HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | SEFANÝA 1—HAGAÝ 2
Ýehowanyň gazaply güni gelmänkä, ony agtaryň
Ýehowanyň gazaply gününden gutulyp biler ýaly, oňa özümizi bagyş etmek ýeterlikli däl. Biz Sefanýa pygamberiň ysraýyllylara beren görkezmesine gulak asmaly.
- Ýehowany agtaryň: Ýehowa bilen gymmatly dostlugyňyzy gorar ýaly, onuň guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk ediň. 
- Dogruçyllygy agtaryň: Ýehowanyň dogry kadalaryna eýerip ýaşaň. 
- Pespälligi agtaryň: Pesgöwünlilik bilen Hudaýyň islegine tabyn boluň we düzedişini kabul ediň. 
Men Ýehowany, dogruçyllygy we pespälligi nädip ýürekden agtaryp bilerin?