Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Dünýäniň soňunda «demirgazyk patyşasy» bolan döwletler
    Garawul diňi — 2020 | Maý
    • 13. 1930-njy ýyllarda we II Jahan urşy döwri demirgazyk patyşasy näme etdi?

      13 1930-njy ýyllarda we II Jahan urşy döwri demirgazyk patyşasy Hudaýyň halkyna zalymlyk bilen hüjüm etdi. Germaniýada faşistler höküm sürüp başlansoň, Gitler we onuň ýaranlary Hudaýyň halkyna wagyz etmegi gadagan etdi. Duşmanlar 1 500 töweregi Şaýatlary öldürdiler, müňlerçesini bolsa konslagerlere ugratdylar. Şonda Danyýaryň pygamberligi ýerine ýetdi. Demirgazyk patyşasy «mukaddes ýeri haram edip, her gün berilýän gurbanlygy gadagan etdi». Netijede, Hudaýyň gullukçylary Ýehowanyň adyny arkaýyn şöhratlandyryp bilmeýärdi (Dan. 11:30b, 31a). Hatda Gitler Germaniýadaky Hudaýyň halkyny bütinleý ýok etjekdigini söz berdi.

  • Dünýäniň soňunda «demirgazyk patyşasy» bolan döwletler
    Garawul diňi — 2020 | Maý
    • IKI DUŞMAN ÝAKYNDAN HYZMATDAŞLYK EDÝÄR

      17. «Weýrançylyk getirýän ýigrenji zat» näme?

      17 Iki patyşa ençeme ýyllaryň dowamynda duşman hem bolsa, demirgazyk patyşasy günorta patyşasyny bir wajyp meselede goldaýar. Olar «weýrançylyk getirýän ýigrenji zady dikýärler» (Dan. 11:31). Şol «ýigrenji zat» Birleşen Milletler Guramasyny aňladýar.

      18. Pygamberlikdäki «ýigrenji zat» näme üçin Birleşen Milletler Guramasyny aňladýar?

      18 Pygamberlikdäki «ýigrenji zat» näme üçin Birleşen Milletler Guramasyny aňladýar? Sebäbi ol bütin dünýäde parahatlygy dikeldip bilerin diýýär. Aslynda, şeýle parahatlygy diňe Hudaýyň Patyşalygy dikeldip bilýär. Şeýle-de pygamberlikde şol ýigrenji zadyň «weýrançylyk getirjekdigi» aýdylýar, ýagny Birleşen Milletler Guramasy ýalan dinleri ýok etmekde uly orun eýelär. («Dünýäniň soňunda biri-birine garşy çykjak patyşalar» diýen çarçuwa serediň).

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş