HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | IŞAÝA 11—16
Ýer ýüzi Ýehowa baradaky bilimden dolar
Şu pygamberlik ysraýyllylarda nädip ýerine ýetdi?
Ysraýyllylar Wawilon ýesirliginden öýlerine dolananda ýolda-da, dikeldilen ýurtda-da ýyrtyjy haýwanlardan ýa-da özüni ýyrtyjy haýwan ýaly alyp barýan zalym adamlardan gorkmaly däldiler (Ez 8:21, 22).
Şu pygamberlik biziň günlerimizde nädip ýerine ýetýär?
Ýehowa baradaky bilim adama häsiýetlerini özgertmäge kömek edýär. Öň rehimsiz bolan adam hem mähirli bolýar. Hudaý baradaky bilim bütin dünýäde «ruhy jenneti» döredýär.
Şu pygamberlik gelejekde nädip ýerine ýeter?
Hudaýyň niýetine görä, bütin ýer ýüzi jennete öwrüler we adamlar parahatlykda ýaşar. Şonda adamlara-da, haýwanlara-da hiç hili howp abanmaz.