Size garşy edilen hiç bir ýarag üstün çykmaz
«Saňa garşy edilen hiç bir ýarag üstün çykmaz» (IŞAÝA 54:17).
1, 2. Albaniýadaky Ýehowanyň Güwäçileriniň döz gelen kynçylyklary Işaýa 54:17-däki wadanyň dogrudygyny nädip tassyklaýar?
BIRNÄÇE onýyllyklardan ozal Ýewropanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän kiçijik daglyk ýurtda batyrgaý mesihçileriň bary-ýogy kiçijik toparjygy bardy. Olary ýok etmek üçin kommunistik döwleti elinden gelenini etdi. Emma olary ne gynamaklyk, ne zähmet lageri, ne-de köpçülikleýin maglumat beriş serişdeleri ýok edip bildi. Olar kimler? Albaniýadaky Ýehowanyň Güwäçileri. Şu onýyllyklaryň dowamynda olara bile ýygnanyşmak we wagyz etmek örän kyn boldy. Emma olar boýun bolmadylar, bu mesihçiligi dabaralandyrdy we Ýehowanyň adyny şöhratlandyrdy. Geçen ýyl filial Hudaýa bagyş edilende, köp ýyldan bäri Ýehowa wepaly gulluk edýän bir Ýehowanyň Güwäçisi şeýle diýdi: «Şeýtan näçe jan etse-de, ol hemişe utulýar, Ýehowa bolsa hemişe ýeňýär!»
2 Bularyň bary Hudaýyň Işaýa 54:17-de halkyna: «Saňa garşy edilen hiç bir ýarag üstün çykmaz, kazyýetde saňa garşy çykan dili sen ýalana çykararsyň» diýen wadasynyň dogrudygynyň janly şaýady bolup hyzmat edýär. Şeýtanyň dünýäsiniň edýän hiç bir tagallasy-da, Ýehowa Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň edýän işlerini saklap bilmeýändigini taryh tassyklaýar.
Şeýtanyň üstünliksiz synanyşyklary
3, 4. a) Şeýtan nähili «ýarag» ulanýar? b) Näme üçin Şeýtanyň «ýaragy» üstün çykmaýar?
3 Ýehowanyň wepaly gullukçylaryna garşy nähili «ýarag» ulanylýar? Muňa gadagan edilmeler, üýşüp topulmalar, tussaghanalar we «kanunyň adyndan ýamanlyk etmeklik» degişli (Zebur 94:20). Hatda häzir biz şu makalany öwrenýän mahalymyz hem käbir ýurtlarda mesihçiler synaglara döz gelip, Hudaýa wepaly galýarlar (Ylham 2:10).
4 Meselem, Ýehowanyň Güwäçileriniň bir filialynyň habar bermegine görä, bary-ýogy bir ýylyň içinde Hudaýyň gullukçylaryna wagyzda 32 sapar topuldylar. Şeýle-de Ýehowanyň Güwäçilerini ýaş bolsun, garry bolsun, erkek bolsun, aýal bolsun, 59 sapar polisiýa tutdy. Olaryň käbirlerine jenaýatçy hökmünde garap, barmaklarynyň yzyny aldylar we surata düşürip tussag etdiler. Käbirlerini bolsa, ýençdiler. Ýene bir ýurtda bolsa, Ýehowanyň Güwäçilerini tussag etmek, jerime töletmek we urmak ýaly, 1100-den gowrak waka boldy. Bu wakalaryň 200-den gowragy Isa Mesihiň ölüminiň ýatlama Agşamy mahaly boldy. Ýöne Ýehowanyň ruhunyň kömegi bilen şu we beýleki ýurtlarda duşmanlaryň has güýçlidigine garamazdan, Hudaýyň gullukçylary aman-sag galdylar (Zakarýa 4:6). Duşmanlaryň güýçli ýigrenjiligi Ýehowany şöhratlandyrýan adamlary hiç haçan dymdyryp bilmez. Biz hiç bir «ýaragyň-da» Hudaýyň niýetini bozup bilmejekdigine doly ynanýarys.
Ýalan dil höküm edildi
5. Birinji asyrda Ýehowanyň gullukçylaryna nähili diller garşy çykdy?
5 Hudaýyň halkyna islendik garşy çykan dili onuň höküm etjekdigini Işaýa pygamberlik etdi. Birinji asyrda adamlar mesihçileri ýalançylykda aýyplap, olara iň zalymlar hökmünde garaýardylar. Meselem, Resullaryň işleri 16:20, 21-de şeýle diýilýär: «Bu adamlar şäherimizi bulam-bujur edýärler... biz rimlilere kabul edilmegi, berjaý edilmegi rugsat edilmedik adatlary wagyz edýärler!» Başga bir sapar bolsa, dini duşmanlar şäher ýolbaşçylaryny Isanyň şägirtlerine garşy çäre görmäge öjükdirip şeýle diýdiler: «Bütin dünýäde topalaň turzan bu adamlar bu ýere hem geldiler... Bularyň ählisi... kaýsaryň buýruklaryna ters hereket edýärler» (Resullaryň işleri 17:6, 7). Pawlus resula hatda «başymyza inen bela», «mezhebiniň baştutany» hem-de «ýer ýüzündäki... topalaňçy» diýdiler (Resullaryň işleri 24:2—5).
6, 7. Dil bilen aýdylýan aýyplamalary mesihçiler nädip höküm edýär?
6 Şol sebäpli şu günler hem mesihçilere zalym töhmet atyp, olar barada hapa gep-gürrüňleriň ýaýradylýandygy geň galdyrmaýar. Biz dil bilen aýdylýan şeýle aýyplamalary nädip höküm edýäris? (Işaýa 54:17).
7 Ýehowanyň Güwäçileri göreldeli alyp barşy bilen aýyplamalary we ýalan propagandany köplenç puja çykarýar (1 Petrus 2:12). Eger mesihçiler kanuna gulak asýan we ýokary ahlakly, ýakynynyň ýagşylyk üçin aladasyny edýän adamlar hökmünde hereket etse, onda olara garşy edilýän ähli aýyplamalaryň esassyzdygy aýdyň bolýar. Biziň göreldeli alyp barşymyzyň özi gowy güwälik edýär. Synlaýan adamlar biziň ýagşy işlerimizi görüp, köplenç gökdäki Atamyzy şöhratlandyrmaga we iň gowy ýaşaýyş ýolundadygymyzy boýun almaga höweslenýärler (Işaýa 60:14; Matta 5:14—16).
8. a) Mukaddes Ýazgylara esaslanan garaýyşlarymyzy käwagt nädip goramaly bolýarys? b) Isadan görelde alyp, duşmanlaryň dilini nädip höküm edýäris?
8 Käwagt biz Mukaddes Ýazgylara esaslanan imanymyzy mertlik bilen goramaly bolýarys. Meselem, öz hukuklarymyzy goramak üçin hökümete we kazyýete ýüzlenýäris (Ester 8:3; Resullaryň işleri 22:25—29; 25:10—12). Isa ýer ýüzünde ýaşanda, käwagt duşmanlarynyň garaýyşlaryny açyk inkär edýärdi (Matta 12:34—37; 15:1—11). Isanyň göreldesine eýerip, biz ynanýan zatlarymyzy aýdyň düşündirmäge hemişe taýýar bolmaly (1 Petrus 3:15). Biz hiç haçan mekdepde, işde ýa-da iman etmeýän ýaňsylaýan garyndaşlarymyzyň Hudaýyň Sözüni wagyz etmäge päsgel bermegine ýol bermeris (2 Petrus 3:3, 4).
Iýerusalim — «agyr daş»
9. Zakarýa 12:3-däki «agyr daş» haýsy Iýerusalime degişli we onuň ýer ýüzündäki wekilleri kim?
9 Zakarýanyň pygamberliginde halklaryň näme sebäpden mesihçilere garşy çykýandygy düşündirilýär. Zakarýa 12:3-de şeýle diýilýär: «Şol gün men Iýerusalimi ähli halklar üçin agyr daş ederin». Bu ýerde haýsy Iýerusalim barada aýdylýar? Gökdäki Iýerusalim, ýagny mesh edilen mesihçileriň çagyrylan gökdäki Patyşalygy barada aýdylýar (Ýewreýler 12:22). Patyşalygyň mirasdüşerleriniň kiçi galyndysy heniz ýer ýüzünde ýaşaýar. Olar «başga goýunlardan» bolan işdeşleri bilen bilelikde entek wagt barka, adamlary Hudaýyň Patyşylygynyň raýatlary bolmaga çagyrýarlar (Ýahýa 10:16; Ylham 11:15). Halklar bu çagyryşa nähili seslenýär? Şu günler Ýehowa gullukçylaryna nähili kömek edýär? Bu soraglara jogap bermek üçin, geliň, Zakarýa kitabynyň 12-nji babyna seredeliň. Bu bize Hudaýyň mesh edilenlerine we olaryň wepaly işdeşlerine garşy hiç bir ýaragyň üstün çykmajakdygyna has-da ynandyrar.
10. a) Näme üçin Hudaýyň halkyny yzarlaýarlar? b) Ýolundan «agyr daşy» aýyrmak islänlere näme boldy?
10 Zakarýa 12:3-de halklar «agyr ýaralanar» diýilýär? Nädip? Hudaý Patyşalyk baradaky hoş habaryň wagyz ediljekdigini öňünden aýtdy. Ýehowanyň Güwäçileri bu tabşyryga çynlakaý garaýarlar. Emma adamzadyň ýeke-täk umydy hökmünde Patyşalygy yglan etmeklik halklar üçin «agyr daş» boldy. Olar Patyşalygyň wagyzçylaryna garşylyk görkezip, bu «daşy» göterip aýyrjak bolýarlar. Ýöne olaryň ählisi «agyr ýaralandy» we heläk boldular. Halklar masgara bolup, öz abraýyny ýitirdiler. Olar şu soňky günlerde Hudaýyň Patyşalygynyň «ebedi hoş habaryny» yglan etmegi özüne hormat saýýan mesihçileri dymdyryp bilmeýärler (Ylham 14:6). Ýehowanyň gullukçylarynyň nähili zorluk çekendigini görüp, Afrika döwletleriniň birinde türmäniň gözegçisi şeýle diýdi: «Siz bu adamlary yzarlap, biderek güýjüňizi sarp edýärsiňiz. Olar hiç haçan imanyndan dänmezler, gaýtam, diňe köpeler».
11. Näme üçin Zakarýa 12:4-däki wadasyny Hudaý ýerine ýetirer diýip bileris?
11 Zakarýa 12:4-i okaň. Ýehowa Patyşalygyň batyrgaý wagyzçylaryna garşy göreşýän adamlary, göçme manyda, kör edip, «aljyraňňylyga saljakdygyny» wada edýär. Ol diýen sözüne hökman ýerine ýetirer. Meselem, hakyky din gadagan edilen bir ýurtda duşmanlar Hudaýyň halkyny ruhy iýmitden kesip bilmediler. Hatda bir gazetde Ýehowanyň Güwäçileri Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary almak üçin howa şaryny ulanýarlar diýip ýazdylar! Hudaý beren wadasyny ýerine ýetirdi: «Men gözlerini açaryn... we halklaryň ählt atlaryny kör ederin». Gahar-gazapdan ýaňa kör bolan Patyşalygyň duşmanlary haýsy tarapa gitmelidigini bilmeýärler. Ýöne biz Ýehowanyň öz halkyny topar hökmünde saklap, onuň sag-salamat galmagy barada alada etjekdigine berk ynanýarys (4 Patyşalar 6:15—19).
12. a) Isa ýer ýüzünde ýaşanda, haýsy manyda ot ýakdy? b) Mesh edilenleriň galyndysy ruhy ody nädip ýakdylar we bu nähili netije berdi?
12 Zakarýa 12:5, 6-njy aýatlary okaň. «Ýahudanyň şyhlary» Hudaýyň halkyna gözeçilik edýär. Patyşalygyň ýer ýüzündäki bähbidini goramak üçin Ýehowa olara güýçli yhlas berýär. Bir sapar Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Men dünýä ot ýagdyrmaga geldim» (Luka 12:49). Ol, dogrudan-da, ot ýakdy. Isa yhlasly wagyz edendigi sebäpli, adamlaryň öňünde Hudaýyň Patyşlygy barada sorag ýüze çykdy. Bu sorag ýewreý halkynyň arasynda gyzgalaňly çekişme döretdi (Matta 4:17, 25; 10:5—7, 17—20). Şu günler hem Mesihiň şägirtleri «agaçlaryň arasynda ojak, ýaňy orlan galladan soň zolakdaky ýalynly alow kimin» ruhy ot ýakdylar. 1917-nji ýylda çykan «Gutarylan syr»a diýen kitapda hristian dünýäsiniň ikiýüzliligi aç-açan paş edilýär. Bu ruhanylar synpyny gahar-gazaba mündirdi. Ýaňy-ýakynda bolsa «Patyşalyk barada habar» No.37 seriýasyndan «Ýalan din tizden ýok ediler» diýen kitapça köp adamlary Hudaýyň Patyşalygynyň ýa-da onuň duşmanlarynyň tarapyndadygyny kesgitlemäge höweslendirdi.
«Ýahudanyň çatmasy» halas boldy
13. «Ýahudanyň çatmasy» diýen jümle nämäni aňladýar we näme üçin Ýehowa olary halas eder?
13 Zakarýa 12:7, 8-nji aýatlary okaň. Gadymy Ysraýylyň ähli ýerinde wagtal-wagtal çopanlaryň we daýhanlaryň çatmada ýaşandygyny görse bolýardy. Iýerusalime duşman girende, bu adamlar olaryň ýolunda bolany sebäpli, kömege mätäçdiler. «Ýahudanyň çatmasy» diýen jümle biziň döwrümizde mesh edilen mesihçileriň galyndysynyň, göçme manyda, açyk meýdanda goranylmaýan şäherde ýaşaýandygyny görkezýär. Olar Mesihi Patyşalygyň bähbitlerini batyrgaýlyk bilen goraýarlar. Goşunlar Hudaýy Ýehowa, ilki bilen, «Ýahudanyň çatmasyny» halas eder, sebäbi Şeýtan hut şolara garşy hüjüm edýär.
14. «Ýahudanyň çatmasynda» ýaşaýanlary Ýehowa nädip goraýar we olara nädip büdremäge ýol bermeýär?
14 Meýdanda çatmada ýaşaýan Patyşalygyň mesh edilen wekillerini Ýehowanyň goraýandygyny taryh subut edýärb. Ýehowa olary Dawut patyşanyň esgerleri kimin güýçli we batyrgaý edip, büdremäge ýol bermeýär.
15. Näme üçin we haçan Ýehowa «ähli halklary hökman ýok eder»?
15 Zakarýa 12:9-y okaň. Näme üçin Ýehowa «ähli halklary hökman ýok eder»? Sebäbi olar Mesihi Patyşalyga garşy hemişe garşylyk görkezýärler. Olar Hudaýyň halkyny yzarlaýandyklary üçin höküm edildi. Tizden Şeýtanyň ýer ýüzündäki ýaranlary Hudaýyň gullukçylaryna soňky gezek hüjüm eder, bu Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, Har-Magedon söweşine elter (Ylham 16:13—16). Bu söweşde Ýokary Kazy gullukçylaryny gorar we halklaryň arasynda öz adyny mukaddeslär (Ezekiýel 38:14—18, 22, 23).
16, 17. a) «Ýehowanyň gullukçylaryna berlen miras» näme aňladýar? b) Şeýtanyň hüjümlerine garamazdan, biziň çydamlylygymyz nämäni subut edýär?
16 Hudaýyň bütin dünýädäki halkynyň imanyny gowşadyp, yhlasyny ýatyrar ýaly Şeýtanyň «ýaragy» ýok. Biz Ýehowanyň halas etmäge güýjüniň ýetýändigini bilýäris, şol sebäpli ýüregimizde parahatlyk höküm sürýär, çünki bu «Ýehowanyň gullukçylaryna berlen mirasdyr» (Işaýa 54:17). Bizi hiç kim parahatlykdan mahrum edip bilmez we ruhy baýlykdan aýryp bilmez (Zebur 118:6). Şeýtan mundan beýläk hem, garşylyk oduny tutaşdyryp, horluk çekdirer. Emma masgaralamalara garamazdan, berk çydamlylygymyz bizde Hudaýyň ruhunyň bardygyny subut edýär (1 Petrus 4:14). Ýehowanyň Patyşalygynyň berkarar edilendigi barada bütin dünýäde wagyz edilýär. Hudaýyň halkyny saklamak üçin duşmanlar olara, göçme manyda, «sapan daşlaryny» zyňýarlar. Ýöne Ýehowa gullukçylaryna güýç berip, bu «daşlar» degmez ýaly edýär (Zakarýa 9:15). Mesh edilen galyndylary we olaryň wepaly işdeşlerini saklamak mümkin däl!
17 Tizden biz Iblisiň hüjümlerinden doly halas bolarys. Bize garşy edilen hiç bir ýaragyň üstün çykmajakdygy we kazyýetde bize garşy çykan her bir dili höküm etjekdigimiz neneňsi teselli berýär!
a Ýehowanyň Güwäçileriniň çap edeni, indi neşir edilmeýär.
b Bu barada Ýehowanyň Güwäçileriniň çap eden «Ýehowanyň Güwäçileri — Hudaýyň Patyşalygynyň wagyzçylary» diýen kitabyň 675, 676-njy sahypalarynda jikme-jik bolip bolýar.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Şeýtanyň ýaragynyň üstün çykmaýandygy nämeden görünýär?
• Näme üçin gökdäki Iýerusalim «agyr daş boldy?
• Ýehowa «Ýahuda çatmalaryny» nädip halas eder?
• Armageddonyň golaýlaşýandygy saýyn siz nämä ynamly bolup bilersiňiz?