Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w20 Maý sah. 8—11
  • Dünýäniň soňunda biri-birine garşy çykjak patyşalar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dünýäniň soňunda biri-birine garşy çykjak patyşalar
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Meňzeş maglumat
  • Dünýäniň soňunda «demirgazyk patyşasy» bolan döwletler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Ýehowa «ýakynda bolmaly zatlary» aýan edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Şu günler «demirgazyk patyşasy» kim?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Ylham kitabynda Hudaýyň duşmanlary hakda nähili pygamberlik aýdylýar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
w20 Maý sah. 8—11

Dünýäniň soňunda biri-birine garşy çykjak patyşalar

Şu çarçuwada agzalýan pygamberlikleriň käbiri bir wagtda ýerine ýetdi. Olar «dünýäniň soňunda» ýaşaýandygymyzy subut edýär (Dan. 12:4).

Çarçuwada 1870-nji ýyldan şu günlere çenli demirgazyk we günorta patyşalarynyň kimdigini mälim edýän aýratynlyklar hem-de pygamberlikler görkezilen.
  • Dört bölekden ybarat çarçuwanyň birinjisi soňky günlerdäki pygamberlikleri we 1870—1918-nji ýyllar aralygyny öz içine alýar. 1914-nji ýyldan bäri soňky günler dowam edýär. 1-nji pygamberlik: çarçuwanyň başky senesinde ýedi kelleli wagşy haýwan görkezilen. I Jahan urşunda wagşy haýwanyň ýedinji kellesi ýaralandy. 1917-nji ýyldan başlap, ýedinji kelle sagalýar we wagşy haýwan aýaga galýar. 2-nji pygamberlik: 1870-nji ýylda demirgazyk we günorta patyşalary peýda bolýar. 1871-nji ýylda Germaniýa demirgazyk patyşasy hökmünde peýda bolýar. Günorta patyşasy ilki bilen Beýik Britaniýady, ýöne 1917-nji ýyldan başlap, Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy onuň ornuny eýeledi. 3-nji pygamberlik: 1870-nji ýyldan başlap, Ç. T. Rassel we onuň egindeşleri «habarçy» bolýar. 1880-nji ýyllaryň başlarynda «Sion Garawul diňi» žurnalynyň okyjylary hoş habary wagyz etmäge höweslendirilýär. 4-nji pygamberlik: 1914-nji ýyldan başlap, hasyl ýygymy başlaýar, haşal otlar bugdaýdan aýrylýar. 5-nji pygamberlik: 1917-nji ýyldan başlap, demir we toýun gatyşykly aýak peýda bolýar. Çarçuwada şular hem görkezilen: 1914—1918-nji ýyllarda bütin ýer ýüzünde bolan ýagdaýlar, I Jahan urşy. Hudaýyň halkyna täsir eden wakalar: 1914—1918-nji ýyllarda Beýik Britaniýa bilen Germaniýada Mukaddes Kitaby öwrenýänleri türmä basýarlar. 1918-nji ýylda ABŞ-da ýolbaşçy doganlar tussag edilýär.
    1-nji pygamberlik..

    Aýat (lar): Ylh. 11:7; 12:13, 17; 13:1—8, 12

    Pygamberlik: «Wagşy haýwan» 3 000 ýyldan gowrak adamlaryň üstünden höküm sürýär. Soňky günlerde onuň ýedinji kellesi ýaralanýar. Emma soňra ýene-de sagalýar we «ýer ýüzüniň ähli adamlary» wagşy haýwanyň yzyna düşýär. Şeýtan wagşy haýwany «galan nesle» garşy söweşmek üçin ulanýar.

    Ýerine ýetişi: bütindünýä tupandan soň Ýehowanyň halkyna garşy çykan hökümdarlar peýda boldy. Şondan ençeme asyr geçenden soň, I Jahan urşy döwri iň güýçli hökümdarlyklaryň biri bolan Beýik Britaniýa döwleti kem-kemden güýjini ýitirdi. Emma ABŞ onuň bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip başlanda, ol ýene-de güýçlendi. Esasanam, soňky günlerde Şeýtan ýer ýüzündäki hökümetleri ulanyp, Hudaýyň halkyny zalymlyk bilen yzarlaýar.

