Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr17 Dekabr sah. 1—4
  • «Durmuş we wagyz. Okuw depderi» üçin gollanma

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz. Okuw depderi» üçin gollanma
  • Durmuş we wagyz okuw depderindäki salgylar (2017)
  • Sözbaşylar
  • DEKABR 4—10
Durmuş we wagyz okuw depderindäki salgylar (2017)
mwbr17 Dekabr sah. 1—4

«Durmuş we wagyz» okuw depderi üçin gollanma

DEKABR 4—10

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | SEFANÝA 1—HAGAÝ 2

«Ýehowanyň gazaply güni gelmänkä, ony agtaryň»

w01 15/2 sah. 18, 19, abz. 5—7

Onuň gahar güni gelmänkä Ýehowany agtaryň

5 Kimdir biri: «Ýöne men öžümi Hudaýa bagyş edip we suwa çümdürilip Ýehowanyň Şaýady hökmünde oňa gulluk edýärin ahyryn. Men bu talaplara gabat gelmeýärinmi näme?» diýmegi mümkin. Özüňi Ýehowa bagyş etmek ýeterlikli däl. Ysraýyl halky Hudaýa bagyş edilen hem bolsa, Sefanýanyň günlerinde Ýahudanyň ýaşaýjylary özlerini şoňa laýyk alyp barmaýardy. Şonuň üçin bu halk inkär edildi. Şu günler Ýehowanyň ýerdäki guramasynda bolup, onuň bilen ýakyn we ýürekdeş gatnaşygy ösdürsek we saklasak, Ýehowany agtardygymyz bolar. Bu onuň garaýşyny bilmelidigini we duýgularyny göz öňünde tutmalydygyny aňladýar. Önuň sözüni dykgatly öwrenip, üstünde oýlanyp we onuň öwütlerini durmuşda ulanyp Ýehowany agtarýarys. Ondan başga-da gyzgyn doga etmek, mukaddes ruha tabyn bolmak bilen Ýehowanyň görkezmesini agtarýarys. Munuň netijesinde biziň Ýehowa bilen gatnaşygymyz berkeýär we oňa bütin ýürekden, jandan we ähli güýjimiz bilen gulluk etmäge höwesimiz artýar (Kan. tag. 6:5; Gal. 5:22—25; Flp. 4:6, 7; Ylh. 4:11).

6 Sefanýa 2:3 görä, ikinji edilýän talap — dogrulygy agtarmak. Biziň köpimiz suwa çümdirilmäge talaplara laýyk gelmek üçin köp özgerişleri etdik, emma Ýehowanyň dogrulyk kadalaryna bütin ömrüňe eýermeli. Käbirler Hudaýyň kadalaryna mesihçi ýolunyň başynda eýerýärdiler, ýöne soň bu dünýä bilen hapalandylar. Hawa, dogrulygy agtarmak aňsat däl, sebäbi jyns ahlaksyzlygy, ýalan sözlemegi erbetlik hökmünde hasaplamaýan adamlar bizi gurşap alýar. Eger Ýehowa ýaranmak güýçli islegimiz bar bolsa, dünýäniň razylygyny gazanmak, ýagny hemmeler ýaly bolmak islegine garşy göreşmäge bize kömek eder. Ýahuda patyşalygy Ýehowanyň razylygyny ýitiripdi, sebäbi halk hudaýsyz goňşy halklar ýaly bolmak isledi. Geliň, bu dünýä ýaly bolman, hemişe „hakyky dogrulyga we wepalylyga esaslanan täze häsiýetlere“ geýinmäge jan edip, „Hudaýdan görelde“ alalyň (Efes. 4:24; 5:1).

7 Sefanýa 2:3-de ýazylan üçünji esasy pikire görä, eger Ýehowanyň gahar gününde gizlenmek islesek, onda biz pesgöwünliligi agtarmaly. Biz her gün pesgöwünlilik bildirmeýän erkek adamlara, aýallara we çagalara duş gelýäris. Olar pesgöwünliligi ýetmezçilik hasaplaýarlar. Eglişikligi gowşaklygyň alamaty hasaplaýarlar. Beýle adamlar çenden aşa talapçyl, özüni söýýär we özüne bil baglaýar. Olar ähli ýollar bilen „hakym bar“ diýip hasaplan we islän zadyna ýetmäge taýýar. Şeýle garaýyşlar biziň hem aňymyza täsir eden bolsa, nähili gynançly bolardy! Häzir bize öňkidenem has köp pesgöwünliligi agtarmak gerek. Nädip? Hudaýyň öwütlerini kabul edip we onuň islegine tabyn bolup gulak asmaly.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w07 15/11 sah. 11, abz. 3

Haggaý we Zekerýa kitabyndan peýdaly pikirler

Sefaniýa 1:8. Zefaniýanyň günlerinde käbir ýehudylar daş-töweregindäki halklaryň gollamagyny gazanmak üçin, olar «ýat ýerliniň egin-eşigini geýýärdiler». Şonuň ýaly, şu günlerem Ýehowanyň gullukçylaryna zalym dünýä meňzejek bolmaklyk paýhassyzlykdyr!

w07 1/12 sah. 9, abz. 3

Haggaý we Zekerýa kitabyndan peýdaly pikirler

Haggaý 2:9 — Haýsy manyda «soňky ybadathananyň şöhraty öňki ybadathananyň şöhratyndan ýokarydy»? Onuň azyndan üç sebäbi bar: ol köp ýyl saklandy, onda iň beýik Mugallym tälim berdi we ol ybadathana Ýehowa sežde etmäge köp adamlar geldi. Süleýmanyň şöhratly ybadathanasy 420 ýyl, ýagny b. e. öň 1027-nji ýyldan b. e. öň 607-nji ýyla çenli saklanan hem bolsa, «soňky öý» 580 ýyl, ýagny b. e. öň 515-nji ýyldan b. e. 70-nji ýylynda derbi-dagyn edilýänçe saklandy. Galyberse-de, Isa Mesih «soňky öýde» tälim berdi we Hudaýa sežde etmäge birinjä garanda, ikinji ybadathana köp adam geldi (Resullaryň işleri 2:1—11).

DEKABR 11—17

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZAKARÝA 1—8

«Ýehudynyň eteginden gaýym tutuň»

w14 15/11 sah. 27, abz. 14

Siz indi Hudaýyň halkysyňyz

14 Döwrüň soňunda köp adamlaryň Ýehowanyň halky bilen sežde etjekdigi barada Hudaýyň iki pygamberi öňünden aýdypdy. Işaýa şeýle pygamberlik etdi: «Ahyrky günlerde Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler. Köp halklar gelip, şeýle diýerler: „Geliň, Rebbiň dagyna — Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň; ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder“. Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar» (Iş. 2:2, 3). Şonuň ýaly Zakarýa pygamber hem «ençeme halklaryň, güýçli milletleriň Hökmürowan Rebbi gözlemäge we Rebbe ýalbarmaga Iýerusalime geljekdiklerini» aýtdy. Ol olary «dürli dillerde gepleýän ähli milletlerden» gelen adamlar hökmünde suratlandyrdy. Şeýle-de pygamberlikde bu adamlaryň Hudaýyň ruhy Ysraýyly bilen sežde edip: «Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik» diýjekdigi aýdylýar (Zak. 8:20—23).

w16.01 sah. 23, abz. 4

«Özüň bilen gitmäge» rugsat et

4 Şu günler ruhy Ysraýylyň, ýagny mesh edilenleriň hemmesiniň adyny bilip bolmaýan bolsa, onda başga goýunlar nädip olar «bilen gidip» bilerler? Zakarýa pygamberiň «on adam» barada aýdan sözlerine üns beriň. Olar «ýahudalynyň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“ diýerler». Bu aýatda diňe ýekeje ýehudy agzalýan bolsa-da, köp adam göz öňünde tutulýar. Bu ýehudy bir adamy däl-de, mesh edilenleriň toparyny aňladýan bolmaly. Diýmek, ýehudynyň yzyna düşmek üçin, mesh edilenleriň hemmesini tanamak hökman däl. Gaýtam, onuň haýsy topardygyny anyklap, olary goldamaly. Mukaddes Ýazgylarda adamyň yzyna eýermeli däldigi aýdylýar. Sebäbi biziň Ýolbaşçymyz Isa (Mat. 23:10).

w09 15/2 sah. 27, abz. 14

Olar Guzynyň «yzyna düşýär»

14 Biz Isanyň doganlaryny goldasak, Isany goldadygymyz bolar (Matta 25:40-y okaň). Ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler Isanyň mesh edilen doganlaryna nädip kömek berip biler? Esasanam, olar Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edip kömek edýär (Mat. 24:14; Ýahýa 14:12). Soňky onlarça ýylyň dowamynda ýer ýüzünde mesh edilenleriň sany azaldy, emma başga goýunlaryň sany köpelýär. Ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler wagyz edip, mümkin boldugyndan, doly wagtly gulluk edip, mesh edilenlere şägirt taýýarlamak işini ýerine ýetirmäge kömek berýär (Mat. 28:19, 20). Şeýle-de bu işi pul serişdesi bilen goldamagyda unutmaly däl.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w17.10 sah. 25, abz. 18

18 Emma bu görnüş ýehudylara arassa seždäni dikeltmäge borçludyklaryny hem ýatladýardy. Ýehowanyň halkynyň arasynda «şere», ýagny erbetlige orun berilmeli däldi. Biz hem Ýehowanyň goraýan we söýgi bilen aladamyzy edýän arassa guramasynyň agzasy bolanymyz üçin ony arassa saklamaga jogapkär. Eýsem, biz Hudaýyň «öýüni» arassa saklamaga jan edýärismi? Erbetligiň islendik görnüşine ruhy jennetimizde orun ýokdur.

w17.10 sah. 27, 28, abz. 7, 8

7 Mukaddes Ýazgylarda daglar patyşalyklary ýa-da hökümetleri aňladýar. Zakarýanyň gören görnüşindäki iki dag Danyýeliň pygamberliginde hem agzalýar. Daglaryň biri Ýehowanyň çäksiz beýik we ebedi hökümdarlygyny, beýlekisi bolsa Isanyň ýolbaşçylygyndaky Mesihi Patyşalygy aňladýar (Dan. 2:35, 45). 1914-nji ýylyň güýzünde Isa patyşalyk tagtyna çykandan bäri, bu iki dag Hudaýyň ýer babatdaky niýetiniň amala aşmagynda esasy orun eýeleýär.

8 Daglar näme üçin bürünçden ýasalandy? Sebäbi bürünç hem edil altyn ýaly gymmatbaha metal hasaplanýardy. Ýehowa çadyryň, soňra ybadathananyň gurluşygynda hem bürünç ulanmagy tabşyrypdy (Müs. çyk. 27:1—3; 1 Pat. 7:13—16). Diýmek, bürünç daglar Ýehowanyň hökümdarlygynyň we Mesihi Patyşalygyň täsin aýratynlygyny suratlandyrýar. Bu iki Patyşalyk hakyky howpsuzlygy üpjün edip, bütin adamzada bereket getirer.

DEKABR 18—24

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZAKARÝA 9—14

«Dagly jülgede galyň»

w13 15/2 sah. 19, abz. 10

Ýehowanyň gorag jülgesinde galalyň

10 Pygamberlige görä, göçme manydaky dag ikä bölünip, olaryň biri demirgazyga, beýlekisi günorta tarapa çekilende, Ýehowanyň her aýagy onuň bir tarapynda durýar. Şeýlelikde, Ýehowanyň iki aýagynyň arasynda «ägirt uly jülge» emele gelýär. Bu jülge Ýehowanyň goragyny aňladýar. Iki dagyň arasyndaky jülgäniň adamlary goraýşy ýaly, Ýehowanyň hökümdarlygy we Onuň Oglunyň Mesihi Patyşalygy-da mesihçileri goraýar. Ýehowa arassa seždäniň ýok edilmegine hiç haçan ýol bermez. Zeýtun dagy haçan ikä bölündi? 1914-nji ýylda Isa gökde höküm sürüp başlanda, dag ikä bölündi. Ýehowanyň gullukçylary jülgä haçan gaçyp başladylar?

w13 15/2 sah. 20, abz. 13

Ýehowanyň gorag jülgesinde galalyň

13 Eger biz Ýehowa ýakynlaşyp, imanda berk dursak, Onuň gorag jülgesinde galyp bileris. Ýehowa bilen Ogly Isa Mesih hiç kime we hiç zada bizi «(Isanyň) elinden kakyp almaga» ýol bermez (Ýahýa 10:28, 29). Biz Hudaýyň Beýik hökümdarlygyna gulak asyp, Mesihi Patyşalygyň wepaly raýatlary bolmagymyz üçin, Ýehowa gerekli kömegi bermäge hemişe taýyn. Ýehowanyň gorag jülgesinde häzir galmak örän wajyp, sebäbi golaýlap gelýän agyr muşakgatda biz Hudaýyň kömegine has-da mätäç bolarys.

w13 15/2 sah. 20, abz. 15

Ýehowanyň gorag jülgesinde galalyň

15 Hudaýyň söweş güni «ägirt uly jülgäniň» goragyndan peýdalanmadyk adamlara näme bolar? Zakarýa 14:6-da: «Şol gün yşyk bolmaz, asmandaky yşyk çeşmeleri doňar» diýilýär. Pygamberlige görä, olara Hudaýyň berýän gymmatly «yşygy» şöhle saçmaz. Şeýle-de «atlardyr gatyrlara, düýelerdir eşeklere hem-de olaryň düşelgelerinde bolan beýleki ähli haýwanlara-da», ýagny harby taýdan ýaraglanan milletlere-de täsir eder. Bu söweşde ulanyljak ýaraglaryň peýdasyz boljakdygyny görkezýär. Zakarýanyň aýtmagyna görä, Ýehowa duşmanlaryny «belalar» bilen jezalandyrar. Olaryň gözleri we dilleri «çüýrär». Biz munuň hakykatdan-da şeýle boljakdygyny bilmeýäris, ýöne olaryň bize zyýan ýetirip ýa-da Hudaýa garşy hiç zat aýdyp bilmejekdigine düşünýäris (Zak. 14:6, 7, 12, 15). «Dünýä patyşalary we olaryň goşunlary» Şeýtanyň tarapyna geçer. Emma olaryň ählisi ýok ediler (Ylh. 19:19—21). «Ol gün Rebbiň öldürenleri ýeriň bir ujundan beýleki ujuna ýeter» (Ýer. 25:32, 33).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w07 15/12 sah. 22, 23, abz. 9, 10

Size garşy edilen hiç bir ýarag üstün çykmaz

9 Zakarýanyň pygamberliginde halklaryň näme sebäpden mesihçilere garşy çykýandygy düşündirilýär. Zakarýa 12:3-de şeýle diýilýär: «Şol gün men Iýerusalimi ähli halklar üçin agyr daş ederin». Bu ýerde haýsy Iýerusalim barada aýdylýar? Gökdäki Iýerusalim, ýagny mesh edilen mesihçileriň çagyrylan gökdäki Patyşalygy barada aýdylýar (Ýewreýler 12:22). Patyşalygyň mirasdüşerleriniň kiçi galyndysy heniz ýer ýüzünde ýaşaýar. Olar «başga goýunlardan» bolan işdeşleri bilen bilelikde entek wagt barka, adamlary Hudaýyň Patyşylygynyň raýatlary bolmaga çagyrýarlar (Ýahýa 10:16; Ylham 11:15). Halklar bu çagyryşa nähili seslenýär? Şu günler Ýehowa gullukçylaryna nähili kömek edýär? Bu soraglara jogap bermek üçin, geliň, Zakarýa kitabynyň 12-nji babyna seredeliň. Bu bize Hudaýyň mesh edilenlerine we olaryň wepaly işdeşlerine garşy hiç bir ýaragyň üstün çykmajakdygyna has-da ynandyrar.

10 Zakarýa 12:3-de halklar «agyr ýaralanar» diýilýär? Nädip? Hudaý Patyşalyk baradaky hoş habaryň wagyz ediljekdigini öňünden aýtdy. Ýehowanyň Güwäçileri bu tabşyryga çynlakaý garaýarlar. Emma adamzadyň ýeke-täk umydy hökmünde Patyşalygy yglan etmeklik halklar üçin «agyr daş» boldy. Olar Patyşalygyň wagyzçylaryna garşylyk görkezip, bu «daşy» göterip aýyrjak bolýarlar. Ýöne olaryň ählisi «agyr ýaralandy» we heläk boldular. Halklar masgara bolup, öz abraýyny ýitirdiler. Olar şu soňky günlerde Hudaýyň Patyşalygynyň «ebedi hoş habaryny» yglan etmegi özüne hormat saýýan mesihçileri dymdyryp bilmeýärler (Ylham 14:6). Ýehowanyň gullukçylarynyň nähili zorluk çekendigini görüp, Afrika döwletleriniň birinde türmäniň gözegçisi şeýle diýdi: «Siz bu adamlary yzarlap, biderek güýjüňizi sarp edýärsiňiz. Olar hiç haçan imanyndan dänmezler, gaýtam, diňe köpeler».

w07 15/12 sah. 25, abz. 13

Size garşy edilen hiç bir ýarag üstün çykmaz

13 Zakarýa 12:7, 8-nji aýatlary okaň. Gadymy Ysraýylyň ähli ýerinde wagtal-wagtal çopanlaryň we daýhanlaryň çatmada ýaşandygyny görse bolýardy. Iýerusalime duşman girende, bu adamlar olaryň ýolunda bolany sebäpli, kömege mätäçdiler. «Ýahudanyň çatmasy» diýen jümle biziň döwrümizde mesh edilen mesihçileriň galyndysynyň, göçme manyda, açyk meýdanda goranylmaýan şäherde ýaşaýandygyny görkezýär. Olar Mesihi Patyşalygyň bähbitlerini batyrgaýlyk bilen goraýarlar. Goşunlar Hudaýy Ýehowa, ilki bilen, «Ýahudanyň çatmasyny» halas eder, sebäbi Şeýtan hut şolara garşy hüjüm edýär.

DEKABR 25—31

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MALAKY 1—4

«Siziň maşgalaňyz Ýehowanyň göwnünden turýarmy?»

jd sah. 125, 126, abz. 4, 5

Maşgala durmuşyň Hudaýy şatlandyrsyn

4 Malaky pygamberiň günlerinde b.e. öň V asyrda köp ýehudylar aýallary bilen aýrylyşyp başladylar. Malaky şeýle diýýärdi: „Ýehowa seniň we seniň ýaşlygyňdaky aýalyň arasynda şaýatdy. Sen aýalyňa biwepalyk etdiň“. Ýehowanyň gurbanlyk sypasyna biwepa ärleriň inkär eden aýallarynyň «agy we hasrat bilen» döken gözýaşlary akýardy. Erbet ruhanylar bolsa bu zalymlygy goldaýardylar (Mal. 2:13, 14).

5 Ýehowa nika bolan şeýle garaýyşlara nähili garaýardy? Malaky şeýle ýazdy: «Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Men aýrylyşmaklaryny ýigrenýärin“». Şeýle-de ol Ýehowanyň „üýtgemeýändigini“ aýtdy (Mal. 2:16; 3:6). Mundan näme netijä gelse bolar? Hudaý aýrylyşmaklyga nähili garaýandygyny başdan görkezipdi (Gel. çyk. 2:18, 24). Ol öz garaýşyny Malakynyň günlerinde-de üýtgetmedi. Diýmek, Ýehowa aýrylyşmaklygy şu günlerem ýigrenýär. Käbirleri ýan-ýoldaşyny halamaýany üçin nikasyny bozmak isleýärler. Aýrylyşmak üçin adam mekirlige ýüz ursa-da, Ýehowa ýürekleri görýär (Ýer. 17:9, 10). Aýrylyşmaklygy aklamak üçin nähili esaslar getirilse-de, Ýehowadan erbet niýetleri gizläp bolmaz. „Ähli zat onuň öňünde açyk hem aýdyňdyr, biz hem oňa jogap bermelidiris“ (Ýew. 4:13).

w02 1/5 sah. 18, abz. 19

Ýehowa biwepalygy ýigrenýär

19 Malaky öz günlerinde käbir ärleriň öz aýallaryna biwepalyk etmändiklerini aýtmak bilen olaryň gowy tarapyny belläp geçýär. Olarda „heniz mukaddes ruh bardy“ (Mal. 2:15). Hudaýyň häzirki bütindünýä ýygnagynda „öz aýallaryna hormat goýýan“ şeýle ärler kän (1 Pet. 3:7). Olar öz aýallaryna zalymlyk etmeýärler, kemsitmeýärler, nädogry jyns gatnaşygyna mejbur etmeýärler we başga aýallar bilen näz-kereşme edip ýa-da Internetden pornografiýa görmek bilen olaryň hormatyny gaçyrmaýarlar. Ýehowa öz guramasyny Hudaýa we onuň kanunlaryna wepaly köp mesihçi aýallar bilen bereketleýär. Şeýle erkekler we aýallar Hudaýyň nämäni ýigrenýändigini bilýärler we şoňa laýyk oýlanýarlar hem hereket edýärler. „Hökümdarymyz Hudaýa gulak asyp“ olaryň göreldesine eýeriň we bolluk bilen onuň mukaddes ruhuny alyň (Res. iş. 5:29).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w07 15/12 sah. 27, abz. 1

Malaki kitabyndan peýdaly pikirler

Malaki 1:10. Ýehowa açgöz ruhanylaryň gurbanlygyny halamaýardy, sebäbi olar gapyny ýapmak ýa-da gurbanlyk berilýän ýerde ody ýakmak ýaly ýönekeý hyzmatlar üçin hem para alýardylar. Şol sebäpli, biz mesihçiler hökmünde gazanç üçin däl-de, Ýehowa we ýakynlarymyza bolan päk söýgi üçin gulluk etmeli! (Matta 22:37—39; 2 Korintoslylar 11:7).

w13 15/7 sah. 10, 11, abz. 5, 6

«Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn»

5 Isa bugdaý we haşal ot tymsalyny gürrüň bermezinden birnäçe asyr öň, Ýehowa Malaky pygamberi şoňa meňzeş wakalar barada pygamberlik aýtmaga ylhamlandyrdy (Malaky 3:1—4-nji aýatlary okaň). Ýahýa çokundyryjy «ýoly taýýarlaýan» habarçydy (Mat. 11:10, 11). Ol b. e. 29-njy ýylynda gelende, Ysraýyl halkynyň höküm güni ýakynlaşypdy. Isa bolsa ikinji habarçydy. Ol Iýerusalimdäki ybadathanany iki gezek, ýagny gullugynyň başynda we soňunda arassalady (Mat. 21:12, 13; Ýahýa 2:14—17). Diýmek, Isa ybadathanany belli bir wagtyň dowamynda, ýagny b. e. 29- njy we b. e. 33-nji ýyllar aralygynda arassalapdyr.

6 Malakynyň pygamberligi has uly möçberde nädip ýerine ýetdi? 1914 -nji ýyldan takmynan 30 ýyl öň, Ç. T. Rassel we onuň egindeşleri Ýahýa çokundyryjynyňka meňzeş işi ýerine ýetirip başlady. Olar Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenip, köp hakykatlary bildiler. Meselem, olar Isanyň töleg gurbanynyň ähmiýetini öwretdiler, dowzah odunyň ýalandygyny äşgär edip, milletleriň möwritiniň gutarandygyny yglan etdiler. Elbetde, özüni Mesihiň şägirtleri hasaplaýan başga-da ençeme dini toparlar bardy. Olaryň haýsysy bugdaý toparyna degişlidi? Muny bilmek üçin Isa 1914-nji ýylda ruhy ybadathanany barlap başlady. Ol ybadathanany belli bir wagtyň dowamynda, ýagny 1914-nji ýyldan 1919-njy ýylyň başyna çenli barlady we arassalady[3].

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş