«Sözlemezlik biziň üçin mümkin däl»
1. Biz näme üçin wagyz etmeli?
1 Isa Mesih wagyz işiniň alnyp barlyşyny ünsli synlaýar (Mat. 28:20; Mar. 13:10). 235 ýurtda 7 milliondan gowrak yhlasly wagyzçylar wagyz etseler-de, wagyz işi gutarandyr öýtmeli däl. Hudaý iş gutardy diýip yglan edýänçä, öwrenen zatlarymyzy «sözlemezlik biziň üçin mümkin däl» (Res. iş. 4:20).
2. Näme üçin Hudaýyň ruhuna bil baglamaly?
2 Hudaýyň ruhuna bil baglaň. Şeýtan bizi gorkuzmak üçin bar güýji bilen topulýar (Ylh. 12:7). Şeýle-de günäli tenimize garşy göreşmek hem örän kyn. Bu zatlar bizi iň wajyp wagyz işinden ünsümizi sowup biler. Eger biz Ýehowa bil baglasak, mukaddes ruh islendik kynçylyga döz gelmäge kömek eder.
3. Birinji asyrda mesihçiler ýowuz yzarlamalarda näme etdiler?
3 Birinji asyrda mesihçiler ýowuz yzarlamalara duş gelende, doganlar batyrgaýlyk bilen wagyz etmek üçin Hudaýdan kömek dilediler. Ýehowa olara höwes we gaýratlylyk bilen wagyz eder ýaly ruhuny berip, dogalaryna jogap berdi. Netijede, olar hoş habary gaýratly wagyz etmegi dowam etdiler (Res. iş. 4:29, 31; 5:42).
4. Biz näme üçin gorkmaly däl?
4 Gorkmaň. Adamlaryň pikirinden ýa-da biz barada ýaýran töhmetden gorkmagymyz mümkin. Emma Resullaryň işleri 5:29—32-nji aýatlarda Petrusyň we beýleki resullaryň mejlisiň öňünde batyrgaýlyk bilen aýdan sözlerini unutmalyň. Mukaddes kanun mugallymy Gamaliýel Hudaýyň işiniň öňüni alyp bilmersiňiz diýdi. Wagyz işi biziň güýjümiz bilen ýerine ýetirilmeýär. Bu uly işi Hudaýyň özi goldaýar we diňe ol amala aşyrar! (Zak. 4:6).
5. Biz näme üçin dymyp bilmeris?
5 Geliň, her gün yhlasly wagyz eder ýaly Ýehowanyň mukaddes ruhyny diläliň. Biz hem Ýeremiýa pygamber ýaly Patyşalyk baradaky habary süňňümize siňen ýüregimizde ot kimin duýasymyz gelýär (Ýerem. 20:9). Biz dymyp bilmeris!