Ýowel pygamberden görelde alyň
1. Biz wagyz edende, Ýoweliň kiçigöwünliginden nädip görelde alyp bileris?
1 Ýowel pygamber kimdi? Ol özi barada diňe «Petuwalyň ogly» bolandygyny aýdýar (Ýowel 1:1). Bu kiçigöwünli pygamber özüne däl-de, Ýehowanyň habaryna köp üns berdi. Biz hem wagyzda özümizi şöhratlandyrman, adamlaryň ünsüni Ýehowa we Mukaddes Ýazgylara çekýäris (1 Kor. 9:16; 2 Kor. 3:5). Şeýle-de wagyz bize güýç berýär. Şu günler Ýoweliň pygamberligi nädip bizi has yhlasly edýär we umyt berýär?
2. Ýehowanyň gününiň golaýdygy sebäpli näme etmeli?
2 «Ýehowanyň güni ýakyndyr» (Ýowel 1:15). Şu sözler müňlerçe ýyl ozal ýazylsa-da, biz olaryň soňky gezek berjaý bolýan döwründe ýaşaýarys. Dünýäniň ýagdaýynyň gitdigiçe erbetleşmegi, ýaşaýan ýerimizdäki adamlaryň biperwaýlygy we üstümizden gülmegi bu zalym dünýäniň soňunyň gelendigini aýdyň subut edýär (2 Tim. 3:1—5; 2 Pet. 3:3, 4). Biz dünýäniň soňunyň golaýdygy barada oýlansak, Hudaýa gulluk etmegi birinji orunda goýarys (2 Pet. 3:11, 12).
3. Uly muşakgat golaýlaşdygyça näme üçin wagyz etmek örän wajyp?
3 «Ýehowa öz halkyna penadyr» (Ýowel 3:16). Bu aýatdaky ajaýyp sözler diňe uly muşakgatda Ýehowa hökümini berjaý edende ýerine ýeter. Şonda Ýehowanyň wepaly gullukçylaryny halas etjekdigini bilýändigimiz bize teselli berýär (Ylh. 7:9, 14). Biz wagyz edenimizde, Ýehowanyň goldaýandygyny we güýç berýändigini duýýarys, imanymyz berkeýär we has çydamly bolýarys. Bu häsiýetler bize uly muşakgatda kömek eder.
4. Näme üçin biz şatlanyp, gelejege umyt edip bileris?
4 Ýoweliň habary köplere gorkunç görünse-de, Hudaýyň halkyna gutulmaga ajaýyp umyt berýär (Ýowel 2:32). Geliň, gelejege umyt edip, Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary yhlasly wagyz edip, Ýowel 2:23-de aýdylyşy ýaly, «begenip, Reb Hudaýymyzda şatlanalyň!».