Ýehowanyň sözi diri
Wagyzçy kitabyndan peýdaly pikirler
EÝÝUP: «Aýaldan doglan adamyň ömri gysga we gaýgy-aladadan doly» diýip zeýrenýärdi (Eýýup 14:1). Şol sebäpli-de, gysga ömrümizi biderek işlere sowmalyň! Onda wagtymyzy, güýjümizi we serişdelerimizi nämä sarp etmeli? Nähili işlerden gaça durmaly? Şu meselede Mukaddes Ýazgylaryň Wagyzçy kitabyndaky paýhasly sözlerde peýdaly maslahat bar. Şol sözler «ýüregiň düşünjeleridir niýetlerine höküm edip» durmuşyň manysyna düşünmäge kömek edýär (Ýewreýler 4:12).
Gadymy Ysraýylda akyldarlygy bilen belli bolan Süleýman patyşa, Wagyzçy kitabynda durmuşda gymmatly zatlary manysyz zatlardan tapawutlandyrmak üçin maslahat berýär. Şeýle-de bu kitapda Süleýman patyşa guran käbir binalary barada gürrüň berýär. Diýmek, ol Wagyzçy kitabyny gurluşyklary gurup bolandan soň, ýöne hakyky seždeden daşlaşmanka ýazan bolmaly (Nehemýa 13:26). Şeýlelikde, bu kitap b. e. öň 1 000-nji ýylyna çenli, ýagny Süleýman kyrk ýyllyk patyşalyk döwrüniň soňky ýyllarynda ýazypdyr.
NÄME PUÇ DÄL?
«Ähli zat puç! — diýip, soňra Wagyzçy şeýle soraýar — Günüň aşagynda çekýän agyr zähmetinden adama näme peýda bar?» (Wagyzçy 1:2, 3). «Puçluk» we «Günüň aşagynda» diýen jümleler Wagyzçy kitabynda telim sapar duş gelýär. «Puçluk» diýip terjime edilýän ýewreý sözüniň sözme-söz manysy «dem» ýa-da «bug» diýmekdir, ýagny ähmiýetsiz, hemişelik däl ýa-da gadry gaçan zady beýan etmek üçin ulanylýar. «Günüň aşagynda» diýen jümle bolsa, «ýer ýüzünde» ýa-da «şu dünýede» diýmegi aňladýar. Diýmek, adamlaryň Hudaýyň islegine garşy gelýän ähli işleri puçlukdyr.
Süleýman patyşa: «Hak Hudaýyň öýüne baranyňda aýagyňa ünsli bolup, diňlemäge taýyn bol» diýýär (Wagyzçy 5:1). Ýehowa Hudaýa dogry sežde etmek puçluk däl, sebäbi durmuşyň manysy Hudaý bilen dostlaşmakdyr.
Sowallaryň jogaby:
1:4—10 — Tebigatda adaty bolýan hadysalar haýsy manyda «ýadadýar»? Wagyzçy ýer ýüzündäki ýaşaýyş üçin gerekli üç sany esasy hadysany agzap geçýär. Olar: Gün, ýel hem-de suwuň aýlanyşy. Aslynda, tebigy hadysalar sanardan köp we örän çylşyrymly. Olary öwrenip, doly düşünmek üçin bir adamyň ömri ýetmez. Hut şu manyda olar «ýadadýar». Şeýle-de, gysga ömrüňi şol üznüksiz gaýtalanýan hadyslar bilen deňeşdirseň, ruhdan düşersiň. Hatda täze açyşlary etmeklik hem «ýadadýar». Sebäbi täze açyşlar, aslynda, hak Hudaýyň tebigatda ýola goýan we ulanýan kanunlary boýunça işleýändir.
2: 1, 2 — Gülkä näme üçin «akylsyzlyk» diýilýär? Gülki bize gaýgy-gamy wagtlaýynça unutmaga kömek edýär, şadyhorramlyk bolsa, kynçylyklara ýüzleý garamaga ýardam edýär. Ýöne welin, gülki kynçylyklary çözüp bilmez. Diýmek, gülki hem-de şadyhorramlyk bilen bagtly boljak bolýanlar «akylsyzlyk» edýärler.
3:11 — Hudaý nämeleri «öz wagtynda gözel» etdi? Ýehowa Hudaý käbir zatlary öz wagtynda «gözel», ýagny ýaraşykly hem ýerlikli etdi. Meselem: Adam ata bilen How enäniň ýaradylmagy, älemgoşar ähti, Ybraýym we Dawut bilen baglaşan ähti, Mesihiň gelmegi hem-de Isa Mesihiň Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy hökmünde tagta çykmagy. Şeýle-de Ýehowanyň ýakyn gelejekde «gözel» etjek ýene-de bir zady bar. Biz adalatly täze dünýäniň gerek wagtynda boljakdygyna berk ynanyp bileris (2 Petrus 3:13).
3:15b — Hak Hudaý nädip «yzarlanýan zady gözleýär»? «Yzarlanýan zat» Hudaýyň etjek bolýan işlerini aňladýan bolmagy mümkin. Käwagtlar adamlar ynsanyň dogluşyny we ölümini, parahat döwrüň uruş döwri bilen çalyşýandygyny görüp, özüni alaçsyz duýýarlar hem-de taryhy wakalar gaýtalanýandyr öýdýärler. Emma hak Hudaý islän ähli zadyny «gözläp» hem amala aşyryp bilýär (Wagyzçy 3:1—10, 15a). «Yzarlanýan zat» dogry adamlara degişli bolmagy mümkin, sebäbi olary köplenç erbet adamlar yzarlaýarlar. Ýehowa şol dogry adamlary gözläp, olara güýç-kuwwat berýär (2 Taryhlar 16:9).
5:9 — Haýsy manyda «her kes toprakdan girdeji alýar, hatda patyşa hem ondan peýda görýär»? Ýer ýüzünde adamlaryň ählisi topragyň berýän girdejisine, ýagny şondan önýän zatlara bagly ýaşaýarlar. Hatda patyşa hem oňa bagly. Patyşa melleginden hasyl alar ýaly, onuň hyzmatkärleri zähmet baryny çekýär.
Biziň üçin sapak:
1:5. Şu günler edilýän zorluk-sütemi we adalatsyzlygy aradan aýyrmak üçin wagtyňy we güýjüňi sarp edeniň bilen hiç zat üýtgemez. Diňe Hudaýyň Patyşalygy erbetligiň soňuna çykyp biler (Daniýel 2:44).
2:4—11. Medeniýet, binagärçilik, bagbançylyk we aýdym-saz bilen gyzyklanmak hem-de baý ýaşamaklyk — «ýeli kowalamakdyr», sebäbi olar durmuşyňy ne manyly edýär, ne-de hemişelik bagta ýetirýär.
2:12—16. Akyldarlygyň akylsyzlykdan artykmaçlygy bar, sebäbi käbir kynçylyklary çözmäge kömek edýär. Ýöne ölüm meselesinde welin, ynsan akyldarlygy ejizdir. Bir adam akyldarlygy bilen at-abraý gazansa-da, ony tizden unudarlar.
2:24; 3:12, 13, 22. Çeken zähmetimiziň miwesini datmak we ondan lezzet almak nädogry däl.
2:26. Hudaýyň akyldarlygy bize şatlyk berýär. Şol akyldarlyk Ýehowanyň öňünde ýagşylyk edýän adama berilýär. Hudaý bilen gowy gatnaşygyň bolmasa, şeýle akyldarlygy gazanmak mümkin däl.
3:16, 17. Her bir mesele adalatly çözüler öýtme. Biz şu günler dünýäde bolýan adalatsyzlyk hakda alada etmegiň deregine, Ýehowanyň ähli zatlary düzetjek wagtyna garaşmaly.
4:4. Ussatlyk bilen edilen iş göwnüňi göterýär. Beýlekilerden üstün çykjak bolup, göz üçin işlesek welin, adamlarda gahar, bäsdeşlik we göripçilik dörederis. Mesihçiler Hudaýa ýagşy niýet bilen gulluk etmeli.
4:7—12. Adamlar bilen gatnaşygymyz baýlykdan has wajypdyr, şol sebäpli baýlyga kowalaşyp, adamlar bilen araňy bozmaly däl.
4:13. Adamlaryň hormatyny gazanmak üçin hemişe wezipäň ýa-da ýaşyň kömek etmeýär. Şol sebäpli jogapkärçilik berlende özüňi paýhasly alyp barmaly.
4:15, 16. «Ondan soň boljak çagany», ýagny patyşanyň mirasdüşerini «onuň öňündäki ähli halk» başda goldadylar, ýöne «soňra olar oňa begenmediler». Sebäbi meşhurlyk hem köplenç wagtlaýyn bolýar.
5:2. Biz manysyz köp sözler bilen däl-de, oýlanyşykly hem sylaşykly doga etmeli.
5:3—7. Baýlygyň küýüne düşen adam öz peýdasy hakda arzuw edegen bolýar. Baýlyk oňa dynçlyk bermän, gündiz hyýalynda, gije düýşünde bolup, süýji ukudan goýýar. Köp gepleýän adam akylsyzdyr öýdýärler, şeýle adam Hudaýa wadany howlukmaç bermegi-de mümkin. Biz «hak Hudaýdan gorksak», şu zatlaryň hiç birini etmeris.
6:1—9. Baýlyk, şan-şöhrat, uzak ömür, hatda uly maşgala hem bagtly etmese, onda olaryň näme peýdasy bar? «Janyň sergezdan bolandan», ýagny başa barmajak arzuwlar bilen özüňi aldanyňdan «gözüň bilen göreniňi», ýagny ýagdaýy bolşy ýaly kabul etseň ýagşy bolardy. Iň gowusy «iýmäge, geýmäge zadymyz bar bolsa», şolara kaýyl bolmaly hem-de peýdaly işlerden şatlyk tapyp, Ýehowa bilen dostlugy berkitmeli (1 Timoteos 6:8).
AKYLDARLARA MASLAHAT
Biz ýagşy adymyzy, ýagny abraýymyz nädip gorap bileris? Ynsan hökümdarlaryna we edilýän adalatsyzlyga nähili garamaly? Ölüler hiç zat bilmeýän bolsa, biz häzir durmuşymyzy nähili ulanmaly? Ýaşlar wagtyny we güýjüni nädip paýhasly ulanyp biler? Şu we beýleki meseleler boýunça Wagyzçy kitabynyň 7—12-nji baplarynda Wagyzçynyň berýän peýdaly maslahatlary ýazylandyr.
Sowallaryň jogaby:
7:19 — Näme üçin akyldarlyk «on häkimden» güýçlüdir diýilýär? Mukaddes Ýazgylarda onluk san göçme manyda bitewiligi aňladýar. Süleýman patyşa akyldarlygyň goragy, şäheri goraýan esgerleriň hemmesinden-de güýçlüdir diýmekçi bolýar.
10:2 — Ýüregi «sag elinde» ýa «sol elinde» diýmek näme aňladýar? Sag el köplenç biriniň mäherini gazanmagy aňladýar. Şol sebäpli-de, ýüregi sag elinde diýmeklik, ýüregiň ýagşy işleri etmäge höweslendirýändigini aňladýar. Ýüregi ýaman işleri etmäge iterýän bolsa, onda ýüregi sol elinde diýilýär.
10:15 — Akylsyzyň agyr zähmeti näme üçin ony ýadadýar? Paýhasly işlemeseň, agyr zähmet hiç hili degerli netije bermez. Şeýle adamyň çäkýän zähmeti göwnüni götermän, edýän yhlasy diňe ony ýadadýar.
11:7, 8 — «Ýagtylyk süýji, Güni görmek gözüňe ýakymly» diýen sözlere nähili düşünmeli? Ýagtylyk we Gün durmuşy şatlandyrýar. Şu ýerde Süleýman patyşa garaňky günler gelmänkä, ýagny garrylyk güýç-kuwwatyňy almanka, hezil edip ýaşamaly we «şatlanmaly» diýýär.
11:10 — «Ýaşlyga we juwanlyga» näme üçin puçluk diýilýär? Dogry ulanylmasa, olar hem puçlukdyr, sebäbi ýaşlyk güýjüň hem bug kimin ýitip gidýär.
Biziň üçin sapak:
7:6. Ýerliksiz gülki adamlary gaharlandyrýar we onuň hiç hili peýdasy ýok. Ony gazanyň aşagynda ýanýan sazagyň şatyrdysy bilen deňeşdirse bolýar. Biz hem ýerliksiz gülmekden gaça durmaly.
7:21, 22. Adamlaryň biz hakda aýdýan sözleri, bizi çenden aşa ynjalyksyzlandyrmaly däl.
8:2, 3; 10:4. Bizi gözegçi ýa ýolbaşçy tankytlasa ýa-da düzetse, şeýle ýagdaýda özüňi arkaýyn alyp barmaklyk paýhaslylykdyr. Şeýle etmek «gyssanyp, onuň ýanyndan gitmekden», ýagny howlukmaç işiňi taşlamakdan gowudyr.
8:8; 9:5—10, 12. Balygyň duýdansyz tora ýa guşuň duzaga düşüşi ýaly, biziň ömür tanapymyz hem duýdansyz üzülmegi mümkin. Onsoňam, adam ölende onuň ýaşaýyş güýjüni hiç kim saklap bilmez. Şeýle-de hiç kim ölümiň adamzada garşy alyp barýan urşundan gutulyp bilmez. Şoňa görä-de, wagtyňy ýele sowurmaly däl. Ýehowa adamlar durmuşyň gadyryny bilip, ondan lezzet almagyny isleýär. Şonuň üçin, biz durmuşymyzda Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýmaly.
8:16, 17. Hudaýyň eden we ýol beren zatlarynyň her birine düşünmek mümkin däl. Hatda gije-gündiz ýatman, şolara düşünmekçi bolsak-da, hiç zat başa barmaz. Edilen ähli ýamanlyklar barada biynjalyklansak, biz ýaşaýyşdan lezzet tapmarys.
9:16—18. Akyldarlygyň gadyry bilinmese-de, ol gymmatlydyr. Akylsyzyň gykylygyndan akyldar adamyň ýuwaşlyk bilen aýdan sözleri gowy diňlenilýär.
10:1. Biz geplänimizde we işlänimizde seresap bolmaly. Hatda hormatlanýan adam hem bir gezek hüşgärligi elden berse, meselem, gazaba münse, çakyry aşa köp içse ýa-da jynsy ahlaksyzlyk etse, abraýyndan düşer.
10:5—11. Ýokary wezipeli başarnyksyz adama gözüň gitmesin. Emelsizlik edip, ýönekeý ýumşy bitirmegi başarmasaň, onda erbetligiň üstünden eltmegi mümkin. Ýöne «akyldarlyk bilen üstünlik» gazansa bolar. Hudaýyň Patyşalygy hakda wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işinde başarnykly bolmak örän wajypdyr!
11:1, 2. Biz tüýs ýürekden jomart bolmaly. Şonda bize-de jomartlyk bilen bererler (Luka 6:38).
11:3—6. Durmuşyň üýtgäp durmagy sebäpli dogumly bolmagy bes etmeli däl.
11:9; 12:1—7. Ýaşlar Ýehowanyň öňünde hasabat bererler. Şoňa görä-de, garrylyk güýç-kuwwatyny elinden almanka, olar wagtyny we güýjüni Hudaýa gulluk etmek üçin sarp etmeli.
«Akyldarlaryň sözleri» bize ýöremeli ýoly görkezýär
Biz Wagyzçynyň tapyp ýazan «owadan sözlerine» nähili garamaly? Ynsan akyldarlygynyň «köp kitaplaryndan» tapawutlykda, «akyldarlaryň sözleri iňňe, kakylan çüý ýalydyr we olary ýalňyz çopan ýazdyrtdy» (Wagyzçy 12:10—12). «Ýalňyz çopanyň», ýagny Ýehowanyň aýdýan akyldarlyk sözleri biziň durmuşymyzy durnukly edýär.
Wagyzçy kitabynda berilýän paýhasly maslahatlary ulansak, durmuşymyz manyly hem bagtly bolar. Şeýle-de bize: «Hak Hudaýdan gorkýanlar ýagşylyga gowşar» diýip, wada berilýär. Geliň, onda «hak Hudaýdan gorkmagy we onuň tabşyryklaryny berjaý etmegi» ýüregimize berk düweliň (Wagyzçy 8:12; 12:13).