Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Sen Hudaý bilen ýörärsiňmi?
    Garawul diňi — 2005 | 1 noýabr
    • 11. Ýeremiýa 6:16-a görä, Ýehowa halkyna nähili maslahat berdi, ýöne olar näme jogap berdiler?

      11 Biz Hudaýyň sözündäki maslahaty kabul edýärismi? Käwagtlar özümizi dogruçyl barlamaly. Saňa şu aýat kömek eder: «Ýehowa şeýle diýýär: «Ýollaryňyzda duruň-da, serediň, gadym ýollary soraň, ýagşy ýol nirede bolsa, şol boýunça ýöräň, şonda janyňyz aram tapar» (Ýeremiýa 6:16). Bu sözler bize syýahat edýän adamyň çatrykda durup, dogry ýoly soraýşyny ýatladýar. Ruhy manyda, Ýehowanyň pitneçi Ysraýyl halky hem şonuň ýaly etmelidi. Olar şol «gadym ýollara» dolanmalydylar. Bu ýol halkyň akmaklyk edip taşlan ýoly däl-de, wepaly ata-babalarynyň ýörän «ýagşy ýoludy». Gynansakda, Ysraýyl Ýehowanyň mähirli ýatlatmasyna kesirlik bilen jogap berdi. Aýat şeýle dowam edýär: «Emma olar: «Gitmeris» diýdiler». Ýöne şu günler Hudaýyň halky şeýle maslahaty kabul etdi.

      12, 13. a) Meshedilen mesihçiler Ýeremiýa 6:16-daky maslahata nädip eýerýärler? b) Biz şu günler ýöreýän ýolumyzy nädip barlap bileris?

      12 XIX asyryň ahyrynda meshedilen mesihçiler Ýeremiýa 6:16-daky maslahata eýerdiler. Şol topar «gadymy ýollara» bütin ýürekden dolanyp başladylar. Hristian dünýäsinden tapawutlykda, olar «sagdyn sözleriň nusgasyna» wepaly eýerdiler. «Sagdyn sözleriň nusgasyny» Isa Mesih beripdi hem-de onuň I asyrda ýaşan wepaly şägirtleri ony gaýym saklapdy (2 Timoteos 1:13). Şu günlere çenli meshedilenler bir-birine hem-de «başga goýunlara» hristian dünýäsiniiň terk eden sagdyn we bagtly ýolundan ýöremäge kömek edýärler (Ýahýa 10:16).

      13 Sadyk hem akylly hyzmatkär ruhy iýmiti wagtly-wagtynda berip, millionlarça adamlara «gadymy ýollary» tapmaga hem-de Hudaý bilen ýöremäge kömek edýär (Matta 24:45—47). Sen şol millionlarça adamlaryň arasyndamy? Şonuň üçin şol ýoldan daşlaşyp, öz ugruňa gitmez ýaly, näme etmeli? Käwagt saklanyp, durmuşdaky ýöreýän ýoluňy barlamak paýhasly bolar. Sen Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary okap hem-de meshedilen mesihçileriň şu günler taýýarlaýan ruhy çärelerine gatnaşyp, Hudaý bilen ýöremegi öwrenersiň. Sen pespällik bilen şolaryň maslahatlaryna eýerseň, hakykatdan-da, «gadymy ýollardan» Hudaý bilen ýörärsiň.

  • Sen Hudaý bilen ýörärsiňmi?
    Garawul diňi — 2005 | 1 noýabr
    • Aljak bereketlerimiz

      17. Ýehowanyň ýolunda ýöräp, janymyz nähili «aram» tapar?

      17 Ýehowa Hudaý bilen ýöreseň, durmuşda köp bereket alarsyň. Eger-de halky «ýagşy ýoly» gözlese, Ýehowanyň olara näme wada berenini ýatlalyň. Ol şeýle diýdi: «Şol boýunça ýöräň, şonda janyňyz aram tapar» (Ýeremiýa 6:16). «Aram» diýmek näme aňladýar? Keýpi-sapa we bolçulyk janyňa aram tapmaga kömek edip bilermi? Ýok. Ýehowanyň berýän gowy zatlaryny hatda baý adamlaryň hem ýek-tüki tapyp bilýär. Janyňa aram tapmak — kalbyňa rahatlyk tapmagy, şadyýan hem göwnühoş bolmagy hem-de ruhy zerurlyklaryňy kanagatlandyrmagy aňladýar. Janyň şeýle aram tapsa, onda saňa durmuşda gowy maksat goýmaga kömek edýär. Şu kyn dünýäde janyňa aram tapmak ajaýyp bereket!

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş