«Durmuş we wagyz» okuw depderi üçin gollanma
NOÝABR 6—12
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | AMOS 1—9
«Ýehowany agtaryň, şonda ýaşarsyňyz»
w04 15/11 sah. 24, abz. 20
Ýürekleri barlaýan Hudaý Ýehowany gözläň
20 Hawa, şol döwürde Ysraýylda Ýehowa wepaly galmak aňsat däldi. Akyma garşy ýüzmek kyn, muny häzirki uly we kiçi ýaşly mesihçiler hem gowy bilýär. Ýöne Hudaýa bolan söýgi we ony razy etmek islegi käbir ysraýyllylary Hudaýa hakykatda sežde etmegini dowam etmäge höweslendirýärdi. Amos 5:4-de Ýehowa şolar ýaly adamlary ýürekden çagyryp, şeýle diýdi: „Meni gözläň we diri galarsyňyz“. Şu günlerem Hudaý toba edýänlere onuň Sözüni agtaryp we islegini ýerine ýetirmek bilen ony gözleýänlere rehimdarlyk bildirýär. Bu ýol aňsat däl, emma ol baky ýaşaýşa eltýär (Ýah. 17:3).
jd sah. 90, 91, abz. 16, 17
Ýehowanyň beýik kadalaryny ýerine ýetirip, oňa gulluk et
16 Birinji adam, ýagny Adam ata ýagşy we ýaman barada kimiň kadalarynyň has gowudygyny çözende örän akylsyz karara geldi. Biz barada name diýse bolar? Biz paýhasly bolarysmy? Amos bizi Hudaýyň kadalaryna biperwaý garamazlyga çagyrýar: „Erbetligi ýigreniň we ýagşylygy söýüň“ (Amos 5:15). Semit dilleriniň we edebiýatynyň hünärmeni we Çikago uniwersitetiniň profesory (aradan çykdy) Wilýam Reýni Harper bu aýat barada şeýle diýipdi: „Amosyň garaýşynda ýagşy we ýamanyň nämedigini Ýahyň islegi çözýär“. Bu 12 pygamberden öwrenip biljek esasy pikirlerlerimizden biri bolup durýar. Ýehowanyň ýagşy we ýaman barada goýan kadalaryna görä bolmaga islegimiz barmy? Biz bu beýik kadalar barada Mukaddes Ýazgylardan bilýäris, ruhy taýdan ösen hem tejribeli mesihçilerden ybarat bolan „wepaly we paýhasly hyzmatkär“ bolsa ony bize düşündirýär (Mat. 24:45—47).
17 Erbetligi ýigrensek, Hudaýa ýaramaýan zatlardan gaça durmaga kömek eder. Meselem, adam internetdäki pornografiýanyň howpy barada bilýär we ony görmezlige çalyşýar. Ýöne onuň „içki dünýäsi“ pornografiýaly web-saýtlaryň mazmunyna nähili garaýar? (Efes. 3:16). Eger-de ol Amos 5:15-däki Hudaýyň çakylygyna eýerse, erbetlige bolan ýigrenjini ösdürmek aňsat bolar. Şeýdip, ol ruhy söweşde ýeňiş gazanar.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Ýowel we Amos kitabyndan peýdaly pikirler
2:12. Biz yhlasly pionerlere, aýlanýan gözegçilere, missionerlere we Beýtel maşgalasynyň agzalaryna uzak wagtly gullugyny goýup, «adatça ýaşamagy» maslahat bermeli däl. Gaýta, biz olaryň edýän ýagşy işini dowam etdirmegi üçin höweslendirmeli.
Ýowel we Amos kitabyndan peýdaly pikirler
8:1, 2 «Tomusky ir-iýmişli sebet» nämäni aňladýar? Bu Ýehowanyň gününiň ýakyndygyny aňladýar. Tomusky ir-iýmişler hasyl möwsüminiň, ýagny oba-hojalyk ýylynyň ahyrynda ýygnalýar. Ýehowanyň Amosa «tomusky ir-imişli sebede seret» diýmegi, Ysraýylyň ýok edilmeginiň golaýdygyny aňladýardy. Şonuň üçin Ýehowa Amosa: «Ysraýyl halkymyň soňy geldi, indi men olary bagyşlamaryn» diýdi.
NOÝABR 13—19
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ABADÝA 1—ÝUNUS 4
«Öz ýalňyşyňyzdan öwreniň»
Ol eden ýalňyşyndan sapak edindi
22 Ýunus pygamber näme etdi? Ol Ýehowa gulak asyp, minnetdarlygyny bildirdimi? Hawa, bildirdi. Üç günden soň, «balyk Ýunusy gury ýere gusdy» (Ýunus 3:1). Göz öňüne getir, Ýunus pygambere kenara çenli ýüzmegem gerek bolmady! Ol bir kenara düşýär. Ýunus pygamber Ýehowa minnetdarlygyny bildirmek üçin, Ninewä barýan ýoly özi tapmalydy. Ýunus 3:2-de: «Ýunusa Rebbiň sözi ikinji gezek geldi: «Hany bol, Ninewä — şol beýik şähere git-de, Meniň özüňe aýdýanlarymy onuň halkyna ýetir!» diýilýär. Ýunus pygamber Ýehowanyň diýenini edermikä?
23 Ýunus pygamber haýal etmedi. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýunus Rebbiň sözüne boýun boldy we Ninewä tarap ýola düşdi» diýilýär (Ýunus 3:3). Hawa, ol Ýehowa gulak asýar. Görşümiz ýaly, ol eden ýalňyşyndan sapak edindi. Bizem onuň imanyndan görelde almaly. Sebäbi ählimiz günäli we ýalňyşýarys (Rim. 3:23). Emma biz elimizi sowatman, eden ýalňyşymyzdan sapak edinip, Ýehowa gulak asmagy öwrenýärismi?
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Abadýa, Ýunus we Mika kitaplaryndan peýdaly pikirler
10 Edom nädip «hemişelik ýok edildi»? Edom raýatlary we dolandyryş sistemasy bolan bir döwletdi. Ol belli bir ýerde ýerleşýärdi. Pygamberlik edilişi ýaly Edom ýok edildi. Babyl patyşasy Nabonidus b. e. öň VI asyryň ortalarynda Edomy basyp aldy. B. e. öň IV asyrda Edoma nebaty halky göçüp barýar. Edomlylar bolsa Ýahudanyň günortasyndaky Negefde, soňra Edumeýa diýip atlandyrylan ýere göçdüler. B. e. 70-nji ýylynda rimliler Iýerusalimi weýran edýär we edom halky hemişelik ýok edilýär.
jd sah. 112, abz. 4, 5
Özüňi başgalar bilen Hudaýyň isleýşi ýaly alyp bar
4 Ysraýyla ýakyn ýerleşen Edom ýurduny Hudaý ýazgarypdy we biz ondan sapak edinip bilýäris. Biz şeýle sözleri okaýarys: „Sen doganyň betbagytçylyk gününde oňa içigaralyk bilen seretmeli däldiň. Ýahuda ogullarynyň heläk bolan güni şatlanmaly däldiň“ (Abadýa 12). Eger-de Suruň ýaşaýjylary ysraýyllylar bilen söwda-satyk işlerini ýöredeni üçin olaryň „doganlary“ diýlip atlandyrylan bolsa, onda Edomlylar, dogrudan-da, olaryň doganydy, sebäbi olar Esawdan döräpdi, ol bolsa Ýakubyň ekiz taýydy. Ýehowanyň özi edomlylary Ysraýylyň doganlary diýip atlandyrypdy (Kan. tag. 2:1—4). Wawilonlylar çozanda, edomlylar ysraýyllylaryň çekýän betbagytçylygyna begenip nejis iş etdiler (Ezek. 25:12—14).
5 Öz doganlary bolan ysraýyllylara edomlylaryň eden hereketini Hudaýyň halamandygy aýdyňdy. Özümizden: „Meniň doganlarym bilen özümi alyp barşyma Hudaý nähili garaýar?“ diýip sorap bileris. Meselem, bir dogan bilen gatnaşygymyz o diýen gowy däl bolsa, ol barada name pikir edýäris we onuň bilen özümizi nähili alyp barýarys? Aýdaly bir mesihçi seniň göwnüňe degdi ýa-da seniň garyndaşlaryň içinden biri bilen dawasy bar. Eger sende „öýkelemäge sebäbiň bolsa-da“, bolan zatlary ýatdan çykarmagyň ýa-da ony çözlüşmegiň deregine öýke-kine saklaýarmyň? (Kol. 3:13; Ýeş. 22:9—30; Mt 5:23,24). Eger ol dogany bagyşlamasaň, oňa bolan garaýşyňa täsir eder. Özüňi onuň bilen sowuk alyp barmagyň ýa-da ol barada ýaramaz gürrüňleri etmegiň mümkin. Indi bolsa şeýle ýagdaýy göz öňüne getirip gör: wagtyň geçmegi bilen şol doganyň ýalňyşlyk göýberip ýygnagyň ýaşulylarynyň maslahatyna mätäçdigini we düzelmek üçin oňa kömek gerekdigini görýärsiň (Gal. 6:1). Edomlylar ýaly doganyňyň şowsuzluga düşendigine begenermiň? Bu ýagdaýda Hudaý senden nämä garaşardy?
NOÝABR 20—26
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MIKA 1—7
«Ýehowa bizden näme talap edýär?»
Başgalar bilen özüňi nähili alyp barmaly?
20 Ýehowa imandaşlar bilen gowy gatnaşygymyzy hakyky seždäniň wajyp bölegi hasaplaýar. Eger olar ýakyny bilen gowy gatnaşykda bolmasa, berilýän mal gurbanlary Ýehowa üçin biderekdi (Mika 6:6—8). Şol sebäpli Isa şägirtlerini: «Dawagäriň bilen entek ýoldakaň derrew ýaraş» diýip çagyrdy (Mat. 5:25). Pawlus şuňa meňzeş pikiri ýazdy: «Gaharlanyň, ýöne günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne gün ýaşmasyn. Iblise ýol bermäň» (Efes. 4:26, 27). Eger gaharlanmaga sebäp bolaýanda-da, meseläni tizden-tizden çözmeli we gahary içimizde saklamaly däl, ýogsam, Iblise ýol berdigimiz bolar (Luka 17:3, 4).
„Adalaty berjaý etmek“. Bir barlag işine görä „adalatly“ diýlip terjime edilen gadymy ýewreý sözi „daş töwerekdäkilere dogruçyl we hakykatçyl garaýşy“ aňladýar. Hudaý başgalar bilen gatnaşanymyzda onuň adalatlylyk kadalaryna eýermegimizi isleýär. Eger biz özümizi başgalar bilen dogruçyl alyp barsak we ýüz görmesek, adalaty berjaý etdigimiz bolar (Lew. 19:15; Iş. 1:17; Ýew. 13:18). Eger biz başgalara adalatly bolsak, ähtimal olaram biziň bilen adalatly bolmak islär (Mat. 7:12).
„Merhemeti söýmek. (TD, Ýagşylygy söýmek“). Hudaý biziň diňe bir ýagşy adam bolmagymyzy däl-de, eýsem ony söýmegimizi isleýär. „Ýagşylyk“ diýlip terjime edilen gadymy ýewreý (hesed) sözüni „söýýän ýagşylyk“ ýa-da „wepadar söýgi“ diýip terjime etse bolýar. Bir Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam şeýle ýazdy: „söýgi“, „rehimdarlyk“ we „ýagşylyk“ sözleri [ýewreýçedäki hesed] sözüniň manysynyň ähli taraplaryny görkezip bilmeýär; oňa bu ýagşy işleriň hemmesi girýär“. Eger-de biz ýagşylygy söýýän bolsak, onda hemişe ýagşy işlere taýýar bolarys we mätäçlere kömek bermegi halarys. Şonda biz bagtly bolýarys, sebäbi „bermek...has bagtly edýändir“ (Res. iş. 20:35).
„Hudaýyňyzyň öňünde kiçi göwünli gezmek“. Mukaddes Ýazgylarda „gezmek“ diýen söz köplenç „belli bir görnüşde hereket etmegi“ aňladýar. Eger biz Mukaddes Ýazgylaryň kadalaryna görä ýaşaýan bolsak, onda Hudaý bilen gezýäris ýa-da ýöreýäris. Bu ýaşaýyş ýolunda bize kiçigöwünli bolmak gerek. Ol nämeden görünýär? Kiçigöwünlilik Hudaýyň öňündäki ornumyza dogry baha bermekde we öz ýagdaýymyzyň çäklidigine düşünýändigimizden görüner. Şonuň üçin „Hudaýyň öňünde kiçigöwünli gezmek“ diýen jümle, Hudaýyň bizden nämä garaşýandygyna düşünmegimizi we biziň Hudaýa näme berip biljekdigimize dogry garaýyşda bolmagy aňladýar.
Bagtymyza Ýehowa hiç haçan bizden edip bilýän zadymyzdan artygyny talap etmeýär. Ony razy etmek üçin görkezýän yhlasymyza ol begenýär (Kol. 3:23). Ol biziň çäkli ýagdaýlarymyzy bilýär (Zeb. 103:14). Eger bizem kiçigöwünli bolup öz çäkli ýagdaýymyzy göz öňünde tutmagy öwrensek, Hudaý bilen ýöräp şatlanarys. Hudaý bilen ýöremek üçin näme etmelidigini bilseň gowy bolmazmy? Bu ýolda size köp bereketler garaşýar (Sül. tym. 10:22).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Abadýa, Ýunus we Mika kitaplaryndan peýdaly pikirler
2:12 «Ysraýylyň galyndysyny ýygnamak» hakyndaky pygamberlik haçan ýerine ýetdi? Ol birinji gezek b. e. öň 537-nji ýylda ýehudylar Babyl ýesirliginden watanyna dolanyp gelende ýerine ýetdi. Bu pygamberlik şu günlerem «Hudaýyň Ysraýylynda» ýerine ýetýär (Galatýalylar 6:16). 1919-njy ýyldan başlap, mesh edilen mesihçiler «agyldaky sürä» ýygnalýar. 1935-nji ýyldan «başga goýunlaryň» «uly märekesi» olara goşulýar we agylda «köp adam sebäpli şowhun» bolýar (Ylham 7:9; Ýahýa 10:16). Olar bilelikde hakyky seždäni yhlasly goraýar.
w03 15/8 sah. 24, abz. 20
Ýehowa bizden nämä garaşýar
20 Biz Ýehowadan bereket alýarys, bu-da bizi Mikanyň garaýşyna eýermäge höweslendirýär. Pygamber: „Meniň halasgär Hudaýyma garaşýan“ diýdi (Mika 7:7). Hudaý bilen ýöräp bildirýän kiçigöwüliligimiz bilen bu sözleriň näme baglanşygy bar? Eger biz Ýehowa sabyrly garaşýan bolsak, bu bize Ýehowanyň gününiň entek gelmändigine gynanmazlyga kömek edýär (Sül. tym. 13:12). Biziň ählimiz bu zalym dünýäniň gutarmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Ýöne müňlerçe adamlar Hudaý bilen ýöremegi indi öwrenip başladylar. Bu ýagdaý her hepdede bolup dur. Bu bize Ýehowa garaşmaga wajyp sebäp bolup durýar. Öňden bäri hakykatda ýaşaýan bir Şaýat bu barada şeýle diýdi: „Wagyz gullugynda geçiren 55 ýylyma ser salyp, Ýehowa garaşamda hiç zat ýitirmändigime ynamym artýar. Tersine, men özümi köp bela-beterden we gaýgydan goradym“. Senem şeýle duýgulary başdan geçiripmidiň?
NOÝABR 27—DEKABR 3
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | NAHUM 1—HABAKUK 3
«Ruhy taýdan hüşgär we yhlasly boluň»
Nahum, Habakkuk we Zefanýa kitaplaryndan peýdaly pikirler
2:1. Biz hem Habakkuk ýaly ruhy taýdan oýa we gullukda yhlasly bolmaly. Şeýle-de bize käýinç ýa-da maslahat berlende, pikirimizi üýtgetmäge taýyn bolmaly.
2:3; 3:16. Biz ynam bilen Ýehowanyň gününe garaşyp, geliň, ruhy taýdan oýa bolalyň.
2:4. Biz Ýehowanyň gününde diri galar ýaly, oňa wepaly we sabyrly bolmaly (Ýewreýler 10:36—38).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Nahum, Habakkuk we Zefanýa kitaplaryndan peýdaly pikirler
2:6 «Derýanyň derwezeleri» näme we olar nädip açyldy? Bu derwezeler Ninewe şäheriniň diwarlarynyň bir bölegidi. Ony Tigr derýasynyň suwy ýykdy. B. e. öň 632-nji ýylda babyllylar bilen midiýalylar Ninewe garşy çykanda, şäheriň ýaşaýjylary özlerini howpsuz duýdy. Sebäbi şäheriň diwarlary beýikdi we ony basyp alyp bolmajak ýaly görünýärdi. Emma güýçli ýagyş sebäpli Tigr derýasy joşdy. Taryhçy Diodor sisiliýskiýniň aýtmagyna görä, şäheriň bir bölegini suw alýar, diwarlary bolsa ýykylýar. Pygamberlik edilişi ýaly, «derýanyň derwezeleri» açyldy we Ninewe gury samanyň ýanyşy ýaly derrew ýok edildi (Nahum 1:8—10).
Nahum, Habakkuk we Zefanýa kitaplaryndan peýdaly pikirler
3:17—19 Biz Armageddonda we ondan öň kynçylyklara duş gelsek-de, bizi Ýehowa «ýaşaýyş güýji» bilen berkider we oňa şatlyk bilen gulluk ederis.