  • 2-nji pygamberlik..

    Aýat (lar): Dan. 11:25—45

    Pygamberlik: soňky günlerde demirgazyk we günorta patyşasy biri-birine garşy çykar.

    Ýerine ýetişi: Germaniýa bilen Angliýa-Amerika biri-birinden üstün çykjak bolýar. 1945-nji ýylda Sowet Soýuzy we onuň tarapdarlary demirgazyk patyşa hökmünde hereket edip başlady. 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan soň, Russiýa we onuň tarapdarlary demirgazyk patyşasy boldy.

  • 3-nji pygamberlik..

    Aýat (lar): Işa. 61:1; Mel. 3:1; Luka 4:18

    Pygamberlik: Ýehowa Mesihi Patyşalygy berkarar etmezden öň, «ýol taýýarlar» ýaly, «habarçysyny» iberýär. Bu topara «ýumşaklara hoş habary aýtmak tabşyrylýar».

    Ýerine ýetişi: 1870-nji ýyldan başlap Ç. T. Rassel we onuň egindeşleri Mukaddes Kitapdaky hakykatlary yhlas bilen öwrenip başladylar. 1880-nji ýyllarda olar Hudaýyň gullukçylary hökmünde hoş habary wagyz etmegiň wajypdygyna düşündiler. Şeýdip, olar «Bize 1 000 sany wagyzçy gerek» we «Wagyz etmek üçin saýlananlar» atly makalalary çap etdiler.

  • 4-nji pygamberlik..

    Aýat (lar): Mat. 13:24—30, 36—43

    Pygamberlik: daýhan melleginde tohum ekýär, emma duşman bugdaýlaryň arasyna haşal oty ekip gidýär. Hasyl döwrüne çenli olaryň ikisi bile ösýär. Soňra haşal otlar bugdaýdan aýrylýar.

    Ýerine ýetişi: 1870-nji ýyldan başlap, hakyky mesihçiler bilen ýalan mesihçileriň arasyndaky tapawut has aýdyň görnüp başlady. Soňky günlerde hakyky mesihçiler ýalan mesihçilerden aýrylýar.

  • 5-nji pygamberlik..

    Aýat (lar): Dan. 2:31—33, 41—43

    Pygamberlik: demir bilen toýun gatyşyk aýak dürli metallardan ybarat bolan heýkele degişli.

    Ýerine ýetişi: toýun Angliýa-Amerika dünýä imperiýasynyň sada halkyny aňladýar. Olar ýurduň syýasatyna garşy çykýarlar. Şonuň üçin hökümet demir ýaly güýjüni doly görkezip bilmeýär.

  • Dört bölekden ybarat çarçuwanyň ikinjisi soňky günlerdäki pygamberlikleri we 1919—1945-nji ýyllar aralygyny öz içine alýar. 1945-nji ýyla çenli demirgazyk patyşasy Germaniýa boldy. Günorta patyşasy Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy boldy. 6-njy pygamberlik: 1919-njy ýylda saýlanan mesihçiler arassalanan ýygnakda. 1919-njy ýyldan başlap, wagyz işi güýçli depginde alnyp barylýar. 7-nji pygamberlik: 1920-nji ýylda Milletler Ligasy döredilýär we II Jahan urşuna çenli dowam edýär. Çarçuwada şular hem görkezilen: 1-nji pygamberlik (ýedi kelleli wagşy haýwan) ýerine ýetmegini dowam edýär. 5-nji pygamberlik (demir we toýun gatyşykly aýak) ýerine ýetmegini dowam edýär. 1939—1945-nji ýyllarda bütin ýer ýüzünde bolan ýagdaýlar, II Jahan urşy. Hudaýyň halkyna täsir eden wakalar: 1933—1945-nji ýyllarda Germaniýada 11 000-den gowrak Şaýat türmä basyldy. 1939—1945-nji ýyllarda Beýik Britaniýada 1 600-e golaý Şaýat türmä basyldy. 1940—1944-nji ýyllarda ABŞ-da takmynan 2 500 gezek Şaýatlaryň üstüne topuldylar.
    6-njy pygamberlik.

    Aýat (lar): Mat. 13:30; 24:14, 45; 28:19, 20

    Pygamberlik: «bugdaý» «ammara» ýygnalýar we «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» öýdäki hyzmatkärleriniň üstünden bellenýär. «Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz edilip» başlanýar.

    Ýerine ýetişi: 1919-njy ýylda wepaly hyzmatkär Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk etmäge bellenýär. Şol ýyldan başlap Mukaddes Kitaby öwrenýänler wagyz işine has hem yhlasly gatnaşyp başladylar. Şu günler Ýehowanyň Şaýatlary 200-den gowrak ýurtda wagyz edýärler we 1 000-den gowrak dillerde edebiýat çykarýarlar.

  • 7-nji pygamberlik.

    Aýat (lar): Dan. 12:11; Ylh. 13:11, 14, 15

    Pygamberlik: iki şahly wagşy haýwan «wagşy haýwanyň şekilini ýasamaga» ýolbaşçylyk edýär we «wagşy haýwanyň şekiline ýaşaýyş demini berýär»

    Ýerine ýetişi: Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy Milletler Ligasynyň döredilmegine ýolbaşçylyk edýär. Bu gurama başga halklar hem girýär. 1926—1933-nji ýyllar aralygynda demirgazyk patyşasy hem Milletler Ligasynyň agzasy boldy. Adamlar Milletler Ligasy parahatlygy dikelder diýip garaşýardy. Soňra olar Birleşen Milletler Guramasyna (BMG) umyt baglap başlady. Ýöne hakyky parahatlygy diňe Hudaýyň Patyşalygy dikelder.

  • Dört bölekden ybarat çarçuwanyň üçünjisi soňky günlerdäki pygamberlikleri we 1945—1991-nji ýyllar aralygyny öz içine alýar. 1991-nji ýyla çenli Sowet Soýuzy we onuň tarapdarlary demirgazyk patyşasydy. Soňra bolsa Russiýa we onuň tarapdarlary demirgazyk patyşasy boldy. Günorta patyşasy Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy boldy. 8-nji pygamberlik: atom bombasy ýarylýar, Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy görlüp-eşidilmedik weýrançylygyň bolmagyna sebäp bolýar. 9-njy pygamberlik: 1945-nji ýylda Milletler Ligasynyň ýerine BMG döredilýär. Çarçuwada şular hem görkezilen: 1-nji pygamberlik (ýedi kelleli wagşy haýwan) ýerine ýetmegini dowam edýär. 5-nji pygamberlik (demir we toýun gatyşykly aýak) ýerine ýetmegini dowam edýär. 6-njy pygamberlik ýerine ýetmegini dowam edýär (1945-nji ýylda wagyzçylaryň sany 156 000-den geçdi, 1991-nji ýylda wagyzçylaryň sany 4 278 000-den geçdi). Hudaýyň halkyna täsir eden wakalar: 1945—1950-nji ýyllarda Sowet Soýuzynda müňlerçe Şaýatlar Sibire sürgün edildi.
    8-nji pygamberlik.

    Aýat (lar): Dan. 8:23, 24

    Pygamberlik: zalym patyşa «öňde-soňda görülmedik weýrançylygy getirýär».

    Ýerine ýetişi: Angliýa-Amerika dünýä imperiýasy köp adamlaryň öldürilmegine we uly ýitgi çekmegine sebäp boldy. Meselem, II Jahan urşunda Amerikanyň Birleşen Ştatlary duşmanlarynyň üstüne iki sany atom bombasyny taşlanynda, görlüp-eşidilmedik weýrançylyk boldy.

  • 9-njy pygamberlik..

    Aýat (lar): Dan. 11:31; Ylh. 17:3, 7—11

    Pygamberlik: on şahly «gyrmyzy reňkli wagşy haýwan» düýpsüz çuňlukdan çykýar we sekizinji patyşa bolýar. Danyýar kitabynda bu patyşa «weýrançylyk getirýän ýigrenji zat» hökmünde suratlandyrylýar.

    Ýerine ýetişi: II Jahan urşy döwri Milletler Ligasy ýatyrylýar. Uruş gutarandan soň, onuň ýerine BMG döredilýär. Adamlar Milletler Ligasyna umyt baglaýşy ýaly BMG parahatlygy dikelder diýip garaşýar. Ýöne hakyky parahatlygy diňe Hudaýyň Patyşalygy dikelder. BMG ýalan dine hüjüm eder.

  • Dört bölekden ybarat çarçuwanyň dördünjisi soňky günlerdäki pygamberlikleri we biziň günlerimizden Armageddona çenli wagty öz içine alýar. Demirgazyk patyşasy Russiýany we onuň tarapdarlaryny aňladýar. Günorta patyşasy Angliýa-Amerika dünýä imperiýasyny aňladýar. 10-njy pygamberlik: dünýäniň patyşalary «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip yglan edýär. Soňra uly betbagtçylyk başlanýar. 11-nji pygamberlik: milletler ýalan diniň üstüne hüjüm eder. 12-nji pygamberlik: hökümetler Hudaýyň halkyna hüjüm edýär. Saýlanan mesihçileriň galyndysy göge ýygnanýar. 13-nji pygamberlik: Armageddon. «Ak atyň üstünde oturan» doly ýeňiş gazanýar. Ýedi kelleli wagşy haýwan ýok edilýär, dagdan gopan daş heýkeli çym-pytrak edýär. Çarçuwada şular hem görkezilen: 1-nji pygamberlik (ýedi kelleli wagşy haýwan) Armageddona çenli ýerine ýetmegini dowam edýär. 5-nji pygamberlik (demir we toýun gatyşykly aýak) Armageddona çenli ýerine ýetmegini dowam edýär. 6-njy pygamberlik (şu günler wagyzçylaryň sany 8 580 000-den geçdi) Armageddona çenli ýerine ýetmegini dowam edýär. Hudaýyň halkyna täsir eden wakalar: 2017-nji ýylda Russiýada Şaýatlar tussag edildi we filial döwletiň haýryna geçirildi.
    10 we 11-nji pygamberlikler.

    Aýat (lar): 1 Sel. 5:3; Ylh. 17:16

    Pygamberlik: milletler «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip yglan eder. «On şah» we «wagşy haýwan» ahlaksyz aýala hüjüm eder. Şondan soň halklar ýok ediler.

    Ýerine ýetişi: adamlar ýer ýüzünde parahatlygy we howpsuzlygy dikeldendigine ynandyrjak bolar. Soňra BMG-ni goldaýan halklar ýalan dini guramalary ýok eder. Şeýdip, uly betbagtçylyk başlar. Şol uly betbagtçylyk Şeýtanyň dünýäsini bütinleý ýok etjek Armageddon söweşi bilen tamamlanar.

  • 12-nji pygamberlik.

    Aýat (lar): Hyz. 38:11, 14—17; Mat. 24:31

    Pygamberlik: Äjit Hudaýyň halkyna topular. Soňra perişdeler «saýlananlary» ýygnar.

    Ýerine ýetişi: demirgazyk patyşasy we beýleki hökümetler Hudaýyň halkyna hüjüm eder. Olaryň hüjüminden biraz wagt geçenden soň saýlanan mesihçileriň galyndysy göge ýygnanar.

  • 13-nji pygamberlik.

    Aýat (lar): Hyz. 38:18—23; Dan. 2:34, 35, 44, 45; Ylh. 6:2; 16:14, 16; 17:14; 19:20

    Pygamberlik: «ak atyň üstünde oturan» Äjidi we onuň goşunyny bütinleý ýok edip, «doly ýeňiş gazanar». «Wagşy haýwan... ot kölüne zyňlar». Dagdan gopan daş heýkeli çym-pytrak eder.

    Ýerine ýetişi: Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy Isa Ýehowanyň gullukçylaryny halas eder. Ol 144 000 saýlanan mesihçiler we perişdelerden ybarat güýçli goşuny bilen milletleriň üýşmegini ýok eder. Şeýdip, Şeýtanyň dünýäsiniň soňuna çykar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş