Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 15/12 sah. 26—29
  • Malaki kitabyndan peýdaly pikirler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Malaki kitabyndan peýdaly pikirler
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • RUHANYLAR «KÖPLERI BÜDRETDILER»
  • (Malaki 1:1—2:17)
  • «HAKYKY REB YBADATHANASYNA GELER»
  • (Malaki 3:1—4:6)
  • «Hak Hudaýdan gork»
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 15/12 sah. 26—29

Ýehowanyň Sözi diri

Malaki kitabyndan peýdaly pikirler

IÝERUSALIMDÄKI ybadathananyň doly dikeldilenine 70 ýyldan gowrak wagt geçdi. Emma wagtyň geçmegi bilen, ýehudylaryň Hudaý bilen gatnaşygy gowşap başlady. Hatda ruhanylar hem pula ýatypdy. Olara kim ýagdaýyny düşündürerkä we ruhy taýdan galkynmaga kömek ederkä? Bu ýumşy Ýehowa Malaki pygambere tabşyrýar.

Güýçli dil bilen beýan edilen Malaki pygamberiň kitaby Ýewreý Ýazgylarynyň soňky kitaby bolup, onda Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan pygamberlikler bar. Malaki kitabyndaky pygamberliklere gulak assak, «Ýehowanyň uly, aýylganç gününe» taýýarlanmaga kömek eder. Şonda häzirki zalym dünýäniň soňy geler (Malaki 4:5).

RUHANYLAR «KÖPLERI BÜDRETDILER»

(Malaki 1:1—2:17)

Ýehowa Ysraýyllylara bolan duýgusyny şeýle sözler bilen görkezýär: «Men sizi söýdüm». Emma ruhanylar Hudaýyň adyna ýigrenç bilen garaýardylar. Nädip? Olar «gurbanlyk edilýän ýere hapa çöregi getirýärler» hem-de «agsak, syrkaw maly» gurban berýärler (Malaki 1:2, 6—8).

Ruhanylar «köpleri kanuny berjaý etmekde büdretdiler». Adamlar «bir-birine haýynlyk edýärdiler». Käbir adamlar özüne özge milletli aýal aldylar. Käbirleri bolsa, «ýaşlyk aýalyna» ikilik etdiler (Malaki 2:8, 10, 11, 14—16).

Sowallaryň jogaby:

2:2 — Ýehowa haýsy manyda özdiýenli ruhanylaryň «berýän ak patasyna gargaýar?» Hudaý şol ruhanylaryň berýän ak patasyny gargynja öwürýär

2:3 — Ruhanylaryň ýüzüne «tezegi zyňmak» näme aňladýar? Kanuna laýyklykda, gurban berlen malyň tezegini düşelgeden daşary çykaryp ýakýardylar (Lewililer 16:27). Ruhanylaryň ýüzüne tezegi zyňmak, berlen gurbany Ýehowanyň kabul etmeýändigini hem-de şol gurbanlygy berýänleri ýigrenýändigini aňladýar.

2:13 — Ýehowa gurbanlyk berilýän ýer kimleriň gözýaşy bilen örtüldi? Bu ybadathana gelip, Ýehowanyň öňünde ýüregini dökýän aýallaryň gözýaşlarydy. Olar näme üçin beýle gynanýarlar? Olaryň ärleri özge milletli ýaş gelin-gyzlara öýlenmek üçin bikanun ýol bilen nikasyny bozup, olary taşlap giden bolmaly.

Biziň üçin sapak:

1:10. Ýehowa açgöz ruhanylaryň gurbanlygyny halamaýardy, sebäbi olar gapyny ýapmak ýa-da gurbanlyk berilýän ýerde ody ýakmak ýaly ýönekeý hyzmatlar üçin hem para alýardylar. Şol sebäpli, biz mesihçiler hökmünde gazanç üçin däl-de, Ýehowa we ýakynlarymyza bolan päk söýgi üçin gulluk etmeli! (Matta 22:37—39; 2 Korintoslylar 11:7).

1:14; 2:17. Ýehowa ikiýüzlüligi halamaýar.

2:7—9. Ýygnakda mugallymçylyk edýän doganlaryň aýdýan zatlary hökman Hudaýyň Sözi bolan Mukaddes Ýazgylara hem-de «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» Mukaddes Ýazgylara esaslanýan edebiýatyna laýyk gelmeli (Luka 12:42; Ýakup 3:11).

2:10, 11. Ýehowa gullukçylarynyň «Rebde» durmuş gurmaly diýen maslahata çynlakaý garamagyny isleýär.

2:15, 16. Hakyky Hudaýyň gullukçylary ýaşlyk aýalyna beren nika ähtine uly hormat goýmaly.

«HAKYKY REB YBADATHANASYNA GELER»

(Malaki 3:1—4:6)

«Hakyky Reb [Ýehowa Hudaý]» «ylalaşygyň habarçysy [Isa Mesih] bilen ybadathanasyna duýdansyz geler». Hudaý «halkyny höküm etmäge barar» we haýallatman jenaýatçylaryň ählisine garşy şaýat bolar. Şeýle-de Ýehowadan gorkýanlar hakda «ýatlama kitaby» ýazylar (Malaki 3:1, 3, 5, 16).

«Peç kimin lowlap ýanjak» gün geler we ähli erbetleri ýok eder. Şol günüň öňünden «atalaryň ýüreklerini ogullara, ogullaryň ýüreklerini atalaryna öwrer» ýaly bir pygamber iberiler. (Malaki 4:1, 5, 6).

Sowallaryň jogaby:

3:1—3 — «Hakyky Reb» we «ylalaşygyň buşlukçysy» ybadathana haçan geldiler we olaryň öňünden kim iberildi? B. e. 33-nji ýylyň 10-njy nisanynda Ýehowa, göçme manyda, ybadathanasyna gelip, ony arassalaýar. Şol gün Isa ybadathana girip, alyjylary we satyjylary kowup çykarýar (Markus 11:15). Şonda Isanyň geljekki Patyşa hökmünde mesh edilenine üç ýarym ýyl geçipdi. Şonuň ýaly-da, Isa gökde Patyşa hökmünde tagta geçip, üç ýarym ýyl geçende, Ýehowa bilen bilelikde ruhy ybadathana gelip, Hudaýyň halkynyň arassalanmalydygyny görýär. Birinji asyrda ýehudylary Isa Mesihiň gelmegine taýýarlamak üçin Ýahýa Çokundyryjy iberilipdi. Şu günlerem Ýehowanyň ruhy ybadathanasyna gelmegine ýol taýýarlamak üçin öňünden buşlukçy iberildi. 1880-nji ýyllarda Mukaddes Ýazgylary öwrenýän topar akýürekli adamlara Mukaddes Ýazgylaryň esasy hakykatlaryny öwretmäge başlady.

3:10 — Biz haýsy manyda Ýehowa «ähli zatdan ondan bir bölegini», ýagny zekaty berýäris? Isanyň ölümi bilen Musanyň kanuny ýatyryldy, şol sebäpli häzir Hudaýa sežde etmek üçin zekat bermek hökman däl. Ýöne zekatyň göçme manysy bar (Efesliler 2:15). Zekat ähli zadymyzy bermegi aňlatmaýar. Ysraýyllylar her ýyl ondan bir bölegini berýärdiler, ýöne biz özümizi Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyrylanda, ähli zadymyzy Ýehowa diňe bir gezek berýäris. Şondan bäri, biziň ähli zadymyz Ýehowanyňky. Şonda-da, Ýehowa bize şol zatlarymyzdan bir bölegi — zekaty — saýlap, Hudaýa gullukda ulanmagymyzy isleýär. Biz ýagdaýymyza görä ýürekden berýäris. Biz Patyşalyk barada wagyz etmek we şägirt taýýarlamak üçin wagtymyzy, güýjümizi we serişdelerimizi Ýehowa berýäris. Şeýle-de ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýarys, syrkaw we garry dogan-uýalarymyzy görmäge barýarys hem-de hakyky seždäni pul taýdan goldaýarys.

4:3 — Haýsy manyda Ýehowanyň gullukçylary «erbetleri depelär?» Hudaýyň ýerde ýaşaýan halky göni manyda «erbetleri depelemez», ýagny olaryň üstünde çykarylan hökümi berjaý etmäge gatnaşmaz. Ýehowanyň ýer ýüzündäki gullukçylary Şeýtanyň dünýäsi ýok edilendensoň, göçme manyda, «erbetleri depelär», ýagny ýeňşi bellemäge tüýs ýürekden gatnaşarlar (Zebur 145:20; Ylham 20:1—3).

4:4 — Biz näme üçin «Musanyň kanunyny... ýatda saklamaly?» Mesihçiler Musanyň Kanuny boýunça ýaşamasalar-da, ol «geljekki oňat zatlaryň... kölegesi» (Ýewreýler 10:1). Şol sebäpli Musanyň Kanunyna üns bersek, ondaky ýazylan zatlaryň ýerine ýetişini göreris (Luka 24:44, 45). Galyberse-de, Musanyň Kanuny arkaly «göklerde bolan zatlaryň nusgalary» berilýär. Mesihi taglymata we edim-gylyma düşünmek isleýän bolsak, onda ony öwrenmek örän wajyp (Ýewreýler 9:23).

4:5, 6 — «Ylýas pygamber» kimi aňladýar? Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, adamlaryň ýüregini taýýarlamak üçin «Ylýas» dikeldiş işlerini geçirmelidi. Birinji asyrda Isa Mesih Ýahýa Çokundyryjynyň «Ylýasdygyny» aýtdy (Matta 11:12—14; Markus 9:11—13). Biziň günlerimizde Ylýasyň roluny ýerine ýetirýänler «Ýehowanyň uly, aýylganç gününiň öňünden» iberildi. Şu günler Ylýas — «sadyk hem akylly hyzmatkär» (Matta 24:45). Mesh edilen mesihçileriň şu topary adamlara Hudaý bilen gatnaşygyny dikeltmäge yhlas bilen kömek edýärler.

Biziň üçin sapak:

3:10. Iň gowy zadymyzy Ýehowa bermesek, onda biz özümizi Hudaýyň bereketinden mahrum edýäris.

3:14, 15. Ruhanylaryň erbet göreldesi sebäpli ýehudylar Hudaýa gullugyň gadyryny gaçyrdylar. Mesihçiler ýygnagyndaky jogapkär doganlar göreldeli bolmaly (1 Petrus 5:1—3).

3:16. Ýehowa özünden gorkýan we özüne wepaly adamlaryň adyny kitaba ýazýar. Ýehowa olary ýadynda saklap, Şeýtanyň zalym dünýäsi ýok edilende gorar. Şoňa görä-de, geliň, Hudaýa wepaly bolmakda hiç haçan gowşamalyň (Eýýup 27:5).

4:1. Ýehowa hasabat bermeli güni «şahanyň» we «köküň» ykbaly birmeňzeş bolar, ýagny çagalara ata-enesine çykarylan höküm çykarylar. Ata-enelere nähili uly jogapkärçilik berlen! Şeýlelikde, mesihçi ata-eneler Hudaýyň razylygyny gazanyp, onuň öňünde ýagşy abraýly bolmak üçin güýjüni gaýgyrmaly däl (1 Korintoslylar 7:14).

«Hak Hudaýdan gork»

«Ýehowanyň uly, aýylganç gününde» kim halas bolar? (Malaki 4:5). «Meniň adymdan gorkýan size bolsa, dogrulyk Güni dogar we onuň şöhlesinden sagalarlar. Siz çykarsyňyz we bakylan göleler kimin oýnap bökersiňiz» (Malaki 4:2).

«Dogrulyk Güni» Isa Mesih Hudaýyň adyny sylaýan we gorkýan adamlaryň üstünden dogdy we olar indi Ýehowanyň mährini gazandy (Ýahýa 8:12). Şeýle-de olar «onuň şöhlesinde sagalýarlar» — häzir ruhy taýdan sagalýarlar. Hudaýyň täze dünýäsinde bolsa, beden, aň we duýgy taýdan doly sagalarlar (Ylham 22:1, 2). Olar muňa şeýle begenip, hezil edýärler welin, özüni hut «bakylan göleler» ýaly alyp barýalar. Bize şeýle bereketler garaşýan bolsa, onda Süleýman patyşanyň öwüdine gulak asalyň: «Hakyky Hudaýdan gork we onuň tabşyryklaryny berjaý et. Çünki adamyň bar borjy şundan ybaratdyr» (Wagyzçy 12:13).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş