-
Ine, Ýehowanyň razy bolan GullukçysyGarawul diňi — 2009 | 15 ýanwar
-
-
4 Isa bäbekkä Simun atly bir dogry adam mukaddes ruh arkaly «çaganyň» «milletleri ýagtyltjak yşyk» boljakdygyny aýtdy. Bu barada Işaýa 42:6 we 49:6-njy aýatlarda pygamberlik edilipdi (Luka 2:25—32). Şeýle-de Işaýa 50:6—9-njy aýatlarda Isany höküm ediljek gijesi kemsidiljekdigi pygamberlik edildi (Mat. 26:67; Luka 22:63). B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden soň, Ýehowanyň şol «Gullukçysynyň» Isadygyny Petrus resul açyk aýan etdi (Iş. 52:13; 53:11; Resullaryň işleri 3:13, 26-njy aýatlary okaň). Biz Isa baradaky bu pygamberliklerden näme bilýäris?
-
-
Ine, Ýehowanyň razy bolan GullukçysyGarawul diňi — 2009 | 15 ýanwar
-
-
«Nur» we «Äht»
11. I asyrda we şu günlere çenli Isa haýsy manyda «milletlere nur» boldy?
11 Işaýa 42:6-daky pygamberligi Isa berjaý edip, dogrudan-da, «milletlere nur boldy». Ol ýer ýüzünde gulluk eden wagty, ilki bilen, ýehudylara ruhy nur getirdi (Mat. 15:24; Res. iş. 3:26). Emma Isa: «Men dünýäniň nurudyryn» diýdi (Ýahýa 8:12). Ol ýehudylar we başga halklar üçin diňe bir ruhy taýdan bilim bermän, eýsem adamlar üçin kämil janyny töleg hökmünde berip, nur boldy (Mat. 20:28). Isa direlenden soň şägirtlerine «ýeriň tä soňuna çenli» onuň güwäleri bolmaga tabşyryk berdi (Res. iş. 1:8). Pawlus bilen Barnabas gulluk eden wagtlary «milletlere nur» diýen sözleri getirip, ýehudy dällere wagyz etdi (Res. iş. 13:46—48; Işaýa 49:6-ny deňeşdiriň). Bu iş şu günlere çenli dowam edýär. Ýer ýüzünde Isanyň mesh edilen doganlarynyň galyndysy we olaryň ýoldaşlary ruhy nury ýaýradyp, adamlara «milletleriň nury» bolan Isa iman etmäge kömek edýär.
12. Ýehowa Gullukçysyny nädip «halk üçin äht etdi»?
12 Şol pygamberlikde Ýehowa saýlan Gullukçysyna: «Men seni goraryn we halk üçin äht ederin» diýýär (Iş. 42:6). Şeýtan Isany öldürmek we ýer ýüzünde gulluk etmegine päsgel bermek üçin jan edýärdi. Emma Ýehowa ony ölmeli wagtyna çenli gorady (Mat. 2:13; Ýahýa 7:30). Soňra Ýehowa Isany direldip, ýer ýüzündäki adamlar üçin «äht» ýa-da wada edýär. Bu wada, mundan beýläk-de, Hudaýyň wepaly Gullukçysynyň ruhy tümlükdäki adamlary azat etjegini we «milletlere nur» boljagyny subut edýärd (Işaýa 49:8, 9-njy aýatlary okaň)e.
-