Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/2 sah. 13—16
  • Köşk goragçylaryna wagyz edildi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Köşk goragçylaryna wagyz edildi
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • PAWLUS «BÖKDENÇSIZ» WAGYZ EDÝÄR
  • PAWLUS HEM KIÇÄ, HEM-DE ULA WAGYZ ETDI
  • «BATYRGAÝLYK BILEN HOŞ HABARY WAGYZ EDÝÄRLER»
  • Pawlus «birkemsiz wagyz etdi»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Döwlet işgärleriniň öňünde hoş habary goraýarys
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/2 sah. 13—16

Köşk goragçylaryna wagyz edildi

[13-nji sahypadaky surat]

B. e. 59-njy ýylynda esgerler birnäçe tussag edilen adamlary Rime getirdiler. Olar port Kapenanyň derwezesinden girende, Palata baýyrlygynda imperator Neronyň köşgüni gördüler. Köşgi goraýan goragçylaryň eşiginiň aşagynda gylyjy bardya. Ýulius atly ýüzbaşy tussag edilen adamlary Rim Forumynyň we Wiminal baýyrlygynyň üsti bilen geçirdi. Olar rimlileriň sežde edýän taňrylarynyň birnäçe gurban berilýän bagynyň içinden we goşun bolup duran esgerleriň öňünden geçdiler.

[13-nji sahypadaky surat]

Köşk goragçylarynyň esgerleri. Klaudius arkasyndaky güberçek şekil (b. e. 51-nji ýyly)

Tussag edilenleriň arasynda Pawlus resul hem bardy. Birnäçe wagt mundan öň, deňizde gaý turanda perişde Pawlusa şeýle diýipdi: «Sen kaýsaryň öňünde durmalysyň» (Res. iş. 27:24). Pawlus şonda özüni nähili duýduka? Ol Rim imperiýasynyň paýtagtyna göz aýlap, Isanyň Iýerusalimdäki Antoniýa galasynda aýdan sözleri ýadyna düşen bolsa gerek. Isa: «Batyr bol! Çünki sen Men barada Iýerusalimde nähili güwä geçen bolsaň, Rimde-de şeýle güwä geçmelisiň» diýipdi (Res. iş. 23:10, 11).

Belki, Pawlus resul Kastra Praetoriýa syn edendir. Bu gyzyl kerpiçden salnan diňli we sagatly beýik diwarly galady. Galada imperatoryň köşgüni goraýan 12 goşun, şäheriň esgerleri we atly goşun ýaşaýardyb. Kastra Praetoriýa adamlara imperatoryň goşunynyň örän güýçli bolandygyny ýatladýar. Köşk goragçylary Rim imperiýasynyň başga künjeklerindäki tussaglara jogapkär bolany üçin, ýüzbaşy Ýuliusyň ýolbaşçylygynda olary Rime äkitdiler. Ahyry, tussaglar birnäçe aýdan Rime baryp ýetdiler (Res. iş. 27:1—3, 43, 44).

PAWLUS «BÖKDENÇSIZ» WAGYZ EDÝÄR

Pawlusa ýolda görnüş arkaly gämi heläkçiliginde hemmeleriň halas boljagy aýdylypdy. Zäherli ýylan çakanda-da, oňa zyýan ýetmedi. Ol Malta adasynyň ýaşaýjylaryny sagaldanda, olar oňa taňrydyr öýtdüler. Bu wakalar yrymçy köşk goragçylarynyň arasynda-da ýaýrady.

Pawlus Rimden Appius Forumyna we Üç Myhmanhana gelen doganlar bilen görüşdi (Res. iş. 28:15). Pawlus tussagda bolup, Rimde hoş habary nädip wagyz eder? (Rim. 1:14, 15). Käbirler tussaglar serkerdä tabşyrylandyr öýdýärler. Eger tabşyrlan bolsa, Pawlus köşk goragçylarynyň serkerdesi imperatordan soň ikinji adam Afranius Burrusa tabşyryldyc. Indi ony birnäçe däl-de, bir esger goraýardy. Pawlusa kireýine jaý tutmaga we ýanyna gelenleri kabul etmäge rugsat berlendigi üçin, ol «bökdençsiz» wagyz etdi (Res. iş. 28:16, 30, 31).

Neronyň günlerindäki köşk goragçylary

Köşk goragçylarynyň türmesi çekilen I asyryň teňňesi

Köşk goragçylary imperatory we onuň maşgalasyny goramagy kasam edýärdiler. Olar söweşe gidenlerinde, goranmak üçin Tiberius kaýsaryň zodiak belgisi bolan içýanyň suraty çekilgi baýdagy göterýärdiler. Köşk goragçylary şäheriň atly abraýly adamlaryndan we ýüzbaşylardan ybaratdy. Olar teatrdaky oýunlaryň tertibine seredýärdi hem-de ody söndürmäge kömek edýärdi. Esgerler 25 ýyla derek, 16 ýyl gulluk edip, üç esse köp aýlyk, pul sylagyny we harby gullugyndan bütinleý boşadylandan soň köp pul alýardylar. Şeýle-de köşk goragçylary tussaglary gynaýardylar we jeza berýärdiler. Pawlus ikinji sapar Rimde tussagda köşk esgerleriniň elinden jebir çeken bolmaly (2 Tim. 4:16, 17).

Courtesy Classical Numismatic Group, Inc./cngcoins.com

PAWLUS HEM KIÇÄ, HEM-DE ULA WAGYZ ETDI

Şu günler Kastra Praetoriýanyň diwarlary

Pawlus Neron bilen gepleşmezden öň, köşk goragçylarynyň türmesinde sorag edilen bolmaly. Ol mümkinçilikden peýdalanyp, «hem kiçä, hem-de ula... güwä geçdi» (Res. iş. 26:19—23). Burrusyň ýa-da başga biriniň rugsady bilen Pawlus köşk goragçylarynyň türmesinden boşadyldyd.

Pawlus kireýine tutan jaýyna «ýehudylaryň ulularyny» hem «köp adamlary» çagyryp, wagyz etdi. Ol köşk goragçylaryna-da güwä geçdi. Sebäbi olar Pawlusyň «ir ertirden giç agşama çenli» ýehudylara Hudaýyň Patyşalygy we Isa barada wagyz edişini eşidýärdi (Res. iş. 28:17, 23).

]

Pawlus tussagdaka, esgerler onuň ýazdyran hatlaryny eşitdiler

Her gün köşk goragçylary sekiz sagatdan çalşyp köşgi goraýardy. Pawlusy goraýanlar hem çalşyp durýardy. Pawlus iki ýyl tussagdaka, esgerler onuň Efeslilere, Filipililere, Koloselilere, Ýewreýlere ýazdyran hatlaryny eşitdiler we mesihçi Filimuna hat ýazandygyny gördüler. Pawlus tussagda Filimunyň Onesimus atly gaçgak guluna kömek etdi. Pawlus bilen Onesimus ataly-ogul ýaly boldy, soňra ony hojaýynyna iberdi (Flm. 10). Pawlus goraýan esgerler bilen hem gyzyklanýardy (1 Kor. 9:22). Meselem, ol esgeriň ähli ýaraglary barada soraşdyran bolmaly, soňra olary gowy mysal hökmünde ulandy (Efes. 6:13—17).

«BATYRGAÝLYK BILEN HOŞ HABARY WAGYZ EDÝÄRLER»

Pawlus tussagdaka hoş habar «köşk goragçylaryna we beýlekileriň baryna mälim boldy» (Flp. 1:12, 13). Kastra Praetoriýanyň ýaşaýjylary Rim imperiýasynyň ähli künjegindäki adamlar, imperator we onuň maşgala agzalary, hyzmatçylary hem gullary bilen gatnaşyk saklaýardy. Olaryň käbiri mesihçi boldy (Flp. 4:22). Pawlus mertlik bilen wagyz edip, Rimdäki doganlary hem «batyrgaýlyk bilen Hoş Habary wagyz etmäge» ruhlandyrdy (Flp. 1:14).

Nähili ýagdaýa düşsek-de, ähli adamlara wagyz edip bileris

Pawlusyň Rimde wagyz edendigi bizi hem «pursat amatly bolsun, bolmasyn» wagyz etmäge ruhlandyrýar (2 Tim. 4:2). Mysal üçin, biz garrylar öýüne ýa keselhana düşmegimiz, ýa-da imanymyz üçin tussag edilmegimiz mümkin. Nähili ýagdaýa düşenimizde-de, bizi görmäge gelýän we her-hili hyzmatymyzy edýän adamlara wagyz edip bileris. Biz her mümkinçilikden peýdalanyp, batyrgaýlyk bilen wagyz edip, «Hudaýyň sözi baglanan däldigine» göz ýetirýäris (2 Tim. 2:8, 9).

Sikstus Afranius Burrus

Sikstus Afranius Burrusyň ady ýazylgy

Burrus Fransiýanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Wezon-la-Romendada dünýä indi. 1884-nji ýylda şol ýerde onuň ady ýazylgy daşy tapdylar. B. e. 51-nji ýylynda kaýsar Klaudiusyň aýaly hem ýegençesi bolan ýaş Agrippina Burrusy köşk goragçylaryň ýolbaşçysy edip belledi. Burrus ýaş Agrippinanyň ogly Nerona harby okuwy öwredip, imperator bolmaga kömek etdi. Filosof Senesa bolsa Nerona akyl-paýhas berdi. Soňra Agrippina mümkinçilikden peýdalanyp, äri Klaudiusy zäherläp öldürýär. Klaudius ölensoň, Burrus Nerony Kastra Praetoriýa äkitdi we köşk goragçylary ony imperator diýip yglan etdiler. Senat (döwlet maslahaty) hem muňa alaçsyz ylalaşmaly boldy. B. e. 59-njy ýylynda imperator Neron ejesi Agrippinany öldürende, Burrus onuň eden işini gizledi. Rim taryhçylary Swetoniý we Dion Kassiusyň aýtmagyna görä, b. e. 62-nji ýylynda bolsa, Neron Burrusy hem zäherläp öldürýär.

Musée Calvet Avignon

a «Neronyň günlerindäki köşk goragçylary» diýen bukja seret.

b Rim goşunynda müňe golaý esger bardy.

c «Sikstus Afranius Burrus» diýen bukja seret.

d B. e. 36—37-nji ýyllarynda kaýsar Tiberiý Kaligulany imperator etmeli diýeni üçin, Hirodes Agrippany şu ýerdäki türmä basdy. Kaligula imperator bolandan soň, Hirodesi Ýahudanyň patyşasy edip belledi (Res. iş. 12:1).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş