Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w05 1/11 sah. 21—25
  • Sen Hudaý bilen ýörärsiňmi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sen Hudaý bilen ýörärsiňmi?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaý bilen ýöremek näme aňladýar?
  • Näme üçin Hudaý bilen ýöremeli?
  • Biz nädip Hudaý bilen ýöräp bilýäris?
  • «Görünmezi görýän ýaly» ýöre
  • Aljak bereketlerimiz
  • «Iman arkaly ýaşaň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Hudaýyň ýolundan ýöre
    Ýehowa aýdym aýdalyň
  • Hudaý bilen ýöräň!
    Ýehowanyň şanyna aýdym aýdalyň
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
w05 1/11 sah. 21—25

Sen Hudaý bilen ýörärsiňmi?

«Hudaýyň bilen pespäl ýöre» (MIKA 6:8).

1, 2. Ýehowanyň söýgüsini ata-enäniň çagasyna ýöremegi öwretmegi bilen nädip deňeşdirse bolar?

ÇAGAJYK durjak-durjak bolup, gujak açýan ene-atasyna tarap ýöreýär-de, ilkinji ädimini ädýär. Çagajyk ýekeje ädim ätse-de, onuň äden ädimi ata-ene üçin ýatdan çykmajak waka, sebäbi gelejege umyt berýär. Indi ata-ene çagasy bilen el tutuşyp gezelenç etjek ýyllaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Olar ençeme ýyllaryň dowamynda balasyna her hili maslahat bererler hem-de eklärler.

2 Ýehowa Hudaý hem ýerdäki çagalaryny hut şeýle söýýär. Ol bir gezek Ysraýyl halkyna, ýagny Efraýyma: «Men Efraýyma ýöremegi öwretdim, olary gujagyma aldym... Men olary ynsan ýüpleri, söýgi baglary bilen tutup ýöretdim» diýdi (Hoşea 11:3, 4). Bu ýerde Ýehowa özüni çagalaryna ýöremegi öwredýän, ýykylanda eline alýan sabyrly, mähirli ata hökmünde suratlandyrýar. Iň oňat ata bolan Ýehowa bize ýöremegi öwretmek isleýär. Şeýle hem ol biziň her ädýän ädimimizi görüp, ýürekden guwanýar. Şu makalanyň baş aýadynda görkezilişi ýaly, biz Hudaý bilen ýöräp bileris! (Mika 6:8) Ýöne Hudaý bilen ýöremek näme aňladýar? Biz näme üçin Hudaý bilen ýöremeli? Hudaý bilen nädip ýöremeli? Hudaý bilen ýöresek nähili bereketler alarys? Geliň, şu dört sowala gezekli-gezegine seredeliň.

Hudaý bilen ýöremek näme aňladýar?

3, 4. a) Hudaý bilen ýöremek meňzetmesi näme üçin ýerlikli? b) Hudaý bilen ýöremek näme aňladýar?

3 Elbetde, adamlar Ýehowa bilen göni manyda ýöräp bilmeýär, sebäbi Hudaý «Ruh» (Çykyş 33:20; Ýahýa 4:24). Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylarda «Hudaý bilen ýöremek» meňzetme manyda aýdylýar. Ol örän ýerlikli meňzetme. Şol meňzetme hemme milletlerde we ähli medeniýetlerde, hatda ähli döwürlerde hem düşnüklidi. Ýöräp barýan iki adam barada aýtsaň düşünmejek barmy? Bu meňzetme mähirli dostlugy görkezýär, şeýle dälmi? Bu bize Hudaý bilen ýöremegiň näme aňladýandygyna oňat düşünmäge kömek edýär. Geliň, muňa jikme-jik seredeliň.

4 Wepaly adam Hanoh bilen Nuhy ýatlalyň. Näme üçin olara Hudaý bilen ýörediler diýilýär? (Barlyk 5:24; 6:9). Mukaddes Ýazgylarda «ýöremek» diýmek köplenç belli bir iş etmegi aňladýar. Hanoh we Nuh Ýehowanyň islegi boýunça ýaşamagy saýladylar. Olar şol wagtky adamlardan tapawutlylykda Ýehowanyň görkezmesini agtaryp, şoňa görä ýaşaýardylar. Olar oňa bil baglaýardylar. Olara derek näme etmelidigini Ýehowa çözýärdimi? Ýok. Ýehowa bize erkinlik berdi, ýöne ony paýhasly ulanmagymyzy isleýär (Rimliler 12:1). Ýehowanyň çäksiz akyldarlygy bar, şoňa görä-de, bir karara gelenimizde onuň akyldarlygy biziň düşünjämizi ugrukdyrmaly (Sül. tym. 3:5, 6; Iş. 55:8, 9). Şeýlelikde, biz ýaşaýyş ýolunda Ýehowa bilen eginme-egin ýöreýäris.

5. Näme üçin Isa ömrüňi bir tirsek artdyrmak barada aýtdy?

5 Mukaddes Ýazgylarda ýaşaýyş köplenç ýola meňzedilýär. Bu meňzetme göçme manyda aýdylýar. Mysal üçin, Isa şeýle diýdi: «Siziň haýsy biriňiz alada edip, öz boýuňyzy [ömrüňizi, TD] tirsek boýy artdyryp bilýärsiňiz?» (Matta 6:27). Şu sözleri okap haýran galan bolsaň gerek. Isa näme üçin adamyň ömrüni «tirsek», ýagny uzynlyk birligi bilen ölçeýär. Adamyň «ömrüni» wagt birligi bilen ölçemeli ahyryn!a Şu taýda Isa adamyň ömrüni ýol bilen deňeşdirýän bolmaly. Şeýlelikde, ol ýaşaýşy alada edip, hatda kiçijik ädim hem ädip bilmersiňiz diýip öwretdi. Diýmek, Hudaý bilen nirä çenli ýörejegimiz özümize bagly dälmi? Asla beýle däl! Şu taýda ikinji sowal ýüze çykýar, näme üçin biz Hudaý bilen ýöremeli?

Näme üçin Hudaý bilen ýöremeli?

6, 7. Kämilsiz adamlar nämä mätäç hem-de näme üçin Ýehowa ýüz tutmaly?

6 Ýeremiýa 10:23-de Hudaý bilen ýöremegiň bir sebäbi şeýle düşündirilýär: «Eý Ýehowa, ynsanyň ýoly ygtyýarynda däldigini bilýärin. Ýöräp barýan adam ädimlerini ugrukdyryp bilmez». Sebäbi adamlaryň ýaşaýşyny ugrukdyrmaga ne ukuby bar, ne-de haky. Biz Hudaýyň maslahatlaryna mätäç. Kim Hudaýdan garaşsyz bolup, öz ýolundan ýörejek bolsa, onda Adam ata bilen How enäniň gününe düşer. Adam ata bilen How ene ýagşy-ýamany özleri saýgarmak isledi (Barlyk 3:1—6). Beýle etmek adamyň «ygtyýarynda däldi» ahyryn.

7 Sen durmuşyňda Hudaýyň maslahatyna mätäçdigiňi duýýansyň? Biz her gün uly bolsun, kiçi bolsun, bir karara gelmeli bolýarys. Olaryň käbiri kyn hem-de biziň gelejegimize we ýakynlarymyza täsir edip bilýär. Oýlanyp gör, bizden has uly we akyldar biri bizi bagtly etmek üçin söýgi bilen maslahat berýär. Gynansakda, şu günler köp adamlar öz düşünjesine daýanyp, öz ugruna ýaşaýarlar. Olar Süleýmanyň tymsallary 28:26-daky: «Öz ýüregine bil baglaýan akylsyzdyr; akyldarlykda gezýän bolsa halas bolar» diýlen sözleri inkär edýärler. Ýehowa biziň aldawçy ynsan ýüregine bil baglap, betbagtçylyga uçramagymyzy islänok (Ýeremiýa 17:9). Hudaý biziň akyldarlykda gezmegimizi hem-de oňa akyldar Ýolbeledimiz we Mugallymymyz hökmünde bil baglamagymyzy isleýär. Şonuň üçin Hudaý bilen ýöresek, onda asuda hem kanagatly ýaşarys.

8. Günä bilen kämilsizlik nämä eltdi, Ýehowa biz üçin näme isleýär?

8 Hudaý bilen ýöremegiň ýene-de bir sebäbi ýörejek ýolumyzyň uzynlygyna bagly. Mukaddes Ýazgylarda gynançly hakykat aýdylýar. Belli bir manyda kämilsiz adamlaryň hemmesi bir ugra barýarlar. Wagyzçy 12:5 (MKS)-de garrylyk bilen gelýän kynçylyklar barada şeýle diýilýär: «Beýiklikden gorkular, ýollar wehimli bolar, badam agažy güllär, çekirtge agyr ýük bolar, işdä kesiler, çünki adamzat öz müdümi öýüne gidip, ýas tutýanlar köçelerde aýlanyşar». «Müdümi öý» diýmek näme? Bu bizi ahyrsoňy günäniň we kämilsizligiň eltjek mazaryny aňladýar (Rimliler 6:23). Ýöne Ýehowa biziň sallançakdan, tä gabra çenli kynçylyk baryny görüp, sähelçe ýol ýöremegimizi islänok (Eýýup 14:1). Diňe Hudaý bilen ýöresek, şonda ýöremeli durmuş ýolumyzy ýöräris, ýagny ebedi ýaşarys. Eýsem, seniň ebedi ýaşasyň gelenokmy? Şoňa görä-de, sen Ataň bilen bile ýöremeli.

Biz nädip Hudaý bilen ýöräp bilýäris?

9. Käwagt Ýehowa näme üçin özüni halkyndan gizleýär, ýöne Işaýa 30:20 nämä ynandyrýar?

9 Serediljek üçünji sowala has-da ünsli bolmaly: Biz nädip Hudaý bilen ýöräp bilýäris? Biz onuň jogabyny Işaýa 30:20, 21-nji aýatlarda taparys: «Beýik Mugallymyň senden gizlenmez we gözleriň Beýik Mugallymyňy görer. Eger-de siz saga ýa sola sowulsaňyz, yzyňyzdan: «Ine ýol, şol boýunça ýöräň» diýen sözi gulagyňyz eşider». Ýehowanyň 20-nji aýatdaky ruhlandyryjy sözleri ysraýyllylara Hudaýa garşy pitne turzanlarynda, onuň özüni olardan gizländigini ýatladan bolsa gerek (Işaýa 1:15; 59:2). Bu ýerde bolsa ol özüni gizlenýän ýaly däl-de, wepaly halkynyň öňünde aç-açan duran ýaly edip görkezýär. Hamala, mugallym talyplaryň öňünde sapak berip duran ýaly.

10. «Yzyňyzdan... diýen sözi gulagyňyz sözi eşider» diýmek näme aňladýar?

10 21-nji aýatda başga bir meňzetme getirilýär. Ýehowa halkynyň yzyndan ýöräp, olara dogry ýoly salgy berýär. Bu meňzetmäni Mukaddes Ýazgylary öwrenýän bir alym käwagtlar çopanyň sürüniň yzyna düşüp, goýunlary bakyşy we olary nädogry ýoldan sowuşy bilen deňedi. Bu meňzetme näme aňladýarka? Meselem, biz maslahat gözläp, Mukaddes Ýazgylara ýüzlensek, onda biz müňlerçe ýyl öň ýazylan sözleri okaýarys. Şol sözler hamala biziň yzymyzdan gelýär, sebäbi gadym wagtlar ýazylypdyr. Şeýle hem köp wagt geçse-de, olar şu günler ýazylan ýaly wajyp. Mukaddes Ýazgylaryň maslahaty günde paýhasly karara gelmäge hem-de gelejekdäki ýaşaýşymyzy planlaşdyrmaga kömek edýär (Zebur 119:105). Şeýle maslahaty yhlas bilen gözläp, durmuşymyzda ulansak, onda Ýehowa biziň Ýolbeledimiz bolar. Şeýdip biz Hudaý bilen ýöräris.

11. Ýeremiýa 6:16-a görä, Ýehowa halkyna nähili maslahat berdi, ýöne olar näme jogap berdiler?

11 Biz Hudaýyň sözündäki maslahaty kabul edýärismi? Käwagtlar özümizi dogruçyl barlamaly. Saňa şu aýat kömek eder: «Ýehowa şeýle diýýär: «Ýollaryňyzda duruň-da, serediň, gadym ýollary soraň, ýagşy ýol nirede bolsa, şol boýunça ýöräň, şonda janyňyz aram tapar» (Ýeremiýa 6:16). Bu sözler bize syýahat edýän adamyň çatrykda durup, dogry ýoly soraýşyny ýatladýar. Ruhy manyda, Ýehowanyň pitneçi Ysraýyl halky hem şonuň ýaly etmelidi. Olar şol «gadym ýollara» dolanmalydylar. Bu ýol halkyň akmaklyk edip taşlan ýoly däl-de, wepaly ata-babalarynyň ýörän «ýagşy ýoludy». Gynansakda, Ysraýyl Ýehowanyň mähirli ýatlatmasyna kesirlik bilen jogap berdi. Aýat şeýle dowam edýär: «Emma olar: «Gitmeris» diýdiler». Ýöne şu günler Hudaýyň halky şeýle maslahaty kabul etdi.

12, 13. a) Meshedilen mesihçiler Ýeremiýa 6:16-daky maslahata nädip eýerýärler? b) Biz şu günler ýöreýän ýolumyzy nädip barlap bileris?

12 XIX asyryň ahyrynda meshedilen mesihçiler Ýeremiýa 6:16-daky maslahata eýerdiler. Şol topar «gadymy ýollara» bütin ýürekden dolanyp başladylar. Hristian dünýäsinden tapawutlykda, olar «sagdyn sözleriň nusgasyna» wepaly eýerdiler. «Sagdyn sözleriň nusgasyny» Isa Mesih beripdi hem-de onuň I asyrda ýaşan wepaly şägirtleri ony gaýym saklapdy (2 Timoteos 1:13). Şu günlere çenli meshedilenler bir-birine hem-de «başga goýunlara» hristian dünýäsiniiň terk eden sagdyn we bagtly ýolundan ýöremäge kömek edýärler (Ýahýa 10:16).

13 Sadyk hem akylly hyzmatkär ruhy iýmiti wagtly-wagtynda berip, millionlarça adamlara «gadymy ýollary» tapmaga hem-de Hudaý bilen ýöremäge kömek edýär (Matta 24:45—47). Sen şol millionlarça adamlaryň arasyndamy? Şonuň üçin şol ýoldan daşlaşyp, öz ugruňa gitmez ýaly, näme etmeli? Käwagt saklanyp, durmuşdaky ýöreýän ýoluňy barlamak paýhasly bolar. Sen Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary okap hem-de meshedilen mesihçileriň şu günler taýýarlaýan ruhy çärelerine gatnaşyp, Hudaý bilen ýöremegi öwrenersiň. Sen pespällik bilen şolaryň maslahatlaryna eýerseň, hakykatdan-da, «gadymy ýollardan» Hudaý bilen ýörärsiň.

«Görünmezi görýän ýaly» ýöre

14. Ýehowanyň bardygyna ynansak, onda biziň gelýän kararlarymyza nähili täsir eder?

14 Ýehowa bilen ýöremek üçin onuň barlygyna ynanmaly. Ýadyňda bolsa, Ýehowa gadymy ysraýyllylardan özüni gizlemeýändigini aýdypdy. Şu günler hem Beýik Mugallym özüni halkyndan gizlemeýär. Sen Ýehowanyň bardygyna ynanýarmyň? Ol seniň öňüňde mugallymyň kimin durmy? Hudaý bilen ýöremek üçin şeýle imanly bolmaly. Musada şeýle iman bardy, ol «görünmezi göreni üçin berk durdy» (Ýewreýler 11:27). Eger-de biz Ýehowanyň bardygyna ynansak, bir karara gelmeli bolanymyzda, onuň pikirini göz öňünde tutarys. Meselem, biz birden günä iş edäýsek onda, soňra ony ýygnagyň ýaşulylaryndan hem-de maşgala agzalaryndan gizlejek bolmarys. Gaýtam, hiç kim görmese-de, Hudaý bilen ýöremäge çalşarys. Gadym wagtlar ýaşan Dawut patyşa ýaly: «Men öýümde aýypsyz ýürek bilen gezerin» diýeris (Zebur 101:2).

15. Ýehowanyň bardygyna ynanmaga ruhy dogan-uýalarymyz bize nädip kömek edýär?

15 Ýehowa biziň kämilsiz ynsandygymyza hem-de käwagt görünmeýän zada ynanmak bize kyn bolýandygyna düşünýär (Zebur 103:14). Şonuň üçin Ýehowa bize ejizligimizi ýeňmäge kömek edýär. Meselem, ýerdäki ähli milletlerden «öz adyna bir halk»ýygnaýar (Resullaryň işleri 15:14). Biz bir-birimizi goldap, agzybir gulluk edýäris. Ýehowanyň imandaşlarymyza ejizligine ýa-da kynçylygyna hötde gelmäge kömek edişi hakynda eşitsek, Hudaýyň bardygyna ynanmaga has-da kömek edýär (1 Petrus 5:9).

16. Isanyň ýerdäki ýaşaýşyny öwrensek, onda Hudaý bilen ýöremäge nädip kömek eder?

16 Mundan başga-da, Ýehowa öz Ogluny bize görelde hökmünde berdi. Isa şeýle diýdi: «Men ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn; Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez» (Ýahýa 14:6). Biz Ýehowanyň barlygyna has-da ynanmak üçin iň gowy usullaryň biri — Isanyň ýerdäki ýaşaýşyny öwrenmeli. Isanyň ähli aýdanlary we edenleri göklerdäki Atasynyň şahsyýetini we ýollaryny görkezýärdi (Ýahýa 14:9). Biz bir karara gelmek üçin «Isa şu ýagdaýda näme ederdikä» diýip pikirlenmeli. Biz gelýän kararlarymyzy dygkatly hem doga bilen kabul etsek, onda Mesihiň yzyny alyp göterdigimizdir (1 Petrus 2:21). Şeýdip biz Hudaý bilen ýöräris.

Aljak bereketlerimiz

17. Ýehowanyň ýolunda ýöräp, janymyz nähili «aram» tapar?

17 Ýehowa Hudaý bilen ýöreseň, durmuşda köp bereket alarsyň. Eger-de halky «ýagşy ýoly» gözlese, Ýehowanyň olara näme wada berenini ýatlalyň. Ol şeýle diýdi: «Şol boýunça ýöräň, şonda janyňyz aram tapar» (Ýeremiýa 6:16). «Aram» diýmek näme aňladýar? Keýpi-sapa we bolçulyk janyňa aram tapmaga kömek edip bilermi? Ýok. Ýehowanyň berýän gowy zatlaryny hatda baý adamlaryň hem ýek-tüki tapyp bilýär. Janyňa aram tapmak — kalbyňa rahatlyk tapmagy, şadyýan hem göwnühoş bolmagy hem-de ruhy zerurlyklaryňy kanagatlandyrmagy aňladýar. Janyň şeýle aram tapsa, onda saňa durmuşda gowy maksat goýmaga kömek edýär. Şu kyn dünýäde janyňa aram tapmak ajaýyp bereket!

18. Ýehowa saňa nähili bereketler bermek isleýär we sen näme karara geljek?

18 Elbetde, ýaşaýşyň özi-de uly bereket. Hiç ýöremäňden, gysga wagtlyk ýöräniň gowy. Emma Ýehowa ýaşlygyňda şatlanyp, garranyňda bolsa ejir çekip, gysga ýaşamagyňy islänok. Ýehowa seniň köp bereketler almagyňy isleýär. Ol seniň onuň bilen ebedi ýöremegiňi isleýär! Bu Mika 4:5 (MKS)-de gowy aýdylan: «Çünki bütin halklar, olaryň her biri öz taňrysynyň ady bilen gezýär; biz hem mydama we ebedilik Hudaýymyz Taňrynyň ady bilen gezeris». Sen şol bereketleri almak isleýärmiň? Seniň Ýehowanyň «soňsuz ýaşaýyş» diýýänine gowşasyň gelýärmi? (1 Timoteos 6:19). Şeýlelikde, bar güýjüň bilen şu gün, ertir, hem-de ebedilik Ýehowa bilen her gün ýöremegi ýüregiňe berk düw!

a Mukaddes Ýazgylaryň käbir terjimelerinde şu aýatdaky «tirsek boýy» diýen jümläniň deregine wagt birligini ulanýarlar. Meselem, «bir pursatlyk» (The Emphatic Diaglott) ýa-da «ýekeje minutlyk» (A Translation in the Language of the People, by Charles B. Williams) diýip terjime edilýär. Ýöne asyl nusgasynda ulanylan söz «tirsek boýy» diýmegi, ýagny takmynan 45 sm. deň bolan uzynlyk birligini aňladýar.

Sen nähili jogap bererdiň?

• «Hudaý bilen ýöremek» näme aňladýar?

• Sen näme üçin Hudaý bilen ýöremeli?

• Hudaý bilen ýöremäge näme kömek edýär?

• Hudaý bilen ýöreýänler nähili bereketler alýarlar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş