Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 1/6 sah. 21—25
  • Garrylyk döwründe ruhy taýdan miwe bermek

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Garrylyk döwründe ruhy taýdan miwe bermek
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Ybadathanadan çykmaýardy»
  • Akylyňy dury saklamak
  • Ýagdaý üýtgese-de, wepaly bolmak
  • Berk çydam
  • Gartaşan doganlar, Ýehowa siziň wepalylygyňyzy gymmat saýýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Agyr günler gelmänkä, Ýehowa gulluk ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Ýehowa gartaşan gullukçylarynyň mähir bilen aladasyny edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Garrylar — ýaşlar üçin bereket
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 1/6 sah. 21—25

Garrylyk döwründe ruhy taýdan miwe bermek

«Rebbiň öýünde... ekilenler... garrylykda-da miwe berer» (ZEBUR 92:13, 15).

1, 2. a) Garry adamy köplenç nähili suratlandyrýarlar? b) Adam atanyň günäsiniň ýetiren zyýany barada Mukaddes Ýazgylarda nähili wada berilýär?

GARRYLYK sözüni eşideniňizde, göz öňüňize nähili adam gelýär? Ýüzüne ýygyrt düşen? Gulagy agyr? El-aýagy ysgynsyz? Ýa-da Wagyzçy 12:1—7-nji aýatlardaky suratlandyrylýan «ýaman günler» bilen baglanyşykly başga-da agyr ýagdaýlary başdan geçirýän adammy? Eger göz öňüňize şeýle adam gelýän bolsa, onda Wagyzçy kitabynyň 12-nji babynda suratlandyrylýan garrylygy Ýaradyjymyz Ýehowa Hudaýyň ilkibaşda adamlara islemändigi ýadyňyzda bolsun. Şeýle garrylyk Adam atanyň günäsiniň netijesidir (Rimliler 5:12).

2 Aslynda, ýaşyň ulalmagy gargyş däl, sebäbi ýaşamak üçin wagt geçmeli. Dogrudan-da, ähli janly-jandar ulalyp, ýetişmegi isleýär. Tizden günäniň we kämilsizligiň alty müň ýyldan bäri ýetirýän zyýany geçip gider. Hudaýa gulak asýan adamlar Ýaradyjynyň ilkibaşda isleýşi ýaly ýaşap, garrylyk derdi we ölüm bolmaz (Barlyk 1:28; Ylham 21:4, 5). Şonda «ýaşaýjylaryň hiç biri: «Men ýaramok» diýmez» (Işaýa 33:24). Gartaşan adamlar «ýaşlyk günlerine» dolanyp, bedeni «ýaşlygyndakydanam juwan bolar» (Eýýup 33:25). Häzirlikçe bolsa, hemmeler Adam atadan miras alan günä garşy göreşmeli bolýarlar. Emma Ýehowanyň gullukçylary garrylyk çagyna gadam ursalar-da, şol döwri dogry peýdalanýarlar.

3. Mesihçiler nädip «garrylykda-da miwe berip» bilýärler?

3 Hudaýyň Sözünde: «Rebbiň öýünde... ekilenler... garrylykda-da miwe berer» diýilýär (Zebur 92:13, 15). Göçme manyda beýan edip, mezmurçy mizemez hakykaty görkezýär: Hudaýyň wepaly gullukçylary garrasalar-da, üstünlik gazanmagyny we şadyýan bolup, ruhy taýdan kämilleşmegini dowam edýärler. Muny Mukaddes Ýazgylardaky we şu günki ençeme mysallar tassyklaýar.

«Ybadathanadan çykmaýardy»

4. Anna atly gartaşan pygamber aýal Hudaýa wepalylygyny nädip görkezdi we nähili sylag aldy?

4 Anna atly pygamber aýalyň mysalyna seredeliň. Segsen dört ýaşyna ýetse-de, ol «ybadathanadan çykman, gije-gündiz oraza tutup, doga edip, ybadat bilen meşguldy». Onuň atasy lewili däl-de, «Aşer taýpasyndan» bolany üçin, ol ybadathanada hemişe ýaşamaýardy. Her gün irden ýakylýan gurbandan, tä agşam ýakylýan gurbanlyga çenli ybadathanada bolmak üçin, Anna nähili tagalla edendir! Onuň wepalylygy görünmän galmady, ol uly sylag aldy. Ýusup bilen Merýem kanunynyň talabyna görä, Isa bäbegi Ýehowanyň öňüne ybadathana getirenlerinde, Anna pygamber şol ýerdedi. Isany gören badyna pygamber aýal «Rebbe öwgi aýdyp, Iýerusalimiň gutulmagyna garaşýanlaryň baryna bu çaga hakda gürrüň berýär» (Luka 2:22—24, 36—38; Sanlar 18:6, 7).

5, 6. Şu günler gartaşan wagyzçylaryň köpüsi Annadan nähili görelde alýarlar?

5 Şu günler hem köp gartaşan dogan-uýalar Annadan görelde alyp, ýygnagyň duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşýarlar, hakyky seždäniň ilerlemegi hakda ýürekden dileg edýärler hem-de hoş habary yhlasly wagyz edýärler. Aýaly bilen duşuşyklara yzygiderli gatnaşýan 80 ýaşyndaky doganymyz şeýle diýýär: «Biz duşuşyklara barmagy endik edindik. Bu biziň iň arzyly ýerimiz. Hudaýyň halky nirede bolsa, şol ýerde bolasymyz gelýär. Ol ýerde bolmak bize örän ýaraýar». Nähili ajaýyp görelde! (Ýewreýler 10:24, 25).

6 Jin atly 80 ýaşly dul uýamyz şeýle diýýär: «Hakyky sežde bilen baglanyşykly bir zada goşant goşmaga mümkinçilik tapylsa, elimden gelenini etmek isleýärin». Soňra dowam edip, şeýle diýýär: «Elbetde, meniň göwnüçökgün wagtlarym bolýar, ýöne näme üçin men sebäpli başgalar hem göwnüçökgün bolmaly?» Ol başga ýurtlarda geçen abatlaýjy ruhy duşuklara gatnaşandygyny gürrüň berende, onuň gözlerinde şatlyk duýulýardy. Ol ýaňy-ýakynda syýahata gidende, ýoldaşlaryna: «Men ýurduň gözel ýerlerini gördüm, indi wagza çykasym gelýär» diýýär. Ýerli halkyň dilini bilmese-de, Jin adamlary hoş habar bilen gyzyklandyryp bildi. Şeýle-de ol ençeme ýyldan bäri kömege mätäç ýygnaga ýardam edýär. Munuň üçin hatda täze dili hem öwrendi, ýygnaga bolsa gidişin-gaýdyşyn iki sagat wagtyny ýola sarp edýär.

Akylyňy dury saklamak

7. Gartaşan Musa Ýehowa bilen gatnaşygyny berkitmek isleýändigini nädip görkezdi?

7 Durmuş tejribesi wagtyň geçmegi bilen gazanylýar (Eýýup 12:12). Emma ruhy taýdan ösmeklik adamyň ýaşyna bagly bolmaýar. Şonuň üçin Hudaýyň wepaly gullukçylary geçmişde alan bilimi bilen çäklenmän, ýylsaýyn «bilimde ilerlemäge» çalyşýarlar (Süleýmanyň tymsallary 9:9). Ýehowadan tabşyryk alanda Musa 80 ýaşyndady (Çykyş 7:7). Şol döwür üçin Musanyň ýaşy köp hasaplanýardy, sebäbi ol şeýle ýazýar: «Ömrümiziň günleri ýetmiş ýyldyr; zordan segsen bolaýanda-da... tiz geçýär» (Zebur 90:10). Muňa garamazdan, bilim almak üçin Musa özüni garry hasaplamaýar. Onlarça ýyl Hudaýa gulluk edip, ençeme ýumuşlary we agyr jogapkärçiligi ýerine ýetirendigine garamazdan, Musa Ýehowa: «Ýalbarýaryn, maňa Öz ýollaryňy bildir» diýip haýyş edýär (Çykyş 33:13). Hawa, Musa Ýehowa bilen gatnaşygyny hemişe berkitmek isleýärdi.

8. Daniýel 90 ýaşlaryndan geçse-de, nädip akylyny dury saklaýar we bu nähili netije berýär?

8 Daniýel pygamber 90 ýaşlaryndan geçse-de, mukaddes golýazmalary çuňňur öwrenýärdi. Onuň şol golýazmalardan — ähtimal, Lewililer, Işaýa, Ýeremiýa, Hoşea we Amos kitaplaryndan — öwrenen zatlary Ýehowa ýürekden doga etmäge höweslendirýär (Daniýel 9:1, 2). Hudaý onuň dogasyna jogap berýär. Pygambere Mesihiň gelmegi we arassa sežde bilen bagly zatlar hakda düşünje berilýär (Daniýel 9:20—27).

9, 10. Akylyny dury saklamak üçin käbir dogan-uýalar näme etdiler?

9 Biz hem Musa bilen Daniýelden görelde alyp, ýaşymyza garamazdan, akylymyzy dury saklamak üçin tagalla edip, ruhy zatlara köpräk üns bermeli. Köp garrylar şeýle-de edýärler. 80 ýaşyndaky Uort atly ýaşuly «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» berýän ruhy iýmiti bilen wagtly-wagtynda tanyşmaga jan edýär (Matta 24:45). Ol şeýle diýýär: «Men hakykaty şeýle gowy görýärin! Hakykat nurunyň gitdigiçe parlaýşyny görüp, örän begenýärin» (Süleýmanyň tymsallary 4:18). Şonuň ýaly-da, Ýehowa 60 ýyldan gowrak doly wagtly gulluk edýän Fred imandaşlary bilen Mukaddes Ýazgylar hakda gürrüňe başlasa, ruhlanýandygyny aýdýar. Ol şeýle diýýär: «Men özüme Mukaddes Ýazgylaryň diridigini hökman ýatladyp durmaly. Eger-de Mukaddes Ýazgylary özüňe ýatlatsaň, başgaça aýdanyňda, okan zatlaryň barada çuňňur oýlansaň hem-de öwrenen zatlaryňy «sagdyn sözleriň nusgasy» bilen baglanyşdyrsaň, onda seniň alan bilimiň bölek-büçek bolmaz. Olar altyn-kümüş şaýlardaky gymmat bahaly daşlar kimin hersi öz ornunda durar» (2 Timoteos 1:13).

10 Garrylyk täze we çylşyrymly zatlary öwrenmäge päsgel bermeýär. Altmyş, ýetmiş, hatda segsen ýaşly adamlar sowatsyzlygy ýeňmegi ýa-da täze dil öwrenmegi başardylar. Ýehowanyň käbir Güwäçileri bolsa, hoş habary başga milletdäki adamlara gürrüň bermek üçin şeýle etdiler (Markus 13:10). Harri we onuň aýaly portugal dilinde gepleýän adamlara wagyz edip başlanlarynda, ýetmiş ýaşlaryna golaýlaşandy. «Hawa, garranyňda islendik işi etmek kyn bolýar» diýip, Harri gürrüň berýär. Muňa garamazdan, olar tagalla hem erjellik edip, portugal dilinde Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip başladylar. Şondan bäri köp ýyl geçdi, häzir Harri etrap kongresinde täze öwrenen dilinde nutk bilen çykyş edýär.

11. Näme üçin wepaly garrylaryň edýän işleri hakda oýlanmaly?

11 Dogry, şeýle kynçylyklara hötde gelmäge her kimiň saglygy ýa-da ýagdaýy mümkinçilik bermeýär. Onda käbir gartaşan wagyzçylaryň edýän işleri hakda näme üçin oýlanmaly? Elbetde, bu hemme garrylaryň şeýle işleri etmelidigini aňlatmaýar. Biz Pawlus resulyň ýygnagyň wepaly ýaşululary hakda ýewreý mesihçilere: «Olaryň ýaşaýşynyň hasylyna seredip, imanlaryndan görelde alyň» diýip, aýdanlaryny tassyklaýarys (Ýewreýler 13:7). Gartaşan wagyzçylaryň yhlasy hakynda oýlansak, olaryň berk imanyndan görelde almaga höweslendirer. Hudaýa gulluk etmäge nämäniň höweslendirýändini düşündirip, 87 ýaşly Harri şeýle diýýär: «Men ömrümiň galan ýyllaryny paýhasly ulanyp, başardygymdan Ýehowa gulluk etmek isleýärin». Ýokarda agzalan Fred Beýtelde edýän işinden örän hoşal. Ol şeýle belleýär: «Ýehowa nädip gowy gulluk edip biljekdigiňi anyklap, şol gullugy ýerine ýetirjek bol».

Ýagdaý üýtgese-de, wepaly bolmak

12, 13. Gartaşanlygy sebäpli ýagdaýy üýtgese-de, Barzillaý nädip Hudaýa wepaly bolupdyr?

12 Ýaşyň geçdigi saýyn saglyk ýagdaýyň, mümkinçiligiň üýtgeýär we muňa öwrenişmek kyn bolup biler. Emma muňa garamazdan, Hudaýa wepaly bolmak mümkin. Bu babatda gileadly Barzillaý ajaýyp görelde galdyrdy. Ol 80 ýaşynda bolsa-da, Abşalom gozgalaň turzanda, Dawuda we onuň goşunyna uly hezzet-hormat bildirip, iýere çörek we ýatmaga düşek getirýär. Dawut Iýerusalime dolananda, Barzillaý ony we nökerlerini Iordan derýasyna çenli ugradýar. Dawut Barzillaýa köşkde ýaşamagy teklip edýär. Barzillaý näme jogap berýär? «Häzir men segsen ýaşymda. Seniň guluň iýýän we içýän zadynyň tagamyny bilermi ýa-da aýdymçy oglan-gyzlaryň owazyny eşidermi?... Ine, guluň Kimham. Goý, ol meniň patyşam bilen [derýadan] geçsin. Sen oňa näme edeýin diýseň edip bilersiň» (2 Patyşalar 17:27—29; 19:31—40).

13 Gartaşanlygy sebäpli mümkinçiligi öňki ýaly bolmasa-da, Ýehowanyň bellän patyşasyny goldamak üçin Barzillaý elinden geleni edýär. Ýaş wagtyndaky ýaly tagam duýup bilmese-de, gulagy gowy eşitmese-de, ol gaýga batmaýar. Gaýtam, nebsine çapman, bar ýagşylygy Kimhama etmegi haýyş edip, Barzillaý özüniň nähili adamdygyny aýan edýär. Şu günler hem köp garrylar Barzillaýdan görelde alyp, öz nebsine çapman, jomartlyk edýärler. Olar hakyky seždäni goldamak üçin elinde baryny edýärler, sebäbi «Hudaýyň şu hili gurbanlary halaýandygyny» bilýärler. Şeýle wepaly dogan-uýalaryň bardygy nähili bereket! (Ýewreýler 13:16).

14. Dawudyň ýaşynyň agzalmagy Zebur 37:23—25-nji aýatlardaky sözleri nädip çuňňur manyly edýär?

14 Ençeme ýyllap ýagdaýy üýtgäp dursa-da, Dawut Ýehowanyň wepaly gullukçylary hakda hemişe alada edýändigine şübhelenmeýärdi. Ol ömrüniň ahyrynda Zeburyň 37-nji mezmuryny ýazýar. Oý-pikire batyp, arfasyny çalyp, şu nagmany aýdýan Dawudy göz öňüne getiriň: «Dogry adamyň ädimlerini Reb berkarar edýändir, onuň ýoluny halaýandyr. Ol ýykylsa-da, ýumrulmaz, çünki onuň elinden tutýan Rebdir. Men ýaş ýigitdim, indi garradym we dogry adamyň terk edilenligini ýa onuň zürýadynyň çörek dilänini görmedim» (Zebur 37:23—25). Ýehowa şu mezmurda Dawudyň ýaşyny agzamagy dogry hasaplaýar. Bu bolsa ýürekden aýdylan şol sözleri örän täsirli edýär!

15. Ýagdaýynyň üýtgemegine we gartaşanlygyna garamazdan, Ýahýa resul Hudaýa wepaly bolmakda nähili ajaýyp görelde görkezýär?

15 Ýagdaýynyň üýtgemegine we gartaşanlygyna garamazdan, Ýahýa resul Hudaýa wepaly bolmakda ajaýyp görelde görkezdi. Takmynan ýetmiş ýyl Hudaýa gulluk edende, Ýahýany «Hudaýyň Sözi, Isanyň güwäligi sebäpli» Patmos adasyna sürgün edýärler (Ylham 1:9). Emma ol Hudaýa gulluk etmegini bes etmeýär. Aslynda, Ýahýa resul Mukaddes Ýazgylara giren hatlaryny we kitaplaryny ömrüniň soňky ýyllarynda ýazýar. Patmos adasyndaka, Ýahýa resula Ylham kitabynda jikme-jik beýan edilen haýbatly görnüşler berilýär (Ylham 1:1, 2). Käbir maglumata görä, ony rim imperatory Nerwanyň döwründe sürgünden boşadýarlar. Şondan soň takmynan b. e. 98-nji ýylynda, 90—100 ýaşlarynda Ýahýa resul öz adyny göterýän Injili we üç haty ýazýar.

Berk çydam

16. Käbir garrylar öňki ýaly pikirini aýdyp bilmeseler-de, nädip Ýehowa wepaly galýarlar?

16 Ýarawsyzlyklaryň we kynçylyklaryň her hili bolmagy mümkin. Meselem, käbir garrylar öňki ýaly pikirini aýdyp bilmeýärler. Ýöne olar Hudaýyň söýgüsini we merhemetini ýakymly ýatlap durýarlar. Söz bilen aýdyp bilmeseler-de, olar ýüreklerinde Ýehowa: «Men Seniň kanunyňy nähili söýýärin! Bütin gün oý-pikirim şol hakda» diýýärler (Zebur 119:97). Ýehowa bolsa öz «ady hakda oýlanýanlary» bilýär we gymmat saýýar, sebäbi olar adamlaryň köpüsinden, ýagny Hudaýyň kadalaryna perwaýsyz garaýan adamlardan düýpgöter tapawutlanýarlar (Malaki 3:16; Zebur 10:4). Ýehowanyň ýüregimizdäki şeýle oý-pikirlere begenýändigini bilmek nähili göwünlik berýär! (1 Taryhlar 28:9; Zebur 19:14).

17. Dogan-uýalar Ýehowa uzak ýyllap gulluk edip, deňsiz-taýsyz nämäni ösdürýärler?

17 Ýehowa onlarça ýyl wepaly gulluk edýän dogan-uýalar deňsiz-taýsyz we hiç hili ýol bilen gazanyp bolmajak zady, ýagny berk çydamy ösdürýärler. Isa şeýle diýdi: «Siz çydamak bilen, janyňyzy halas edersiňiz» (Luka 21:19). Ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin çydamly bolmak hökmandyr. «Hudaýyň islegini berjaý edýänler» we durmuşynda oňa wepalylygyny görkezenler «wada gowuşjakdygyna» ynanyp bilerler (Ýewreýler 10:36).

18. a) Ýehowa garrylarda nämäni görmegi halaýar? b) Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

18 Näçe edýänligiňize garamazdan, Ýehowa siziň bütin ýürekden edýän gullugyňyzyň gadyryny bilýär. Ýyllar geçdigi saýyn, «daşky adama» näme bolsa-da, «içki adam» gün-günden täzelenip biler (2 Korintoslylar 4:16). Elbetde, Ýehowa siziň geçmişde eden işleriňiziň gadyryny bilýär, ýöne adynyň hatyrasyna häzirki edýän işleriňiziň hem gadyrly hasaplaýandygyna şübhelenmän bilersiňiz (Ýewreýler 6:10). Indiki makalada şeýle wepalylygyň uzak wagtlaýyn berýän peýdasy hakda gürrüň ederis.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Anna gartaşan mesihçilere nähili ajaýyp görelde galdyrdy?

• Biziň edip biljek işlerimiz näme üçin ýaşymyza bagly däl?

• Garrylar nädip Hudaýa wepaly galyp bilerler?

• Ýehowa garrylaryň gullugyna nähili garaýar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş