Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/9 sah. 3—7
  • Zalym dünýäniň soňy nädip geler?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Zalym dünýäniň soňy nädip geler?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • DÜNÝÄNIŇ SOŇY GELMÄNKÄ, NÄMELER BOLAR?
  • «MELIKE» DUÝDANSYZ ÝOK EDILER
  • HUDAÝYŇ HALKYNA TOPULARLAR
  • HALKLAR ÝEHOWANYŇ KIMDIGINI BILER?
  • BAŞGA DÜNÝÄ ŞALYGY BOLMAZ
  • HUDAÝYŇ ESASY DUŞMANYNA NÄME BOLAR?
  • PARAHAT DÖWRE ELTJEK WAKALAR
  • Hudaýyň Patyşalygy duşmanlaryny ýok edýär
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Armageddon — şatlykly habar!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Ýehowa «ýakynda bolmaly zatlary» aýan edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/9 sah. 3—7

Zalym dünýäniň soňy nädip geler?

«Ol gün sizi bir ogry kimin basar ýaly, siz garaňkylykda dälsiňiz» (1 SEL. 5:4).

DÜŞÜNDIRIP BILERSIŇIZMI?

Şu aşakdaky aýatlarda ýerine ýetmeli nähili wakalar barada aýdylýar?

  • 1 Selanikliler 5:3

  • Ylham 17:16

  • Daniýel 2:44

1. Bize oýa bolmaga we synaglara hötde gelmäge näme kömek eder?

TIZDEN görlüp-eşidilmedik wakalar bolar. Muny ýerine ýetýän pygamberlikler tassyklaýar. Şoňa görä-de, biz oýa bolmaly. Bize näme kömek eder? Pawlus resul görünmeýän zatlara seretmegi maslahat berýär. Diýmek, biz gökde ýa ýerde ebedi ýaşamaga umyt edýän bolsak, onda şol umydy unutmaly däl. Pawlusyň sözlerinden görnüşi ýaly, biz Hudaýa wepaly adamlaryň aljak sylagy hakda oýlanmaly. Şonda synaglara, yzarlamalara çydamak kyn bolmaz (2 Kor. 4:8, 9, 16—18; 5:7).

2. a) Umydymyzyň berk bolmagy üçin näme etmeli? b) Şu we indiki makalada nämä serederis?

2 Pawlusyň maslahatynda bir wajyp prinsip bar: umydymyzyň berk bolmagy üçin diňe görünýän zatlara üns bermek ýeterlik däl. Biz göze görünmeýän indi boljak wakalara-da ünsli bolmaly (Ýew. 11:1; 12:1, 2). Geliň, şu we indiki makalada ebedi ýaşamaga umydymyz amala aşýança boljak on waka seredip geçeliň.

DÜNÝÄNIŇ SOŇY GELMÄNKÄ, NÄMELER BOLAR?

3. a) 1 Selanikliler 5:2, 3-nji aýatlarda agzalýan nähili waka ýerine ýetmeli? b) Syýasy ýolbaşçylar näme diýer we olara kimler goşular?

3 Pawlus selaniklilere ýazan hatynda boljak bir waka barada ýazypdy (1 Selanikliler 5:2a, 3-nji aýatlary okaň). Pawlus hatynda «Ýehowanyň gününi» agzap geçýär. Ol «gün» ýalan diniň ýok edilmegi bilen başlar we Armageddon urşy bilen gutarar. Ýehowanyň gününiň öňüsyrasy syýasy ýolbaşçylar: «Her zat parahatlyk, aman» diýer. Bu yzly-yzyna boljak bir ýa birnäçe wakalary öz içine alar. Halklar uly kynçylyklaryň käbirini çözendiris öýderler. Dini ýolbaşçylar näme eder? Olaram zalym dünýäniň bir bölegi, şonuň üçin syýasy ýolbaşçylara goşulsa gerek (Ylh. 17:1, 2). Bu dini ýolbaşçylar gadymy Ýahudada ýaşan ýalan pygamberlere meňzeýärler. Ýehowa şol ýalan pygamberler barada: «Hiç hili parahatlyk bolmasa-da, olar: «Her zat parahatlyk! Her zat parahatlyk!» diýýärler» diýdi (Ýerem. 6:14; 23:16, 17).

4. Beýleki adamlardan tapawutlykda, biz nämä düşünýäris?

4 Tapawudy ýok, «Her zat parahatlyk, aman» diýip, kim yglan etse-de, bu Ýehowanyň gününiň tizden başlajakdygyny aňladar. Şonuň üçin Pawlus resul: «Doganlar, ol gün sizi bir ogry kimin basar ýaly, siz garaňkylykda dälsiňiz. Çünki baryňyz nura... degişli adamlarsyňyz» diýdi (1 Sel. 5:4, 5). Beýleki adamlardan tapawutlykda, biz bolýan wakalar barada Mukaddes Ýazgylaryň näme diýýändigine düşünýäris. «Her zat parahatlyk, aman» diýen pygamberligiň nähili ýerine ýetjegini anyk bilýärismi? Sabyrly garaşsak, göreris. Häzir bolsa, geliň, «oýa, hüşgär bolalyň» (1 Sel. 5:6; Sef. 3:8).

«MELIKE» DUÝDANSYZ ÝOK EDILER

5. a) «Uly muşakgat» nädip başlar? b) Duýdansyz ýok ediljek «melike» kim?

5 Soňra nähili waka bolar? Pawlus şeýle diýdi: «Adamlar: «Her zat parahatlyk, aman» diýen badyna... birdenkä olaryň üstüne heläkçilik iner». Şol heläkçilik dünýädäki ähli ýalan dinlere hüjüm bilen başlanar. Injilde ýalan dine «Beýik Babyl» ýa-da «kemçin» diýilýär (Ylh. 17:5, 6, 15). Ähli ýalan dine, şol sanda imandan dänen hristian dinine garşy hüjüm edilmegi bilen «uly muşakgat» başlanar (Mat. 24:21; 2 Sel. 2:8). Köp adamlar üçin bu garaşylmadyk waka bolar. Näme üçin? Sebäbi şol wagta çenli «asla gam-gussa ýüzüni görmeýän» «kemçin» «melike» özüne bir zat bolar öýtmez. Emma ol öz güýjüne aşa köp bil baglandygyna düşüner we «bir günüň içinde», ýagny basym ýok ediler (Ylh. 18:7, 8).

6. Ýalan dini kim ýok eder?

6 Injiliň aýtmagyna görä, kemçiniň üstüne «on şahly janawar» topular. Ylham kitabyndan görnüşi ýaly, janawar Birleşen Milletler Guramasyny (BMG) aňladýar. «On şahy» bolsa şol «gyzyl janawary» goldaýan ähli hökümetleri aňladýarb (Ylh. 17:3, 5, 11, 12). Bu heläkçilik nähili bolar? BMG girýän halklar kemçiniň baýlygyny talar, ähli aýybyny, ahlaksyzlygyny paş eder, tike-tike edip, «özüni-de otlar». Şeýlelikde, ol bütinleý ýok ediler (Ylham 17:16-ny okaň).

7. «Janawar» näme üçin ýalan dine topular?

7 Mukaddes Ýazgylarda ýalan dine hüjümiň nädip başlanjagy hem aýdylýar. Ýehowa maksadyny amala aşyrmagy, ýagny kemçini ýok etmek islegini syýasy ýolbaşçylaryň ýüregine guýar (Ylh. 17:17). Din köp uruşlaryň sebäpkäri bolýar we dünýäde başga-da kynçylyklary döredýär. Şoňa görä-de, hökümetler kemçini ýok edip, döwletiň milli bähbidini goraýandyrys öýderler. Hökümetler ýalan dine topulyp, öz pikirlerini amala aşyrýandyrys öýderler. Aslynda welin, Hudaý olary ulanyp, ýalan dinleri ýok eder. Şeýdip, Şeýtanyň dünýäsiniň bir bölegi beýleki bölegine topular we Şeýtan muny saklap bilmez (Mat. 12:25, 26).

HUDAÝYŇ HALKYNA TOPULARLAR

8. «Goguň» topulmagy näme aňladýar?

8 Ýalan din ýok edilenden soňra-da, Hudaýyň gullukçylary «diwarsyz» we «howpsuz ýaşarlar» (Ezek. 38:11, 14). Ýehowa sejde edýän we goragsyz ýaly bolup görünýän mesihçilere näme bolar? Olara «köp halklar» topulsa gerek. Hudaýyň Sözünde muňa «Magok ýurdundaky Goguň» (Äjit-mäjidiň) topulmagy diýilýär (Ezekiýel 38:16-ny okaň, TD)c. Biz şonda özümizi nähili alyp barmaly?

9. a) Mesihçi esasan nämäniň aladasyny edýär? b) Imanymyzy berkitmek üçin näme etmeli?

9 Hudaýyň halkyna köp adamlaryň topuljagyny bilsek-de, biz gorkmaýarys. Biz öz gutulyşymyz barada däl-de, gaýtam, Ýehowanyň adynyň mukaddes edilmegi we hökümdarlygynyň aklanmagy barada alada edýäris. Ýehowa özge milletlere: «Siz meniň Ýehowadygymy bilersiňiz» diýip, 60-dan gowrak aýdýar (Ezek. 6:7). Biz Ezekiýeliň pygamberliginiň ýerine ýetmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys hem-de Ýehowanyň «hudaýhonlary synagdan nähili halas etmelidigini bilýändigine» şübhelenmeýäris (2 Pet. 2:9). Häzir bolsa nähili synaglary ýeňip geçmeli bolsak-da, imanymyzy berkitmek we aýypsyzlygymyzy saklamak üçin elimizde baryny etmeli. Munuň üçin näme etmeli? Doga etmeli, Mukaddes Ýazgylary okamaly, okan zatlarymyzyň üstünde oýlanmaly we hoş habary wagyz etmeli. Şonda ebedi ýaşaýşa umydymyz «labyr» kimin berk bolar (Ýew. 6:19; Zeb. 25:21).

HALKLAR ÝEHOWANYŇ KIMDIGINI BILER?

10, 11. Armageddon urşy näme bilen başlar we şol döwür nämeler bolar?

10 Ýehowanyň halkyna topulanlarynda nähili görlüp-eşidilmedik waka başlar? Ýehowa Isanyň we gökdäki goşunyň kömegi bilen öz halkynyň dadyna ýetişer (Ylh. 19:11—16). Muňa «ähli zada güýji ýetýän Hudaýyň uly gününde boljak söweş», ýagny Armageddon diýilýär (Ylh. 16:14, 16).

11 Şol söweş barada Älemiň Hökümdary Ýehowa: «Ähli daglarymda gylyjy Goguň üstüne çozmaga çagyraryn» diýýär. Şonda «her adamyň gylyjy öz doganyna garşy bolar». Şeýtanyň tarapyny tutýanlar aljyrap, gorkup, bir-birini öldürmäge başlarlar. Soňra Ýehowa Goguň hem-de onuň «goşunlarynyň üstüne, ýanyndaky köp halklaryň üstüne gark ediji ýagyş we güýçli doly, ot we kükürt ýagdyrar» (Ezek. 38:21, 22). Munuň soňy näme bilen gutarar?

12. Halklar nämäni boýun almaly bolarlar?

12 Halklar Ýehowanyň buýrugy boýunça ýok edilýändigine düşünerler. Şonda Gyzyl deňzinde ysraýyllylary yzarlan gadymy müsürliler ýaly Şeýtanyň tarapyny tutýanlar hem: «Olar üçin Ýehowa söweşýär» diýerler (Müs. çyk. 14:25, TD). Şeýlelikde, halklar Ýehowanyň kimdigini bilmeli bolarlar (Ezekiýel 38:23-i okaň, TD)d. Bu wakalar haçan başlarka?

BAŞGA DÜNÝÄ ŞALYGY BOLMAZ

13. Biz Daniýeliň aýdan heýkeliniň bäşinji bölegi barada nämeler bilýäris?

13 Biz Daniýel kitabynda ýazylan pygamberlikden nähili döwürde ýaşaýandygymyzy bilýäris. Daniýel dürli metaldan ybarat heýkel barada gürrüň berýär (Dan. 2:28, 31—33). Ol Hudaýyň halkyna öňler we häzir güýçli täsir eden dünýä şalyklaryny aňladýar. Olar Babyl, Midiýa-Pars, Gresiýa we Rim. Soňky dünýä şalygy bolsa biziň günlerimizde-de bar. Daniýeliň pygamberliginden bilşimiz ýaly, heýkeliň dabany we barmaklary hem soňky dünýä şalygyny aňladýar. Birinji Jahan urşunda Britaniýa we ABŞ ýakyndan hyzmatdaşlyk edip başladylar. Şeýlelikde, Daniýel kitabyndaky heýkeliň bäşinji bölegi Iňlis-amerikan dünýä şalygyny aňladýar. Daban — heýkeliň soňky bölegi. Diýmek, indi başga dünýä şalygy bolmaz. Heýkeliň dabany we barmaklary toýun gatyşykly demirden ýasalypdyr. Bu Iňlis-amerikan dünýä şalygynyň gowşak ýagdaýyny görkezýär.

14. Armageddon urşy haýsy dünýä şalygy höküm sürýän mahaly başlar?

14 Şol pygamberlikde Hudaýyň Patyşalygy dagdan gopup gaýdan uly daş bilen deňeşdirilýär. Dag — Ýehowanyň hökümdarlygyny aňladýar. Ol daş tizden heýkeliň dabanyna urar. Armageddonda heýkeliň özi-de, dabany-da çym-pytrak bolar (Daniýel 2:44, 45-nji aýatlary okaň)e. Şeýlelikde Armageddon urşy Iňlis-amerikan dünýä şalygy höküm sürýän mahaly başlar. Bu pygamberligiň ýerine ýetişini görmek nähili tolgundyryjy bolar!f Eýsem, Ýehowa Şeýtany näme ederkä?

HUDAÝYŇ ESASY DUŞMANYNA NÄME BOLAR?

15. Armageddon urşundan soňra Şeýtana we onuň jynlaryna näme bolar?

15 Öňürti Şeýtan ýer ýüzündäki ähli ýaranlarynyň ýok edilişini görer. Soňra bolsa Şeýtanyň daşyna geçiler. Ýahýa resul oňa näme boljagyny gürrüň berýär (Ylham 20:1—3-nji aýatlary okaň). «Dowzahyň açary» elinde bolan perişde, ýagny Isa Mesih Şeýtany we onuň jynlaryny tutup, «dowzaha» zyňar we müň ýyllyk baglar (Luka 8:30, 31; 1 Ýahýa 3:8). Bu ýylanyň kellesini owratmak üçin ilkinji ädim bolarg (Gel. çyk. 3:15).

16. Şeýtanyň «dowzahda» bolmagy näme aňladar?

16 Şeýtanyň we jynlaryň zyňyljak «dowzahy» näme aňladýarka? Ylham kitabynda «dowzah» diýip terjime edilen «awisos» diýen grek sözi «çäksiz ýa düýpsüz çuňluk» diýmegi aňladýar. Bu sözi «örän çuň, çägi ýok» we «düýbi görünmeýän çukur» diýip-de terjime edip bolýar. Ol ýere hiç kim baryp bilmeýär. Düýpsüz çuňlukdan Şeýtany we onuň jynlaryny diňe Ýehowa we Isa Mesih boşadyp biler. Ýöne Şeýtan «ikilenç milletleri azdyrmaz» ýaly, şol ýerde hereketsiz ýagdaýda saklanar. Ahyry «arlaýjy arslanyň» sesi kesiler! (1 Pet. 5:8).

PARAHAT DÖWRE ELTJEK WAKALAR

17, 18. a) Şu makalada ýerine ýetmeli nähili wakalar barada gürrüň etdik? b) Şol wakalardan soňra nähili durmuş başlar?

17 Tizden görlüp-eşidilmedik hem wajyp wakalar bolar. Biz «Her zat parahatlyk, aman» diýilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Soňra Beýik Babylyň ýykylyşyny, Magok ýurdundaky Goguň (Äjit-mäjidiň) Hudaýyň halkyna topulyşyny, Armageddon urşuny hem-de Şeýtanyň we jynlaryň düýpsüz çuňluga zyňylyşyny göreris. Ähli erbetlik ýok edilenden soňra, biz täze durmuşa başlarys. Hawa, biz Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda «bol parahatlykda hezil ederis» (Zeb. 37:10, 11).

18 Biz şu makalada bäş waka barada gürrüň etdik. Ýöne mesihçiler başga-da «görünmeýän zatlara» seretmeli. Şol wakalara indiki makalada üns bereris.

a 1 Selanikliler 5:2 (TD). Sebäbi siz Ýehowanyň gününiň ogrynyň gije gelişi kimin geljegini oňat bilýänsiňiz.

b «Ylham — onuň beýik derejesi ýakyndyr!» (rus.) kitabyň 251—258-nji sahypalaryna serediň.

c Ezekiýel 38:16 Sen ýer ýüzüni gaplaýan bulut kimin halkym Ysraýylyň üstüne hüjüm edersiň. Eý, Gog, (Äjit-mäjit) geljekde Men seni Öz ýurdumyň üstüne ibererin, şonda milletlere seniň üstüň bilen mukaddesligimi görkezenimde, olar Meni tanasynlar.

d Ezekiýel 38:23 Men beýgelerin we mukaddes bolaryn, köp halklara özümi tanadaryn, olar meniň Ýehowadygymy bilerler.

e Daniýel 2:44 Şol patyşalaryň döwründe gökdäki Hudaý hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar. 45 Seniň özüňiň görşüň ýaly, adam eli degmezden dagdan gopan daş demri, bürünji, toýny, kümşi we altyny çym-pytrak etdi. Beýik Hudaý mundan soň nämeleriň boljagyny patyşa aýan etdi. Bu düýş dogrudyr we onuň ýorgudy-da hakykatdyr!

f Daniýel 2:44-däki «patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar» diýen sözler heýkeli düzýän patyşalyklary, ýagny dünýä şalyklaryny aňladýar. Emma Ylhamdaky pygamberlikde «Hudaýyň uly gününde» «bütin dünýäniň patyşalary» Ýehowa garşy çykjakdygy aýdylýar (Ylh. 16:14; 19:19—21). Diýmek, Armageddonda diňe bir heýkeli düzýän patyşalyklar däl-de, dünýäniň ähli patyşalyklary ýok ediler.

g Müňýyllygyň soňunda Şeýtan we onuň jynlary «ot, kükürt kölüne» zyňlanda, ýylanyň kellesi gutarnykly owradylar (Ylh. 20:7—10; Mat. 25:41).

BÄŞ WAKA ÝERINE ÝETMELI:

  1. «Her zat parahatlyk, aman» diýip yglan ediler

  2. Halklar «Beýik Babyla» topulyp, ony ýok eder

  3. Ýehowanyň halkyna topularlar

  4. Armageddon urşy

  5. Şeýtan we onuň jynlary düýpsüz çuňluga zyňlar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş