYR»

11. Dosty Lazaryň ýagdaýyny Isa nähili suratlandyrdy?

11 Ýehowa ýakynlarymyzy we bizi Adam-atanyň ölüminden dyndarmakçy. Şonuň üçin, Hudaýyň Sözünde, ölen adamlar hakda uklap ýatanlar kimin gürrüň edilýär. Meselem, Isa Mesih, dosty Lazaryň ölendigini bilip, şägirtlerine: «Dostumyz Lazar uklap ýatyr, diňe şony oýarmak üçin barýaryn» diýdi. Şägirtleri onuň sözüne birbada düşünmänsoňlar, Isa açygyny aýtdy: «Lazar ölüpdir» (Ýahýa 11:11, 14). Soňra Isa Beýtaniýa şäherçesine ugrady, bu ýerde Lazaryň uýalary, Marta bilen Merýem, doganynyň ýasyny tutýardylar. Isa: «Doganyň direler» diýende, Marta, Hudaýyň ölüleri direldip, ölümiň ýetiren zyýanyny aradan aýyrjagyna ynanýandygyny görkezdi. Ol: «Men ahyret güni boljak kyýamatda onuň direljegini bilýärin» diýdi (Ýahýa 11:23, 24).

12. Martanyň, ölülere degişli, nähili umydy bardy?

12 Marta, näme üçindir, ölümden soň ýaşaýan ruh hakda hiç bir zat aýtmady. Ol Lazaryň öz ýaşaýşyny ruhy dünýäde dowam edýändigine ynanmaýardy. Marta direlişe umyt baglaýardy. Onuň bilşi ýaly, Lazaryň teninden ölmez ruh bölünip aýrylanok-da, onuň ölen dogany ýaşamagyny bes etdi. Kömek etjek ýekeje zat — direliş.

13. Isanyň, Hudaýdan berlen nähili güýji bar we ol ony nädip ulandy?

13 Ýehowa Hudaý adamzady halas etmek ygtyýaryny Isa Mesihe berdi (Hoşea 13:14). Şonuň üçin, Martanyň sözlerine Isa şeýle jogap berdi: «Direliş-de, ýaşaýyş-da Mendirin, Maňa iman eden ölse-de, ýaşar» (Ýahýa 11:25). Isa, eýýäm dört gündür öli ýatan Lazaryň mazaryna gelip, ony ýaşaýşa dolandyrmak bilen Hudaýyň oňa beren güýjüni görkezdi (Ýahýa 11:38—44). Isa Mesihiň eden bu we başga direldişlerini öz gözi bilen görenleriň begenjini, bir göz öňüne getir! (Markus 5:35—42; Luka 7:12—16).

14. Direliş we ölmez ruh hakdaky düşünje näme üçin bir-birine garşy gelýär?

14 Aýak çekde, bir salym oýlanyp gör: eger ölümden soň adamlaryň ruhy ýaşamagyny dowam edýän bolsa, onda, asla hiç kimi direltmek gerek bolmazdy. Onsoňam, Lazar ýaly adamlar gökdäki ajaýyp sylagy eýýäm alan bolsa, onda, olary bikämil ynsan durmuşyna direltmegiň özi-de adalatsyzlyk bolardy ahyryn. Hawa, Mukaddes Ýazgylar «ölmez ruh» diýen sözi birje gezek hem ulanmaýar. Mukaddes Ýazgylar adam ölenden soň, ondan bir zat bölünip çykyp, nirededir bir ýerde ýaşaýar diýmeýär. Diýmek, Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, bizi ölümden gutarjak zat —diňe direliş.

«GABYRDAKYLARYŇ HEMMESI»

15. a) «Direliş» sözüniň manysy näme? b) Näme üçin Ýehowa Hudaýa adamlary direltmek asla kyn däl?

15 Isanyň şägirtleriniň ulanan sözi, «direliş» diýip terjime edilip, asyl manysynda «turmagy» ýa-da «galmagy» aňladýar. Direlmek — bu, diriligi bolmadyk ölüm ýagdaýyndan turmak ýa-da adamzadyň umumy gabryndan galmakdyr. Adamy direltmek Ýehowa Hudaýa asla kyn däl. Näme üçin? Sebäbi Ýehowa ýaşaýşyň gözbaşy. Adamlar bu gün özgeleriň sesini we suratyny wideokasseta ýazyp, bu ýazgylary olaryň ölüminden soň görkezmegi başarýarlar. Bar Zady Başarýan Ýaradyjymyz hem her bir adamyň şahsy häsiýetlerini doly ýadynda saklap, oňa öňküsi ýaly täze ten berip, direltmegi başarýar.

16. a) Isa gabyrdakylaryň hemmesi hakda näme wada etdi? b) Adamyň direlişiniň nähili netijeli boljagyny näme kesgitlär?

16 Isa Mesih: «Gabyrdakylaryň hemmesiniň Onuň sesini eşitjek wagtlary gelýär. Ýagşylyk edenler ýaşamak üçin direler we şer iş edenler höküm üçin direler» diýdi (Ýahýa 5:28, 29). Ýehowanyň ýadyndaky ölüleriň hemmesi direler we Onuň ýollary barada bilim alar. Hudaý baradaky bilime laýyk hereket edýänler üçin, bu direlişiň netijesi — ýaşaýyş bolar. Hudaýyň täliminden we ýolbaşçylygyndan ýüz öwürenler üçin bolsa, bu direlişiň netijesi — höküm bolar.

17. Kimler direldiler?

17 Dogry ýaşamaga çalyşyp Ýehowa gulluk eden adamlaryň direldiljegi ikuçsuzdyr. Direliş umydy ýowuz yzarlamalarda, hatda ölüm bilen ýüzbe-ýüz durmaga-da köplere güýç berdi. Hudaýyň ýaşaýşa dolandyryp biljegini olar bilýärdiler (Matta 10:28). Emma millionlarça ynsan Hudaýyň adalatly kadalaryna öz garaýşyny bildirmän dünýäden ötdi. Olar-da direldiljekdir. Munuň şeýle boljagyna doly göz ýetiren resul Pawlus: «Hem dogrularyň, hem egrileriň ölümden direlmegini Hudaýdan umyt edýärin» diýdi (Resullaryň Işleri 24:15).

18. a) Resul Ýahýa direliş hakda nähili görnüş aldy? b) «Ot kölünde» ýok ediljek zat näme, bu «köl» nämäni alamatlandyrýar?

18 Resul Ýahýa, Hudaýyň tagtynyň öňünde duran direlen adamlar barada täsin görnüş görüpdi. Onsoň Ýahýa şeýle ýazdy: «Deňiz özündäki ölüleri, ölüm we ölüler diýary-da [grek. gades] özlerindäki ölüleri tabşyrdylar. Her birine etmişine görä höküm çykaryldy. Ölüm we ölüler diýary ot kölüne zyňyldy. Ine, ot köli ikinji ölümdir» (Ylham 20:12—14). Göz öňüne getirip gör! Hudaýyň ýadyndaky hemme ölüler üçin gades ýa-da şeol diýilýän, adamzadyň umumy gabryndan azat bolmak umydy bar (Zebur 16:10; Resullaryň Işleri 2:31). Hudaýa gulluk etmekçidigini, ýa-da ýokdugyny iş ýüzünde görkezmäge olaryň her birinde mümkinçilik bolar. Soňra «ölüm we ölüler diýary», «ot kölüne» zyňylar, bu-da «jähennem» ýaly bütünleý ýok edilmegiň nyşanydyr (Luka 12:5, TD). Direliş tamamlananda, adamzadyň umumy gabry boşar we gaýdyp hiç haçan bolmaz. Mukaddes Ýazgylardan Hudaýyň hiç kimi gynamaýandygyny bilmek, gör, nähili köşeşdirýär! (Ýeremiýa 7:30, 31).

DIRELENLER NIREDE ÝAŞARLAR?

19. Näme üçin käbir adamlar gökde direldiler we Hudaý olara nähili ten berer?

19 Belli bir erkekler we aýallar gökde ýaşamak üçin direler. Olar Isa bilen bilelikde patyşalar we ruhanylar bolup, ilkinji ynsan, Adam-atadan adamzada miras galan ölümiň netijesini aradan aýyrmaga gatnaşarlar (Rimliler 5:12; Ylham 5:9, 10). Hudaý, Mesih bilen hökümdarlyk etsin diýip göge näçe adam alarka? Mukaddes Ýazgylara görä, diňe 144 000 (Ylham 7:4; 14:1). Gökde ýaşap biler ýaly, Hudaý olaryň her birine ruhy ten berer (1 Korintoslylar 15:35, 38, 42—45; 1 Petrus 3:18).

20. Gulak asýan adamzada we direldiljeklere näme garaşýar?

20 Ölenleriň köpüsi jennet ýer ýüzünde direler (Zebur 37:11, 29; Matta 6:10). Käbirleriniň gökdäki ýaşaýşa direldilmeginiň bir sebäbi — Hudaýyň ýere degişli niýetini amala aşyrmakdyr. Isa Mesih we onuň bilen birlikde höküm sürjek 144 000 egindeşi, gulak asyjy adamzady, kem-kemden, ilkinji ata-enemiziň ýitiren kämilligine getirerler. Bu, direljeklere-de degişli, çünki Isa, ýanyndaky pürse çüýlengi ölýän adama: «Meniň bilen bile behiştde bolarsyň» diýipdi (Luka 23:42, 43).

21. Işaýa pygamberiň we resul Ýahýanyň aýtmagyna görä ölüme näme bolar?

21 Bu gün şeýle agyr degýän ölüm, jennet ýer ýüzünde aradan aýryljakdyr (Rimliler 8:19—21). Işaýa pygamberiň aýdyşy ýaly, Ýehowa Hudaý aladasyny eder we «ölüm ebedilik ýuwdular» (Işaýa 25:8). Resul Ýahýa gulak asýan adamzadyň agyrydan we ölümden gutuljak wagty barada görnüş alypdy. Hawa, «Hudaýyň Özi-de olaryň arasynda bolar. Ol olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy» (Ylham 21:1—4).

22. Direliş hakdaky bilim saňa nähili täsir edýär?

22 Mukaddes Ýazgylaryň aýdyň taglymatlary ölüler hakda her hili toslamalary ýalana çykarýar. Ýogaldyljak «soňky duşman» — ölümdir diýip, Mukaddes Ýazgylar açyk belleýär (1 Korintoslylar 15:26). Direliş umydyndan biz, gör, nähili güýç we teselli tapyp bileris! Hudaýyň, Ony söýýänler üçin taýýarlan ähli zatlaryndan lezzet alar ýaly, Hudaýyň ýadyndaky ölen ýakynlarymyzyň gelejekde ölüm ukusyndan oýanmagy bizi nähili begendirýär! (Zebur 145:16). Bu bereketleri Hudaýyň Patyşalygy getirer. Ýöne bu Patyşalyk haçan höküm sürüp başlamaly? Gel göreli.

BILIMIŇI BARLAP GÖR

Adamyň ruhy näme?

Ölenleriň ýagdaýyny nädip düşündirerdiň?

Kimler direler?

[85-nji sahypadaky surat]

Isanyň Lazary direldişi ýaly, gelejekde millionlarça adam direldiler.

[86-njy sahypadaky surat]

«Ölüm ebedilik ýuwdulanda» şatlygyň soňy bolmaz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş