«Durmuş we wagyz. Okuw depderi» üçin gollanma
ÝANWAR 2—8
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | IŞAÝA 24—28
«Ýehowa gullukçylarynyň aladasyny edýär»
ip-1 sah. 272, abz. 5
Ýehowa elini ýokary galdyrýar
5 Ýehowanyň duşmanlary ýok ediler, emma Hudaýa gulluk etmek isleýän pesgöwünli adamlar Onuň penasynda bolar. Dini hem-de syýasy duşmanlar bizi hakyky seždeden dändirjek bolup elinde baryny etmegi mümkin, emma olaryň maksady amala aşmaz. Sebäbi pesgöwünli adamlar doly Ýehowa bil baglaýar. Bulut kölegesi bilen yssynyň güýji gaçyşy ýaly, ýa-da tupany berk diwaryň saklaýşy ýaly, Ýehowa hemişe öz duşmanlaryny aňsatlyk bilen köşeşdirýär (Işaýa 25:4, 5-nji aýatlary okaň).
ip-1 sah. 273—274, abz. 8—9
Ýehowa elini belende galdyrýar
8 Ýehowanyň gurnaýan ruhy toýuna häzir kim gatnaşýan bolsa, olara ajaýyp gelejek garaşýar. Geliň, Işaýanyň indiki sözlerine üns bereliň. Kapas «örtgi» bilen deňeşirilýän günä we ölüm barada ol şeýle diýýär: «Bütün halklary örten örtügi, ähli milletleriň üstündäki ýapynjany bu dagdan ýok eder (Ýehowa). Ölümi ebedilik ýuwdar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb» (Işaýa 25:7, 8a).
9 Hawa, günä we ölüm indi bolmaz! (Ylham 21:3, 4). Mundan başga-da Ýehowanyň gullukçylarynyň müňlerçe ýyllap ýalan töhmet bilen yzarlanmagynyň soňy geler. «Halkynyň utanjyny bütin ýer ýüzünden aýrar Ol, muny Reb aýdýandyr» (Işaýa 25:8b). Ol muny nädip eder? Ýehowa yzarlamalaryň esasy sebäpkäri bolan Şeýtany we onuň neslini ýok eder (Ylham 20:1—3). Şonuň üçin Ýehowanyň halkynyň höwes bilen aýtjak indiki sözleri geň galdyrmaz: «Ine, Hudaýymyz budur, biz Oňa umyt bagladyk, Ol bizi halas etdi. Biziň umyt baglan Rebbimiz Ýehowa budur; halas bolanymyz üçin begeneliň, şatlanalyň!» (Işaýa 25:9).
ÝANWAR 9—15
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | IŞAÝA 29—33
«Patyşa dogrulyk bilen şalyk eder»
ip-1 sah. 332—334, abz. 7—11
Patyşa we onuň serdarlary
7 «Dünýäniň soňunyň» hasratly wagty barada pygamberlik edip, Isa: «Seresap boluň, howsala düşäýmäň» diýdi (Matta 24:3—8). Näme üçin Isanyň şägirtleri şu günler dünýädäki elhenç şertlerden gorkmaýarlar? Onuň bir sebäbi mesh edilenlerden we «başga goýunlardan» ybarat bolan «serdarlar» sürüni wepaly goraýarlar (Ýahýa 10:16). Olar hatda elhenç betbagtçylyk, milletara dawalar, genosid döwründe hem batyrgaýlyk bilen öz imandaşlarynyň aladasyny edýärler. Ruhy tarapdan garyp dünýäde ýaşasalaram, olar Hudaýyň Sözi bolan Mukaddes Ýazgylardaky abatlaýjy hakykat arkaly göwnüçökgünlere şypa berýärler.
8 Geçen 50 ýylyň dowamynda «serdarlaryň» kimdigi örän aýdyň boldy. Başga goýunlara degişli bolan «serdarlara» agyr muşakgatdan soňra «täze ýerde» dolandyrmak bilen bagly borçlarda gulluk etmäge taýýar bolar ýaly, olara «serdar» topary höküminde tälim berilýär (Ezekiýel 44:2, 3; 2 Petrus 3:13). Olar Patyşalyk işleriniň ilerlemegi üçin wagyzda ýolbaşçylygy öz üstlerine alýarlar we «uly gaýanyň kölegesi dek» dynçlyk berip, ruhy öwütleri berip, Hudaýa sežde etmekde sürä örän gowy kömek edýärler.
ip-1 sah. 334, 335, abz. 10, 11
Patyşa we onuň serdarlary
Gözüňiz, gulagyňyz we ýüregiňiz bilen üns beriň
10 Ýehowanyň ýola goýan tertip düzgünlerine uly märeke nähili garaýar? Pygamberlikde şeýle diýilýär: «Görýänleriň gözleri ýumulmaz, eşidýänler-de gulak goýarlar» (Işaýa 32:3). Ýehowa gullukçylaryny örän gymmat saýýar we olaryň gerekli öwütleri almagy, ruhy taýdan kämilleşmegi üçin, birnäçe ýyldan bäri aladasyny edýär. Wagyz mekdebi we Ýehowanyň Şaýatlarynyň geçirýän beýleki duşuşyklary, etrap, welaýat, halkara kongresleri, şeýle hem sürüni söýgi bilen bakar ýaly «serdarlaryň» ýörite taýýarlanmagy — bularyň bary millionlarça adamlaryň bileleşip, bütindünýä doganlygyň döremegine goşant goşdy. Bu çopanlar ýer ýüzüniň haýsy künjeginde ýaşasalaram, hemme hakykata degişli girizilýän özgerişleri we has aýdyň açylýan hakykat sözlerini kabul etmäge hemişe olaryň gulaklary ünsli. Bu çopanlaryň ynsaby Mukaddes Ýazgylar esasynda terbiýelenen, şonuň üçin olar hemişe gulak asmaga we tabyn bolmaga taýýar (Zebur 24:10).
11 Pygamberligiň indiki sözlerinde şeýle duýduryş bar: «Akylsyzyň [«ýalňyşýanyň», TD] akyly goýalar, sakaw açyk-aýdyň geplär» (Işaýa 32:4). Geliň, nämäniň dogrudygyna we nämäniň nädogrudygyna howlugyp karara gelmäliň! Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Söz sözlemekde çalt adamy gördüňmi? Akylsyz üçin umyt onuňkydan köpdür» (Süleýmanyň tymsallary 29:20; Wagyz kitaby 5:1). 1919-njy ýyla çenli Ýehowanyň halky hem «Wawylonyň» öwretmeleri bilen hapalanypdy. Ýöne, şol ýyldan başlap, Ýehowa gullukçylaryna Öz niýetlerine has aýdyň düşünmäge kömek etdi. Hudaýyň gullukçylary Ýehowanyň howlukman, gowy oýlanyp, hakykaty açýandygyna düşündiler we olar häzir öz ynançlaryny «sakawlap», ýagny ýaýdanyp däl-de, ynam bilen aýdýarlar.
ÝANWAR 16—22
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | IŞAÝA 34—37
«Hizkiýanyň imany sylaglandy»
ip-1 sah. 386—388 abz. 7—14
Rabşaka öz delillerini getirýär
7 Sanherip şäheriň boýun synmagyny talap edip, Rabşakany (bu adamyň ady däl-de, harby dereje) we 2 sany başga-da emeldarlaryny Iýerusalime iberýär. Bu adamlary şäher diwarlarynyň daşynda Hizkiýanyň 3 wekili garşy alýar: köşk dolandyryjysy Elýakymy, kätip Şebna we Asafyň ogly, taryhçy Ýowa
8 Rabşakanyň maksady aýdyň: ol Iýerusalimiň ýaşaýjylaryny söweşsiz boýun synmaga yrjak bolýar. Ol ilkibada ýewreýçe gygyrýar: «Sen nämä bil baglaýarsyň? Menden bölünip aýrylyp, sen kime bil baglaýarsyň? Soňra Rabşak gorkan ýehudylaryň üstünden gülüp, olaryň ýalňyz galandyklaryny ýatladýar. Olar kömek sorap, kime ýüz tutýar? Bu «synan gamyş» Müsüremi? Häzir Müsür hakykatdan-da döwlen gamyşa meňzeyär. Öňler kuwwatly bu döwlet birnäçe wagtdan bäri Hebeşistanyň gol astynda, häzirki Müsüri dolandyrýan faraon patyşa Tirhaka hem müsürli däl-de hebişli. Oňa bolsa tizden Assiriýa zarba urar (2 Pat. 19:8, 9). Eger Müsür özüni halas edip bilmeýän bolsa, ol nädip Ýahuda kömek eder?
9 Soňra Rabşak Yehowa öz halkynyň tarapynda durup, söweşmez diýip nygtyýar, çünki ol olardan närazy. Rabşak şeyle diýýär: Eger sen maňa: «Biz Hudaýymyz Rebbe bil baglaýarys diýseň, onda Hizkiýa Hudaýyň sežde edilýän ýerlerini, gurbanlyk sypalaryny ýok etmedimi näme? Ol Ýahuda we Iýerusalime: Siz diňe şu gurbanlyk sypasynyň öňünde sežde ediň diýmedimi näme?» (Işaýa 36:7). Ýöne bu asla beýle däl. Ýurtdan belentlikleri we gurbanlyk synalaryny aýryp, halk Yehowany inkär etmedi, gaytam oňa tarap öwrüldi.
10 Mundan soň Rabşak yehudalara harby nukdaý nazardan olaryň assiriýalylara garanda has gowşakdygyny ýatladýar. Rabşak aýdýar (Işaýa 36:8). Ýöne Ýahudanyň öwredilen atlylarynyň sanynyň köpligi ýa azlygy bir zady üytgedýärmika? Yok, çünki Ýahudanyň halas bolmagy onuň harby güýjüne bagly däl. Sul.tym 21:31 şeyle diýilýär: «Aty söweş üçin taýynlaýandyrlar, ýöne ýeňiş Rebdendir». Soňra Rabşak Yehowa ýehudylary däl-de, assiriýalalary patalaýar diýip aydýar (Işaýa 36:9, 10).
11 Hizkiýanyň wekilleri Rabşakayň getirýän delilleri şäheriň diwarlarynyň üstünde olary diňläp duran adamlara täsir eder öýdüp aladalanýarlar. Şonuň üçin olar «öz gullaryň b-n arameyçe gürleş biz düşünýaris, diwaryň üstündäki adamlar düşünmez ýaly, yehudy dilinde gürleme diýip yýalbarýar. Ýöne Rabşak arameýçe gürlärli däl. Yehudalar boýun synap, Iyerusalimi söweşsiz eýelär yaly, ol olaryň ýüreginde gorky hem şübhe döretjek bolýar. Şeýlelikde, bu assiriýaly ene-de ýehudalaryň dilinde gürleýär. Ol Iýerusalimiň ýaşaýjylaryna Hizkiýa özüňizi aldatmaň, ol sizi halas edip bolmaz diýýär. Mundan soň ol özüni diňläp duran yehudylara Assiriýanyň gol astynda nähili ýaşap biljekdiklerini aýdyp, öz tarapyna çekjek bolýar (Işaýa 36:13—17).
12 Bu ýyl ýehudylara orak döwri meýdanda ýygnamaga hiç zat ýok: assiriýalylaryň çözup girmegi sebäpli, olar hiç zat ekip bilmediler. Diwaryň üstünde Rabşakay diňleýänler ü-n ter üzüm iýip, dury suw içip boljagy özüne çekiji bolmagy mümkindi. Bu bolsa ýehudylary ikirjiňlendirmek Rabşakayň eden entek soňky synagy däl-di.
13 Rabşakda taýar deliller kän, ine ol olaryň ýene birini orta aýdýar. Ol ýehudylara eger Hezkiýa «Yehowa bizi halas eder» diýse oňa ynanmazlygaçagyrýar. Samariýanyň taňrylarynyň on taýpany assiriýalylardan halas edip bilmändigini Rabşak ýehudylara ýatladýar. Assiriýanyň basyp alan başga halklarynyň hudaýlary barada näme diýse bolar? Rabşak: «Haýsy milletleriň hudaýlary öz ýurduny Aşur patyşasynyň elinden halas edipdir?» diýýär. Ol sözümi dowam edip: «Hamadyň, Arpadyň hudaýlary nirede? Separwaýymyň hudaýlary nirede? Samarýanyň hudaýlary olary meniň elimden halas etdilermi? (Işaýa 36:18—20).
14 Elbetde ýalan taňrylara sezde edýän Rabşak dönük Samariýa bilen Hiskiýanyň dolandyrýan Iýerusalimiň arasynda uly tapawut bardygyna düşünmeýär. Samariýanyň ýalan taňrylary on taýpaly patyşalygy hals ederden ejiz gelýärdi. (4 Pat. 17:7, 17). Iýerusalim bolsa ýalan taňrylary Reb edip, yene-de Yehowa gulluk edip başladylar. Emma Ýahudanyň wekilleri, bu zatlary Rabşakaa düşündirjek bolup durmaýarlar. «Olar seslerini çykarman durdular, bir agyz söz hem gaýtarmadylar, çünki patyşadan «gaýtargy bermäň» diýen buýruk bardy» (Işaýa 36:21). Yeliakim, Şebna, Ýowa Hizkiýanyň ýanyna gaýdyp baryp oňa Rabşakayň aýdanlaryny habar berýärler (Işaýa 36:22).
ip-1 sah. 389—391, abz. 15—17
Hizkiýa belli karara gelýär
15 Indi Hizkiýa patyşa karara gelmek gerek. Iýerusalim Assiriýalylara boýun bolarmyka? Müsür bilen güýç birikdirermi, yada, sarsman söweşer? Hizkiýanyň boýnunda agyr jogapkärçilik dur. Ol Yehowanyň öýüne barýar. Elýakymy we Şebnany bolsa birnäçe ruhanylar bilen Yehowadan görkezme soramak üçin Işaýa pygamberiň ýanyna iberýär. Patyşanyň jul geýnen wekilleri Işaýanyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýýärler: Şu gün biz hasrat, jeza we ryswalyk astyndadyrys; biziň ýagdaýymyz kuwwaty bolmadyk göwreli aýalyň çaga dogurýan bolşy ýalydyr. 4 Diri Hudaýy masgaralamak üçin jenaby Aşur patyşasynyň iberen baş weziriniň bar sözlerini, belki, Hudaýyň Reb eşidendir; Hudaýyň Reb şol sözleri üçin olary jezalandyrar (Işaýa 37:3—5). Hawa Assiriýalylar Yehowanyň garşysyna galdylar! Ýehowa olaryň ýansylamasyna üns berermika? Işaýanyň üsti bilen ol ýehudylary şeýle sözler bilen berkidýär: «Aşur patyşasynyň hyzmatkärleriniň Meni kemsidip aýdan sözlerini eşideniň üçin olardan gorkma. 7 Men onuň içine bir ruh ibererin, welin, ol bir habar eşidip, öz ýurduna dolanar. Men ony öz ýurdunda gylyç bilen öldürderin» (Işaýa 37:6, 7).
16 Şol wagt Liwna bilen söweşýän Sanherip Rabşakay yzyna çagyrýär. Sanherip Iýerusalim bilen soň çözlüşer (Iş.37:8). Sennahrim oňa eger boýun bolmasalar näme boljakdygyny beýan edip, gorkuzmak üçin hat ýollaýar. Ol hatynda şeýle diýýär: «Aşur patyşasynyň ähli ýurtlary bütinleý ýok edip, halklaryň başyna nä günleri getirendigini eşidensiň. Indi siz halas edilermikäňiz? Ata-babalarymyň derbi-dagyn eden milletlerini — Gozany, Harany, Resepi we Telasarda bolan Eden halkyny öz hudaýlary ata-babalaryňyň elinden halas etdimi?» (Işaýa 37:9—13) Aslynda, Assiriýanyň patyşasy garşylyk görkezmek biderek, gaýtam ol has köp betbagçylyk getirer dijek bolýar!
17 Öz geljek kararynyň nähili netije berjegi barada uly alada galyp, Hizkiýanyň ybadathanada Sanheripiň hatyny Ýehowanyň öňünde açyp goýýar. (Işaýa 37:14). Gyzgyn dogada Ýehowa ýüzlenip, Hizkiýa assiriýalylaryň haýbatyna onuň üns bermegini soraýar we dogasyny şeyle sözler bilen tamamlaýar: «Indi, eý, Hudaýymyz Reb, bizi Aşur patyşasynyň elinden halas et. Ýa Reb, goý, bütin dünýäniň ähli patyşalyklary Seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy bilsinler» (Işaýa 37:15—20). Bu sözlerden Hizkiýany bar zatdan beter öz gutulyşy däl-de, Assiriýa Iýerusalimi basyp alaýsa, Ýehowanyň adynyň nähili masgaralanjakdygy biynjalyk edýändigi aýdyp görünýär.
ip-1 sah. 391—394, abz. 18—22
18 Hizkiýanyň dogasyna Ýehowa Işaýa pygamberiň üsti bilen jogap berýär. Iýerusalim Assiriýa boýun egmeli däl. Ol sarsman durmaly. Sanheripe ýüzleýän ýaly edip, Işaýa batyrgaýlyk bilen bu assiriýala Ýehowanyň habaryny ýetirýär. Soňra Ýehowa sözüniň üstüne goşup, şeýle diýýär: Siýon boý gyzy ýigrenç bilen seni kemsidýär, Iýerusalim gyzy seniň üstüňden gülýär. Sen kimi masgaralap, kime dil ýetirdiň? (Işaýa 37:21, 22) Ýehowa sözüni dowam edip, oňa aýdan sözleriniň manysy şeýleräk: «Ysraýylyň Mukaddesini masgaralar ýaly sen kim bolupsyň? Men seniň edýän işleriňi bilýän. Sen gaty şöhratparaz we öwünjeň. Sen öz harby güýjiňe bil baglaýarsyň we köp ýurtlary basyp aldyň. Men seniň niýetleriňi puja çykararyn. Seni boýum egdirerin. Sen başgalara näme eden bolsaň, saňa-da şeýle ederin. Agyzzyrygymy agzyňa dakyp, seni gelen ýoluň bilen yzyňa ugradaryn» (Işaýa 37:23—29).
19 Işaýanyň pygamberliginiň ýerine etjekdigine Hizkiýa näme üçin ynamly bolup biler? Ýehowanyň özi şeýle jogap berýär: «Şu ýyl we geljek ýyl siz özi biten zady iýersiňiz, üçünji ýyl bolsa özüňiz ekip, hasylyny orup alyň we üzüm baglaryny oturdyň-da, şolaryň miwelerini iýiň» (Işaýa 37:30). Ýehowa duzaga düşen yehudylara iýmit bilen üpjin eder, Assiriýanyň çözüp girmegi sebäpli ýehudylar däne ekip bilmeseler-de, olar geçen ýylyň oragyndan galan galla bilen iýmitlenerler. Indiki ýyl, ýagny, sabat ýyly olar kyn ýagdaýa garamazdan, öz ekin meýdanlaryny şüdügär edip goýmalydylar (Müs. çyk. 23:11). Eger halk Ýehowa gulak assa iýmitlenmek üçin meýdanda ýeterlik galla boljagyny ol wada berýärdi. Şunlukda, soňky ýyl olar adaty ekişleri ýaly ekip, öz zähmetleriniň hözirini görerdiler.
20 Onsoň Ýehowa öz hakyny goparnmasy kyn ösümlige meňzedýar. Ol şeýle diýýär: «Ýahuda nesillerinden gutulup aman galanlar ýene-de aşakda kök urup, ýokarda miwe bererler» (Işaýa 37:31, 32). Hawa, Ýehowa bil baglaýanlara gorkara zat ýok. Olar we olaryň nesilleri bu ýerde berk mesgen tutarlar.
21 Assiriýanyň patyşasynyň atýan haýbaty başa bararmyka? Ýehowa: «Ol bu şähere girmez, ok atmaz, bu şäheriň garşysyna galkanly çykmaz we şäheriň diwaryna ýaplap gum depesini dikeltmez. 34 Ol gelen ýoly bilen yzyna gaýdar, ýöne bu şähere girmez» diýýär (Işaýa 37:33, 34). Assiriýa bilen Iýerusalimiň arasynda asla söweş bolmaz. Geň galaýmaly ýehudylar däl-de,assiriýalylar söweşsiz ýeňlerler.
22 Öz sözüniň eýesi Ýehowa Sennaherimiň saýlama goşunynyň üstüne perişdesini iberýär, ol bolsa bir gijede 185 000 adamy gyrýär. Bu Liwnada bolup geçen bolmaly. Sennaherim irden turup görse, onuň ähli goşunbaşylary we güýçli esgerleri öli ýatyrlar. Sennaherim utanja galyp Ninewiýa gaýdyp barýar ýöne, goşuny doly derbi-dagyn edilse-de, ol öz ýalan taňrysyna Nisroha wepaly galýär. Birnäçe ýyl geçen soň Sennaherim ybadathanada Nisroha sejde edip duran wagty, onuň iki ogly ony öldürýärler. Bu gezegem Nisroh öz gullukçysyny halas edip bilmeýär (Işaýa 37:35—38).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Hudaýdan gorkuda mukaddesligi gazan
Ol ýerden «mukaddeslik ýoly» geçer
Ýehowa öz hakynyň Wawilon esirliginden watanyna dolanjagyny halkynyň öňünden aýdypdy. Dikeldişi baradaky pygamberlikde şeýle diýilýärdi : «Ol ýerden şa ýoly geçer, we oňa Mukkadeslik ýoly diýiler» (Işaýa 35:8a) Bu sözlerden görnüşi ýaly, Ýehowa ýehudylara yzlaryna dolanmaga diňe bir ýol açman, eýsem bu ýolyň bütin dowamynda gorajakdygyny hem wada berdi.
Hudaýdan gorkuda mukaddesligi gazan
«Haram adam bu ýoldan ýöremez»
B. e. öň 537-nji ýylda öz watanyna dolanyp gelýän ýehudylardan bir wajyp zat talap edilýärdi. Bu Mukaddes ýolundan ýöremäge mynasyp bolanlar barada Işaýa 35:8b-de şeýle diýilýär: «Bu ýoldan haram adam ýöremez. Ol diňe şu ýola eýerýänler üçindir, akmaklar bu ýola azaşyp hem düşmezler». Ýehudylar Iýerusalime arassa sejdäni dikeltmäge dolanýandyklary üçin, betnebis maksatlaryny öňe goýan, mukaddes zadyň gadyryny bilmeýän, ýada ruhy taýdan hapa adamlar bu Mukaddes yolundan ýöräp bilmezler. Bu ýehudylar Ýehowanyň ýokary ahlak kadalaryna eýermelidi. Şu günlerem Hudaýyň nazarynda päk galmak isleýänlerden şol talap edilýär. Olar Hudaýdan gorky içinde Mukaddeslige ilerlemeli (2 Kor. 7:1) Şonuň üçün biz nämelerden gaça durmaly?
ÝANWAR 23—29
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | IŞAÝA 38—42
«Ýehowa ejizleri kuwwatlandyrýar»
ip-1 sah. 413 abz. 27
“Halkyma teselli”
27 Işaýa öz watanyndan ýüzlerçe kilometr uzaklykda ýaşaýan Wawilon ýesirligindäki Ýehudylaryň duýgularyny beýän edýan Ýehowanysözlerini ýazýär. Käbirleri Hudaý olaryň ýollaryny- agyr durmuşyny-görmeýär ya-da bilmeýar diýip, pikir edýärler. Olara adalatsyzlyk edilýänine ýehowa biperwaý garaýan ýaly bolup görünýär. Işaýanyň sözleri olara öz başlaryndan geçirmeseler-de, nesilme-nesil, dilden-dile geçýän gürrüňlerden näme bilmeldigini ýatladýär. Ýehowanyň öz halkyny halas etmäge güyji-de, islegi-de bar. Ol baky Hudaý we ýeri-gögi Ýaradan. Diýmek, häzirem edil ýaradýan wagtyndaky ýaly güýji bar hatda kuwwatly Wawilon hem onuň gol astynda. Şeýle Hudý hiç haçan ýadamaz, öz halkyny taşlamaz. Olar Ýehowanyn ähli işlerine doly akyl ýetireris öýtmeli däl-di, çünki onuň akylly-onuň düşünjesi, paýhasy, ýiti pähim-paýhasy göz ýetirerden has ýokary ahyryn.
ip-1 sah. 413—415, abz. 29—31
«Halkyma teselli beriň»
29 Ýadan adama güýç bererin diýmek bilen, mümkin Ýehowa öýlerine dolanmak üçin ýesir ýehudylaryn bu agyr syýahat wagty näme etmelidiklerini göz oňünde tutandyr. Ejizlere goldaw bermek onuň endiginde bardagyny Ýehowa öz halkyna ýatladýar, çünki olar şol goldawa gaty matäj. Hatda has güýçliler hem yaşlar-da, goç ýigitler-de ýadaýarlar, ysgyndan gajyp ýykylýarlar. Emma Ýehowa özune bil baglaýanlara ýadaman ylgamaga we ýüwürmäge güýç berjekdigine ynandyrýär. Öz gullukçylaryny Ýehowanyň nähili kuwwatlandyrjagy bürgüdiň mysaly bilen düşündirilýär. Bürgüt - öran kuwwatly guş, ol göräýmäge kän bir güýç sarp etmän, asmanda birnäçe sagatlap ganat ýaýyp uçup bilýär. Hudaýyn goldagyna şeýyle umydy bilen ýesir-ýehudylara gorkara zat ýok.
30 Zalym dünýäniň soňky günlerinde ýaşaýan hakyky mesihler wçin Işaýanyň kitabynyň 40 babynyň soňky aýatlarynda teselli sözler bar. Biziň durmuşymyz şeýle bir dartgynly we agyr welin, käwagt biz halys bolup, özümizde sustupeslik duýýarys. Biziň başymyzdan geçýän kynçylyklar we duş gelýän adalatsyzlyklar Hudaýymyzyň nazaryndan sypmaýandygy gör nähili teselli berýär! Biz «akyldarlygyna gözýetmez Ýaradyjymyzyň öz wagtynda we isleýşine görä hemme zady düzetjekdigine ynamly bolup bileris (Zebur 146:5, 6). Oňa çenli bolsa bize bar zady öz güýjimiz bilen düzetjek bolmak gerekdäl. Tükeniksiz güýç-kuwwatly Ýehowa synaglara duş gelende, öz gullukçylaryna «artykamç güýç berer» (2 Korinfliler 4:7).
31 B.er. öňki 6 asyrda Wawilom ýesirliginde ýaşan ýehudylar barada pikir edip görüň. Olardan 100km uzakda Iýerusalim weýran bolup ýatyr. Onuň ybadathanasy harabalyga öwürlipdir. Bu ýesirler Işaýanyn pygamberliginden Ýehowanyň olary öz watanyna gaýtaryp getirjegi barada ýagty umyt berýän wadasyny tapyp bildiler. Öz wadalaryny hemişe ýerine ýetirýändigini subut edip, b. e. öň. 537 ýylda Ýehowa öz halkyny öýlerine gaýdyp getirdi. Bizem Ýehowa doly ynamly bolup bileris. Bu hakykatdan-da hoş habar-bütün adam zat üçin nur saçýan şatlykly habardyr!
w03 7/1 sah. 17, abz. 17
«Hudaý söýgidir»
17 Ölüm howply keselinden gutulan soň, Hizkiýa täsirli minnetdarlyk aýdymynda Ýehowa ýüzlenip şeýle diýýär: «Sen...meniň ähli günälerimi arkaňa atdyň» (Işaýa 38:17). Göçme manyda Ýehowa towa edýän günäkäriň günälerini alyp, olary mundan buýana görip, bellige almazlyk üçin arkasyna zyňyp göýberýär. Başga bir terjimede bu pikir şeýle beýýän edilýär: «Sen meniň günalerimi asla bolmadyk ýaky etdiň». Eýsem, bu teselli bermeýärmi näme?
ÝANWAR 30—FEWRAL 5
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | IŞAÝA 43—46
«Ýehowanyň aýdan her bir sözi ýerine ýetýär»
ip-2 sah. 71, 72, abz. 22—23
22 Özünden tapyp welilik edýän ýalan pygamberler adatça kesgitli zatlary aýtmaga çekinýärler, çünki, wagt olaryň ýalanyny ýüze çykarýar. Ýehowa bolsa, Işaýanyň üsti bilen pygamberlik edip, ýehudylary watanyna dolap, Iýerusalimi we ybadathanany dikeldip biler ýaly, olary ýesirlikden azat etjek adamyň adyny-da aýdýar. Bu adamyň ady — Kir. Taryhda ol Pars patyşasy Kir diýip tanalýar. Onsoňam, Ýehowa Wawilonyň kuwwatly we oýlanyşykly gurlan berk gorag ulgamyny Kiriň nädip ýeňip biljekdiginiň käbir jikme - jikliklerini aýdýar. Şäher beýik diwarlar we onuň içinden - daşyndan geçýän kanallar bilen goralýar. Kir bu gorag ulgamynyň esasy bölegini — Ýefrat derýasyny ulanýar. Gadymy taryhçylar Gerodotyň we Ksenofondyň aýtmaklaryna görä, Kir Ýefratyň Wawilondan ýokarrakda ýerleşýän akymyny sowup, derýanyň suwuny şeýle bir peseldipdirler, hatda onuň esgerleri derýanyň pes ýerinden pyýada ýöräp geçipdirler. Wawilony gorap bilmänligi üçin, Ýefrat derýasyna hakykatdan-da, gurady diýseň bolýardy.
23 Hudaýyň halkyny göýberip, Iýerusalimi we ybadathanany gaýtadan dikeltmek baradaky Kiriň beren wadasyna näme bolduka? Bu barada Kiriň özi aýdýar; onuň resmi beýannamasynyň sözleri Mukaddes Ýazgylara girizilipdir: «Pars patyşasy Kir (Kureş) şeýle diýýär: «Gökdäki Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi. Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, goý, Hudaýy onuň bilen bolsun. Olar Ýahudanyň Iýerusalim şäherine gitsin-de, Ysraýyl Hudaýy Rebbe — Iýerusalimdäki Hudaýa ybadathana gursun» (Ezra 1:2, 3). Ýehowanyň Işaýa arkaly aýdan sözleriniň ählisi berjaý boldy.
ip-2 sah. 77, 78, abz. 4—6
Ýehowa — «adalatly hem halas ediji Hudaýdyr»
4 Ýehowa Işaýa arkaly Kire edil ol bar ýaly edip ýüzlenýär, ýogsa, Işaýanyň döwründe Kir entek dogulmandy (Rimliler 4:17). Ýehowa Kire jogapkärli ýumuşy berjaý etmegi tabşyrany üçin, Kir Hudaýyň bellän «mesihi» diýse bolar. Hudaý tarapyn hereket edip, Kir halklary boýun egdirer, olaryň patyşalaryny gowşadyp, garşylyk görkezmäge ukypsyz edip goýar. Soňra, Kir Wawilona çozanda, Ýehowa şäher derwezeleriniň açyk galmagynyň aladasyny eder. Olar edil döwlen derwezeler ýaly, biderek bolarlar. Ol Kiriň öňünden ýöräp, onuň ýolundaky ähli päsgelçilikleri aýrar. Ahyrsoňynda, Kiriň goşuny şäheri eýelär we onuň garaňky ýerlerde gizlenip goýlan genji-hazynalaryny talar. Bu zatlary Işaýa öňünden aýdýar. Onuň sözleri ýerine ýetermikä?
5 B. e. öň 539-njy ýylda — Işaýanyň şu pygamberligi ýazanyna takmynan 200 - ýyl geçensoň, — Kir hakykatdan-da, şähere çozmak üçin Wawilonyň diwarlaryna golaýlaşýar (Ýermeýa 51:11, 12). Emma wawilonlylary bu asla gorkuzmaýar, çünki olar öz şäherini gaty berk hasaplaýarlar. Onuň kuwwatly diwarlary içi Ýefrat derýasynyň suwlary bilen doldurylan çuň ýaplarynyň üstüne haýbaty abanyp dur, bu şäheriň gorag ulgamynyň bir bölegini emele getirýär. Indi ýüz ýyldan gowurak wagt bäri hiç bir duşman goşunyna hüjüm edip, Wawilony basyp almak başartmandy. Wawilonyň hökümdary köşgünde özüni şeýle bir howpsuzlykda duýýar, hatda ol köşk emeldarlary bilen meýlis gurnaýar (Daniýel 5:1). Şol gije oktýabr aýynyň 5-den 6-syna geçilýän gün, Kir özüniň ýeser harby hüjümini amala aşyrdy.
ip-2 sah. 79, 80, abz. 8—10
Ýehowa — «adalatly hem halas ediji Hudaýdyr»
Ýehowa näme üçin Kire nazar salar?
8 Wawilony kimiň basyp aljakdygyny we munuň nähili bolup geçjekdigini gürrüň berip, Ýehowa Kire näme üçin ýeňiş berjekdiginiň bir sebäbini görkezýär. Kire pygamberlik bilen ýüzlenip, Ýehowa: «Adyňy tutup çagyran Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Mendigimi bilmegiň üçin» diýýär (Işaýa 45:3b). Mukaddes Ýazgylaryň taryhynda öz hökümini köp ýurtlara ýöreden döwletler agzalýar. Şolaryň dördünjisiniň hökümdarynyň öz uly ýeňşini öz güýji bilen däl-de, özünden has uly biriniň — Ýehowanyň goldawy bilen gazanandygyna düşünmegi akyla laýyk gelýär. Kir öz adyny tutup çagyrýanyň, ýagny, oňa ýumuş buýurýanyň Ysraýyl Hudaýy Ýehowadygyny boýun almalydy. Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, Kir hakykatdan-da, bu uly ýeňşi oňa Ýehowanyň berendigini boýun alýar.
9 Soňra Ýehowa Kire Wawilony basyp almaga mümkinçilik bermeginiň ikinji sebäbini görkezýär: «Sen meni tanamasaň-da, bendäm Ýakubyň, saýlanym Ysraýylyň hatyrasyna adyňy tutup çagyryp, hormat goýdum saňa» (Işaýa 45:4). Kiriň Wawilonyň üstünden ýeňiş gazanmagy bütin dünýäni sarsdyrýar. Bu ýeňiş diňe bir uly döwletiň synyp başga bir döwletiň beýgelmegini aňlatman, eýsem, geljekki nesilleriň taryhyna hem täsir edýär. Emma bolup geçýän wakalara howsala bilen syn edýän goňşy halklar bu zatlaryň barysynyň haýsydyr bir Wawilonda ýaşap ýören bary-ýogy birnäçe müňe ýetýän Ýakubyň nesilleri, «ýigrenilýän» ýehudylar üçindigini bilenlerinde gör nähili haýran galarlar. Emma Ýehowa üçin gadymy Ysraýyl halkynyň aman galan ogullary asla ýigrenji däl. Olar — Ýehowanyň gullukçylary. Olar onuň ähli halklaryň içinden «saýlanlary». Kir öň Ýehowany tanamasa-da, ol Kiri ýesirleri boşatmakdan boýun gaçyran şäheri syndyrmak üçin öz belläni höküminde ulanýar. Öz saýlan halkynyň ýat ýurtlarda mydamalyk ejir çekip ýaşamagy Hudaýyň niýetinde ýokdy.
10 Wawilony boýun egdirmek üçin Kiri ulanmagynyň Ýehowada ýene bir wajyp, 3-nji sebäbi bar. Ýehowa: «Men Ýehowa, başgasy ýokdur, Menden başga Hudaý ýokdur. Meni tanamasaň-da, saňa Men güýç bererin. Gündogardan günbatara deňeç Menden başgasynyň ýokdunyny bilsinler diýip, Men güýç bererin saňa» diýýär (Işaýa 45:5, 6). Hawa, dünýä hökümini ýöredýän Wawilonyň synmagy — seždä diňe Ýehowanyň mynasypdygyny subut edip, onuň Hudaýdygyny görkezýär. Hudaýyň halkynyň halas bolmagy bilen, gündogardan günbatara çenli köp milletler Ýalňyz Hak Hudaýyň Ýehowadygyny boýun alarlar (Malaky 1:11).
ip-2 sah. 60, abz. 24
«Siz meniň şaýatlarym»!
24 Emma, Hudaýyň Ysraýyly halas etmegi halkyň toba edeni üçin däldigini belläp geçmeli. Muny öz hatyrasy üçin edýär. Bu Onuň ady bilen baglanyşykly. Eger Ol Ysraýyly mydamalyk taşlasa, daşyndan syn edýänler Onuň adyna dil ýetirerdiler (Zebur 79:9. Ezekiýel 20:8—10). Edil şonuň ýaly, şu günler adamlaryň halas bolmagy Ýehowanyň adynyň Mukaddeslenmegi we Onuň hökümdarlygynyň aklanmagy bilen deňeşdireniňde, ikinji orna geçýär. Ýöne şonda-da, Ýehowa onuň düzedişlerine gürrüňsiz boýun bolýanlary we Oňa hakykatda hem ruhda sežde edýänleri söýýär. Hudaý bu adamlara — olar mesh edilen mesihçiler ýa-da başga goýunlar bolsun, tapawudy ýok —olaryň Isa Mesihiň töleg gurbanyna imanlary esasynda günälerinden saplap, öz söýgüsini görkezýär (Ýahýa 3:16; 4:23, 24).