Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 15/10 sah. 18—22
  • Hudaýy we adamlary hormatlaýan nika toýlary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýy we adamlary hormatlaýan nika toýlary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hormatly nika — kanuny nika
  • Nikanyň resmileşdirilişi we ýerli däpler
  • Nika hormat goýuň
  • Sowally bukja
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Imanyňyzy iş ýüzünde görkeziň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Bagtly maşgala gurmak üçin taýýarlyk
    Maşgala bagtynyň syry
  • Nikaňda bagtly bol
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 15/10 sah. 18—22

Hudaýy we adamlary hormatlaýan nika toýlary

«Jeliläniň Kana şäherinde nika toýy boldy. . . Isa we Onuň şägirtleri-de toýa çagyrylypdylar» (ÝAHÝA 2:1, 2).

1. Kana şäherinde Isa bilen bolan waka näme üçin ünsümizi çekýär?

MYNASYP toýlaryň Hudaýyň halkyna şatlyk getirýändigini Isa pygamber, onuň ejesi we käbir şägirtleri bilýärdi. Injiliň aýtmagyna görä, şeýle toýlaryň birinde Isa hatda ilkinji gezek gudrat hem görkezdi. Şeýdip, ol toýa gelen adamlary şatlandyrdy (Ýahýa 2:1—11). Belki, sen hem bagtly durmuş gurup, Ýehowa gulluk etmek isleýän mesihçileriň toýunda bolansyň. Kimdir biri durmuş gurmak isleýändir. Başga biri bolsa, mümkin, dostunyň ýa jorasynyň toýuny geçirmäge taýýarlyk görýändir. Nika toýuny gowy geçirmäge näme kömek eder?

2. Mukaddes Ýazgylarda nika toýy babatda näme diýilýär?

2 Durmuş gurjak adamlar üçin Hudaýyň Sözündäki maslahatlaryň örän peýdalydygyny mesihçiler bilýärler (2 Timoteos 3:16, 17). Elbetde, Mukaddes Ýazgylarda mesihçi toýunyň nähili bolmalydygy barada jikme-jik aýdylmaýar. Çünki däp-dessurlar-da, hatda kanun-da ýaşaýan ýeriňe we döwre görä tapawutlanýar. Mysal üçin, gadymy Ysraýylda aýratyn toý däbi ýokdy. Toý güni öýlenýän ýigit gelni öz öýüne ýa-da atasynyň öýüne getirýärdi (Barlyk 24:67; Işaýa 61:10; Matta 1:24). Şeýle etmek bilen, durmuş gurýanlar märekäniň öňünde nikasyny resmileşdirýärdi. Şol döwürde häzirki ýaly toý güni resmi ýagdaýda dabaraly geçirilmändir.

3. Isa Kana şäherinde nähili toýda boldy?

3 Ysraýyllylar şeýdip durmuş gurýardylar. Şondan soň, olar Ýahýa 2:1-de aýdylyşy ýaly toý tutýardylar. Mukaddes Ýazgylaryň köp terjimelerinde bu aýatda: «Jeliläniň Kana şäherinde nika boldy» diýilýär. Ýöne bu grek sözüň asyl manysy «nika toýy» diýmegi aňladýara (Matta 22:2—10; 25:10; Luka 14:8). Diýmek, Isa ýaş çatynjalar nikasyny resmileşdirenden soň, olaryň tutýan toýuna geldi. Emma Isanyň günlerindäki toýlar häzirki toýlardan tapawutlanýardy.

4. Käbir mesihçiler toýy nähili edýär we näme üçin?

4 Şu günler köp ýurtlarda mesihçiler durmuş gurmak üçin döwletiň käbir aýratyn kanunyny berjaý etmeli. Soňra olar kanuna görä, döwletiň wekili, ýagny kazy, häkim ýa-da dini gullukçysy arkaly nikasyny resmileşdirip bilýärler. Kimdir biri nikasyny resmileşdirende, dogan-garyndaşlarynyň we imandaş dostlarynyň käbirini şaýat hökmünde we bile şatlanmaga çagyrýarlar (Ýeremiýa 33:11; Ýahýa 3:29). Emma käbir mesihçiler uly toý tutmaýarlar ýa-da köp myhman çagyrmaýarlar, sebäbi bu köp wagtyňy we pul çykdajy talap edýär. Olar diňe ýakyn dogan-garyndaşlary we dostlary bilen kiçijik oturylyşyk edýärler. Biziň garaýşymyz nähili bolsa-da, başga ýetişen mesihçileriň garaýşynyň biziňkiden tapawutlanyp biljekdigini unutma (Rimliler 14:3, 4).

5. Mesihçileriň köpüsi näme üçin toý dokladynyň okalmagyny isleýärler we onuň maksady näme?

5 Mesihçileriň köpüsi toýunda Mukaddes Ýazgylara esaslanan doklad okalmagyny isleýärb. Olar nikany Ýehowanyň gurandygyna we onuň Sözünde bagtly maşgalany gurmak üçin paýhasly maslahatlaryň bardygyny bilýärler (Barlyk 2:22—24; Markus 10:6—9; Efesliler 5:22—33). Şeýle-de ýaş çatynjalar şatlykly waka imandaş dostlaryny we dogan-garyndaşlaryny çagyrýarlar. Eýsem, biz nika bilen bagly dürli döwlet kanunlaryna, hatda däplere nähili garamaly? Şu makalada biz dürli ýurtlarda bolýan ýagdaýlara serederis. Olaryň käbiri seniň bilýän ýa-da ýaşaýan ýeriňdäki däplerden düýbünden tapawutlanmagy mümkin. Muňa garamazdan, Hudaýyň gullukçylaryna wajyp umumy prinsipleriň käbirini belläp geçse bolar.

Hormatly nika — kanuny nika

6, 7. Nikany näme üçin döwlet kanuny tarapyndan resmileşdirmeli we nädip?

6 Nikany Ýehowa guran hem bolsa, ýer ýüzündäki häkimiýetleriň ony nädip resmileşdirmelidigi babatda käbir görkezmeleri berýär. Bu dogry, sebäbi Isa: «Kaýsaryňkyny kaýsara, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi (Markus 12:17). Pawlus resul hem şeýle maslahat berdi: «Her kişi ýokary häkimiýetlere tabyn bolsun; çünki Hudaý tarapyndan bolmadyk häkimiýet ýokdur, bu barlar Hudaý tarapyndan gurlandyr» (Rimliler 13:1, 2; Titus 3:1, 2).

7 Köp ýurtlarda kimiň durmuş gurmaga haklydygyny «kaýsar», ýagny döwlet häkimiýeti çözýär. Şonuň üçin Ýazgylara görä nika gurmaga haky bolan iki mesihçi durmuş gurjak bolsalar, ýerli kanuny berjaý etmeli. Meselem, olar nika rugsat berýän haty almaly ýa-da kömek üçin döwlet wekiline ýüz tutmaly, ýa-da baglaşylan nikany resmileşdirmeli. Haçan-da kaýsar Awgust ilat ýazuwyny geçirmeli diýende, Merýem bilen Ýusup kaýsaryň buýrugyna gulak asyp, «ýazylmak», ýagny resmileşdirilmek üçin Beýtullaham şäherine gitdiler (Luka 2:1—5).

8. Nika haçan güýje girýär we bu Ýehowanyň Güwäçileriniň garaýşyna nähili täsir edýär?

8 Eger iki mesihçi nikasyny kanun boýunça resmileşdiren bolsa, onda Hudaýyň öňünde olaryň nikasy güýje girýär. Şol sebäpli Ýehowanyň Güwäçileri dürli nika däplerini berjaý edip, nikasyny gaýtadan resmileşdirmeýärler. Galyberse-de, olar nika toýunyň 25 ýa-da 50-ýyllygynda nika wadasyny gaýtalamaýarlar (Matta 5:37). (Dinleriň käbirinde döwlet tarapyn resmileşdirilen nikany hasaba almaýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, diňe dini gullukçy (molla) nikany gyýyp, çatynjalary är-aýal diýip yglan edensoň nika güýje girýär). Käbir ýurtlarda hökümet Ýehowanyň Güwäçileriniň özlerine nikasyny resmileşdirmäge hukuk berýär. Şonda olar Patyşalyk Zalynda nikasyny resmileşdirýärler we toý doklady hem şol ýerde okalýar. Patyşalyk Zaly hak Hudaýa bagyş edilendigi sebäpli, toý doklady bilen şol ýerde çykyş edilse ýerlikli bolardy.

9. a) Mesihçiler nikasyny resmileşdirenden soň näme etmegi islär? b) Toýa taýýarlyk görlende ýaşulular nähili rol oýnaýar?

9 Başga bir ýurtlaryň kanunyna görä bolsa, nikany döwlet edaralarynda, meselem, Nikalar öýünde ýa-da döwlet wekili resmileşdirmeli. Nikasyny şeýdip resmileşdirenden soň, mesihçiler köplenç şol gün ýa-da ertesi Patyşalyk Zalynda toý dokladynyň okalmagyny isleýärler. (Olar nikasyny resmileşdirip, birnäçe gün geçenden soň toý dokladyny okatmak islemezler, sebäbi Hudaýyň hem-de adamlaryň we şol sanda mesihçileriň öňünde olar eýýäm är-aýal boldular). Eger ýigit bilen gelin nikasyny resmileşdirenden soň, toý dokladynyň Patyşalyk Zalynda okalmagyny isleseler, onda öňünden gulluk komitetiniň ýaşulularyndan rugsat almaly. Bu doganlar durmuş gurjaklaryň gowy abraýynyň bardygyna hem-de Zalda okaljak toý dokladynyň ýygnak duşuşyklaryna we başga duşuşyklara päsgel bermejekdigine göz ýetirmeli (1 Korintoslylar 14:33, 40). Şeýle-de bu doganlar çatynjalaryň Zalda ýene nähili taýýarlyklar görjekdigini bilmeli hem-de toý doklady barada bildiriş ediljekdigini çözmeli.

10. Eger kanuna görä nika resmileşdirilen bolsa toý doklady nähili okalmaly?

10 Toý doklady bilen çykyş edýän ýaşulynyň doklady mylaýym, ruhlandyryjy we bu waka mynasyp bolmaly. Eger toý dokladyndan öň nika resmileşdirilen bolsa, onda ýaşuly «kaýsaryň» kanuny boýunça çatynjalaryň eýýäm är-aýal bolandygyny anyk aýtmaly. Eger nika resmileşdirilen mahaly ýigit bilen gelin nika wadasyny bermedik bolsa, onda olar toý doklady okalanda bermek islärc. Eger olar nikasyny resmileşdirende wada beren bolsalar, indi Ýehowanyň hem-de mesihçileriň öňünde-de bermek isleseler, onda öten zaman görnüşinde wada berip, eýýäm «bir boýuntyryga girendigini [TD]» görkezmeli (Matta 19:6; 22:21).

11. Käbir ýurtlarda nika nädip resmileşdirilýär we bu toý dokladyna nähili täsir edýär?

11 Şeýle-de käbir ýurtlaryň kanunyna görä toý däbi talap edilmeýär, hatda döwlet wekiliniň bolmagyda hökman däl. Çatynjalar nikany hasaba alyş resmi kagyzyna gol çekip, döwlet gullukçysyna berenden soň, ol nikany resmileşdirýär. Şeýdip, çatynjalar är-aýal bolýar we şol gün olaryň nikalaşan güni hasaplanýar. Ýokarda aýdylşy ýaly, çatynjalar nikasyny resmileşdiren badyna, olaryň haýyşy boýunça ruhy taýdan ýetişen dogan Patyşalyk Zalynda Mukaddes Ýazgylara esaslanan doklady okar. Ol gelenleriň ählisine çatynjalaryň ýaňy nikasyny resmileşdirendigini mälim ýeder. Nika wadasy onunjy abzasda we çykgytda aýdylyşy ýaly berilmeli. Patyşalyk Zalyna gelenleriň ählisi täze çatynjalar bilen şatlanyp, Hudaýyň Sözündäki öwüdi diňläp, özlerine peýda alarlar (Süleýmanyň aýdymy 3:11).

Nikanyň resmileşdirilişi we ýerli däpler

12. Käbir ýerlerde nähili nikalaşýarlar we ýerli däplere görä, nikalaşanlara nähili maslahat berilýär?

12 Ýurtlaryň köpüsinde ýerli (halk) däplere görä nikalaşýarlar. Käbir ýerlerde resmileşdirilmedik nikada är-aýal bolup ýaşaşýanlara nikalaşan diýilse-de, ýöne bu kanuny nika diýip hasaba alynmaýar. Häzir gürrüň beýle nika barada däld. Biz ýerli ýa-da halk däbine görä, resmileşdirilýän nika hakynda gürrüň edýäris. Muňa gelin üçin tölenýän we alynýan galyň girýär, şonuň netijesinde olar kanuny hem-de Mukaddes Ýazgylaryň esasynda nikalaşyp, är-aýal bolýarlar. Döwlet şeýle nikalary kanuny, hakyky we güýje giren nika diýip hasaba alýar. Adatça soňra şeýle nikalary düzgün boýunça resmileşdirip, nika şahadatnamasyny alyp bolýar. Nikanyň resmileşdirilmegi nikalaşan çatynjalaryň bähbidini goraýar. Şeýlede gelejekki neslini we aýaly dul galan ýagdaýynda-da gorap biler. Ýerli däplere görä, nikalaşan çatynjalaryň her birine, näçe tiz boldugyça nikasyny resmileşdirilmegine, ýygnak tarapyndan maslahat berilýär. Mysal üçin, Musanyň kanuny boýunça nikalar we doglan çagalar hasaba alynýardy (Matta 1:1—16).

13. Ýerli däplere görä, nika resmileşdirilenden soň doklad nähili okalýar?

13 Ýerli däplere we kanuna görä, resmi ýagdaýda nikalaşan çatynjalar, şol pursatda är-aýal bolýarlar. Ýokarda aýdylyşy ýaly, olar Patyşalyk Zalynda toý doklady bilen birlikde nika wadasyny bermek islärler. Şeýle ýagdaýda doklady okaýan dogan «kaýsaryň» kanuny boýunça olaryň eýýäm nikalaşandygyny aýdyp, diňe toý dokladyny okar. Diýmek, şol ýeriň kanuny boýunça nika bir gezek resmileşdirilýär we Mukaddes Ýazgylara esaslanan doklad bir gezek okalýar. Mümkin boldugyça, bu iki wakanyň yzly-yzyna tizräk geçirilmegi möhümdir; bir günde bolsa has gowy. Şonda mesihçileriň toýy beýleki adamlara gowy güwälik eder.

14. Döwlet tarapyndan hem-de ýerli däp boýunça nikalaşmak kanuny hasaplanylýan bolsa, mesihçi näme edip biler?

14 Käbir ýurtlarda ýerli däp boýunça nikalaşylmak kanuny hasaplanylsa-da, döwlet tarapyn hem nikany resmileşdirýärler. Şeýle ýagdaýda döwlet wekiliniň gatnaşmagy bilen nikalaşylýar. Şonda nika wadasy berilýär hem-de hasaba alynýan žurnala gol çekilýär. Käbir mesihçiler nikany şeýle resmileşdirmegi gowy görseler-de, kanun boýunça olaryň ikisiniň hem ýuridiki güýji bar. Şeýle ýagdaýda, dokuzynjy, onunjy abzaslarda aýdylan toý dokladyny we nika wadasyny ulanmaly. Iň esasy zat, nika adamlaryň we Hudaýyň garaýşyna mynasyp bolmaly (Luka 20:25; 1 Petrus 2:13, 14).

Nika hormat goýuň

15, 16. Nika nädip hormat goýmaly?

15 Pars patyşasy bilen aýalynyň arasynda kynçylyk dörände, onuň baş maslahatçysy Memukan «aýallaryň ählisi ärlerini sylasyn» diýen perman çykarmagy maslahat berdi (Ester 1:20). Emma mesihçi çatynjalar ýer ýüzündäki patyşalaryň permanyna mätäç däl. Mesihçi aýallar ärlerini sylamalydygyna gowy düşünýärler, ärler hem aýallaryny öwmelidigini hem-de «sylamalydygyny» bilýärler (Süleýmanyň tymsallary 31:11, 30, 11, 30; 1 Petrus 3:7). Nikany ençeme ýyl geçenden soň däl-de, ilkibaşdan, ýagny nikalaşan günüňden başlap hormatlamaly.

16 Toý güni diňe bir ýigit bilen gelin nika hormat goýmaly däl. Eger ýaşuly toý doklady bilen çykyş etse, ony hormat bilen okamaly. Doklad çatynjalar üçin aýdylýar. Şonuň üçin ýaşuly çatynjalary sylap, dokladynda degişmeleridir atalar sözüni ulanmaýar. Ol täze çatynjalaryň durmuşyndan ýerliksiz wakalary gürrüň berip, olary we gelen myhmanlary utandyrmaýar. Dogan doklady mähirli we ruhlandyryjy bolar ýaly edip okamaly. Şeýle-de ol nikany Döredeni we onuň ajaýyp maslahatlaryny nygtap geçmeli. Dogrudanam, ýaşuly hormat bilen çykyş etse, bu waka Ýehowa Hudaýy şöhratlandyrar.

17. Mesihçi toýlarynyň ýuridiki taraplaryna näme üçin üns bermeli?

17 Bu makalada nikany resmileşdirmek babatda onuň ençeme ýuridiki taraplaryna seretdik. Mümkin, olaryň käbiri biziň ýaşaýan ýerimize degişli däldir. Emma şonda-da Ýehowanyň Güwäçileriniň toýlarynda ýerli kanuna, ýagny «kaýsaryň» talabyna hormat goýmalydygyny unutmaly däl (Luka 20:25). Pawlus resul şeýle maslahat berdi: «Her kişä bermelisini beriň: salgyt bolsa, salgydy; gümrük bolsa, gümrügi; gorky bolsa, gorkyny; hormat bolsa, hormaty» (Rimliler 13:7). Şu günlere çenli saklanyp gelnen Hudaýyň gurnan nikasyna, toý gününden başlap mesihçileriň hormat goýýandyklary örän ýerlikli.

18. Nika resmileşdirilensoň nähili çäre geçirse bolar we bu barada nirede maglumat bar?

18 Mesihçi çatynjalaryň köpüsi nikasyny resmileşdirensoň, toýuna ýa-da kiçi oturyşlyklaryna myhman çagyrýarlar. Bir sapar Isa-da nika toýuna çagyrylypdy. Eger nika toýuny geçirmeklik planlaşdyrylsa, şol toý hem Hudaýy şöhratlandyrar ýaly, hem-de ýaş çatynjalara we mesihçilere şatlyk berer ýaly, Mukaddes Ýazgylardaky maslahat nädip kömek eder? Bu sowala indiki makalada serederise.

a Bu söz nika toýdan başga toýlara hem degişlidi (Ester 9:22).

b Ýehowanyň Güwäçileriniň toýunda «Hudaýyň öňünde päk nika» atly 30 minutlyk doklad okalýar. Onda Ýehowanyň Güwäçileriniň «Maşgala bagtynyň syry» atly kitabyndan we beýleki edebiýatlaryndan Mukaddes Ýazgylara esaslanan peýdaly maslahatlar berilýär. Bu doklad çatynjalar we toýa gelenleriň hemmesi üçin hem peýdaly.

c Eger kanun boýunça hiç hili nika wadasy bolmasa, onda mesihçileriň wadasy şeýle bolup biler: (ýigit üçin) «Men, [ýigidiň ady], seni, [gelniň ady], Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň mesihçi ärlere beren kanuny boýunça, Hudaýyň döreden nikasynda ýer ýüzünde bile ýaşaýançak, hemişe seni söýmek we seniň aladaňy etmek üçin kanuny aýal edip alýaryn»; (gelin üçin) «Men, [gelniň ady], seni, [ýigidiň ady], Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň mesihçi aýallara beren kanuny boýunça, Hudaýyň döreden nikasynda ýer ýüzünde bile ýaşaýançak, hemişe seni söýmek, aladaňy etmek we çyn ýürekden hormatlamak üçin kanuny är edip alýaryn».

d Şeýle nikalar barada 1962-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 1-inde çykan «Garawul diňi» žurnalynyň (iňlis.) 287-nji sahypasynda gürrüň berilýär.

e Şeýle-de 2006-njy ýylyň Garaşsyzlyk (oktýabr) aýynyň 15-inde çykan «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) 28-nji sahypasyndaky «Goý, siziň toýuňyz şadyýan we tertipli geçsin» diýen makala seret.

Ýadyňyzdamy?

• Näme üçin bizi nikalaşmagyň hem ýuridiki, hem ruhy tarapy gyzyklandyrmaly?

• Durmuş gurýan mesihçiler nikasyny resmileşdirensoň näme edip biler?

• Toý doklady näme üçin Patyşalyk Zalynda okalýar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş