Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/9 sah. 8—12
  • Müňýyllyk we ebedi parahatlyk!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Müňýyllyk we ebedi parahatlyk!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «OLAR JAÝLAR SALARLAR WE ÜZÜM AGAÇLARYNY EKERLER»
  • «BÖRI BILEN GUZY BILE OTLAR»
  • «OLARYŇ GÖZLERINDEN ÄHLI ÝAŞLARYNY SÜPÜRER»
  • «GABYRDAKYLARYŇ HEMMESI... DIRELER»
  • HUDAÝ «ÄHLI ZATDA HÖKÜM SÜRER»
  • Patyşalyk «hiç haçan ýok bolmaz»
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Hudaýyň berjek ajaýyp täze dünýäsi
    Hudaý biz barada alada edýärmikä?
  • Ýehowanyň niýeti üstünlikli amala aşýar
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Hudaý baradaky bilim ýer ýüzüni dolduranda
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/9 sah. 8—12

Müňýyllyk we ebedi parahatlyk!

a Işaýa 11:6 Möjek bilen guzy bir ýerde ýaşar, bir ýerde ýatar gaplaň we owlak, göle, arslan we bir ýaşar mal biledir, olary bir ýaş bala bakar. 7 Sygyr aýy bilen bile otlar, balalary-da bile ýatar olaryň, arslan öküz dek saman iýer. 8 Emýän çaga gara ýylanyň hininiň agzynda oýnar, süýtden aýrylan çaga elini kepjebaşyň hinine sokar. 9 Mukaddes dagymda zelel ýetirilmez, hiç kim heläk edilmez, bütin ýer ýüzi deňziň suwdan doluşy deý, Rebbi bilmekden dolar. 65:25 Böri (möjek) bilen guzy bile otlar, öküz deý saman iýer şir, ýylan gum iýer. Meniň tutuş mukaddes dagymda hiç kime zelel ýetirmezler olar, hiç kimi heläk etmezler» diýýär Reb.

«Hudaý hem ähli zatda höküm sürer» (1 KOR. 15:28).

DÜŞÜNDIRIP BILERSIŇIZMI?

Şu aýatlaryň ýerine ýetmegi bilen, siz nähili bereketler alarsyňyz?

  • Mika 4:4

  • Işaýa 11:6—9

  • Ýahýa 5:28, 29

1. «Uly märekä» nähili gelejek garaşýar?

EGER adalatly hem rehimdar hökümdar müň ýyl höküm sürse, halkyna, gör, näçe ýagşylyklar eder! Tizden häzirki zalym dünýäniň soňy geler. Ýöne «uly märeke» agyr muşakgatdan sag-aman geçip, täze dünýäde köp ýagşylyklary görer (Ylh. 7:9, 14).

2. 6 000 ýylyň dowamynda adamlar nämelere duçar boldy?

2 6 000 ýylyň dowamynda adamlar özbaşdak höküm sürmäge çalyşdylar. Şol sebäpli-de köp görgi gördüler we kynçylyklar çekdiler. Hawa, bir wagtlar Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, «bir adamyň beýlekiniň üstünden agalyk etmegi onuň zyýanynadyr» (Wag. 8:9). Dünýäniň häzirki ýagdaýy hem muny subut edýär. Uruşlardan we dawa-jenjellerden başga-da, garyplyk, keselçilik köpelýär: tebigat hapalanýar we howa üýtgeýär. Döwlet işgärleriniň aýtmagyna görä, ýagdaý düýpli üýtgedilmese, adamzat uly heläkçilige uçrar.

3. Müňýyllyk hökümdarlykda nämeler bolar?

3 Patyşa Isa Mesih we 144 müňler höküm sürende Hudaýyň patyşalygy adamzada we ýer ýüzüne ýetirilen ähli zyýany kem-kemden aýrar. Şol Müňýyllyk hökümdarlykda Ýehowa Hudaýyň: «Ine, Men täze gök, täze dünýä ýaratmakçy, öňki zatlar ýatlanmaz, ýada düşmez» diýen wadasy ýerine ýetip, göwünlik berer (Iş. 65:17). Gelejekde nähili tolgundyryjy wakalar bolarka? Geliň, Mukaddes Ýazgylardaky pygamberliklere seredip, «görünmeýän», ýagny tizden ýerine ýetjek wakalar hakda bileliň (2 Kor. 4:18).

«OLAR JAÝLAR SALARLAR WE ÜZÜM AGAÇLARYNY EKERLER»

4. Şu günler köp adamlar nirelerde ýaşaýarlar?

4 Her kes özüne jaý edinip, maşgalasy bilen arkaýyn ýaşamak isleýär. Emma häzirki dünýäde köp adamlaryň ýaşamaga jaýy ýok. Käbirleri bolsa gür ilatly şäherlerde ýaşamaly bolýarlar. Köplenç birnäçe maşgala bir jaýda gysylyp ýaşaýarlar. Olar özbaşdak jaý edinmegi arzuw edýärler.

5, 6. a) Işaýa 65:21 we Mika 4:4 nädip ýerine ýeter? b) Şol bereketleri nädip alyp bileris?

5 Hudaýyň patyşalygy astynda her kesiň öz jaýy bolar, sebäbi Işaýa pygamber arkaly berlen sözler ýerine ýeter: «Olar jaýlar salyp, onda ýaşarlar, üzüm agaçlaryny ekip, miwesini iýerler» (Iş. 65:21). Ýöne olaryň diňe bir jaýy bolmaz. Şu günler käbir adamlaryň öz jaýy bar, hatda köşk ýaly kaşaň jaýlarda ýaşaýanlar hem bar. Emma olar ykdysady kynçylyklar sebäpli jaýyna gözegçilik edip bilmerin öýdüp, alada edýärler. Ýa-da talaňçylaryň we beýleki jenaýatçylaryň oljasy bolmakdan gorkýarlar. Ýöne täze dünýäde hiç kim beýle zatlary alada etmez. Mika pygamber şeýle sözleri ýazdy: «Her kes öz üzüm, injir baglarynyň saýasynda oturar, olary hiç kim gorkuzmaz» (Mika 4:4).

6 Eýsem, biz hem Hudaýyň patyşalygy astynda ýaşamak isleýän bolsak, näme etmeli? Elbetde, her kese ýaşamaga jaý gerek. Emma arzuw edýän öýümizi häzir edinjek bolup, bergä batmagyň deregine, Ýehowanyň berýän wadalaryna bil baglasak, has-da paýhasly bolmazmy? Isanyň aýdan sözleri ýadyňyzdadyr: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» (Luka 9:58). Isanyň iň gowy jaýy almaga ýa gurmaga mümkinçiligi-de, güýji-de bardy. Ol muny näme üçin edinmedi? Isa Patyşalygy öňürti agtarmaga päsgel berýän ähli zatdan gaça durmak isleýärdi. Bizem Isanyň göreldesine eýerip we gözümizi sada saklap, durmuşda maddy zatlary çendenaşa alada etmän bilerismi? (Mat. 6:33, 34).

«BÖRI BILEN GUZY BILE OTLAR»

7. Ýehowa adamlara haýwanlar babatda näme tabşyryk berdi?

7 Ýehowa ýer ýüzünde tebigaty we haýwanlary, soňunda bolsa adamy ýaratdy. Ol ussat kömekçisi Isa Mesihe adamlary näme üçin ýaradandygyny şeýle düşündirýär: «Indi biz Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý, olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň we ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» (Gelip çykyş 1:26). Şeýlelikde, Adam ata bilen How enä we wagtyň geçmegi bilen ähli adamlara haýwanlaryň üstünden agalyk etmek tabşyryldy.

8. Haýwanlarda nähili gylyk-häsiýetler bolup bilýär?

8 Eýsem, adamlar ähli haýwanlaryň üstünden agalyk edip, olar bilen parahatlykda ýaşap bilermikä? Köp adamlar öý haýwanlaryny, meselem, itini, pişigini söýýärler. Wagşy haýwanlar babatda näme diýse bolar? Bilşimiz ýaly, haýwanlara howp abansa, olar gorkýarlar we gaharlanýarlar. Emma wagşy haýwanlaryň golaýynda ýaşap, olary öwrenen alymlaryň aýtmagyna görä, ýabany haýwanlaryň hem şadyýanlyk, mähribanlyk we rehimdarlyk ýaly duýgulary bar. Olar çaga ýetişdirýän haýwanlaryň özüni has-da mähirli alyp barýandygyna üns beripdirler.

9. Gelejekde haýwanlar nähili üýtgär?

9 Diýmek, biz Mukaddes Ýazgylarda adamlaryň we haýwanlaryň arasynda boljak parahatlyk barada okap, haýran galmaly däl (Işaýa 11:6—9; 65:25-nji aýatlary okaň)a. Näme üçin? Ýadyňda bolsa, Tupandan soňra Nuh maşgalasy bilen gämiden çykan badyna Ýehowa olara: «Ähli haýwanlar... sizden juda gorkuda ýaşarlar» diýipdi. Şol sebäpli haýwanlar adamlardan gaçyp, özüni goraýarlar (Gel. çyk. 9:2, 3). Ýöne adamlaryň we haýwanlaryň arasynda ilkibaşdaky parahatlygy dikeltmek üçin Ýehowa şol «gorkuny» aýryp biler (Hoş. 2:18). Şonda ýer ýüzünde ýaşajak adamlar hezil etseler gerek!

«OLARYŇ GÖZLERINDEN ÄHLI ÝAŞLARYNY SÜPÜRER»

10. Adamlar näme üçin aglaýar?

10 Süleýman patyşa «Günüň astynda edilýän bar zulumlary görüp» gynanýar we ol: «Ezilýänleriň gözýaşlaryny gördüm, olara teselli berýän ýokdy» diýdi (Wag. 4:1). Şu günlerem adamlaryň ýagdaýy şeýle, hatda has agyr diýseňem bolar. Eýsem, gözýaş dökmedik barmyka? Dogry, käte begenjimizden ýaňa aglaýarys. Ýöne köplenç derdimizi ýürege sygdyryp bilmän gözýaş dökýäris.

11. Mukaddes Ýazgylarda ýazylan haýsy wakalar saňa has-da täsir edýär?

11 Mukaddes Ýazgylarda-da gözýaş döken adamlar barada aýdylýar. Olaryň käbiri barada oýlanyp görüň. 127 ýaşly Sara aradan çykanda, «Ybraýym Sara üçin matam tutup, ýas baglamaga geldi» (Gel. çyk. 23:1, 2). Nagomy dul galan iki gelni bilen hoşlaşanda, «olaryň ikisi-de ses edip aglaşdylar». Nagomy gelinleri bilen biraz gürleşenden soňra, «olar ýene-de ses edip aglaşdylar» (Rut 1:9, 14). Hizkiýa patyşa syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrka, Hudaýa doga edýär we «zar-zar aglaýar» (2 Pat. 20:1—5). Isany inkär eden Petrus barada okap, her kes tolgunsa gerek. Petrus horaz gygyranyny eşidende, «daşaryk çykyp, möňňürip aglady» (Mat. 26:75).

12. Hudaýyň Patyşalygy adamzada nädip hakyky göwünligi bererkä?

12 Durmuşda bolýan her hili pajygaly wakalar sebäpli, her bir adama göwünlik hem teselli gerek. Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda Hudaý adamlaryň «gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar» (Ylh. 21:4). Ýasyň, agynyň we agyrynyň bolmajagy göwnüňi göterýär. Hudaýyň ölümi hem aýyrmak barada wadasy has-da begendirýär. Hudaý ölümi nädip aýrarka?

«GABYRDAKYLARYŇ HEMMESI... DIRELER»

13. Adam ata günä edenden bäri, ölüm adamlara nähili täsir edýär?

13 Adam ata günä edenden bäri, ölüm adamzadyň üstünden höküm sürüp gelýär. Ölüm atly duşmany hiç kim ýeňip bilmedi, ondan hiç kim gaçyp gutulyp bilmedi, ol adamzada köp gaýgy-hasrat getirdi (Rim. 5:12, 14). «Ölüm gorkusy» sebäpli, millionlarça adamlar «ömürboýy... gul boldular» (Ýew. 2:15).

14. Ölüm ýogaldylsa, näme bolar?

14 Mukaddes Ýazgylarda «soňky duşman» ölümiň «ýogaldyljak» döwri hakynda aýdylýar (1 Kor. 15:26). Bu adamlaryň iki toparyna peýda getirer. Häzir ýaşap ýören «uly märeke» täze dünýä sag-aman geçip, ýer ýüzünde ebedi ýaşar. Ölümiň pidasy bolan milliardlarça adamlar bolsa direler. Uly märeke direlen adamlary gujak açyp garşylanda, gör, nähili şatlyk-şagalaň bolsa gerek! Eger direlen adamlar barada Mukaddes Ýazgylardan okasak, onda gelejekde nähili şatlygyň boljagyny göz öňüne getirip bileris (Markus 5:38—42; Luka 7:11—17-nji aýatlary okaň).

15. Ýakynlaryňdan biri direlse, özüňi nähili duýarsyň?

15 «Ol ýerdäkileriň ählisi gaty geň galdylar» we «Hudaýy şöhratlandyrdylar» diýen sözleriň üstünde oýlanyp görüň. Sizem şol adamlaryň direlişini gözüňiz bilen gören bolsaňyz, onda şeýle ederdiňiz. Elbetde, ýakynlarymyzdan biri direlse, bizem köp begeneris, tolgunarys. Isa: «Gabyrdakylaryň hemmesiniň Onuň sesini eşitjek wagtlary geler» diýdi (Ýahýa 5:28, 29). Entek hiç birimiz beýle zady gören däldiris. Dogurdan-da, direliş «görünmeýän» zatlaryň, ýagny indi ýerine ýetmeli wakalaryň iň tolgundyryjysy bolsa gerek!

HUDAÝ «ÄHLI ZATDA HÖKÜM SÜRER»

16. a) Gelejekde aljak bereketlerimiz barada näme üçin höwes bilen gürrüň bermeli? b) Pawlus korintosly mesihçileri höweslendirmek üçin näme diýdi?

16 Şeýlelikde häzirki kyn pursatlarda Ýehowa wepaly galan adamlara ajaýyp gelejek garaşýar! Şol bereketleri edil häzir almasak-da, olar barada hemişe oýlanalyň, şonda ünsümizi wajyp zatlara jemläris hem-de häzirki dünýäniň höweslerine kowalaşmarys (Luka 21:34; 1 Tim. 6:17—19). Maşgala okuwynda, imandaşlar bilen gürrüňdeşlikde, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler we gyzyklanýanlar bilen söhbetdeşlikde ajaýyp umydymyz hem gelejegimiz hakda höwes bilen gürrüň edeliň. Şonda umydymyz has-da berkär. Pawlus resul hem mesihçileri ruhlandyrmak üçin şeýle edipdir. Pawlus olara Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň soňuna çenli boljak wakalary göz öňüne getirmäge kömek edipdir. Sen hem Pawlusyň sözlerini okap, manysyna düşünjek bolup gör (1 Korintoslylar 15:24, 25, 28-nji aýatlary okaň).

17, 18. a) Ýehowa adamzat taryhynyň başynda nähili manyda «ähli zatda höküm sürýärdi»? b) Isa parahatlygy hem agzybirligi dikeltmek üçin näme eder?

17 Müňýyllygyň ahyrynda Hudaý «ähli zatda höküm sürer». Gör, nähili ajaýyp sözler! Bu nämäni aňladýar? Oýlanyp gör, Erem bagynda kämil Adam ata bilen How ene Hudaýyň parahat we agzybir maşgalasynyň agzasydy. Älemiň Hökümdary Ýehowanyň özi gökdäki perişdeleriň we ýerdäki adamlaryň üstünden gös-göni höküm sürýärdi. Olar Hudaý bilen gös-göni gürleşip, sežde edip we patasyny alyp bilýärdiler. Hawa, Hudaý «ähli zatda höküm sürýärdi».

18 Adamzat maşgalasy Şeýtanyň gepine gidip, Ýehowanyň hökümdarlygyna garşy çykanda, şol parahatlyk bozuldy. Ýöne 1914-nji ýyldan bäri, Mesihi Patyşalyk öňki parahatlygy hem agzybirligi kem-kemden dikeldip başlady (Efes. 1:9, 10). Müňýyllyk hökümdarlykda «görünmeýän» ajaýyp zatlar ýerine ýeter. Soňra «ahyrzamana bolar», ýagny Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň soňy geler. Soňra näme bolarka? Ýerde-gökde ähli ygtyýar Isa berilse-de, ol şöhratparaz däl. Ol Ýehowanyň ornuna dalaş etmeýär. Kiçigöwünli Isa «Patyşalygy Ata Hudaýa tabşyrar». Hawa, ol hemişe-de ornuny hem häkimiýetini «Ata Hudaýyň şöhraty üçin» ulanýar (Mat. 28:18; Flp. 2:9—11).

19, 20. a) Patyşalygyň ýerdäki ýaşaýjylary Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaýandygyny nädip görkezip bilerler? b) Bize nähili ajaýyp gelejek garaşýar?

19 Şol wagta çenli Patyşalygyň ýerdäki ýaşaýjylary kämillige ýeterler. Olar Isanyň göreldesine eýerip, Ýehowanyň hökümdarlygyna kiçigöwünli hem höwes bilen boýun bolarlar. Olar soňky synagda Ýehowa höwes bilen gulluk edýändigini subut edip bilerler (Ylh. 20:7—10). Şondan soňra pitneçi adamlaryň we perişdeleriň ählisi ýok ediler. Şonda bagtly döwran başlasa gerek! Ýehowanyň älem-jahandaky tutuş agzybir maşgalasy «ähli zatda höküm sürýän» Hudaýy şatlyk bilen şöhratlandyrar (Zebur 99:1—3-nji aýatlary okaň).

20 Hudaýyň Patyşalygynyň tizden berjek ajaýyp zatlary barada bilip, sende Ýehowanyň islegini berjaý etmäge höwesiň artýarmy? Şeýtanyň dünýäsiniň hödürleýän ýalan umydy we amatly durmuşy sizi hakykat ýolundan daşlaşdyrmazmy? Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamagy we şöhratlandyrmagy ýüregiňize berk düwdüňizmi? Goý, seniň Hudaýyň ýolundan ebedi ýöremek isleýändigiňi edýän işleriň görkezsin. Şonda siz parahatlygyň we abadançylygyň hözirini diňe bir Müňýyllykda däl-de, ebedilik görersiňiz!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş