Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 1/6 sah. 8—11
  • Ýeremiýanyň agysy kitabyndan peýdaly pikirler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýeremiýanyň agysy kitabyndan peýdaly pikirler
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «AGYDAN ÝAŇA GÖZLERIM GURADY»
  • (Ýeremiýanyň agysy 1:1—2:22)
  • «NALYŞYMDAN GULAGYŇY ÝAPMA»
  • (Ýeremiýanyň agysy 3:1—5:22)
  • Ýehowa seniň penaň bolsun
  • Ýeremiýa kitabyndan peýdaly pikirler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • «Sözlemezlik biziň üçin mümkin däl»
    Hudaýa gullugymyz — 2012
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 1/6 sah. 8—11

Ýehowanyň Sözi diri

Ýeremiýanyň agysy kitabyndan peýdaly pikirler

ÝEREMIÝA pygamber soňky 40 ýylyň dowamynda yglan eden höküminiň ýerine ýetişine şaýat bolýar. Söýgüli şäheriniň weýran bolmagy pygambere nähili täsir edýär? Grek Sepguagintasynda Ýeremiýanyň agysy kitabyna girişde şeýle diýilýär: «Ýeremiýa oturdy-da, Iýerusalim hakda şu agyly sözler bilen aglady we ahy-nala çekdi». Kitap b. e. öň 607-nji ýylda ýazylýar. Ýeremiýa bu kitaby ýazanda Iýerusalimiň on sekiz aý gabawda bolup, soňra ýakylyşy onuň entek ýadyndady. Şonuň üçin hem kitapda Ýeremiýanyň ahy-nalasy çeper beýan edilýär (Ýerem. 52:3—5, 12—14). Taryhda hiç bir şäher üçin şeýle ahy-nala tutulyp, çeper beýan edilmändi.

Ýeremiýanyň agysy kitaby bäş sany şahyrana poemadan ybarat. Onuň ilkinji dördüsi agylardan ybarat. Bäşinjisinde ýalbaryş, ýagny Hudaýa dileg edilýär. Ilkinji dört aýdym akrostih görnüşinde ýazylyp, her bendi ýewreý elipbiýiniň 22 harpynyň biri bilen başlaýar. Bäşinji babyň ýewreý elipbiýiniň harp sanyna görä 22 aýady bolsa-da, elipbiý tertibinde ýazylmaýar.

«AGYDAN ÝAŇA GÖZLERIM GURADY»

(Ýeremiýanyň agysy 1:1—2:22)

Ýeremiýa Iýerusalim hakda agysyny şeýle sözler bilen başlaýar: «Bir wagtky märekeli şäher indi ýeke başyna otyr! Milletler arasynda adamly [şäher] indi dul hatyn kimin! Welaýatlaryň melikesi indi gyrnak boldy!» Bu betbagtçylygyň sebäbini pygamber şeýle düşündirýär: «Günäleriniň köplügi sebäpli Ýehowa onuň başyna bela indirdi» (Ýeremiýanyň agysy 1:1, 5).

Iýerusalim äri hem çagalary ölen dul hatyna meňzedilýär, ol: «Meniňki ýaly agyry çekýän barmy?» diýip soraýar. Ol duşmanlary hakda Hudaýa şeýle dileg edýär: «Goý, ähli eden ýamanlygy öz başyna insin, meniň günälerim sebäpli maňa ýowuz daraýşyň ýaly, olara-da ýowuz daragyn. Çünki ahym köpdür, ýüregim ýaralydyr» (Ýeremiýanyň agysy 1:12, 22).

Ýeremiýa agyr hala düşüp, şeýle diýýär: «[Ýehowa] gahardan ýaňa Ysraýylyň bar şahyny döwdi. Sag elini duşmandan aýryp, daş-töweregini ýuwudýan ýalynly ot kimin Ýakupda lowlady». Çuň gynanjyny beýan edip, pygamber: «Agydan ýaňa gözlerim gurady. Içegelerim üzüldi. Bagrym ýere döküldi» diýip aglaýar. Deňinden geçenler haýran galyp: «Gözellikde kämil, bütin ýer-ýüzüň guwanjy diýýän şäherleri şumy?» diýýärler (Ýeremiýanyň agysy 2:3, 11, 15).

Sowallaryň jogaby:

1:15 — Ýehowa nädip «Ýahuda gyzyny üzüm gysajynda depeledi»? Gyza meňzedilýän şäheri weýran edip, babyllylar köp gan dökýärler, ony gysaçda üzümiň depelenişi bilen deňeşdirse bolar. Ýehowa şeýle boljagyny öňünden aýdyp, muňa ýol berýär, şonuň üçin «üzüm gysajynda depeledi» diýse bolar.

2:1 — Ysraýylyň gözelligi nädip gökden ýere zyňylýar? «Gökleriň ýerden belentdigi» sebäpli, şöhratly zatlaryň abraýdan gaçmagy «gökden ýere zyňylmak» bilen deňeşdirilýär. «Ysraýylyň gözelligi» — Ýehowanyň patasy bilen gazanan şöhraty we güýç-kuwwaty — Iýerusalimiň weýran edilmegi we Ýahudanyň harabalyga öwrülmegi bilen ýere zyňylýar (Işaýa 55:9).

2:1, 6 — Ýehowanyň «aýak basgançagy» we «teläri» näme? Mezmurçy şeýle nagma aýdypdy: «Onuň mesgenlerine gireris, Onuň aýak basgançagyna sežde ederis» (Zebur 132:7). Diýmek, Ýeremiýanyň agysy 2:1-de agzalýan «aýak basgançagy» Ýehowanyň sežde öýüni, ýagny ybadathanasyny aňladýar. Babyllylar «Ýehowanyň öýüni» bagda gurlan çatma telär, ýagny kepbe kimin «ýakdylar» (Ýeremiýa 52:12, 13).

2:16, 17 — Ýewreý elipbiýine laýyklykda, 16-njy aýat «aýyn», 17-nji aýat «pe» harpy bilen başlanmaly dälmi näme? Hudaýdan ylham alan ýazyjylar poemalary köplenç elipbiý boýunça ýazýardylar. Emma olar ýasama görnüşinde bolmaga ýol bermändirler. Pikiriň düşnükli bolmagy şygyr tärlerinden has wajyp hasaplanýardy, sebäbi elipbiý diňe ýatda saklamagy aňsatlaşdyrmak üçin ulanylypdyr. Şol iki harpyň orny Ýeremiýanyň agysy kitabyň üçünji we dördünji baplarynda-da çalşyrylýar (Ýeremiýanyň agysy 3:46, 49; 4:16, 17).

2:17 — Ýehowa Iýerusalim hakda haýsy «sözüni» ýerine ýetirdi? Şu aýat Lewililer 26:17-ä salgylanýan bolsa gerek. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Şonda men ýüzümi size garşy tutaryn, duşmanlaryňyzyň öňünde gyrylarsyňyz. Ýigrenýänler sizi depelär, hiç kim yzyňyzdan kowmasada, siz gaçarsyňyz».

Biziň üçin sapak:

1:1—9. Iýerusalim gijelerine horkuldap aglaýar, gözýaşy ýaňagyndan boýur-boýur dökülýär. Derwezelerinde adam garasy görünmeýär, ruhanylary ah çekýär. Gyzlary hasratdan bükülipdir, olaryň hasraty örän güýçli. Näme üçin? Sebäbi Iýerusalim agyr günä etdi. Onuň hapalygy etegine ýapyşdy. Günä şatlyk getirmeýär; ol gözýaş, ahy-nala, gaýgy-hasraty döredýär.

1:18. Günäkärlere temmi berse-de, Ýehowa hemişe adalatlydyr.

2:20. Ysraýyllylar Ýehowa gulak asmasalar, gargyşa sezewar bolup, şol sanda «öz ogullarynyň we gyzlarynyň etini» iýjekdigi hakda duýduryş berlipdi (Kanunyň gaýtalanyşy 28:15, 45, 53). Hudaýa gulak asmazlyk nähili akylsyzlyk!

«NALYŞYMDAN GULAGYŇY ÝAPMA»

(Ýeremiýanyň agysy 3:1—5:22)

Ýeremiýanyň agysy kitabynyň 3-nji babynda Ysraýyl halky «adama» meňzedilýär. etbagtçylyga garamazdan, ol adam: «Umyt baglaýana, [Hudaýy] agtarýan adama Ýehowa ýagşylyk edýändir» diýip nagma aýdýar. Hudaýa doga edip, şeýle haýyş bilen ýüzlenýär: «Sesime gulak sal. Nalyşymdan, ýalbaryşlarymdan gulagyňy ýapma». Ýehowadan duşmanlaryň edýän masgaraçylygyna üns bermegi sorap: «Eý Ýehowa, olara elleriniň işine görä gaýtargy ber» diýýär (Ýeremiýanyň agysy 3:1, 25, 56, 64).

Ýeremiýa Iýerusalimiň on sekiz aý gabawda bolandygy hakda içini döküp, şeýle aglaýar: «Halkymyň gyzynyň ýazygyna berlen temmi Sodomyň günäsi üçin berlen temmiden has uly boldy. Ol [Sodom] bir pursatda ýer-ýegsan edildi, oňa ynsan eli degmedi». Soňra Ýeremiýa dowam edip: «Gylyçdan ölenler açlykdan ölenlerden has bagtly, çünki olar ysgyndan gaçyp, topragyň hasyly ýoklugy sebäpli heläk bolýarlar» (Ýeremiýanyň agysy 4:6, 9).

Bäşinji poemada Iýerusalimiň ýaşaýjylarynyň pikiri beýan edilýär. Olar şeýle diýýär: «Eý Ýehowa, bize bolan zatlary ýadyňa sal. Biziň masgaraçylygymyza göz aýla, seret». Olar görgülerini aýdyp, şeýle ýalbarýarlar: «Eý Ýehowa, sen ebedisiň. Seniň tagtyň nesilden-nesle geçer. Eý Ýehowa, bizi özüňe gaýtar, bizem höwes bilen dolanarys. Bir wagtky ýaly bize täze günleri ber» (Ýeremiýanyň agysy 5:1, 19, 21).

Sowallaryň jogaby:

3:16 — «Ol daşlar bilen dişimi döwdi» diýen jümle näme aňladýar? Bir kitapda şeýle düşündirilýär: «Ýehudylar ýesirlige äkidilende, iýjek çöregini ýoluň ugrunda çukur gazyp, şonda bişirýärdiler, olaryň bişiren çöregi çagyl gatyşykly bolýardy». Şeýle çöregi iýip, dişiňi döwmek mümkindi.

4:3, 10 — Ýeremiýa näme üçin «halkynyň gyzyny» «çölüň düýeguşuna» deňeýär? Eýýup 39:16-da düýeguş «ogullaryny özüniňki däl ýaly ýowuz daraýar» diýilýär. Meselem, jüýjeler ýumurtgadan çykan badyna, mäkiýany beýleki mäkiýanlara goşulyp gidýär. Erkegi bolsa jüýjelere seredýär. Howp abananda, olar näme edýär? Mäkiýanam, erkegäm jüýjeleri taşlap, höwürtgeden gaçýarlar. Babyllylar şäheri gabanda, Iýerusalimde açlyk güýjeýär, adatça, çagasyna haýpy gelýän eneler hem çölüň düýeguşy kimin balasyna ýowuz darap başlaýarlar. Bu bolsa şagallaryň enelik aladasyndan-da düýpli tapawutlanýar.

5:7 — Ýehowa adamlary ata-babasynyň ýalňyşy üçin jogapkär hasaplaýarmy? Ýok, Ýehowa adamlara ata-babasynyň günäleri üçin temmi bermeýär. Injilde: «Her kişi özi üçin Hudaýa jogap berer» diýilýär (Rimliler 14:12). Emma ýalňyşlygyň getirýän netijesi soňky nesillere täsir etmegi mümkin. Meselem, gadymy Ysraýylyň butparazlygy sebäpli, soňky döwürde ýaşan hatda wepaly ysraýyllylara dogrulyk ýolundan ýöremek kyn bolýar (Çykyş 20:5).

Biziň üçin sapak:

3:8, 43, 44. Iýerusalimiň başyna betbagtçylyk inende, Ýehowa şäheriň ýaşaýjylarynyň ýalbarmalaryny diňlemeýär. Näme üçin? Sebäbi olar Hudaýa gulak asmadylar, toba gelmediler. Biz Ýehowanyň dogalarymyza jogap bermegini islesek, oňa gulak asmaly (Süleýmanyň tymsallary 28:9).

3:20. «Bütin dünýäniň üstünde... hemmelerden beýik» Ýehowa «göklere we ýere seretmek» üçin özüni kiçeldýär (Zebur 83:18; 113:6). Şeýle-de bolsa, Ýeremiýa Hemmelerden Beýigiň adamlaryň üstünden eglip, ýagny olar bilen bir derejede durup, ruhlandyrmak isleýändigini gowy bilýärdi. Hakyky Hudaýyň diňe bir hemmelerden güýçli we akyldardygy däl, eýsem, kiçigöwünliligi nähili begendirýär!

3:21—26, 28—33. Biz agyr horluklara nädip çydap bileris? Ýeremiýa bize jogap berýär. Biz Ýehowanyň merhemetiniň boldugyny, köp rehimdarlyk edýändigini unutmaly däl. Hatda bize berlen ýaşaýyş hem umytdan düşmezlik üçin ýeterlik sebäpdir. Şoňa görä-de, biz sabyrly bolup, Ýehowanyň berjek gutulyşyna ümsüm, hüňürdisiz garaşmaly. Şeýle-de biz «agzymyzy topraga urmaly», ýagny synaglara kaýyl bolmaly, sebäbi Hudaýyň şeýle zatlara ýol bermegine ýagşy sebäbiň bardygyna düşünýäris.

3:27. Ýaşlyk döwründe kynçylyklara uçrap, üstüňden gülenlerinde imanyň synalýar. Ýöne «adama ýaşlygynda ýük götermek peýdalydyr». Näme üçin? Sebäbi ol ýaşlykda horluk ýüküni götermegi öwrenip, geljekki kynçylyklara taýýarlanýar.

3:39—42. Günälerimiz sebäpli görgi görsek, onda zeýrenmek nädogry bolar. Eden etmişiň miwesini dadyp, zeýrenmegiň deregine, «geliň, ýollarymyzy synalyň we barlalyň, geliň, Ýehowa dolanalyň». Biz toba gelip, ýolumyzy düzetsek, akyldarlyk etdigimiz bolar.

Ýehowa seniň penaň bolsun

Mukaddes Ýazgylaryň Ýeremiýanyň agysy kitaby babyllylar şäheri ýykyp, ýurdy tozdurandan soň, Ýehowanyň Iýerusalime we Ýahuda ýurduna bolan garaýşyny görkezýär. Günäleriň agzalmagy bolsa, Ýehowanyň pikiriçe, halkyň öz günäleri sebäpli betbagtçylyga uçrandygyny mese-mälim subut edýär. Kitabyň ylhamly aýdymlarynda Ýehowa bil baglap, dogry ýoldan ýöremek isleýändigini görkezýän şygyrlar hem bar. Ýeremiýanyň günlerinde köp adamlar şeýle pikirde bolmasa-da, bu Ýeremiýanyň we toba gelen galyndynyň garaýşyny beýan edýär.

Ýehowanyň Iýerusalimiň ýagdaýyny seljermegi we muny Ýeremiýanyň agysy kitabynda ýazdyrmagy bize iki wajyp sapagy öwredýär. Birinjiden, Iýerusalimiň weýran edilmegi we Ýahudanyň haraba öwrülmegi Ýehowa gulak asyp, onuň islegini ret etmeli däldigini ündeýär (1 Korintoslylar 10:11). Ikinji öwrenýän sapagymyz — Ýeremiýanyň göreldesi (Rimliler 15:4). Hatda umytsyz ýagdaýda-da gaýga batan pygamber Ýehowanyň gutulyşyna garaşýar. Ýehowa we onuň Sözüne doly bil baglap, umyt etmek nähili wajyp! (Ýewreýler 4:12).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş