-
«Siz direlersiňiz»Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
-
-
«Süňkler biri-birine birleşmäge başlady»
10. a) Hyzkyl 37:7—10-njy aýatlarda Hudaýyň halky barada näme diýilýär? b) Sürgündäkileriň imanyny näme berkitdi?
10 Ýehowa halkyny «direltjekdigini», ýagny kem-kemden aýaga galdyrjakdygyny wada beripdi (Hyz. 37:7—10). Şonuň üçin Hudaýdan gorkýan ysraýyllar watanyna dolanyp barmaga umyt edýärdi. Olaryň imanyny näme berkitdi? Birinjiden, geçmişdäki pygamberleriň aýdan sözleri olary ruhlandyrdy. Meselem, Işaýa pygamber diri galanlaryň, ýagny «mukaddes nesliň» watanyna dolanyp geljekdigini aýdypdy (Işa. 6:13; Eýp. 14:7—9). Ikinjiden, Hyzkylyň dikeldiş baradaky ençeme pygamberlikleri hem olara umyt berýärdi. Şeýle-de Danyýar ýaly Hudaýa wepaly adamlaryň Wawilona gelmegi we b. e. öň 539-njy ýylda Wawilonyň basylyp alynmagy sürgündäkileriň imanyny hasam berkidendir.
11, 12. a) «Hudaýyň Ysraýyly» nädip kem-kemden aýaga galdy? («Arassa sežde kem-kemden dikeldilýär» diýen çarçuwa serediň). b) Hyzkyl 37:10-a görä nähili sorag ýüze çykýar?
11 «Hudaýyň Ysraýyly», ýagny saýlanan mesihçilerden ybarat ýygnak nädip kem-kemden aýaga galdy? Birnäçe asyr dowam eden ýesirlikden soň, «goh turup, şakyrdy eşidildi». Hudaýhon adamlar hakyky seždäni goldamak üçin hereket edip başlady. Meselem, XVI asyrda Willýam Tindal Mukaddes Kitaby iňlis diline terjime etdi. Tindalyň terjimesiniň köpçülige ýaýrandygyny eşidip, Rim katolik ruhanylaryň gahary gelýär. Şeýdip, Tindal öldürilýär. Emma şonda-da batyrgaý adamlar Mukaddes Kitaby başga dillere terjime etdiler. Şeýlelikde, garaňky dünýäde ruhy ýagtylyk kem-kemden nur saçyp başlady.
-
-
Arassa sežde kem-kemden dikeldilýärÝehowa edilýän arassa sežde dikeldildi
-
-
«Şakyrdy eşidildi»
Willýam Tindal we batyrgaý adamlar Mukaddes Kitaby iňlis hem-de başga dillere terjime etdiler
-