Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/3 sah. 8—12
  • Ýehowany «tanaýan... ýüregiňizi» barlaň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowany «tanaýan... ýüregiňizi» barlaň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «ÝÜREGI SÜNNETLEMEK» GEREKMI?
  • GÖÇME MANYDAKY ÝÜREGIŇIZI BARLAŇ
  • HUDAÝY «TANAÝAN ÝÜREGI» EDINIŇ WE ONY GORAŇ
  • Ýehowany «tanaýan... ýürek» edindiňizmi?
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
  • Ýehowa bütin ýürek bilen gulluk ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/3 sah. 8—12

Ýehowany «tanaýan... ýüregiňizi» barlaň

«Meniň Rebdigimi tanar ýaly, olaryň ýüreklerine isleg bererin. Olar Meniň halkym bolar». ÝER. 24:7

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Ýermeýanyň döwründe ýaşan ýehudylaryň ýüregi haýsy manyda «sünnetsizdi»?

  • Näme üçin biziň ählimiz göçme manydaky ýüregimizi barlamaly?

  • Biz Ýehowany «tanaýan... ýüregi» nädip edinip bileris?

1, 2. Ýehowa nähili deňeşdirme getirýär we ol bizi näme üçin gyzyklandyrmaly?

SIZ injir iýmegi gowy görýärmisiňiz? Gadymy ýehudylar injiri gowy görüpdirler (Nah. 3:12; Luka 13:6—9). Şu günler injir agajy köp ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilýär. Injir örän peýdaly miwe. Hatda käbir adamlar onuň ýürege melhemdigini aýdýarlar.

2 Bir sapar Ýehowa adamlaryň ýüregini injire meňzetdi. Ol injir miwesiniň saglyga peýdaly tarapyny däl-de, adamlaryň ýüregindäki zatlary göz öňünde tutupdy. Ýehowanyň Ýermeýa pygamber arkaly aýdan sözleri bize we dogan-garyndaşlarymyza kömek edip biler. Geliň, bu sözleri ara alyp maslahatlaşanymyzda, mesihçileriň nähili sapak edinip biljekdigi barada-da oýlanalyň.

3. «Ýermeýa» kitabynyň 24-nji babynda nähili injir barada gürrüň edilýär?

3 B. e. öň 617-nji ýylda ýehudylar Hudaýyň ýigrenýän işlerini edýärdiler. Ýehowa Ýermeýa pygambere görnüş arkaly ýehudylara näme boljakdygyny aýdýar. Ýermeýa «diýseň gowy» we «gaty erbet» injirli iki sebet görýär (Ýermeýa 24:1—3-nji aýatlary okaň). Erbet injir Nebukadnesar patyşa hem-de onuň esgerleri tarapyndan basylyp alynjak Sidkiýa patyşany we oňa meňzeýän adamlary aňladýardy. Babyla sürgün edilen Ezekiýel, Daniýel we onuň üç dosty hem-de indi sürgün ediljek ýehudylar barada näme diýse bolar? Olar gowy injire meňzedilýärdi. Gelejekde olaryň nesilleri Iýerusalimi we onuň ybadathanasyny dikeltmek üçin ýurduna dolanarlar (Ýer. 24:8—10; 25:11, 12; 29:10).

4. Hudaýyň gowy injir baradaky aýdan sözleri bizi nädip ruhlandyryp biler?

4 Ýehowa gowy injire meňzedilýän adamlara şeýle diýdi: «Meniň Rebdigimi tanar ýaly, olaryň ýüreklerine isleg bererin. Olar Meniň halkym bolar» (Ýer. 24:7). Bu sözler bizi ruhlandyrýar, sebäbi Hudaý bize Özüni tanar ýaly ýürek bermek isleýär. Bu aýatdaky «ýürek» sözi adamyň ýagdaýyny görkezýär. Elbetde, siz hem Onuň halkynyň agzasy bolup, şeýle ýüregi edinmek isleýänsiňiz. Munuň üçin Hudaýyň Sözüni okap, ony durmuşyňyzda ulanmaly, toba edip, dönmeli, soňra özüňizi Hudaýa bagyş edip, Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwda çokundyrylmaly (Mat. 28:19, 20; Res. iş 3:19). Belki-de, siz bu ädimleri ädensiňiz ýa-da şeýle ädimleri ätmek üçin, Ýehowanyň Güwäçileriniň ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşýansyňyz.

5. Ýermeýa esasan nähili adamlaryň ýüregi barada ýazdy?

5 Hawa, biz bu ädimleriň ählisini äden bolsak-da, garaýşymyza we özümizi alyp barşymyza ünsli bolmaly. Näme üçin? Munuň sebäbini biz Ýermeýanyň ýürek barada aýdan sözlerinden bileris. «Ýermeýa» kitabynyň käbir baplarynda başga halklar barada aýdylsa-da, onda esasan bäş patyşanyň döwründe ýaşan ýehudylar barada gürrüň edilýär (Ýer. 1:15, 16). Ýermeýa köplenç Ýehowa bagyş edilen erkek adamlardyr aýallar we çagalar barada ýazýar. Bu halk Musanyň döwründe özüni meýletin Ýehowa bagyş edipdi (Müs. çyk. 19:3—8). Ýermeýanyň döwründe bolsa, olar Hudaýa bagyş edilen halkdy. Olar Ýehowa: «Hudaýymyz Reb Sensiň!» diýdiler (Ýer. 3:22). Emma olaryň ýüregi gowumydy?

«ÝÜREGI SÜNNETLEMEK» GEREKMI?

6. Biz Hudaýyň ýürek barada aýdan sözlerine näme üçin ünsli bolmaly?

6 Häzirki döwürde lukmanlar täze tehniki serişdeleri arkaly ynsan ýüreginiň ýagdaýyny we onuň urşuny barlap bilýärler. Emma Ýehowa has köp zady bilýär, ýagny Ol ynsanyň bütin içki dünýäsini görýär. Ýehowa şeýle diýdi: «Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegärdir, halys ýoldan çykandyr. Oňa kim düşünip biler? «Men-Reb her ynsana tutan ýoluna, eden işlerine görä jeza bermek üçin, ynsanyň ýüregini barlaýaryn» (Ýer. 17:9, 10). Bu aýatdaky «ýüregi barlamak» diýen söz lukmanyň geçirýän barlagyny aňlatmaýar. Lukmanlar 70, 80 ýylyň dowamynda ynsan ýüreginiň takmynan üç milliard gezek urýandygyny bildiler. Emma Ýehowa göçme manydaky ýüregi göz öňünde tutdy. Bu «ýürek» adamyň bütin içki dünýäsini, ýagny onuň islegini, pikirini, özüni alyp barşyny, garaýşyny we maksadyny aňladýar. Hawa, bizde-de şeýle ýürek bar. Ýehowa ony barlap bilýär, ýöne biz hem ony barlap bilýäris.

7. Ýermeýa ýehudylaryň ýüreklerini nähili suratlandyrdy?

7 Biz göçme manydaky ýüregimizi barlamak üçin özümize şeýle sorag berip bileris: «Ýermeýanyň döwründäki köp ýehudylaryň göçme manydaky ýüreginiň ýagdaýy nähilidi?» Bu soraga jogap bermek üçin, geliň, Ýermeýa pygamberiň aýdan sözlerine seredeliň: «Şeýle günler geler, teni sünnetli bolup-da, ýüregi sünnetsiz adamlary jezalandyraryn. Muny Reb aýdýandyr... tutuş ysraýyl halkynyň ýüregi-de sünnetsiz». Görşümiz ýaly, ýehudylar ten taýdan sünnetli bolsalar-da, olaryň «ýüregi sünnetsizdi» (Ýer. 9:25, 26). Bu sözler nämäni aňladýar?

8, 9. Ýehudylar ýüreklerini näme etmelidiler?

8 Hudaý ýehudylara «pis ýollaryndan dönmegi, ýaşaýşyny we hereketlerini düzetmegi» maslahat berdi (Ýer. 18:11). Olaryň ýüreginiň erbet bolandygy üçin, edýän işleri-de erbetdi (Markus 7:20—23-nji aýatlary okaň). Hawa, Hudaý Ýermeýa arkaly ýehudylary erbet işlere nämäniň iterýändigini anyk görkezdi. Olaryň ýüregi kesirdi; niýetleri we pikirleri ýaramazdy (Ýermeýa 5:23, 24; 7:24—26-njy aýatlary okaň). Hudaý olara şeýle maslahat berdi: «Men-Reb üçin ýüregiňizi sünnetläň» (Ýer. 4:4).

9 Ýermeýanyň döwründäki ýehudylar hem Musanyň döwründäki ysraýyllylar ýaly «ýüreklerini sünnetlemelidiler», ýagny göçme manydaky ýüreklerine bejergi almalydylar (Kan. tag. 10:16; 30:6). «Ýüregi sünnetlemek» bu Ýehowanyň tabşyryklaryna garşy gelýän pikiri, höwesleri we niýetleri ýüregiňden kesip taşlamagy aňladýar (Res. iş. 7:51).

GÖÇME MANYDAKY ÝÜREGIŇIZI BARLAŇ

10. Biz Dawudyň göreldesine eýermek üçin näme etmeli?

10 Biziň göçme manydaky ýüregimize düşünmäge Hudaýyň kömek edýändigine, biz örän minnetdar! Ýöne kimdir biri geňirgenip, şeýle sorap biler: «Şu günler Ýehowanyň Güwäçileri ýüregi barada alada etmelimi näme?» Elbetde, bu köp mesihçileriň erbet ýoldan ýöreýändigini ýa-da olaryň ýehudylar ýaly «erbet injir» bolandygyny aňlatmaýar. Mesihçiler şu günler Hudaýa wepaly we arassa halk hökmünde tanalýar. Emma olar Ýehowa şeýle doga eden Dawudyň göreldesine eýermeli: «Eý Hudaý, meni barla-da, ýüregimi bil, meni syna-da, pikirlerimi bil; gör, mende erbet ýol barmy» (Zeb. 17:3; 139:23, 24).

11, 12. a) Näme üçin biziň her birimiz ýüregimizi barlamaly? b) Hudaý näme etmeýär?

11 Ýehowa biziň her birimiziň Özüne ýaramly bolmagymyzy we dogry ýolda galmagymyzy isleýär. Ýermeýa Ýehowanyň dogry adamlary barlaýandygy barada şeýle ýazdy: «Eý, Hökmürowan Reb, dogry adamlary synaýan, ýürekleri görýän we pikirleri okaýan Sensiň!» (Ýer. 20:12). Eger Hökmürowan Reb dogry adamlaryň ýüregini barlaýan bolsa, onda biz hem özümizi çynlakaý barlamaly dälmi näme?! (Zebur 11:5-i okaň). Şonda biz ýüregimizde çuň ornaşan nädogry garaýşy, duýgyny ýa-da maksadymyzy tapyp bileris, ýogsam, şeýle zatlar ýüregimizi gatadar. Gatan ýürek bolsa bejergä mätäçdir. Eger siz göçme manydaky ýüregi barlamagy dogry hasaplasaňyz, onda ýüregiňizden nämeleri gözlärsiňiz we nähili özgerişler edersiňiz? (Ýer. 4:4).

12 Ýehowa bizi mejburlyk bilen özgertmeýär. Ol «gowy injire» meňzedilýän adamlara: «Meniň Rebdigimi tanar ýaly, olaryň ýüreklerine isleg bererin» diýdi. Görşümiz ýaly, Ýehowa olaryň ýüreklerini mejburlyk bilen özgertmeýär. Olarda Hudaýy tanamak islegi bolmalydy. Bizde-de şeýle isleg bolmaly dälmi näme?!

13, 14. Haýsy manyda mesihçiniň ýüregi zyýan ýetirip biler?

13 Isa: «Erbet pikirler, adam öldürme, azgynlyk, zynahorlyk, ogrulyk, ýalan güwälik, sögünç ýürekden çykýar» diýdi (Mat. 15:19). Eger doganyň ýüregi gatap, zyna ýa-da ahlaksyzlyk etmäge höweslendirse we dogan toba etmese, Hudaýyň merhemetini ýitirip biler. Emma şeýle erbet işleri etmedik adamyň hem ýüreginde erbet höwesler ösüp biler (Matta 5:27, 28-nji aýatlary okaň). Şeýle ýagdaýda ýüregimizi barlasak gowy bolar. Aýdaly, siz ýüregiňizi çuňňur barlap, başga jynsdaky adama bolan nädogry duýgynyň bardygyny we Hudaýa ýaramaýan bu duýgyny gizleýändigiňizi bildiňiz. Siz ýüregiňizde düýpli özgerişler edermisiňiz?

14 Ýa-da mesihçi «adam öldürmese-de», onuň ýüreginde imandaşyna bolan ýigrenç döremegi mümkin (Lew. 19:17). Ol ýüregini gatadyp biljek erbet duýgyny aýyrmak üçin tagalla edermi? (Mat. 5:21, 22).

15, 16. a) Nähili ýagdaýda mesihçiniň «ýüregi sünnetsiz» bolup biler? Mysal getiriň. b) Näme üçin Ýehowa «ýüregi sünnetsiz» adamy halamaýar?

15 Mesihçileriň köpüsi ýüreginde erbet höwesleriň ösmegine ýol bermeýärler. Ýöne Isanyň «erbet pikirler» barada aýdanyny-da unutmaly däl. Şeýle pikir we garaýyş durmuşyň ähli ýagdaýlaryna zyýan ýetirip biler. Meselem, adamyň dogan-garyndaşlaryna bolan söýgüsiniň ýoýulmagy mümkin. Elbetde, mesihçiler «soňky günlerde» ýaşaýan adamlar ýaly «doňýürek» bolman, dogan-garyndaşlary bilen gowy gatnaşykda bolmak isleýär (2 Tim. 3:1, 3). Ýöne bu gatnaşygyň juda ýiti bolmagy mümkin. Köp adamlar: «Gan suwdan goýudyr» diýýärler. Şol sebäpli olar islendik ýagdaýda dogan-garyndaşlaryny gorap, olaryň tarapyny tutýarlar, çünki olara edilen her bir zady özüne çekýärler. Dinanyň doganlarynyň güýçli duýgusy olary nämä iterendigini ýadyňyza salyň (Gel. çyk. 34:13, 25—30). Şeýle-de atabir dogany Amnony öldüren Abşalomyň ýüreginiň nähili bolandygyny göz öňüne getiriň (2 Şam. 13:1—30). Bu işler «erbet pikirleriň» netijesinde bolmadymy näme?!

16 Elbetde, mesihçiler adam öldürmeýärler. Emma dogan ýa-da uýa olaryň maşgala agzalaryndan birine biperwaý garasa ýa-da oňa äsgermezçilik edýän ýaly bolup görünse, olar şol mesihçini halamasalar gerek. Belki-de, olar dogan-garyndaşynyň göwnüne degen mesihçini myhman hem almazlar, oňa myhmansöýerlik hem bildirmezler (Ýew. 13:1, 2). Şeýle nädogry garaýyşda bolan we myhmansöýerlik häsiýetini ýitiren mesihçide söýgi ýokdur; ol tötänlikden däl-de, bilkastlaýyn edilýändir. Hawa, Ýürekleri barlaýan bu adamyň «ýüregini sünnetsiz» hasaplaýar (Ýer. 9:25, 26). «Ýüregimizi sünnetlemegi» Ýehowanyň maslahat berendigini unutmalyň! (Ýer. 4:4).

HUDAÝY «TANAÝAN ÝÜREGI» EDINIŇ WE ONY GORAŇ

17. Ýehowadan gorky bize düşgür ýürek edinmäge nädip kömek eder?

17 Eger siz göçme manydaky ýüregiňizi barlanyňyzda, onuň «sünnetsizdigini» we Ýehowanyň maslahatyny doly kabul etmeýändigini bilseňiz näme edersiňiz? Belki-de, siz adamlardan gorkýandygyňyzy, at-abraýa we baýlyga kowalaşýandygyňyzy, hatda kesirlik häsiýetiniň bardygyny ýa-da özbaşdak bolmak isleýändigiňizi bilensiňiz. Şeýle duýgular başga adamlarda-da bolýar (Ýer. 7:24; 11:8). Ýermeýa pygamber Hudaýa biwepa ýehudylaryň «tekepbir we pitneçidigini» aýdypdy. Şeýle-de ol ýehudylar hakda: «Olar muny ýürekden diýmeýärler: «Geliň, güýz hem ýaz ýagyşlaryny öz möwsüminde ýagdyrýan... Hudaýymyz Rebden gorkalyň» diýdi (Ýer. 5:23, 24). Bu bizi «ýüregimizi sünnetläp», Ýehowadan gorkyny ösdürmäge we Oňa minnetdar bolmaga höweslendirmeýärmi? Şeýle peýdaly gorky biziň her birimize Ýehowanyň aýdanlaryny has gowy ýerine ýetirýän ýüregi edinmäge kömek edýändir.

18. Ýehowa mesh edilenlere näme wada berdi?

18 Eger biz bu babatda tagalla etsek, Ýehowa bize Özüni «tanaýan... ýüregi» berer. Ol mesh edilen mesihçiler bilen täze äht baglaşyp: «Men kanunymy olaryň içine ornaşdyryp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar» diýdi. Soňra Ol sözüni şeýle dowam etdi: «Mundan beýläk hiç kim öz dostuna ýa-da öz doganyna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, çünki olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, gaýdyp günälerini ýatlamaryn» (Ýer. 31:31—34)a.

19. Mesihçilerde nähili ajaýyp gelejek bar?

19 Täze äht arkaly size gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt berilse-de, siz Ýehowany tanamaly we Onuň halkynyň agzasy bolmaly. Eger biziň günämiz Mesihiň töleg gurbany arkaly bagyşlansa, onda Ýehowany ebedi tanap bileris. Hatda biziň göwnümize degseler-de, biz adamlary bagyşlamaly, çünki Hudaý bizi bagyşlaýar. Biz ýüregimizdäki islendik gahary we ýigrenji aýyrmak üçin jan etmeli. Şeýlelikde, biz Ýehowa gulluk etmäge hem-de Ony has gowy tanamaga islegimiziň bardygyny görkezeris. Şonda Ýehowanyň Ýermeýa arkaly aýdan şu sözleri bize-de degişli bolar: «Meni agtararsyňyz; bütin ýüregiňiz bilen agtaran mahalyňyz Meni taparsyňyz. Şonda siz Meni taparsyňyz» (Ýer. 29:13, 14).

a Täze äht barada köpräk bilmek üçin 2012-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda çykan «Garawul diňi» žurnalyna serediň (sah. 26—30).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş