Onunjy bap
Patyşalyk «hiç haçan ýok bolmaz»
1. Taryhyň dowamynda dünýäde bolup geçen wakalar nämäni subut etdi?
ADAMLARYŇ Ýehowanyň hökümdarlygyny inkär edip, özbaşdak bolup, bagta ýetmändigini dünýädäki wakalar her gün subut edýär. Ynsan hökümetiniň hiç biri-de adamlara doly peýda getirmedi. Adamlar ylmy taýdan ýokary derejä ýetseler-de, hiç kimi keselinden doly sagaldyp ýa ölümiň soňuna çykyp bilmedi. Ynsan hökümeti urşuň, zorlugyň, jenaýatçylygyň, parahorlugyň we gedaýçylygyň-da soňuna çykyp bilmedi. Köp ýurtlarda sütemkeş hökümdarlar şol öňküsi ýaly halky ezýärler (Wagyzçy 8:9). Ýer, suw, howa hapalanýar, sebäbi ösen tehnologiýany açgöz we nadan adamlar ulanýarlar. Wezipeli adamlaryň tygşytsyzlygy sebäpli dörän ykdysady kynçylyk zerarly köp adamlar iň zerur zatlary-da satyn alyp bilmeýärler. Ynsan hökümeti müňlerçe ýyllap «ädimlerine ugur görkezmek, ýöräp barýan adamyň ygtyýarynda däldigini» subut etdi (Ýeremiýa 10:23).
2. Adamzat kynçylyklaryny çözüp biljek ýeke-täk zat näme?
2 Bu kynçylyklary näme çözüp bilerkä? Elbetde, Hudaýyň Patyşalygy çözüp biler. Bu barada Isa şägirtlerine şeýle doga ediň diýdi: «Patyşalygyň gelsin. Gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn» (Matta 6:9, 10). Hudaýyň gökdäki Patyşalygy 2 Petrus 3:13-de «täze ýer», ýagny dogry adamlaryň üstünden höküm sürjek «täze gök» hökmünde suratlandyrylýar. Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň wajypdygy üçin, Isa esasan şol barada wagyz edýärdi (Matta 4:17). Isa Patyşalygyň durmuşymyzda nähili orun tutmalydygy barada şeýle diýdi: «Öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, onuň dogrulygyny agtaryň» (Matta 6:33).
3. Şu günler Hudaýyň Patyşalygy barada bilmek näme üçin örän wajyp?
3 Şu günler Hudaýyň Patyşalygy barada bilmek örän wajyp, çünki ol tizden ýerdäki hökümetleri hemişelik çalşar. Daniýel 2:44-de şeýle aýdylan: «Şol patyşalyklaryň [häzirki hökümetleriň] döwründe gökdäki Hudaý [gökde] patyşalyk berkarar eder, ol hiç haçan ýok bolmaz we bu patyşalyk başga halka geçmez [indi hiç haçan ýeri adamlar dolandyrmaz]; ol [häzirki] patyşalyklaryň ählisini ýumrup ýok eder, özi bolsa ebedi galar». Patyşalygyň bu zalym dünýäni ýok etmegi soňky günleriň gutarandygyny görkezer. Şonda gökdäki Patyşalygyň ýeriň üstünden höküm sürmäge haklydygy birkemsiz subut ediler. Muňa az wagtyň galandygyna biz gaty minnetdar!
4. 1914-nji ýylda Patyşalyk bilen baglanyşykly gökde näme boldy we bu bize näme üçin wajyp?
4 1914-nji ýylda Isa Mesih Patyşa bolup, «duşmanlaryň ortasynda höküm sürmäge» ygtyýar aldy (Zebur 110:1, 2). Şol ýyl bu zalym dünýäniň «soňky günleri» başlandy (2 Timoteos 3:1—5, 13). Şol wagt Daniýeliň görnüşde gören wakalary gökde bolup geçdi. «Günleri gadymy» Ýehowa Hudaý «ähli halklar, taýpalar we diller» Ynsan Ogluna, ýagny Isa Mesihe gulluk etsin diýip, «häkimiýeti, şöhraty hem-de patyşalygy» oňa berdi. Bu pikiri dowam edip, Daniýel şeýle ýazdy: «Onuň hökümdarlygy ebedi, hiç haçan geçmez we patyşalygy ýumrulmaz» (Daniýel 7:13, 14). Ýehowa Hudaý Isanyň baştutanlygyndaky gökdäki Patyşalyk arkaly dogrulygy söýýän adamlara Adam ata bilen How enäniň Jennetde alan bereketlerini gaýtadan berer.
5. Patyşalyk barada nähili jikme-jiklikleri bilmek gyzykly bolar we näme üçin?
5 Şol Patyşalygyň wepaly raýatlarynyň biri bolasyň gelýärmi? Bolasyň gelýän bolsa, onda gökdäki hökümetiň gurluşyny we onuň işleýşini bilmek saňa gyzykly bolsa gerek. Elbetde, onuň häzir hem-de gelejekde nämeler etjekdigini, şeýle-de senden näme talap edýändigini bilesiň gelýändir. Bu Patyşalyk barada bildigiňçe oňa minnetdarlygyň has-da artar. Eger-de sen Hudaýyň Patyşalygyna boýun bolsaň, onda onuň gulak asýan adamlar üçin etjek ajaýyp işleri hakda adamlara gürrüň bermäge taýýar bolarsyň (Zebur 48:12, 13).
Hudaýyň Patyşalygynyň hökümdarlary
6. a) Ýazgylara görä, Mesihiň Patyşalygy kimiň häkimiýetini aňladýar? b) Patyşalyk barada bilim bize nähili täsir etmeli?
6 Ilki bilen, Mesihi Patyşalygyň Ýehowanyň häkimiýetini aňladýandygyny bilýäris. Ýehowanyň hut özi Ogluna «häkimiýet, şöhrat we patyşalyk» berdi. Hudaýyň Ogly patyşalyk häkimiýetini alanda, gökden ses geldi: «Dünýä patyşalygy Rebbimiziňki [Ýehowa Hudaýyňky] we onuň Mesihiniňki boldy. Ol [Ýehowa] hem ebedilik höküm sürer» (Ylham 11:15). Diýmek, Patyşalyk we onuň edýän işleri barada bilim alsak, Ýehowa ýakynlaşarys. Bu bilimiň netijesinde bizde Ýehowanyň häkimiýetine ebedi boýun bolmak islegi artar.
7. Isa Mesihiň Ýehowanyň Baş Wekilidigi bizi näme üçin aýratyn gyzyklandyrýar?
7 Şeýle-de, Ýehowanyň Isa Mesihi Baş Wekili hökmünde tagta geçirendigi barada oýlanalyň. Hudaý bilen bile ýeri, adamlary ýaradanda Ussa kimin gatnaşandygy üçin Isa biziň zerurlyklarymyzy her kesden gowy bilýär. Onsoňam, ilkibaşdan «[ol] begenjiniň adam ogullary bilendigini» görkezdi (Süleýmanyň tymsallary 8:30, 31; Koloseliler 1:15—17). Isanyň adamlara bolan söýgüsi şeýle güýçlüdi welin, onuň hut özi biziň üçin janyny gurban etmäge geldi (Ýahýa 3:16). Şeýlelikde, ol günäden we ölümden azat edip, ebedi ýaşaýşa ýol açdy (Matta 20:28).
8. a) Hudaýyň hökümeti ynsan hökümetinden tapawutlylykda näme üçin ebedi bolar? b) «Sadyk hem akylly hyzmatkäriň» gökdäki hökümet bilen näme baglanyşygy bar?
8 Hudaýyň Patyşalygy — hemişelik we ebedi hökümet. Ýehowanyň bakydygy Patyşalygynyň-da ebedilik boljakdygyna güwä geçýär (Habakkuk 1:12). Ynsan patyşalaryndan tapawutlylykda Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy Isa Mesih hem baky ýaşar (Rimliler 6:9; Ylham 1:18). Mesih bilen bile gökdäki tagtlarda 144 000 sany kömekçi hökümdarlary oturarlar. Olar Hudaýyň «her taýpadan, her dilden, her halkdan we her milletden» alnan gullukçylary. Olara-da baky ýaşaýyş berilýär (Ylham 5:9, 10; 14:1—4; 1 Korintoslylar 15:42—44, 53). Olaryň köpüsi eýýäm gökde, emma galyndysy bolsa henizem ýerde ýaşaýar. Olar häzirki «sadyk hem akylly hyzmatkär» hökmünde Patyşalygyň bähbitleri barada ýadaman alada edýärler (Matta 24:45—47).
9, 10. a) Patyşalyk bölünişik döredýän we azdyrýan nähili täsirleri ýok eder? b) Hudaýyň Patyşalygynyň duşmany bolmaz ýaly nämelerden daşda durmaly?
9 Tizden Ýehowa bellän wagtynda ýeri arassalamak üçin gökdäki goşunyna buýruk berer. Hudaýyň hökümdarlygyny bilgeşleýin inkär edip, Isa Mesih arkaly söýgi bilen beren zatlaryna perwaýsyz garaýan adamlary şol goşun hemişelik ýok eder (2 Selanikliler 1:6—9). Bularyň ählisi Ýehowanyň gününde bolup, bütin Älemde onuň hökümdarlygy ahyry aklanar. «Ynha, Rebbiň güni wagşy, gahar we çogup barýan gazap bilen... ondan [er ýüzünden] günäkärleri ýok etmäge gelýär» (Işaýa 13:9). «Ol gün — gahar güni, muşakgat we daryşyk, harabaçylyk we weýrançylyk güni, garaňkylyk we tümlük, bulutly we dumanly gün» (Sefanýa 1:15).
10 Şonda bu dünýäniň göze görünmeýän gazaply hökümdarynyň goly astyndaky ýalan dinleriň we ynsan hökümetleriň ählisi goşunlary bilen bilelikde hemişelik ýok ediler. Nebisjeň, ynsapsyz we ahlaksyz ýaşap, bu dünýä bilen aýrylmaz baglanyşykly adamlaryň bary heläk bolar. Şeýtan we onuň jynlary ýeriň ýaşaýjylaryna hiç hili täsir edip bilmez, çünki müň ýyllap düýpsüz çuňlukda bolarlar. Şol ýerden çykmak olara başartmaz. Ýeriň ähli işlerini diňe Hudaýyň Patyşalygy dolandyrar. Dogrulygy söýýän adamlara ýeňillik bolar! (Ylham 18:21, 24; 19:11—16, 19—21; 20:1, 2).
Patyşalyk maksadyna nädip ýeter?
11. a) Mesihi Patyşalyk Ýehowanyň ýer baradaky niýetini nädip amala aşyrar? b) Patyşalyk ýeriň ýaşaýjylaryna nähili bereketler berer?
11 Mesihi Patyşalyk Hudaýyň ýer baradaky ilkinji niýetini amala aşyrar (Barlyk 1:28; 2:8, 9, 15). Adamlar şu wagta çenli bu niýetiň ýerine ýetmegine kömek etmediler. Ýöne «geljekki dünýä» Ynsan Ogluna, Isa Mesihe tabyn bolar. Ýehowanyň bu köne dünýäni höküm etjek güni halas boljak adamlaryň ählisi Patyşa Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda agzybir hem şatlykly zähmet çekip, ýer ýüzüni Jennete öwrerler (Ýewreýler 2:5—9). Adamlar öz çeken zähmetiniň miwesini ulanyp, ýeriň bolluk bilen berjek ähli hasylyndan lezzet alarlar (Zebur 72:1, 7, 8, 16—19; Işaýa 65:21, 22).
12. Patyşalygyň raýatlary nädip akyl we ten taýdan kämillige ýeter?
12 Adam ata bilen How ene kämil ýaradylypdy. Hudaý ýer ýüzüni olaryň akyl hem ten taýdan kämil nesillerinden doldurmak isleýärdi. Hudaýyň bu ajaýyp niýeti Patyşalygyň üsti bilen amala aşar. Munuň üçin günäniň galdyran täsirini ýok etmeli, ine, şu sebäpli Isa diňe bir Patyşa däl-de, eýsem, Baş Ruhany hem bolar. Gulak asýan raýatlar Isanyň günäni ýuwýan gurbanyndan peýda alar ýaly, ol sabyrly kömek eder.
13. Patyşalyk höküm sürende adamlaryň bedeni nähili bolar?
13 Patyşalyk höküm sürende ýerdäki ýaşaýjylaryň bedeni özgerer. «Şonda körleriň gözi, kerleriň hem gulagy açylar. Şonda agsak adam keýik kimin böker, lalyň dili bolsa aýdym aýdar, çünki çölde suwlar we sährada çeşme akar» (Işaýa 35:5, 6). Adamlaryň keselçilik ýa garrylyk zerarly betgelşik bolan bedeni çaganyň teninden hem juwan bolar, keselbentlik aradan aýrylyp, hemmäniň sagdyn saglygy bolar. «Şonda onuň bedeni ýaşlygyndakydanam juwan bolar. Ol ýaşlyk günlerine dolanar» (Eýýup 33:25). Şeýle bir gün geler welin, hiç kim «Men kesel» diýmez. Näme üçin? Sebäbi Hudaýdan gorkýan adamlaryň ählisi günäniň ýükünden hem-de galdyran elhenç zyýanyndan azat bolarlar (Işaýa 33:24; Luka 13:11—13). Hawa, Hudaý «olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy» (Ylham 21:4).
14. Kämil adam bolmak diýmek näme?
14 Emma kämil bolmak, sagdyn tenden hem-de sagdyn akyldan has köp zady aňladýar. Ýehowanyň häsiýetlerini bütinleý görkezmeli, çünki biz onuň keşbine görä we oňa meňzeşlikde ýaradyldyk (Barlyk 1:26). Muňa ýetmek üçin köp zatlary öwrenmeli. Täze dünýäde «dogrulyk höküm sürer». Işaýanyň welilik edişi ýaly, «[täze] ýurduň ýaşaýjylary dogrulygy öwrenerler» (2 Petrus 3:13; Işaýa 26:9, TD). Dogrulyk häsiýeti ähli milletleriň, ýakyn dostlaryň arasynda, maşgalada, esasan hem, Hudaý bilen araňda parahatçylygyň bolmagyna ýardam edýär (Zebur 85:10—13; Işaýa 32:17). Wagty gelende, dogrulygy öwrenýän adamlar Hudaýyň niýetinde tutýan orny barada gitdigiçe köp bilerler. Ýehowa söýgi olaryň ýüreginde ornaşanda, durmuşyň ähli ýagdaýynda onuň ýollary boýunça ýaşarlar. Isa ýaly olar-da: «Men hemişe Oňa [Atama] ýaraýan zatlary edýärin» diýip bilerler (Ýahýa 8:29). Ähli adamlar şeýle etseler, gör, nähili ajaýyp ýaşaýyş bolar!
Nähili üstünlikler gazanyldy?
15. Şu abzasda getirilýän soraglaryň kömegi bilen Patyşalygyň üstünlikleri we biziň häzir etmeli işlerimiz barada aýdyp ber.
15 Hudaýyň Patyşalygy we onuň raýatlary uly üstünlikler gazandy. Indiki soraglar we aýatlar şol üstünlikleriň käbirini we Patyşalygyň raýatlarynyň edip biljek hem-de etmeli işleri barada saňa ýatladar.
Ilki Patyşalyk kime garşy çykdy we netijesi näme boldy? (Ylham 12:7—10, 12).
Mesih tagta geçenden bäri, haýsy toparyň galan agzalarynyň ýygnalmagyna üns berilýär? (Ylham 14:1—3).
Uly muşakgat başlandan soň, Matta 25:31—33-nji aýatlardaky pygamberlige laýyklykda, Isa näme eder?
Häzir nähili taýýarlyk işleri geçirilýär? Bu işe kimler gatnaşýar? (Zebur 110:3; Matta 24:14; Ylham 14:6, 7).
Syýasy we dini duşmanlar näme üçin wagzy togtadyp bilenoklar? (Zakarýa 4:6; Resullaryň işleri 5:38, 39).
Patyşalyga boýun bolýan adamlaryň durmuşynda nähili özgerişler bolýar? (Işaýa 2:4; 1 Korintoslylar 6:9—11).
Müňýyllyk Patyşalyk
16. a) Mesihiň hökümdarlygy näçe wagt dowam eder? b) Şol aralykda we ondan soň nähili ajaýyp işler bolar?
16 Şeýtan we onuň jynlary düýpsüz çuňluga zyňlanda, Isa Mesih we 144 000 mirasdaşlary müň ýyl patyşalar hem ruhanylar bolarlar (Ylham 20:6). Şol aralykda adamlar kämil bolup, Adam atadan galan günä we ölüm hemişelik aýrylar. Isa Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda Mesihi Patyşanyň we Ruhanynyň borjuny ýerine ýetirip, «Hudaý ähli zatda höküm sürer ýaly, Patyşalygy [Atasyna] tabşyrar» (1 Korintoslylar 15:24—28). Şonda günäsi ýuwlan adamlaryň Älemiň Hökümdary Ýehowa bolan wepadarlygyny synamak üçin Şeýtan az wagtlaýyn boşadylar. Iň soňky synagdan soň, Ýehowa Şeýtany we oňa goşulan pitneçileriň ählisini ýok eder (Ylham 20:7—10). Ýehowanyň hökümdarlygyny, ýagny höküm sürmäge haklydygyny goldan adamlar, Hudaýa bütinleý wepalydygyny gutarnykly subut ederler. Ýehowa bilen olaryň arasy oňat bolar: Hudaý olary öz ogullary hem gyzlary hökmünde kabul edip, ebedi ýaşaýşa mynasyp görer (Rimliler 8:21).
17. a) Müň ýyl geçenden soň Patyşalyga näme bolar? b) Patyşalyk «hiç haçan ýok bolmaz» diýip, näme üçin aýdyp bolar?
17 Şundan soň, Isanyň we onuň 144 000 mirasdaşlarynyň ýer babatda etmeli işleri üýtgär. Mundan soň olar näme bilen meşgullanar? Bu barada Mukaddes Ýazgylarda aýdylanok. Eger-de biz Ýehowanyň hökümdarlygyny wepaly goldasak, onda Müňýyllyk hökümdarlygyň ahyryna çenli ýaşarys we Ýehowanyň olara hem-de Äleme taýýarlan zadyny göreris. Her niçik-de bolsa, Mesihiň müňýyllyk hökümdarlygy «ebedi» bolup, onuň Patyşalygy «ýok bolmaz» (Daniýel 7:14). Haýsy manyda? Birinjiden, häkimiýet betniýetli adamlaryň eline geçmez, sebäbi onuň Hökümdary Ýehowanyň hut özi bolar. Ikinjiden, Patyşalyk «hiç haçan ýok bolmaz», sebäbi onuň üstünlikleri ebedi peýda getirer (Daniýel 2:44). Mesihi Patyşa we Ruhany hem-de onuň bilen bile höküm sürjek patyşalar we ruhanylar Ýehowa wepaly gulluk edeni üçin ebedi hormata mynasyp bolarlar.
Gaýtalamak üçin soraglar
• Näme üçin Hudaýyň Patyşalygy adamzat kynçylyklaryny çözjek ýeke-täk hökümet? Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy haçan höküm sürüp başlady?
• Hudaýyň Patyşalygy we onuň etjek işleri barada saňa näme aýratyn ýarady?
• Patyşalyk nähili üstünlikler gazandy we sen oňa nähili goşant goşup bilersiň?
[92, 93-nji sahypalardaky surat]
Hudaýyň Patyşalygy höküm sürende ähli adamlar dogrulygy öwrener