Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 15/10 sah. 23—27
  • Imanyňyzy iş ýüzünde görkeziň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Imanyňyzy iş ýüzünde görkeziň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Kiçi oturylyşyklar
  • Dostlukly oturylyşyk nähili bolmaly?
  • Nikalaşmak we durmuş toýy
  • «Toýuň guramaçysy»
  • Toý sowgatlary
  • Sowally bukja
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Hudaýy we adamlary hormatlaýan nika toýlary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Toý tutjak bolanyňyzda, iman etmeýän adamlaryň täsirine düşmäň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 15/10 sah. 23—27

Imanyňyzy iş ýüzünde görkeziň

«Iman-da amallary ýok bolsa, öz-özünden ölüdir» (ÝAKUP 2:17).

1. Näme üçin I asyrdaky mesihçiler hem imany, hem amallary wajyp hasaplaýardylar?

I ASYRDAKY mesihçiler imanyny iş ýüzünde görkezýärdi. Ýakup şägirt mesihçileriň ählisine: «Diňe... diňleýji däl-de, sözi ýerine ýetiriji boluň» diýip maslahat berdi. Soňra ol: «Bedeniň ruhsuz öli bolşy ýaly, iman hem amallar bolmasa ölüdir» diýip ýazdy (Ýakup 1:22; 2:26). Bu sözleriň aýdylanyna takmynan otuz bäş ýyl geçenden soň hem, mesihçileriň köpüsi imanyny iş ýüzünde görkezýärdiler. Emma, gynansak-da, hemmesi däldi. Isa Mesih Izmirdäki ýygnagy öwüpdi, Sardisdäki ýygnakdakylaryň köpüsine bolsa: «Men seniň edenleriňi bilýärin. Saňa diri diýýärler, ýöne sen ölüsiň» diýdi (Ylham 2:8—11; 3:1).

2. Mesihçiler imany babatda özlerine nähili soraglar bermeli?

2 Isa Sardisdäki mesihçileri hem-de onuň sözüni okajaklaryň hemmesini hakykata bolan ilkinji söýgüsini iş ýüzünde görkezip, ruhy taýdan oýa bolmaga höweslendirdi (Ylham 3:2, 3). Her birimiz özümize şeýle soraglary berip bileris: Meniň işlerim nähilikä? Men hemişe imanymy iş ýüzünde, hatda wagyz işi we ýygnak duşuşyklary bilen bagly bolmadyk zatlarda-da görkezýärinmikäm? (Luka 16:10). Durmuşymyzyň köp taraplaryna seretse bolar. Ýöne, geliň, diňe oturyşlyklara we mesihçileriň nika toýlaryna seredeliň.

Kiçi oturylyşyklar

3. Mukaddes Ýazgylarda maşgala we dostlukly oturylyşyklar barada näme diýilýär?

3 Mesihçi doganlarymyz bizi myhmançylyga çagyranlarynda, köpümize ýaraýar. Ýehowa — «Mübärek Hudaý», şol sebäpli ol gullukçylarynyň bagtly bolmagyny isleýär (1 Timoteos 1:11). Ol Süleýmana şeýle sözleri ýazmaga ruhlandyrdy: «Men şatlygy öwdüm, çünki gün astynda ynsan üçin iýmekden, içmekden we şatlanmakdan gowy zat ýokdur; bu onuň bütin ömrüniň günlerinde zähmeti bilen ýanynda bolar» (Wagyzçy 3:1, 4, 13; 8:15). Biz maşgalamyz we imandaş dostlarymyz bilen kiçi oturylyşyk edenimizde şatlanyp bileris (Eýýup 1:4, 5, 18; Luka 10:38—42; 14:12—14).

4. Dostlarymyz bilen oturylyşyk etjek bolanymyzda nämäni göz öňünde tutmaly?

4 Eger biz oturylyşyk etmek islesek we onuň geçirilmegine jogapkär bolsak, ähli zady öňünden planlaşdyrmaly. Hatda çaý içmek üçin az adam çagyrsagam şeýle etmeli (Rimliler 12:13). «Gökden inen akyldarlygyň» görkezmesi boýunça «herki zat. . . tertip bilen bolar» ýaly etmeli (1 Korintoslylar 14:40; Ýakup 3:17). Pawlus resul: «Iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de, baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň. . . büdremäge sebäp bolmaň» diýip ýazdy (1 Korintoslylar 10:31, 32). Ýöne esasy nämä üns bermeli? Eger öňünden käbir zatlary göz öňüne tutsak, hem biz, hem myhmanlarymyz imanymyzy iş ýüzünde görkezeris (Rimliler 12:2).

Dostlukly oturylyşyk nähili bolmaly?

5. Oturylyşygyň guramaçysy spirtli içgileriň we aýdym-sazyň bolmalymy ýa-da bolmaly däldigini näme üçin önünden oýlanmaly?

5 Şeýle oturylyşyklar edilende, guramaçylaryň köpüsi spirtli içgileriň bolmalydygyny ýa-da bolmaly däldigini çözmeli bolýarlar. Gowy gürrüňdeşlik bolar ýaly, spirtli içgiler hökman däl. Isanyň uly märekäni çörek we balyk bilen doýurandygyny ýada salalyň (Matta 14:14—21). Ol gudrat bilen şerap edip bilse-de, onuň märekä şerap berendigi barada Injilde aýdylmaýar. Eger spirtli içgileri bermek isleseň, onda olar çäkli mukdarda bolmaly. Şeýle-de spirtsiz gowy içgiler bolar ýaly alada et (1 Timoteos 3:2, 3, 8; 5:23; 1 Petrus 4:3). Spirtli içgileri içmäge hiç kimi mejbur etme, çünki «ol ýylan kimin çakýandyr» (Süleýmanyň tymsallary 23:29—32). Eýsem, aýdym-saz barada näme diýse bolar? Eger aýdym-saz bolmagyny isleseň, elbetde, sen aýdymyň sazyna we sözlerine üns berip, gowy aýdymlary saýlarsyň (Koloseliler 3:8; Ýakup 1:21). Mesihçileriň köpüsi Patyşalyk mukamlary ýaňlanyp, mesihçi aýdymlar aýdylanda ýakymly bolýandygyna göz ýetirdiler (Efesliler 5:19, 20). Gürrüňdeşlige we goňşulara päsgel bermez ýaly, sazyň gatylygyna hökman üns ber (Matta 7:12).

6. Oturylyşygyň guramaçysy gürrüňdeşlikde we başga zatlarda imanyny iş ýüzünde nädip görkezip biler?

6 Mesihçiler dostlary bilen oturylyşyk edenlerinde, dürli temalar barada gürleşýärler, sesli okaýarlar we gyzykly wakalar gürrüň berýärler. Eger-de gürrüňdeşlik edepliligiň çäginden çyksa, oturyşlygyň guramaçysy sypaýylyk bilen gürrüňi gowy tema sowar. Şeýle-de ol kimdir biriniň gürrüňde agalyk etmegine ýol bermez. Ol şonuň ýaly zada üns berende, mylaýymlylyk bilen başga adamlary gürrüňe çeker, meselem, çagalaryň birini tanyşdyrar ýa-da başgalar hem pikirini aýdar ýaly bir tema barada gürrüň açar. Şeýle gürrüňdeşlik ýaşlaryňam, ulularyňam göwnünden turar. Sen oturylyşygy düşgürlik we sypaýylyk bilen gurnasaň, myhmanlar seniň paýhaslydygyňa göz ýetirerler (Filipililer 4:5). Olar seniň imanyňy durmuşyň ähli taraplarynda görünýändigini bilerler.

Nikalaşmak we durmuş toýy

7. Näme üçin toýy geçirmäge aýratyn üns bermeli?

7 Mesihçi toýy şatlanmak üçin gowy sebäp. Hudaýyň gadymy gullukçylaryna we şol sanda Isa bilen onuň şägirtlerine nika toýlaryna barmak ýaraýardy (Barlyk 29:21, 22; Ýahýa 2:1, 2). Tejribäniň görkezişi ýaly, aýratyn şu günler durmuş toýlarynda mesihçileriň paýhaslydygyny görkezer ýaly tagalla etmeli. Toýlar — bu durmuşda bolýan adaty wakalar. Olar mesihçä imanyny görkezmäge mümkinçilik berýär.

8, 9. Toýlaryň köpüsinde bolýan wakalar 1 Ýahýa 2:16, 17-nji aýatlary nädip tassyklaýar?

8 Hudaýyň prinsiplerini bilmeýän we oňa ünsem bermeýän adamlaryň köpüsi üçin toý — bu köp iýip-içmäge, islendik zadyň çäginden çykyp, özüni aklamaga gowy mümkinçilik. Ýewropada çykýan žurnallaryň birinde bir ýaş gelin özüniň «şa» toýy barada şeýle gürrüň berýär: «Biz dört ata goşulan bezegli paýtunda barýardyk. Yzymyzdan bolsa on iki sany atly gelýärdi. Dabaraly ýörişiň yzynda sazandalaryň topary saz çalýardy. Soňra bolsa dürli-dümen lezzetli agşamlyk nahary we ajaýyp aýdym-saz boldy. Hemme zat diýseň owadandy. Toý meniň isleýşim ýaly-da geçdi. Şol gün men şa boldum».

9 Her ýurduň öz däbi bolsa-da, bu waka Ýahýa resulyň: «Dünýäde bolan ähli zatlar, ten höwesleri, göz höwesi we ýaşaýyş tekepbirligi Atadan däl, dünýädendir» diýen sözlerini tassyklaýar. Ruhy taýdan ýetişen mesihçiler uly dabaraly «şa» toýuny edermikä? Şeýle soraglar ýüze çykanda «Hudaýyň islegini ýerine ýetirýänleriň baky galýandygyny» ýatda saklasak gowy bolardy (1 Ýahýa 2:16, 17).

10. a) Toý tutjak bolanda näme üçin ähli zady oýlap-ölçermeli? b) Myhman çagyranda nämäni göz öňünde tutmaly?

10 Mesihçi çatynjalar ähli zadyň hakyky ýagdaýyna seredip, paýhasly bolmaga çalyşýarlar. Mukaddes Ýazgylardaky maslahat bolsa, bu babatda olara gowy kömek edýär. Nikalaşylan güni — örän ähmiýetli gün hasaplanylsa-da, olar muňa ebedi ýaşamaga umyt edýän iki mesihçiniň maşgala durmuşynyň başlangyjydygyna düşünýärler. Eger ýigit bilen gelin toý tutmak isleseler, ilki bilen, çykdajylary hasaplap, ähli zady oýlap-ölçermeli (Luka 14:28). Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, mesihçi maşgalanyň başy är bolmaly (1 Korintoslylar 11:3; Efesliler 5:22, 23). Şonuň üçin toýuň esasy jogapkäri ýigit bolýar. Elbetde, ol gelinligi bilen toýa kimi çagyrmak isleýändikleri barada sypaýylyk bilen maslahatlaşar. Kämahal dogan-garyndaşlaryň we dost-ýarlaryň hemmesini çagyrmaga mümkinçilik bolmaýar. Şoňa görä-de käbir meselede paýhasly bolmak gerek. Kimdir biri çagyrylmasa öýkelär öýdüp, ýigit bilen gelin gaýgy etmeli däl (Wagyzçy 7:9).

«Toýuň guramaçysy»

11. Toýuň geçirilişinde «toýuň guramaçysy» nähili rol oýnaýar?

11 Eger çatynjalar nikalaşany sebäpli, toý etmek isleseler, ähli zat tertipli bolar ýaly näme etmeli? Bu babatda, köp ýyllardan bäri Ýehowanyň Güwäçileri üçin Isanyň baran Kana şäherindäki toýy gowy görelde. Ol ýerde, ähtimal, Hudaýyň jogapkär gullukçysy bolan «toýuň guramaçysy» bolandyr (Ýahýa 2:9, 10). Şonuň üçin paýhasly ýigit toýuň guramaçysy edip, ruhy taýdan ýetişen dogany saýlar. Toýuň guramaçysy ýigidiň isleýän we gowy görýän zadyny bilip, hemme zady öňünden taýýarlap, toýuň geçirilişine gözegçilik edip biler.

12. Ýigit spirtli içgiler babatda nämäni göz öňünde tutmaly?

12 Bäşinji abzasda aýdylyşy ýaly, käbir çatynjalaryň spirtli içgisiz toý geçirýändiklerini belläp geçmek gerek. Olar kimdir biriniň çendenaşa köp içip, toýuň keýpini bozmagyny islemeýär (Rimliler 13:13; 1 Korintoslylar 5:11). Eger toýda spirtli içgiler bolsa, onda ýigit olaryň çäkli mukdarda berilmegine gözegçilik etmeli. Meselem, şerap Isanyň Kana şäherindäki bolan toýunda-da bardy, hatda ol onda myhmanlara gudrat bilen gowy hilli şerap berdi. Toýuň guramaçysy geň galyp: «Her kes öňi bilen gowy şeraby, köp içenlerinden soň bolsa erbedini berýändir, sen bolsa gowy şeraby henize çenli saklap goýupsyň» diýdi (Ýahýa 2:10). Elbetde, Isa serhoşlygy goldamaýardy, çünki ol ony ýazgarýardy (Luka 12:45, 46). Toýuň guramaçysynyň sözlerinden myhmanlaryň arasynda kimdir biriniň serhoş bolandygy görünýär (Resullaryň işleri 2:15; 1 Selanikliler 5:7). Şonuň üçin: «Şerapdan serhoş bolmaň, onda edepsizlik bardyr» diýen maslahata myhmanlaryň hemmesi eýerer ýaly, ýigit we toýuň guramaçysy bolup bellenen mesihçi gözegçilik etmeli (Efesliler 5:18; Süleýmanyň tymsallary 20:1; Hoşea 4:11).

13. Toýda saz bolsa çatynjalar nämäni göz öňünde tutmaly we näme üçin?

13 Toýda-da beýleki oturylyşykdaky ýaly aýdym-saz bolsa, gürrüňdeşlige päsgel bermezligi üçin, onuň sesiniň gatylygyna gözegçilik etmeli. Bir ýaşuly şeýle belläp geçdi: «Agşamara gürrüň şowhunly bolup ýa-da tans edip başlanlarynda aýdym-saz gatalyp ugraýar. Başda ýuwaş çykyp duran saz soňra gatalyp, gürrüňdeşlige päsgel berýär. Toý gürrüňdeşlik üçin gowy mümkinçilik. Gaty aýdym-saz gürrüňdeşligi bozsa, nähili gynançly bolar!» Aýdym-saza ýigit bilen toýuň guramaçysy çynlakaý garamaly, olar aýdymyň sözleri we sazyň gatylygy babatda sazandalar hakyna tutulan bolsa-da, bolmasa-da, olary jogapkär etmeli däl. Pawlus resul: «Söz bilen ýa iş bilen näme etseňiz, baryny Reb Isanyň ady bilen. . . berjaý ediň» diýip ýazdy (Koloseliler 3:17). Myhmanlar öýlerine gaýdansoň toýda eşiden sazyny ýatlap, ýaş çatynjalar ähli zady Isanyň ady bilen etdi diýerlermi? Toýy şeýle geçirmek wajyp.

14. Mesihçiniň toýy nädip ýatlanmaly?

14 Hawa, gowy toý barada ýatlamak hemişe ýakymly. Adam bilen Editiň durmuş guranyna otuz ýyl boldy. Olar bir toý barada şeýle gürrüň berýär: «Hakykatdanam, mesihçileriň arasynda oturan ýaly duýduk. Biz Ýehowa öwgi aýdymlaryny aýtdyk, şeýle-de başga göwün açmalar hem boldy. Aýdym-saz bilen tanslar esasy orun tutmady. Toý şadyýan we Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri esasynda geçdi». Ýigidem, gelnem imanyny iş ýüzünde görkezmek üçin toýuna taýýarlyk görende, köp zat edip biljekdigi gümansyz.

Toý sowgatlary

15. Toý sowgatlary babatda Mukaddes Ýazgylardaky haýsy maslahata eýerse bolar?

15 Köp ýurtlarda ýigit bilen gelne dogan-garyndaşlary we dostlary sowgat berýärler. Siziňem ýaşaýan ýeriňizde şeýle bolsa nämäni ýatda saklamaly? Ýahýa resulyň «ýaşaýyş tekepbirligi [bolelinligiň bilen öwünmek, TD]» barada aýdanyny unutmaň. Ol şeýle öwünmekligi imanyny iş ýüzünde görkezýän mesihçiler bilen däl-de, «geçip gidýän» bu dünýä bilen baglanyşdyrdy (1 Ýahýa 2:16, 17). Ýahýanyň ylhamlandyrylan sözlerini göz öňünde tutsak, kimiň näme sowgat berenini toýda aýtmak gerekmi? Makedoniýaly we Ahaýaly mesihçiler Iýerusalimdäki doganlara maddy taýdan kömek etdiler, ýöne Mukaddes Ýazgylarda olaryň atlary agzalmaýar (Rimliler 15:26). Mesihçileriň köpüsi toý sowgadyny edende, atlarynyň aýdylmagyny islemeýär we adamlaryň ünsüni özlerine çekmeýär. Bu babatda Matta 6:1—4-nji aýatlardaky Isanyň maslahatyna üns beriň.

16. Toý sowgady babatda täze çatynjalar hiç kimi öýkeletmez ýaly nämäni göz öňünde tutmaly?

16 Sowgat berenleriň atlaryny aýtmak bilen, kimdir biriniň sowgady gowy we gymmat diýip, «bir-birimize içigaraçylyk etmäge» ýol bermegimiz mümkin. Şonuň üçin nikalaşan mesihçiler paýhasly bolup, sowgat berenleriň atlaryny yglan etmezler. Ýogsam, sowgat etmäge ýagdaýy bolmadyklary utandyryp bileris (Galatýalylar 5:26; 6:10). Kimiň näme sowgat edenini ýigit bilen gelin bilse bolýar. Meselem, ýaş çatynjalar muny sowgadyň içine goýlan otkrytkadan bilerler, ýöne ony başga adamlara okamazlar. Biziň ählimizde şahsy meselede, ýagny toý sowgadyny satyn alanda, gowşuranda ýa-da ony bize berenlerinde imanymyzy iş ýüzünde görkezmäge mümkinçilik bara.

17. Mesihçiler iman we amallar barada nähili maksada ýetjek bolmaly?

17 Biz imanymyzy diňe bir ýagşy işlerde, ýygnak duşuşyklarynda, hoş habary wagyz edende däl-de, eýsem, başga ähli işlerde-de görkezýäris. Ähli edýän işlerimizde görünýän diri iman biziň her birimizde bolup biler. Hawa, biz «Hudaýyň öňünde... bitirilen» imanymyzy amallarda we şol sanda ýokarda seredilen meselede görkezip bileris (Ylham 3:2).

18. Ýahýa 13:17-däki sözleri mesihçi toýlarda we dostlar bilen oturylyşykda nädip ulansa bolar?

18 Isa şägirtleriniň aýaklaryny kiçigöwünlilik bilen ýuwup, gowy görelde görkezdi. Ol şeýle diýdi: «Bu zatlary bilýändigiňize görä, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz» (Ýahýa 13:4—17). Belki, biziň ýaşaýan ýerimizde kimdir biriniň, meselem, myhmanyň aýagyny ýuwmak adat däldir we munuň geregi ýokdur. Emma bu makaladan görşümiz ýaly, durmuşymyzyň käbir taraplarynda adamlara söýgi bildirip, ünsli bolsak imanymyzy iş ýüzünde görkezip bileris. Muňa dostlar bilen oturylyşyk we nika toýlary hem girýär. Muny biziň hemmämiz, ýagny durmuş gurjak bolsak hem ýa-da imanyny iş ýüzünde görkezmek isleýän mesihçileriň ýygnanyşan nika toýuna çagyrylsak hem etmeli.

a Durmuş toýy bilen bagly başga-da sowallara 2006-njy ýylyň Garaşsyzlyk (oktýabr) aýynyň 15-inde çykan «Garawul diňiniň» (rusça) 28-nji sahypasyndaky «Goý, siziň toýuňyz şadyýan we tertipli geçsin» diýen makalada seredilýär.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Toý sowgatlaryny gowşuranda ýa-da alanda...

• Dostlar bilen oturyşlyk gurnanymyzda...

• Nikalaşanda ýa-da nika toýunda...

imanymyzy nädip görkezip bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş