Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/1 sah. 21—25
  • Ine, Ýehowanyň razy bolan Gullukçysy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ine, Ýehowanyň razy bolan Gullukçysy
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Gullukçy kim?
  • Ýehowa Gullukçysyna öwredýär
  • Gullukçynyň ýer ýüzünde gulluk etmegi
  • «Nur» we «Äht»
  • Ýehowa «Gullukçysyny» beýgeltdi
  • Ýehowanyň Gullukçysy «jenaýatlarymyzdan ýaňa ýaralandy»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/1 sah. 21—25

Ine, Ýehowanyň razy bolan Gullukçysy

«Ine, Meniň... gullukçym! Janym ondan razydyr» (IŞ. 42:1).

1. Ýatlama agşamynyň öň ýanynda Ýehowanyň halky näme etmäge çagyrylýar we näme üçin?

ISANYŇ Ýatlama agşamy ýakynlaşyp gelýär, şol sebäpli Hudaýyň halky Pawlus resulyň «gözümizi imanymyzyň Öňbaşçysy, Kämilleşdirijisi Isa dikeliň» diýen sözlerine eýermäge çagyrylýar. Şeýle-de Pawlus: «Aryp, ruhdan düşmez ýaly, günäkärleriň beýle uly garşy durmalaryna çydan Isa hakda oýlanyň» diýdi (Ýew. 12:2, 3). Mesh edilen mesihçiler hem-de olaryň ýoldaşlary başga goýunlar Isanyň wepalylygyna we beren gurbanyna üns berseler, munden beýläk-de, Ýehowa wepaly gulluk etmäge we «ruhdan düşmezlige» kömek eder (Galatýalylar 6:9-y deňeşdiriň).

2. Biz Hudaýyň Ogly barada Işaýanyň pygamberliginden näme bilýäris?

2 Ýehowa Işaýa pygamber arkaly Ogly barada birnäçe pygamberlikleri ýazdyrtdy. Bu pygamberlikler «gözümizi imanymyzyň Öňbaşçysy, Kämilleşdirijisi Isa dikmäge» kömek edera. Bular onuň häsiýetlerini, çeken horluklaryny, Patyşa we Halasgär hökmünde beýgelendigini görkezýär. Bu pygamberlikler şu ýyl Aprel aýynyň 9-ynda, penşenbe güni, gün ýaşandan soň geçiriljek Ýatlama agşamynyň manysyna has gowy düşünmäge kömek eder.

Gullukçy kim?

3, 4. a) Işaýa kitabyndaky «gullukçy» diýen söz kime degişli? b) Işaýa 42, 49, 50, 52 we 53-nji baplardaky Gullukçynyň kimdigi Mukaddes Ýazgylarda nädip aýan edilýär?

3 Işaýa pygamberiň kitabynda «gullukçy» diýen söz ençeme gezek duş gelýär. Bu söz käwagt pygamberiň özüne degişlidi (Iş. 20:3; 44:26). Käte Ýakuba ýa-da Ysraýyl halkyna degişli (Iş. 41:8, 9; 44:1, 2, 21). Emma Işaýa 42, 49, 50, 52 we 53-nji baplarda Gullukçy hakynda ýazylan pygamberlikler kimi aňladýar? Bu baplarda aýdylýan Ýehowanyň Gullukçysyny Injil aýan edýär. Resullaryň işleri kitabynda ýazylşy ýaly, Filipus ruh arkaly hebeşli weziriň ýanyna baranda, ol şol pygamberlikleriň birini okap otyrdy. Işaýa 53:7, 8-nji aýatlary okap oturan wezir Filipusdan: «Aýtsaňyzlaň, pygamber muny kim hakda aýdýar? Özi hakdamy ýa-da başga biri hakda?» diýip sorady. Filipus oňa derrew Işaýa pygamberiň Isa Mesih barada aýdandygyny düşündirdi (Res. iş. 8:26—35).

4 Isa bäbekkä Simun atly bir dogry adam mukaddes ruh arkaly «çaganyň» «milletleri ýagtyltjak yşyk» boljakdygyny aýtdy. Bu barada Işaýa 42:6 we 49:6-njy aýatlarda pygamberlik edilipdi (Luka 2:25—32). Şeýle-de Işaýa 50:6—9-njy aýatlarda Isany höküm ediljek gijesi kemsidiljekdigi pygamberlik edildi (Mat. 26:67; Luka 22:63). B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden soň, Ýehowanyň şol «Gullukçysynyň» Isadygyny Petrus resul açyk aýan etdi (Iş. 52:13; 53:11; Resullaryň işleri 3:13, 26-njy aýatlary okaň). Biz Isa baradaky bu pygamberliklerden näme bilýäris?

Ýehowa Gullukçysyna öwredýär

5. Gullukçy kimden öwrendi?

5 Hudaýyň Gullukçysy baradaky Işaýanyň bir pygamberliginde, Ýehowanyň ilkinji doglan Oglyň ynsan bolup ýere gelmezden öň, Onuň bilen ýakyn gatnaşykda bolandygy görkezilýär (Işaýa 50:4—9-njy aýatlary okaň)b. Ýehowanyň hemişe oňa öwredendigi barada, Gullukçynyň özi şeýle diýdi: «Diňleýän şägirt ýaly, gulak asmagym üçin, ol gulagymy oýarýar» (Iş. 50:4). Şol wagt Ýehowanyň Gullukçysy hemişe Atasyna diňleýärdi, ondan öwrenip, gulak asyjy şägirt boldy. Älem-jahanyň Ýaradyjysyndan öwrenmek, gör, nähili uly hormat!

6. Gullukçy Atasyna doly tabynlygyny nädip görkezdi?

6 Bu pygamberlikde Gullukçy Atasyna «Hökümdar Ýehowa Hudaý» diýýär. Bu Gullukçynyň esasy hakykaty Älem-jahanyň Hökümdaryndan öwrenendigini görkezýär. Ol: «Hökümdar Ýehowa Hudaý gulagymy açdy, men garşy bolmadym, yza çekilmedim» diýip, Atasyna doly tabyn bolýandygyny görkezdi (Iş. 50:5). Älem-jahanyň we ynsanyň ýaradylmagyna gatnaşyp, ol «bir ussa kimin Onuň (Ýehowanyň) gapdalyndady». Ol «ussa» «her wagt Onuň huzurynda şatlanardy. Onuň bütin dünýäsinden şatlanardy, onuň (Hudaýyň Oglunyň) begenji adam ogullary bilendi» (Sül. tym. 8:22—31).

7. Gullukçynyň synaglarda Atasynyň goldajagyna ynanýandygy nämeden görünýär?

7 Gullukçynyň öwrenmegi we adamlara bolan söýgüsi ýer ýüzündäki zalym garşylyga döz gelmäge taýýarlady. Ol ýowuz yzarlamalara garamazdan, Atasynyň islegini berjaý etmekden şatlyk tapdy (Zeb. 40:8; Mat. 26:42; Ýahýa 6:38). Isa ýer ýüzünde synaglara duçar bolanda, Atasynyň hemişe goldap we kömek etjegine ynanýardy. Işaýanyň pygamberliginden görnüşi ýaly, Isa: «Meni dogry diýip yglan eden ýakyndyr. Meniň bilen kim jedelleşer? ...Hökümdar Ýehowa Hudaý maňa kömek eder» diýip, aýtmaga haklydy (Iş. 50:8, 9). Işaýanyň başga pygamberliklerinde aýdylyşy ýaly, Gullukçysy ýer ýüzünde gulluk eden wagty, Ýehowa oňa kömek etýärdi.

Gullukçynyň ýer ýüzünde gulluk etmegi

8. Işaýa 42:1-de pygamberlik edilişi ýaly, Ýehowanyň Isany «seçendigi» nämeden görünýär?

8 B. e. 29-njy ýylynda Isa suwda çokundyrylanda, «Mukaddes Ruh... Onuň üstüne indi, gökden: «Sen Meniň söýgüli Oglumsyň. Men senden köp razydyryn» diýen ses gelendigi» barada Mukaddes Ýazgylarda aýdylýar. (Luka 3:21, 22). Şeýlelikde, Ýehowa Işaýanyň pygamberligindäki «seçen gullukçysynyň» kimdigini aç-açan aýan etdi (Işaýa 42:1—7-nji aýatlary okaň)c. Bu pygamberligi Isa ýer ýüzünde gulluk eden wagty örän täsin berjaý etdi. Işaýa 42:1—4-nji aýatlary Matta Hoş Habarynda getirýär we Isa degişli edýär (Mat. 12:15—21).

9, 10. a) Işaýa 42:3-däki pygamberligi Isa ýer ýüzünde gulluk eden wagty nädip berjaý etdi? b Isa ýer ýüzünde nädip «adalatlygyň nämedigini görkezdi» we haçan «ýer ýüzünde adalaty dikelder»?

9 Ýehudy dini ýolbaşçylary garamaýak halky ýigrenýärdi (Ýahýa 7:47—49). Halk sütem çekýänligi üçin «epilen gamyşa» we sönüp barýan «tütän peltä» meňzeýärdi. Isanyň bolsa garyp we horluk çekýän adamalara haýpy gelýärdi (Mat. 9:35, 36). Ol mähir bilen: «Eý argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin» diýdi (Mat. 11:28). Galyberse-de, Isa Ýehowanyň öňünde nämäniň ýagşy we ýamandygyny adamlara öwredip, «adalatlygyň nämedigini görkezdi» (Iş. 42:3). Isa Hudaýyň Kanunyny paýhasly hem rehimdarlyk bilen berjaý etmegi görkezdi (Mat. 23:23). Şeýle-de Isa ýüzgörmezlik bilen, hem baýlara, hem garyplara wagyz edip, adalatlygy görkezdi (Mat. 11:5; Luka 18:18—23).

10 Işaýanyň pygamberliginde Ýehowanyň «seçeniniň» «ýer ýüzünde adalaty dikeltjekdigi» aýdylýar (Iş. 42:4). Muny Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy ähli syýasy patyşalyklary tizden ýok edip, dogrulyk hökümdarlygyny dikeldende eder. Ol ýer ýüzünde «dogrulyk höküm sürýän» täze dünýäni berkarar eder (2 Pet. 3:13; Dan. 2:44).

«Nur» we «Äht»

11. I asyrda we şu günlere çenli Isa haýsy manyda «milletlere nur» boldy?

11 Işaýa 42:6-daky pygamberligi Isa berjaý edip, dogrudan-da, «milletlere nur boldy». Ol ýer ýüzünde gulluk eden wagty, ilki bilen, ýehudylara ruhy nur getirdi (Mat. 15:24; Res. iş. 3:26). Emma Isa: «Men dünýäniň nurudyryn» diýdi (Ýahýa 8:12). Ol ýehudylar we başga halklar üçin diňe bir ruhy taýdan bilim bermän, eýsem adamlar üçin kämil janyny töleg hökmünde berip, nur boldy (Mat. 20:28). Isa direlenden soň şägirtlerine «ýeriň tä soňuna çenli» onuň güwäleri bolmaga tabşyryk berdi (Res. iş. 1:8). Pawlus bilen Barnabas gulluk eden wagtlary «milletlere nur» diýen sözleri getirip, ýehudy dällere wagyz etdi (Res. iş. 13:46—48; Işaýa 49:6-ny deňeşdiriň). Bu iş şu günlere çenli dowam edýär. Ýer ýüzünde Isanyň mesh edilen doganlarynyň galyndysy we olaryň ýoldaşlary ruhy nury ýaýradyp, adamlara «milletleriň nury» bolan Isa iman etmäge kömek edýär.

12. Ýehowa Gullukçysyny nädip «halk üçin äht etdi»?

12 Şol pygamberlikde Ýehowa saýlan Gullukçysyna: «Men seni goraryn we halk üçin äht ederin» diýýär (Iş. 42:6). Şeýtan Isany öldürmek we ýer ýüzünde gulluk etmegine päsgel bermek üçin jan edýärdi. Emma Ýehowa ony ölmeli wagtyna çenli gorady (Mat. 2:13; Ýahýa 7:30). Soňra Ýehowa Isany direldip, ýer ýüzündäki adamlar üçin «äht» ýa-da wada edýär. Bu wada, mundan beýläk-de, Hudaýyň wepaly Gullukçysynyň ruhy tümlükdäki adamlary azat etjegini we «milletlere nur» boljagyny subut edýärd (Işaýa 49:8, 9-njy aýatlary okaň)e.

13. Isa ýer ýüzünde gulluk edende «tümlükde oturanlary» nädip azat etdi we muny şu günler nädip edýär?

13 Şu wada görä, Ýehowanyň saýlan Gullukçysy «körleriň gözüni açar, ýerzeminden tussagy» çykarar we «tümlükde oturanlary» azat eder (Iş. 42:7). Isa ýer ýüzünde gulluk edende, ýalan dini taglymatlary paş edýär we Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edip, bu pygamberligi berjaý etdi (Mat. 15:3; Luka 8:1). Ol ýehudy şägirtlerini ruhy ýesirlikden azat etdi (Ýahýa 8:31, 32). Şeýle-de Isa ýewreý bolmadyk millionlarça adamlary ruhy taýdan halas etdi. Ol şägirtlerine: «Gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň» diýip tabşyrdy we «dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýip wada berdi (Mat. 28:19, 20). Isa Mesih bütindünýä wagyz işine gökden gözegçilik edýär.

Ýehowa «Gullukçysyny» beýgeltdi

14, 15. Ýehowa näme üçin we nädip Gullukçysyny beýgeltdi?

14 Ýene-de bir pygamberlikde bellenen Gullukçysy barada Ýehowa şeýle diýýär: «Ine, meniň gullukçym düşünjeli hereket eder. Ol beýik orny tutup, örän beýgeldiler we şöhratlanar» (Iş. 52:13). Ýehowanyň Ogly Atasynyň hökümdarlygyna hemişe tabyn bolandygy we agyr synaglarda wepaly galandygy üçin, Ýehowa ony beýgeltdi.

15 Petrus resul Isa barada: «Ol göge çykdy, Hudaýyň sagynda, perişdeler, hökümdarlar we gudratlar Oňa tabyndyr» diýip ýazdy (1 Pet. 3:22). Pawlus resul hem şeýle diýdi: «(Ol) ölüme, hatda haç üstündäki ölüme-de boýun egip, Özüni kiçeltdi. Şonuň üçin hem Hudaý Ony juda beýgeldip, Oňa ähli atdan belent ady berdi. Ol muny gökdäkileriň, ýerdäkileriň we ýer astyndakylaryň bary Isanyň adynyň hatyrasyna dyz epsin, her dil Ata Hudaýyň şöhraty üçin Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etsin diýip etdi» (Flp. 2:8—11).

16. 1914-nji ýylda Isa nädip «örän beýgeldildi» we şondan soň ol näme etdi?

16 1914-nji ýylda Ýehowa Isany has-da beýgeltdi. Ýehowa ony Patyşalygynyň Patyşasy edip bellände «örän beýgeldildi» (Zeb. 2:6; Dan. 7:13, 14). Şondan bäri Isa «Öz duşmanlaryň ortasynda höküm sürýär» (Zeb. 110:2). Ol Şeýtan we onuň jynlaryndan üstün çykyp, olary ýer ýüzüne zyňdy (Ylh. 12:7—12). Soňra Isa Beýik Kir hökmünde ýer ýüzündäki mesh edilen doganlarynyň galyndysyny «uly Babylyň» ýesirliginden azat etdi (Ylh. 18:2; Iş. 44:28; ). Ol bütindünýä wagyz işine ýolbaşçylyk edip, ruhy doganlaryň «galyndysyny» we «kiçijik sürüsiniň» wepaly ýoldaşlary bolan milonlarça «başga goýunlar» ýygnaýar (Ylh. 12:17; Ýahýa 10:16; Luka 12:32).

17. Biz bu makalada «gullukçy» barada Işaýanyň pygamberligini öwrenip näme bildik?

17 Biz Işaýa kitabynyň bu täsin pygamberliklerini öwrenip, Patyşa we Halasgär Isa Mesihe uly hormat goýarys. Isanyň ýer ýüzünde ogul hökmünde tabyn bolmagy, onuň ýere gelmänkä Atasyndan öwrenendigini aýan edýär. Ol ýer ýüzünde gulluk edende we şu günler wagyz işine gözegçilik etmegi bilen «milletlere nurdygyny» subut etdi. Isanyň ölüminiň Ýatlama agşamynyň öň ýanynda, onuň çeken horlugy we beren töleg gurbany «hakda oýlanmaly». Bulary bellenen Gullukçy barada başga pygamberligiň aýan edýändigin indiki makalada bileris (Ýew. 12:2, 3).

a Bu pygamberlikler Işaýa 42:1—7; 49:1—12; 50:4—9 we 52:13—53:12-nji ýatlarda ýazylgy.

b Işaýa 50:4 «Men söz bilen ýadanlary goldap biler ýaly, Hökümdar Ýehowa Hudaý maňa şägirdiň dilini berdi. Ol meni her gün irden oýarýar, diňleýän şägirt ýaly gulak asmagym üçin, ol gulagymy oýarýar. 5 Hökümdar Ýehowa Hudaý gulagymy açdy, men garşy bolmadym, yza çekilmedim. 6 Men urýanlara arkamy, sakgaly çekýänlere bolsa, ýaňagymy goýdum, dil ýetirmeden we tüýkülikden ýüzümi ýapmadym. 7 Emma Hökümdar Ýehowa Hudaý maňa kömek eder, şonuň üçin men kemsidilendigimi duýmaryn. Şol sebäpli men ýüzümi çakmak daşy etdim, utanmajagymy bilýärin. 8 Meni dogry diýip yglan eden ýakyndyr. Meniň bilen kim jedelleşer? Geliň, bile duralyň. Kazyýetde kim maňa garşy çykar? Goý, meniň ýanyma gelsin. 9 Hökümdar Ýehowa Hudaý maňa kömek eder. Kim meni günäkärläp biler? Olaryň hemmesi eşik kimin tozar. Olary güýe iýer.

c Işaýa 42:1«Ine, Meniň goldaýan gullukçym! Janym ondan razy bolan, seçen gullukçym! Men Ruhumy onuň üstünde goýdum, ol hem adalaty milletlere yglan eder. 2 Ol ne gaty geplär, ne gygyrar, ne-de biri köçelerde onuň sesini eşider. Adalaty ýeňşe ýetirýänçä, 3 epilen gamşy döwmez, tütän peltäni söndürmez. Hakykata görä hereket edip, ol adalatlygyň nämedigini görkezer. 4 Ol ýer ýüzünde adalaty dikeldýänçä gowşamaz we ýadamaz, adalar onuň kanunyna garaşar. 5 Gögi ýaradyp, ony ýazan we ýeri önümleri bilen ýazan, ýer ýüzünde ýaşaýan adamlara dem berýän we onda ýöreýänlere ruh berýän Hak Hudaý Ýehowa şeýle diýýär: 6 «Men Ýehowa, seni dogrulykda çagyrdym, seniň eliňden tutdum. Men seni goraryn we halk üçin äht ederin, sen milletlere nur bolarsyň 7 Sen körleriň gözüni açarsyň, ýerzeminden tussagy we tümlükde oturanlary zyndandan çykararsyň».

d Işaýa 49:1—12-nji aýatlardaky pygamberlikler «Işaýanyň pygamberligi — ähli adamzat üçin nurdur» atly kitabyň II tomunyň (rusça) 136—145-nji sahypalarynda düşündirilýär.

e Işaýa 49:8 Ýehowa şeýle diýýär: «Mähriban wagtlarym men saňa jogap berdim we halas güni kömek etdim. Ýeri dikeltmek, boşan miras mülkini täzeden bermäge we 9 tussaglara: «Çykyň!» — tümlükdäkilere: «Görnüň!» diýmäge seni halk üçin äht etmäge goradym. Olar ýoluň ýakasynda otlar, örüsi ähli ýörelen ýoldalarda bolar.

Gaýtalamak üçin soraglar

• Işaýanyň pygamberligindäki «gullukçy» kim we biz muny nireden bilýäris?

• Gullukçy Ýehowadan nähili bilim aldy?

• Isa haýsy manyda «milletlere nur» boldy?

• Gullukçy nädip beýgeldildi?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş