Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lff sap. 32
  • Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SÖHBETDEŞLIK
  • ESASY PIKIRLER
  • KÖPRÄK BILIŇ
  • Mukaddes Kitapda 1914-nji ýyl barada näme diýilýär?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Hudaýyň Patyşalygy haçan höküm sürüp başlady? (Dowamy)
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • 1914-nji ýyl — Mukaddes Ýazgylara görä, ähmiýetli ýyl
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
lff sap. 32
32-nji sapak. Isa Mesih şalyk hasasy bilen ýer ýüzüne hökümdarlyk edýär.

32-NJI SAPAK

Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!

Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi

Hudaýyň Patyşalygy 1914-nji ýylda gökde höküm sürüp başlady. Şol ýyldan bäri, ynsan hökümetleriniň hem höküm sürmeli wagty azalyp başlady. Munuň şeýledigini Mukaddes Kitapdaky pygamberlikden we ýer ýüzünde bolýan wakalardan bilýäris.

1. Mukaddes Kitapda nähili pygamberlik aýdylýar?

Danyýar pygamberiň aýtmagyna görä, Hudaýyň Patyşalygy «ýedi döwrüň» soňunda höküm sürüp başlar (Danyýar 4:16, 17). Birnäçe asyrdan soň Isa pygamber şol döwrüň, ýagny «milletlere berlen wagtyň» gutarmandygyny aýtdy (Luka 21:24). Şu sapakda ýedi döwrüň 1914-nji ýylda gutarandygyny bileris.

2. 1914-nji ýyldan bäri dünýäde nämeler bolýar?

Şägirtleri Isadan: «Seniň gelendigiňi we dünýäniň soňuny haýsy alamatdan bilse bolar?» diýip soradylar (Matta 24:3). Isa gökde patyşa bolansoň, dünýäde uruşlaryň, açlygyň, ýertitremeleriň, betbagtçylyklaryň boljakdygyny aýtdy (Matta 24:7-ni oka). Şeýle-de «soňky günlerde» adamlaryň häsiýetleriniň erbetleşmegi bilen, durmuş hem has kynlaşýar (2 Timoteos 3:1—5). Şol zatlar 1914-nji ýyldan bäri has köp bolýar.

3. Hudaýyň Patyşalygy höküm sürüp başlandan bäri erbetlik näme üçin hasam köpeldi?

Isa gökde patyşa bolan badyna, Şeýtan we onuň jynlary bilen söweşdi. Şonda Isa Şeýtany ýeňdi. Şeýtan «perişdeleri bilen ýere zyňyldy» (Ylham 12:9, 10, 12). Şeýtan hem özüniň ýok ediljegini bilip, gahar-gazaba mündi. Ol adamlaryň başyna betbagtçylyk inderip, ejir baryny çekdirýär. Dünýäniň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýär, ýöne Hudaýyň Patyşalygy şol kynçylyklaryň baryny aýrar.

SÖHBETDEŞLIK

Hudaýyň Patyşalygy 1914-nji ýylda höküm sürüp başlady, muny her birimiz bilmeli.

4. 1914-nji ýyl barada pygamberlikden bilýäris

WIDEONY görüň.

WIDEO: «1914-nji ýyldan bäri Patyşalyk höküm sürýär» (5:02)

Hudaý Wawilon patyşasy Nawuhodonosora bir düýş görkezdi. Danyýar pygamber şol düýşi düşündirýär. Ol düýş Nawuhodonosor patyşanyň hökümdarlygy we Hudaýyň Patyşalygy barada pygamberlikdi (Danyýar 4:17-ni okaň)a.

Danyýar 4:20—26-njy aýatlary okap, suratlar arkaly aşakdaky soraglara jogap beriň.

  • A. Nawuhodonosor düýşünde näme görýär? (20, 21-nji aýatlara serediň).

  • B. Agaja näme bolmalydy? (23-nji aýada serediň).

  • Ç. «Ýedi döwrüň» soňunda näme bolýar? (26-njy aýada serediň).

Agaç baradaky düýşüň Hudaýyň Patyşalygy bilen baglanyşygy

PYGAMBERLIK Danyýar 4:20—36

Hökümdarlyk

A. Uly agaç

Beýik agaç.

Hökümdarlyk ýykylýar

B. «Agaç kesilýär» we «ýedi döwür» geçýär

Agaç çapylyp, töňňesi demir hem mis bilen baglanýar.

Hökümdarlyk dikeldilýär

Ç. «Patyşalygyň ýene-de gaýtarylyp berler»

Beýik agaç.

Pygamberligiň birinji gezek ýerine ýetişi

  • D. Agaç kimi aňladýar? (22-nji aýada serediň).

  • E. Hökümdarlyk nädip ýykyldy? Danyýar 4:29—33-nji aýatlary okaň.

  • Ä. «Ýedi döwrüň» soňunda Nawuhodonosora näme bolýar? Danyýar 4:34—36-njy aýatlary okaň.

PYGAMBERLIGIŇ BIRINJI GEZEK ÝERINE ÝETIŞI

Hökümdarlyk

D. Wawilon patyşasy Nawuhodonosor

Nawuhodonosor patyşa tekepbir bolýar.

Hökümdarlyk ýykylýar

E. B. e. öň 606-njy ýyldan soň, Nawuhodonosoryň akyly üýtgäp, ýedi ýyllap tagtda oturmaýar

Nawuhodonosor haýwan ýaly ot iýýär.

Hökümdarlyk dikeldilýär

Ä. Soňra akyly ýerine gelip, ýene-de höküm sürüp başlaýar

Nawuhodonosor patyşa ellerini göge galdyryp dur.

Pygamberligiň ikinji gezek ýerine ýetişi

  • F. Agaç kimi aňladýar? 1 Taryh 29:23-i okaň.

  • G. Hökümdarlyk nädip ýykylýar? Isa ýerde ýaşanda, hökümdarlygyň entegem dikeldilmändigini nireden bilýäris? Luka 21:24-i okaň.

  • H. Patyşalyk haçan we nirede dikeldildi?

PYGAMBERLIGIŇ IKINJI GEZEK ÝERINE ÝETIŞI

Hökümdarlyk

F. Ysraýylda Hudaýyň bellän patyşalary

Her döwürde Ysraýylda patyşa bolan adamlar. Olaryň üstüne nur şöhle saçýar.

Hökümdarlyk ýykylýar

G. Iýerusalim weýran edilýär, Ysraýylyň şa neslinden hiç kim 2 520 ýyllap tagtda oturmaýar

B. e. öň 607-nji ýylda Iýerusalim otlanýar, şondan 2 520 ýyl geçýär.

Hökümdarlyk dikeldilýär

H. Isa gökde Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy bolýar

Isa 1914-nji ýylda gökde tagta çykyp, höküm sürüp başlady. Onuň üstüne nur şöhle saçýar.

Ýedi döwür näçe wagty öz içine alýar?

Mukaddes Kitabyň käbir aýatlary beýleki aýatlara düşünmäge kömek edýär. Meselem, Ylham kitabynda üç ýarym döwrüň 1 260 güne deňdigi aýdylýar (Ylham 12:6, 14). Üç ýarym döwri hem ikä köpeltsek, ýedi döwür bolýar. Diýmek, ýedi döwür 2 520 güne deň bolýar. Käte Mukaddes Kitapda bir gün diýlende, bir ýyl göz öňüne tutulýar (Hyzkyl 4:6). Danyýar kitabyndaky ýedi döwür hem 2 520 ýyl bolýar.

5. 1914-nji ýyldan bäri dünýäniň ýagdaýy erbetleşýär

WIDEONY görüň.

WIDEO: «1914-nji ýyldan bäri dünýäniň ýüzi bulaşdy» (1:10)

Isa patyşa bolansoň, ýer ýüzünde ýagdaýyň erbetleşjekdigini aýtdy. Luka 21:9—11-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýer ýüzünde nähili betbagtçylyklar bolýar?

Pawlus resul soňky günlerde adamlaryň erbetleşjekdigini aýtdy. 2 Timoteos 3:1—5-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Adamlarda şu aýatlarda agzalan haýsy häsiýetleri görýärsiň?

Suratlar: Soňky günlerde dünýäde bolýan ýagdaýlar we adamlaryň edýän işleri. 1) Harby goşunyň serkerdesi haýbatly çykyş edýär. 2) Ýertitremede ençeme binalar ýumrulýar. 3) Harby uçarlar. 4) Ýüz örtükli adamlar köçede ýöräp barýar. 5) Jenaýatçylar Nýu-Ýorkda goşa binany otlaýarlar. 6) Bir oglan özüne neşe urýar. 7) Bir adam ýumrugyny çeýnäp, aýalynyň üstüne gygyrýar. 8) Her dürli neşe we spirtli içgiler. 9) Iki gyz ýarym-ýalaňaç geýnip, şaý-sepleri dakynyp, surata düşýär. 10) Gijeki oturyşykda saz çalyp, tans oýnaýarlar. 11) Garagol oglan içinde partlaýjy madda bolan çüýşäni zyňýar.

6. Patyşalygyň höküm sürmegi ruhlandyrýar

Matta 24:3, 14-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigi nämeden görünýär?

  • Sen köpräk wagyz etmek üçin näme edip bilersiň?

Hudaýyň Patyşalygy gökde höküm sürýär. Tizden ol bütin ýer ýüzünde-de höküm sürer. Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • «Şol günüň golaýlaşýandygyny görüp», biz näme etmeli?

Suratlar: 1) Sapak geçýän gyz ýygnaga gatnaşýar. 2) Şol gyz tanşyna wagyz edýär.

Aýdaly, sen bir gowy habar eşitdiň. Şol habaryň adamlara kömek etjekdigini bilseň, näme ederdiň?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin 1914-nji ýyly wajyp ýyl hasaplaýar?»

  • Sen nähili düşündirerdiň?

ESASY PIKIRLER

Mukaddes Kitapdaky pygamberlik we dünýäniň ýagdaýy Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigini görkezýär. Biz wagyz edip, ýygnak duşuşyklaryna baryp, Patyşalygy goldaýarys.

Gaýtalamak

  • Danyýar kitabynda aýdylýan ýedi döwrüň soňunda näme boldy?

  • Sen Patyşalygyň 1914-nji ýylda höküm sürüp başlandygyna näme üçin ynanýarsyň?

  • Patyşalygyň höküm sürmegi seni nämä höweslendirýär?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Taryhçylar 1914-nji ýyldan bäri dünýäniň erbetleşýändigini aýdýar.

«Azgynlyk hasam köpeldi» («Oýanyň!» aprel, 2007)

Matta 24:14-däki pygamberlik bir adama güýçli täsir edýär.

«Durmuşymy beýsbolsuz göz öňüne getirmeýärdim» («Garawul diňi» No. 3, 2017)

Danyýar kitabynyň 4-nji babynda Hudaýyň Patyşalygy hakda pygamberlik edilýär.

«Hudaýyň Patyşalygy haçan höküm sürüp başlady?» (Gürrüňdeşlik) («Garawul diňi» 1 oktýabr, 2014)

Danyýar kitabynda aýdylýan «ýedi döwür» 1914-nji ýylda tamamlandy.

«Hudaýyň Patyşalygy haçan höküm sürüp başlady?» (Dowamy) («Garawul diňi» 1 noýabr, 2014)

a Şu sapagyň «Köpräk biliň» diýen bölümindäki soňky iki makalany okaň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş