Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w05 15/11 sah. 17—21
  • Hoşeanyň pygamberligi Hudaý bilen ýöremäge kömek edýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hoşeanyň pygamberligi Hudaý bilen ýöremäge kömek edýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Gysgaça mazmuny
  • Drama başlanýar
  • Ýehowanyň Ysraýyl bilen dawasy
  • Ýehowa Ysraýyla öwüt berýär
  • Drama başga bir garaýyş
  • Biz näme öwrenip bileris?
  • Hoşea kitabyndan peýdaly pikirler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Hoşea pygamberden görelde alyň
    Hudaýa gullugymyz — 2013
  • Ýehowa bilen ýöre-de, ýagşylyk or
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
  • «Ýehowanyň ýollary gönüdir»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2005
w05 15/11 sah. 17—21

Hoşeanyň pygamberligi Hudaý bilen ýöremäge kömek edýär

«Olar Ýehowanyň yzyndan ýörärler» (HOŞEA 11:10).

1. Hoşea kitabynda nähili göçme manyly drama gürrüň berilýär?

SEN zehinli artistleriň oýnan gyzykly sahnaly dramany halaýaňmy? Mukaddes Ýazgylaryň Hoşea kitabynda göçme manyly drama gürrüň berilýära. Şol dramada Hudaýyň Hoşea atly pygamberiniň maşgala ýagdaýy barada aýdylyp, göçme manyda, Ýehowanyň gadymy Ysraýyl bilen Musanyň Kanuny arkaly baglaşan nikasyny aňladýar.

2. Hoşea barada nämeler belýäris?

2 Dramanyň bolup geçen ýeri barada Hoşea kitabynyň 1-nji babynda aýdylýar. Hoşea on taýpaly Ysraýyl patyşalygynyň (oňa Efraýym hem diýilýär, sebäbi agalyk edýän taýpa) territoriýasynda ýaşan bolmaly. Ol Ysraýylyň soňky ýedi patyşasynyň hem-de Ýahudanyň Uziýa, Ýotam, Ahaz hem-de Hizkiýa patyşalarynyň höküm süren döwründe pygamberlik edipdir (Hoşea 1:1). Şeýlelikde, Hoşea azyndan 59 ýyl pygamberlik eden bolmaly. Hoşea öz adyny göterýän kitabyny b. e. öň 745-nji ýyldan soň gutarsa-da, şu günler hem örän ähmiýetli, sebäbi millionlarça adamlar pygamberlikdäki: «Olar Ýehowanyň yzyndan ýörärler» diýlen sözler boýunça ýaşaýarlar (Hoşea 11:10).

Gysgaça mazmuny

3, 4. Hoşea kitabynyň 1—5-nji baplarynyň mazmunyny gysgaça gürrüň ber.

3 Hoşea kitabynyň 1—5-nji baplaryna gysgaça göz aýlasak, Hudaýa iman edip hem-de onuň islegi boýunça ýaşap, Ýehowa bilen ýöremegi ýüregimize berk düwmäge kömek eder. Ysraýyl patyşalygynyň ýaşaýjylary ruhy zynahorluga baş goşsa-da, Hudaý olara rehim etjekdi. Ýöne munuň üçin olar toba gelmelidi. Bu Hoşeanyň aýaly Gomer bilen gatnaşygy arkaly görkezilýär. Aýaly Hoşea bir çaga dogrup, soňra iki sany nikasyz çaga dogran bolmaly. Şonda-da Hoşea Ýehowanyň toba gelen ysraýyllylara rehim edişi ýaly, ýene-de şol aýaly yzyna aldy (Hoşea 1:1—3:5).

4 Ýehowanyň Ysraýyl bilen dawasy bar, sebäbi ýurtda hiç hili hakykat, merhemet we Hudaý hakda bilim ýokdy. Ol butparaz Ysraýyly hem-de özdiýenli Ýahudy patyşalygyny jogapkärçilige çekjekdi. Ýöne Hudaýyň halky «muşakgat içinde» Ýehowany gözläp başlar (Hoşea 4:1—5:15).

Drama başlanýar

5, 6. a) On taýpaly Ysraýyl patyşalygynda zynahorluk näçeräk ýaýrapdy? b) Gadymky Ysraýyla berlen duýduryşyň näme üçin bize-de ähmiýeti bar?

5 Hudaý Hoşea şeýle tabşyrýar: «Bar-da, özüňe zyna etjek aýaly we zynadan boljak çagalary al, sebäbi zyna edip, bu ýurt Ýehowanyň yzyna düşenok» (Hoşea 1:2). Ysraýylda zyna şeýle köp edilýärmikä? Bu barada şeýle diýilýär: «Zynahorluk olary ýoldan çykardy we olar zyna sebäpli Hudaýyna gulak asmagy goýdular... Erkekleri hem kemçinler bilen ikiçäk galýarlar hem-de ybadathananyň jelepleri bilen bilelikde gurban berýärler» (Hoşea 4:12—14).

6 Ysraýylda zynahorluk ten taýdan hem, ruhy taýdan hem giňden ýaýrandy. Şonuň üçin Ýehowa ysraýyllylary «jogapkärçilige» çekmekçi (Hoşea 1:4; 4:9). Bu duýduryş biziň üçin örän ähmiýetli, sebäbi Ýehowa ahlaksyzlyk edýän we hapa seždä gatnaşýan häzirki adamlary hem jogapkärçilige çeker. Ýöne Hudaý bilen ýöreýän adamlar onuň kadalary boýunça arassa sežde edýärler hem-de «hiç bir ahlaksyzyň... Mesihiň we Hudaýyň Patyşalygynda mirasynyň ýokdugyny» bilýärler (Efesliler 5:5; Ýakup 1:27).

7. Hoşeanyň Gomer bilen nikasy näme aňladýar?

7 Hoşea öýlenende Gomer päk gyz bolan bolsa gerek. «Oňa bir ogul dogran» wagtlary ol wepaly aýaldy (Hoşea 1:3). Göçme manyly dramada görkezilişi ýaly, b. e. öň 1513-nji ýylda Hudaý ysraýyllylary Müsür gulçulygyndan boşadan badyna, olar bilen arassa nika meňzeş äht baglaşypdy. Ähti kabul edip, ysraýyllylar «äri hem hojaýyny» Ýehowa wepaly bolmagy söz beripdi (Işaýa 54:5). Hawa, Ysraýylyň Ýehowa bilen göçme manydaky nikasy Hoşeanyň Gomer bilen arassa nikasy arkaly görkezilýärdi. Ýöne tizden ýagdaýlar üýtgedi!

8. On taýpaly Ysraýyl patyşalygy nädip döredi hem-de sen onuň edýän seždesi hakda nämeler aýdyp bilersiň?

8 Hoşeanyň aýaly «ýene-de göwreli bolup, bir gyz dogurdy». Gomer şol gyzyny hem-de soňky çagasyny zynadan dogran bolsa gerek (Hoşea 1:6, 8). Gomer Ysraýyly aňladýar ahyryn, şol sebäpli: «Ysraýyl nädip beýle ahlaksyzlyga baş goşduka?» diýýänsiň. B. e. öň 997-nji ýylda Ysraýylyň on taýpasy günortadaky Ýahuda we Benýamin taýpalaryndan aýryldy. On taýpaly demirgazyk Ysraýyl patyşalygynda gölä sežde edip başladylar. Sebäbi adamlaryň Ýahudanyň Iýerusalim şäherindäki ybadathana gidip, Ýehowa sežde etmegini islänokdylar. Baal atly ýalan taňra aýşy-eşret bilen sežde etmek Ysraýylda gitdigiçe ornaşyp başlady.

9. Hoşea 1:6-da aýdylyşy ýaly, ysraýyllylara näme boldy?

9 Göräýmäge, Gomeriň ikinji bikanun çagasy doglan wagty, Ýehowa Hoşea şeýle diýdi: «Ol oňa: «Onuň adyna Loruhama [manysy: rehim edilmedik] dak, sebäbi men indi Ysraýyl öýüne rehim etmerin, olary ýanymdan kowaryn» (Hoşea 1:6). Assiriýalylar ysraýyllylary b. e. öň 740-njy ýylda ýesirlige äkidende Ýehowa olary «ýanyndan kowdy». Ýöne Hudaý iki taýpaly Ýahuda patyşalygyna rehim etse-de, olary ne ýaý, ne gylyç, ne uruş, ne at, ne-de atlylar bilen halas etdi (Hoşea 1:7). B. e. öň 732-nji ýylda bary-ýogy bir gijäniň içinde ýekeje perişde Ýahudanyň paýtagty Iýerusalime howp salýan 185 000 sany assiriýaly esgeri öldürdi (4 Patyşalar 19:35).

Ýehowanyň Ysraýyl bilen dawasy

10. Gomeriň özüni ahlaksyz alyp barmagy nämäni suratlandyrýar?

10 Gomer Hoşeany taşlap, başga bir erkek bilen zyna edip, «zynahor aýal» boldy. Bu waka Ysraýyl patyşalygynyň butparaz milletler bilen syýasy birleşik baglaşyp, olara garaşly bolşuny oňat suratlandyrýar. Ysraýyllylar maddy bolçulygy üçin Ýehowa derek, milletleriň taňrylaryny şöhratlandyrdylar. Ýalan seždä baş goşup, Hudaý bilen nika ähtini bozdular. Ruhy taýdan zyna edýän halkyna Ýehowanyň höküm etmegi asla geň däl! (Hoşea 1:2; 2:2, 12, 13).

11. Ýehowa Ysraýyly we Ýahudany ýesirlige iberse-de, Kanun ähtine näme boldy?

11 Hojaýyny we Ärini taşlany üçin Ysraýyla näme temmi berildi? Hudaý ony Babyl «çölüne iberdi». Babyllylar Assiriýany basyp aldylar. Ysraýyllylar bolsa b. e. öň 740-njy ýylda assiriýalylara ýesirlige düşüpdi (Hoşea 2:14). Ýehowa şolar arkaly on taýpaly patyşalygyň soňuna çyksa-da, başdaky on iki taýpaly Ysraýyl halky bilen nika ähtini ýatyrmandy. Şonuň üçin b. e. öň 607-nji ýylda Hudaý babyllylara Iýerusalimi ýok etmäge hem-de Ýahudanyň ýaşaýjylaryny ýesirlige äkitmäge ýol berse-de, Musanyň Kanun ähti arkaly Ysraýyl bilen baglaşan nikasyny bozmandy. Ýehudy ýolbaşçylary Isa Mesihden ýüz öwrüp, b. e. 33-nji ýylynda ony öldürenlerinde welin, Ýehowa Ysraýyl bilen gatnaşygyny doly kesdi (Koloseliler 2:14).

Ýehowa Ysraýyla öwüt berýär

12, 13. Hoşea 2:6—8-nji aýatlaryň esasy pikiri näme hem-de şol sözler nädip Ysraýyla degişli edip bolar?

12 Hudaý Ysraýyla «zynahorlugyny taşlamagy» maslahat berýär, ýöne ol hyjuwly oýnaşlarynyň yzyna düşmek isleýär (Hoşea 2:2, 5). Onda Ýehowa şeýle diýýär: «Şonuň üçin men onuň ýoluny tikenler bilen ýaparyn, öňünde daş diwar guraryn welin, ýoluny tapmaz. Ol hyjuwly oýnaşlarynyň yzyndan gider, ýöne ýetip bilmez. Olary gözlär, ýöne tapmaz. Şonda ol: «Gideýin-de, birinji ärimiň ýanyna baraýyn, çünki öňki günlerim häzirkiden gowudy» diýer. Emma welin dänäni, süýji şeraby we ýagy hem-de Baal üçin ulanýan, bol-bol kümşüni we altynyny meniň berýändigim barada pikir etmedi» (Hoşea 2:6—8).

13 Ysraýyl «hyjuwly oýnaşlaryndan», ýagny milletlerden kömege garaşsa-da, olaryň hiç biri oňa ýardam edip bilmedi. Onuň daşy gür agaçlyk bilen gabalan ýalydy, şol sebäpli olar oňa kömek edip bilmediler. Assiriýalylar üç ýyllap paýtagty Samariýany gabawa saldy welin, b. e. öň 740-njy ýylda şäher ýykyldy. On taýpaly patyşalyk gaýdyp dikelmedi. Ýesir düşen ysraýyllylaryň diňe käbiri ata-babalary Ýehowa gulluk eden wagtlary oňat ýaşandygyna düşündiler. Şol galan adamlar Baala sežde etmekden ýüz öwrüp, Ýehowa bilen dikeldilen äht gatnaşygyny gözläp başlamalydy.

Drama başga bir garaýyş

14. Hoşea aýaly Gomer bilen maşgala gatnaşyklaryny näme sebäpli dikeltdi?

14 Hoşeanyň maşgala ýagdaýy bilen Ýehowanyň Ysraýyl bilen gatnaşygynyň arasyndaky baglanyşyga has oňat düşünmek üçin şu sözlere üns beriň: «Ýene-de git-de, dostuň söýýän hem-de zyna edýän aýaly söý» (Hoşea 3:1). Hoşea başga bir adam bilen ýaşap ýören aýaly Gomeri ýene-de yzyna satyn alyp, şol tabşyrygy berjaý edýär. Soňra Hoşea aýalyna berk tabşyryp, şeýle diýýär: «Sen meniň bilen köp günler ýaşarsyň. Zyna etme, başga erkegiňkä-de gitme» (Hoşea 3:2, 3). Gomer aýdylyşy ýaly etdi welin, Hoşea onuň bilen maşgala gatnaşyklaryny dikeltdi. Bu Hudaýyň Ysraýyl hem Ýahuda bilen gatnaşyklaryna nähili degişli bolup biler?

15, 16. a) Hudaýyň temmi alan halky rehimdarlygy gazanmak üçin nämeler etmelidi? b) Hoşea 2:18 nädip ýerine ýetdi?

15 Ysraýyl we Ýahuda Babyl ýesirligindekä, Hudaý pygamberleri arkaly «olaryň ýüregine gürledi». Hudaýyň rehimdarlygyny gazanmak üçin halk toba gelendigini subut edip, Gomeriň ärine dolanyşy ýaly, olar hem Hojaýyny hem Äriniň ýanyna dolanyp barmalydy. Şonda Ýehowa aýalyna meňzedilýän temmi alan halkyny Babyl «çölünden» çykaryp, Ýahuda hem-de Iýerusalime getirmelidi (Hoşea 2:14, 15). Ol şol wadasyny b. e. öň 537-nji ýylda ýerine ýetirdi.

16 Hudaý şu wadasyny hem berjaý etdi: «Şol gün halkymyň hatyrasyna ýabany haýwanlar, gökde uçýan guşlar we ýerdäki süýrenjiler bilen äht baglaşaryn, ýaýy, gylyjy we urşy bolsa ýurtdan ýok ederin. Olary howpsuzlykda ýaşadaryn» (Hoşea 2:18). Ýehudylaryň watanyna dolanan galyndysy howpsuzlykda ýaşadylar, hatda haýwanlardan hem gorkmadylar. Bu pygamberlik b. e. 1919-njy ýylynda hem ýerine ýetdi. Şonda ruhy Ysraýylyň galyndysy «Beýik Babyldan», ýalan diniň dünýä şalygyndan azat edildi. Häzir olar ýerde ebedi ýaşamaga umyt edýän ýoldaşlary bilen howpsuzlykda we ruhy jennetde ýaşaýarlar. Şol hakyky mesihçileriň arasynda wagşy gylyk-häsiýetler ýok (Ylham 14:8; Işaýa 11:6—9; Galatýalylar 6:16).

Biz näme öwrenip bileris?

17—19. a) Bize Hudaýyň haýsy häsiýetlerinden görelde almak maslahat berilýär? b) Ýehowanyň rehimdarlygy we duýgudaşlygy bize nähili täsir etmeli?

17 Hudaý rehimdar hem duýgudaş, biz hem şeýle bolmaly. Hoşea kitabynyň ilkinji baplaryndan öwrenip biljek birinji sapagymyz şu (Hoşea 1:6, 7; 2:23). Hudaýyň toba gelen ysraýyllylara rehim etmäge taýynlygy ylhamlanan şu tymsala laýyk gelýär: «Günälerini ýaşyrýan üstünlik gazanmaz; günälerini boýun alyp, oňa ökünýänlere bolsa rehim ediler» (Süleýmanyň tymsallary 28:13). Toba gelen günäkärlere mezmurçynyň sözleri hem göwünlik berýär: «Hudaýyň halaýan gurbanlary synyk ruhdur; eý Hudaý, Sen synyk, ökünçli göwni kemsitmersiň» (Zebur 51:17).

18 Hoşeanyň pygamberligi Hudaýyň duýgudaşlygyny we rehimdarlygyny belläp geçýär. Käbir adamlar onuň adyl ýollaryndan daşlaşsa-da, toba gelip, öz ýaman ýolundan dänip bilerler. Şonda Ýehowa olary gujak açyp kabul edýär. Onuň Ysraýyl halkynyň toba gelen agzalaryna rehimi indi, sebäbi olar göçme manyda nika baglaşypdy. Olar Ýehowa gulak asman, «Ysraýylyň Mukaddesini ynjatsalar-da», «Ol rehimdar bolansoň... olaryň diňe ynsandygyny... ýatlady» (Zebur 78:38—41). Şeýle rehimdarlyk duýgudaş Hudaýymyz Ýehowa bilen hemişe ýöremäge kömek etmeli.

19 Ysraýylda ganhorluk, ogurlyk we zynahorluk ýaly agyr günäler edilse-de, Ýehowa «olaryň ýüregine gürläpdir» (Hoşea 2:14; 4:2). Ýehowany rehimdarlygyndan we duýgudaşlygyndan görelde aldygymyzça, ýüregimiz joşup, oňa has-da ýakynlaşasymyz geler. Şol sebäpli özümize şeýle sowallar bereliň: «Adamlar bilen gatnaşygymda men Ýehowanyň rehimdarlygyndan we duýgudaşlygyndan nädip görelde alyp bilerkäm? Göwnüme degen imandaşym ötünç sorasa, Hudaýdan görelde alyp, men geçirimli bolmaga taýynmy?» (Zebur 86:5).

20. Biz Hudaýyň berýän umydyna näme üçin ynanyp bileris? Mysal getir.

20 Hakyky umydy Hudaý berýär. Meselem, ol: «Men oňa umydyň başy hökmünde Ahor düzlügini bererin» (Hoşea 2:15). Ýehowanyň aýala meňzedilýän gadymky guramasyna öz ýurduna dolanjagy hakda berk umyt berlipdi. Şol ýerde-de «Ahoryň düzlügi» ýerleşýärdi. B. e. öň 537-nji ýylda şol wadanyň ýerine ýetmegi Ýehowanyň bize berýän berk umydyna şatlanmaga saldamly esas berýär.

21. Hudaý bilen ýöremäge bilim nädip kömek edýär?

21 Hudaý bilen ýöremek üçin biz hemişe Ýehowa barada bilim alyp, şony durmuşymyzda ulanmaly. Gynansak-da, Ýehowa barada bilim Ysraýylda ýetmezlik edýärdi (Hoşea 4:1, 6). Ýöne käbir adamlar Hudaýyň taglymatlarynyň gadyryny bilýärdi, şolar boýunça ýaşap, köp bereketlerem aldylar. Hoşea-da şolaryň biridi. Şeýle hem Ylýasyň günlerinde 7 000 adam Baalyň öňünde dyz epmedi (3 Patyşalar 19:18; Rimliler 11:1—4). Hudaýyň berýän biliminiň gadyryny bilsek, onda bu bize hemişe Hudaý bilen ýöremäge ýardam eder (Zebur 119:66; Işaýa 30:20, 21).

22. Imandan dänmeklige nähili garamaly?

22 Ýehowa halkynyň içinde jogapkär doganlaryň imandan dänmeklige garşy durmagyny isleýär. Ýöne Hoşea 5:1-de şeýle diýilýär: «Eý ruhanylar, muny diňläň, eý Ysraýyl öýi, ünsli boluň, patyşa öýi, sizem gulak salyň, çünki siz höküm edilersiňiz, sebäbi siz Mispa üçin duzak hem-de Taboryň üstüne atylan tor bolduňyz». Imandan dänen ýolbaşçylar ysraýyllylara duzak hem tor bolup, olary butparazlyga bulaşdyrýardylar. Tabor dagy we Mispa diýilýän ýer şol ýalan sežde üçin ulanylan bolmaly.

23. Sen Hoşea kitabynyň 1—5-nji baplaryndan näme öwrendiň?

23 Görşümiz ýaly, Hoşeanyň pygamberligi bize Ýehowanyň maslahaty boýunça ýaşap, imandan dänmeklige garşy durýan adamlara onuň umyt hem bereket berýän rehimdar Hudaýdygyny görkezýär. Toba gelen gadymky ysraýyllylar ýaly, geliň, biz hem Ýehowany agtaralyň hem-de hemişe ony razy etmäge çalşalyň (Hoşea 5:15). Şeýle etsek, biz ýagşylygy orarys hem-de Hudaý bilen wepaly ýöreýän adamlar bilen çäksiz şatlykda hem parahatlykda ýaşarys (Zebur 100:2; Filipililer 4:6, 7).

a Başga bir göçme manyly drama Galatýalylar 4:21—26-njy aýatlarda gürrüň berilýär. Bu barada Ýehowanyň Güwäçileriniň neşir edýän «Ýazgylara düşünmek» (iňlisçe) ensiklopediýasynyň tom 2, sah. 693, 694-nji sah. seret.

Sen nähili jogap bererdiň?

• Hoşeanyň Gomer bilen nikasy näme aňladýar?

• Ýehowanyň Ysraýyl bilen näme dawasy bardy?

• Hoşea kitabynyň 1—5-nji baplaryndan näme göwnüňe has-da ýarady?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş