Ýehowanyň gorag jülgesinde galalyň
«Reb... söweş günündäki ýaly edip, şol halklaryň garşysyna urşar». ZAK. 14:3
1, 2. Ýakyn gelejekde nähili uruş başlar we şol uruşda Hudaýyň gullukçylaryna näme etmek gerek däl?
1938-NJI ÝYLYŇ 30-njy oktýabrynda ABŞ-nyň radioýaýlymynda «Dünýä urşy» atly ylmy-fantastik romany esasynda radiooýun goýuldy. Ony müňlerçe adamlar diňlediler. Habarçylaryň roluny oýnaýan aktýorlar Mars planetasynyň ýaşaýjylarynyň Ýer şaryna gelip, ony ýok etmek isleýändigini aýtdylar. Radioýaýlymda goýlan bu oýun toslama bolsa-da, ony diňlän adamlaryň köpüsi bu urşuň hakykatdan boljakdygyna ynanyp, ondan gorkup başladylar. Hatda käbirleri başga planetanyň ýaşaýjylaryndan goranmagyň aladasyny etdiler.
2 Emma ýakyn gelejekde hakyky uruş başlanmaly. Adamlar onuň golaýlaýandygyny bilmeýärler. Bu uruş barada ylmy-fantastik romanynda däl-de, Hudaýyň Sözünde gürrüň berilýär. Muňa Armageddon, ýagny Hudaýyň zalym dünýä garşy etjek urşy diýilýär (Ylh. 16:14—16). Şol uruşda Hudaýyň gullukçylary başga planetanyň ýaşaýjylaryndan goranmaly bolmaz. Emma şonda-da olar Hudaýyň güýjüni görüp, titreşerler.
3. Biz haýsy pygamberlige serederis we näme üçin?
3 Zakarýa kitabynyň 14-nji babyndaky pygamberlikler Armageddon urşy bilen berk baglanyşykly. Olaryň ýazylanyna takmynan 2 500 ýyl geçse-de, biziň durmuşymyza täsir edýär (Rim. 15:4). Bu pygamberlikde 1914-nji ýylda gökde Mesihi Patyşalyk berkarar edilenden bäri bolan we ýakyn gelejekde boljak wakalaryň Hudaýyň halkyna täsir etjekdigi aýdylýar. Şeýle-de onda «ägirt uly jülge» we «(ýaşaýyş) suwy» barada hem gürrüň berýär (Zak. 14:4, 8). Bu makalada jülgäniň nämedigine we onuň nähili gorag berýändigine serederis. Eger biz ýaşaýyş suwunyň peýdasyna düşünsek, ony içmegiň diňe bir wajypdygyna göz ýetirmän, eýsem, ondan içmek isläris. Geliň, bu pygamberlik bilen ýakyndan tanşalyň (2 Pet. 1:19, 20).
ÝEHOWANYŇ GÜNI BAŞLANÝAR
4. a) «Rebbiň güni» haçan başlandy? b) 1914-nji ýyldan öň Ýehowanyň gullukçylary näme barada yglan etdiler we dünýäniň ýolbaşçylary oňa nähili seslendiler?
4 Zakarýa kitabynyň 14-nji baby şeýle sözler bilen başlanýar: «Ine, Rebbiň (Ýehowanyň, TD) güni gelýär! Eý, Iýerusalim halky, sizden alnan olja öz gözüňiziň alnynda paýlaşylar» (Zak. 14:1; Zakarýa 14:2-ni okaňa). Ol nähili gün? Oňa «Rebbiň güni» hem diýilýär; ol «dünýä patyşalygy Rebbimiziňki we Onuň Mesihiniňki bolanda» başlandy (Ylh. 1:10; 11:15). Ol gün 1914-nji ýylda gökde Mesihi Patyşalyk berkarar bolanda geldi. Ýehowanyň gullukçylary 1914-nji ýylda «milletleriň... möwritleriniň» tamamlanyp, soňra ýer ýüzünde görlüp-eşidilmedik wakalaryň boljakdygyny onlarça ýyl öňünden yglan etdiler (Luka 21:24). Muňa milletler nähili seslendi? Syýasy we dini ýolbaşçylar berlen duýduryşa gulak asmagyň deregine, hoş habary yhlasly wagyz edýän mesihçileriň üstünden gülüp, olary yzarlap başladylar. Aslynda, olar Beýik Hudaýyň üstünden güldüler, sebäbi mesh edilen mesihçiler «asmandaky... Iýerusalimiň», ýagny Mesihi Patyşalygyň ilçileridir (Ýew. 12:22, 28).
5, 6. a) «Şäher» we «raýatlar» baradaky pygamberlik nädip ýerine ýetdi? b) «Halkyň galan bölegi» kimleri aňladýar?
5 Zakarýa pygamber milletleriň etjek işlerini şeýle beýan etdi: «Şäher (Iýerusalim) basylyp alnar». «Şäher» Hudaýyň Mesihi Patyşalygyny aňladýar. «Raýatlar», ýagny mesh edilen mesihçiler onuň ýer ýüzündäki wekilleridir (Flp. 3:20). Birinji Jahan urşunda Ýehowanyň ýer ýüzündäki guramasynyň baş agzalaryny «basyp aldylar», ýagny tussag edip, olary Atlantadaky (ABŞ-nyň Jorjiýa ştaty) türmä basdylar. Duşmanlar mesh edilen mesihçilere adalatsyzlyk we zalymlyk bilen daraşdylar. Olaryň edebiýatlaryny gadagan edip, wagyz işini çäklendirdiler. Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, duşmanlar şäheriň «öýlerini taladylar».
6 Hudaýyň halky az bolsa-da, olara töhmet atylsa-da, garşylyk görkezilse-de, yzarlansalar-da, duşmanlar hakyky seždäni ýok edip bilmediler. «Halkyň galan bölegi», ýagny mesh edilen mesihçiler «şäherden çykmazlygy» berk ýüregine düwdüler.
7. Ýehowanyň mesh edilen gullukçylary mesihçilere nähili görelde görkezýär?
7 Birinji Jahan urşy tamamlanandan soň, yzarlamalar bes edildimi? Ýok. Duşmanlar mesh edilen mesihçileriň galan agzalaryna we olaryň ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän wepaly ýoldaşlaryna hüjüm etmegini dowam etdiler (Ylh. 12:17). Muny Ikinji Jahan urşunda bolan yzarlamalar subut edýär. Şu günler hem bize iman etmeýän dogan-garyndaşlarymyz garşylyk görkezýär, işdeşlerimiz ýa-da klasdaşlarymyz üstümizden gülýärler. Ýöne wepaly mesh edilen mesihçileriň görkezen göreldesi bizi şeýle synaglara çydamaga höweslendirýär (1 Pet. 1:6, 7). Hudaýyň gullukçylary nirede ýaşasalar-da, «garşy çykýanlardan asla gorkmaýarlar» we «ýeke-täk bir ruhda berk durmagy» ýüregine düwdüler (Flp. 1:27, 28). Ýehowanyň gullukçylary ýigrençden doly dünýäde howpsuz ýeri nireden taparlar? (Ýahýa 15:17—19).
ÝEHOWANYŇ DÖREDEN «ÄGIRT ULY JÜLGESI»
8. a) Mukaddes Ýazgylarda daglar köplenç nämäni aňladýar? b) «Zeýtun dagy» näme?
8 Pygamberlikdäki «şäher», ýagny Iýerusalim, göçme manydaky gökdäki Iýerusalimi aňladýan bolsa, onda «Iýerusalimiň öňündäki Zeýtun dagy» nämäni aňladýar? Bu dag nädip «bölünip», iki dagy emele getirer? Olara näme üçin «Rebbiň dagy» diýler? (Zakarýa 14:3—5-nji aýatlary okaň)b. Mukaddes Ýazgylarda daglar köplenç patyşalyklary, ýagny hökümetleri aňladýar. Hudaýyň dagy bolsa bereket we gorag berýär (Zeb. 72:3; Iş. 25:6, 7). Diýmek, Zeýtun dagy Ýehowanyň ähli zadyň üstünden höküm sürýändigini görkezýär.
9. «Zeýtun dagy» haýsy manyda ikä bölündi?
9 Zeýtun dagynyň bölünmegi nämäni aňladýar? Iýerusalimiň gündogar tarapynda ýerleşýän dagyň ikä bölünmegi Ýehowanyň ýene bir, ýagny ikinji derejeli hökümeti döredendigini görkezýär. Bu — Isa Mesihiň baştutanlygyndaky Mesihi Patyşalyk. Iki dag-da Ýehowanyň hökümdarlygyny aňladýandygy üçin, olara «Rebbiň dagy» diýilýär (Zak. 14:4, 5).
10. Iki dagyň ortasyndaky «ägirt uly jülge» nämäni aňladýar?
10 Pygamberlige görä, göçme manydaky dag ikä bölünip, olaryň biri demirgazyga, beýlekisi günorta tarapa çekilende, Ýehowanyň her aýagy onuň bir tarapynda durýar. Şeýlelikde, Ýehowanyň iki aýagynyň arasynda «ägirt uly jülge» emele gelýär. Bu jülge Ýehowanyň goragyny aňladýar. Iki dagyň arasyndaky jülgäniň adamlary goraýşy ýaly, Ýehowanyň hökümdarlygy we Onuň Oglunyň Mesihi Patyşalygy-da mesihçileri goraýar. Ýehowa arassa seždäniň ýok edilmegine hiç haçan ýol bermez. Zeýtun dagy haçan ikä bölündi? 1914-nji ýylda Isa gökde höküm sürüp başlanda, dag ikä bölündi. Ýehowanyň gullukçylary jülgä haçan gaçyp başladylar?
HUDAÝYŇ HALKY JÜLGÄ GAÇÝAR!
11, 12. a) Göçme manydaky gaçyşlyk haçan başlandy? b) Ýehowanyň Öz halkyny goraýandygy nämeden görünýär?
11 Isa şägirtlerine: «Meniň adym üçin hemme milletler sizi ýigrener» diýdi (Mat. 24:9). Esasan-da, 1914-nji ýylda soňky günler başlanandan bäri bu ýigrenç has-da möwç alýar. Birinji Jahan urşy döwründe mesh edilen mesihçileri zalymlyk bilen yzarlasalar-da, duşmanlara arassa seždäni ýok etmek başartmady. Hudaýyň halky 1919-njy ýylda ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan Beýik Babyldan azat boldular (Ylh. 11:11, 12). Şol ýyly Hudaýyň halky jülgä gaçyp başlady.
12 Bu jülge 1919-njy ýyldan bäri ýer ýüzüniň dürli künjeginde ýaşaýan Ýehowanyň gullukçylaryny goraýar. Köp hökümetler birnäçe ýyllap Ýehowanyň Güwäçileriniň wagyz işini çäklendirip, olaryň edebiýatlaryny gadagan etdiler. Şeýle ýagdaýa häzirem köp döwletlerde duş gelse bolýar. Emma hökümetler näçe jan çekseler-de, olara hakyky seždäni ýok etmek başartmaz. Hawa, Ýehowa güýji arkaly Öz halkyny gorar! (Kan. tag. 11:2).
13. Biz Ýehowanyň gorag jülgesinde nädip galyp bileris we bu näme üçin häzir örän wajyp?
13 Eger biz Ýehowa ýakynlaşyp, imanda berk dursak, Onuň gorag jülgesinde galyp bileris. Ýehowa bilen Ogly Isa Mesih hiç kime we hiç zada bizi «(Isanyň) elinden kakyp almaga» ýol bermez (Ýahýa 10:28, 29). Biz Hudaýyň Beýik hökümdarlygyna gulak asyp, Mesihi Patyşalygyň wepaly raýatlary bolmagymyz üçin, Ýehowa gerekli kömegi bermäge hemişe taýyn. Ýehowanyň gorag jülgesinde häzir galmak örän wajyp, sebäbi golaýlap gelýän agyr muşakgatda biz Hudaýyň kömegine has-da mätäç bolarys.
«SÖWEŞ GÜNI» GOLAÝLAŞÝAR
14, 15. Hudaýyň «söweş gününde» «jülgäniň» goragyndan peýdalanmadyk adamlara näme bolar?
14 Zalym dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, Şeýtan Ýehowanyň gullukçylaryna has-da güýçli hüjüm edýär. Hudaý «söweş güni» öz duşmanlaryna garşy urşar. Şonda Ýehowa halkynyň ähli duşmanlaryny ýok eder. Beýleki söweşlere garanyňda, bu söweşde älem-jahanyň hökümdary Özüni şöhratly Esger hökmünde has-da tanadar (Zak. 14:3).
15 Hudaýyň söweş güni «ägirt uly jülgäniň» goragyndan peýdalanmadyk adamlara näme bolar? Zakarýa 14:6-da: «Şol gün yşyk bolmaz, asmandaky yşyk çeşmeleri doňar» diýilýär. Pygamberlige görä, olara Hudaýyň berýän gymmatly «yşygy» şöhle saçmaz. Şeýle-de «atlardyr gatyrlara, düýelerdir eşeklere hem-de olaryň düşelgelerinde bolan beýleki ähli haýwanlara-da», ýagny harby taýdan ýaraglanan milletlere-de täsir eder. Bu söweşde ulanyljak ýaraglaryň peýdasyz boljakdygyny görkezýär. Zakarýanyň aýtmagyna görä, Ýehowa duşmanlaryny «belalar» bilen jezalandyrar. Olaryň gözleri we dilleri «çüýrär». Biz munuň hakykatdan-da şeýle boljakdygyny bilmeýäris, ýöne olaryň bize zyýan ýetirip ýa-da Hudaýa garşy hiç zat aýdyp bilmejekdigine düşünýäris (Zak. 14:6, 7, 12, 15). «Dünýä patyşalary we olaryň goşunlary» Şeýtanyň tarapyna geçer. Emma olaryň ählisi ýok ediler (Ylh. 19:19—21). «Ol gün Rebbiň öldürenleri ýeriň bir ujundan beýleki ujuna ýeter» (Ýer. 25:32, 33).
16. Hudaýyň söweş gününiň golaýlaýandygy üçin nähili soraglaryň üstünde oýlanmaly we näme etmek wajyp?
16 Uruş ähli adamlara, hatda ýeňiş gazanan halka-da zyýan ýetirýär. Uruş sebäpli azyk-harytlaryň ýetmezçiligi mümkin, emlägiňden mahrum bolup, ýaşaýyş şertleriniň erbetleşmegi ahmal. Käbir hukuklarymyz gadagan ediler. Siz şeýle ýagdaýda näme edersiňiz? Howsala düşermisiňiz? Synaglara çydaman imandan dänermisiňiz? Umydyňyzy ýitirip, ruhdan düşermisiňiz? Agyr muşakgatda Ýehowanyň halas edip biljekdigine iman etmek we Onuň gorag jülgesinde galmak örän wajyp! (Habakuk 3:17, 18-nji aýatlary okaň)c.
ÝAŞAÝYŞ «SUWY JOŞAR»
17, 18. a) Ýaşaýyş «suwy» näme? b) «Gündogar deňzi» we «günbatar deňzi» nämäni aňladýar? ç) Gelejege ynamly garap, siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?
17 Armageddondan soň Mesihi Patyşalykdan akýan «(ýaşaýyş) suwy» has-da köpeler. Bu «suw» adamlaryň ebedi ýaşamagy üçin Ýehowanyň berýän ähli zatlaryny aňladýar. Pygamberlikdäki «gündogar deňzi» Duz deňzini, «Günbatar deňzi» bolsa, Orta ýer deňzini aňladýar. Olaryň ikisi-de adamlary suratlandyrýar. Duz deňzi ölüler diýaryndaky adamlary aňladýar. Emma Orta ýer deňzinde ýaşaýşyň bardygy üçin, ol Armageddonda halas boljak «uly märekäni» ýerlikli suratlandyrýar (Zakarýa 14:8, 9-njy aýatlary okaňd; Ylh. 7:9—15). Bu toparyň ikisi-de «ýaşaýyş suwunyň derýasyndan» içerler we olaryň ählisi kämil bolup, ebedi ýaşar (Ylh. 22:1, 2).
Ýehowanyň gorag jülgesinde galmagy berk ýüregiňize düwüň
18 Ýehowa zalym dünýäni ýok edip, bizi halas eder we dogrulyk höküm sürýän täze dünýäde ýaşadar. Zalym dünýädäki ähli halklar bizi ýigrense-de, geliň, Hudaýyň Patyşalygynyň wepaly raýatlary bolup, Ýehowanyň gorag jülgesinde galalyň!
a Zakarýa 14:2 Men Iýerusalimiň garşysyna uruşmak üçin ähli halklary ýygnaryn. Şäherler basylyp alnar, öýler talanar, aýallar zorlanar. Şäher halkynyň ýarysy sürgün ediler, ýöne halkyň galan bölegi şäherden çykarylmaz
b Zakarýa 14:3 Onsoň Reb çykyp, söweş günündäki ýaly edip, şol halklaryň garşysyna urşar. 4 Şol gün Onuň aýagy gündogarda — Iýerusalimiň öňündäki Zeýtun dagynda bolar. Bu dag gündogardan günbatara ägirt uly jülge bolup, ikä bölüner; dagyň ýarysy demirgazyga, ýarysy günorta çekiler. 5 Siz Rebbiň dagynyň jülgesiniň içi bilen gaçarsyňyz, sebäbi ol jülge Asala çenli uzalyp gider. siz şonda Ýahuda patyşasy Uzyýanyň döwründe bolan ýertitremeden gaçyşyňyz ýaly gaçarsyňyz. Şol wagt meniň Hudaýym Reb ähli mukaddesler bilen bile geler
c Habakuk 3:17 Injir agajy güllemese-de, Üzüm agaçlary miwe getirmese-de, Zeýtun agaçlary hasyl bermese-de, Ekin meýdanlary hasyl öndürmese-de, Dowar agyllry boş galyp, Ýataklar mal-garasyz bolsa-da, 18 Men Rebde şatlanaryn, Halasgärimde ýüregim joşar
d Zakarýa 14:8 Şol gün Iýerusalimde suw joşar. Suwuň ýarysy gündogardaky deňze, ýarysy günbatardaky deňze akar. Bu gyşyna-da, tomsuna-da şeýle dowam eder. 9 Reb tutuş ýer ýüzüniň şasy bolar. Şol gün Reb ýeke-täk Reb bolar we Onuň ady ýeke-täk at bolar