Seniň üçin iň wajyp şahsyýet kim?
«Seniň hemmelerden beýikdigiňi bilsinler» (ZEB. 83:18).
1, 2. Näme üçin halas bolar ýaly, diňe Ýehowanyň adyny bilmek ýeterlikli däl?
SEN Ýehowanyň adyny birinji gezek Zebur 8:1-de görensiň. Şol aýatda: «Eý Ýehowa, Rebbimiz! Bütin ýer ýüzünde Seniň adyň nähili dabaraly! Sen şöhratyňy gökleriň üstüne ýazdyň» diýen sözleri okanyňda haýran galansyň. Soňra sen adamlara söýgüden doly Ýehowa Hudaýy tanatmak üçin şol aýady okap berensiň (Rim. 10:12, 13).
2 Adamlara Ýehowanyň adyny bilmek wajyp bolsa-da, ýöne bu ýeterlikli däl. Mezmurçy gutulmak üçin ýene-de bir wajyp hakykaty belläp geçdi. Ol: «Seniň hemmelerden beýikdigiňi bilsinler» diýdi (Zeb. 83:18). Hawa, Ýehowa Älemde iň wajyp Şahsyýet. Ol ähli zady ýaradany üçin, hemmeleriň oňa tabyn bolmagyna mynasyp (Ylh. 4:11). Şol sebäpli biz özümize şeýle sorag bermeli: «Meniň üçin iň wajyp Şahsyýet kim?» Biziň her birimiz bu soraga jogap bermeli!
Erem bagynda orta atylan jedelli mesele
3, 4. Şeýtan How enäni nädip aldady we netijede näme boldy?
3 Erem bagynda bolan waka jedelli meseläniň möhümdigini görkezýär. Hudaý Adam ata bilen How enä bir agajyň miwesinden iýme diýen tabşyrygy berýär. Ýöne How ene pitneçi perişde Şeýtan Iblisiň täsirine düşüp, Ýehowanyň tabşyrygyndan öz islegini has wajyp saýýar (Gel. çyk. 2:17; 2 Kor. 11:3). How ene aldanyp, Ýehowanyň hökümdarlygyna hormat goýmaýandygyny görkezdi. How ene Ýehowanyň iň wajyp Şahsyýetdigini boýun almady. Ýöne Şeýtan How enäni nädip aldady?
4 Şeýtan How ene bilen mekirlik bilen gepleşdi (Gelip çykyş 3:1—5-nji aýatlary okaň)a. Birinjiden, ol Ýehowanyň adyny tutman, ýöne oňa «Hudaý» diýdi. Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasyna laýyklykda, Musa pygamber Gelip çykyş 3:1-de Ýehowanyň adyny ýazdy. Sebäbi ol Hudaýyň adyny tutmagy wajyp saýýardy. Şeýtan bolsa Hudaýyň adyny tutman, How enäni Ýehowa bilen dostlugyň wajyp däldigine ynandyrjak bolan bolsa gerek. Ikinjiden, Şeýtan Hudaý «tabşyrdymy» diýmegiň deregine, «diýdimi» diýip, mekirlik bilen bu tabşyrygy möhüm däl ýaly edip görkezdi (Gel. çyk. 2:16). Üçünjiden, ol diňe How ene bilen gepleşse-de, «size» diýen at çalyşmany köplük sanda ulandy. Şeýdip, Şeýtan How enede tekepbirligi oýaryp, özüni wajyp saýmaga, özi we äri üçin jogap bermäge höweslendirdi. Netijede näme boldy? How ene: «Bagdaky agaçlaryň miwesinden iýmäge biziň ygtyýarymyz bar» diýip, özi hem äri üçin jogap berdi.
5. a) Şeýtan How enäniň ünsüni nämä çekdi? b) Gadagan edilen miweden iýip, How ene nämäni görkezdi?
5 Şeýtan ýene-de bir hakykaty ýoýdy. Ol Hudaýyň Adam ata bilen How enä «Bagyň hiç bir agajyndan iýmäň» diýdimi diýip, ony adalatsyz edip görkezdi. Soňra Şeýtan How enä diňe özi barada pikir etdirip, onuň «Hudaý kimin» bolup, has gowy ýaşajakdygyny aýtdy. Iň soňy Şeýtan How enäniň ünsüni ähli zady berýän Ýehowa bilen gatnaşygyna däl-de, agaja we onuň miwesine çekdi (Gelip çykyş 3:6-ny okaň)b. Gynansak-da, How ene miweden iýip, Ýehowany iň wajyp Şahsyýet saýmaýandygyny görkezdi.
Eýýubyň günlerindäki jedelli mesele
6. Şeýtan nädip Eýýubyň wepalylygyna şübhelendi we bu Eýýuba nähili mümkinçilik berdi?
6 Ýüzlerçe ýyl geçensoň, Eýýup pygamber üçin kimiň iň wajyp Şahsyýetdigini subut etmäge mümkinçilik boldy. Ýehowa Şeýtana Eýýubyň wepalydygyny aýdanda, ol: «Eýýup Hudaýdan sebäpsiz ýere gorkýarmy?» diýdi (Eýýup 1:7—10). Şeýtan Eýýubyň Hudaýa gulak asýanyny inkär etmedi. Ol Eýýubyň Hudaýy söýüp däl-de, öz bähbidi üçin gulluk edýändigini mekirlik bilen aýtdy. Şeýtanyň sözleriniň ýalandygyny diňe Eýýup subut edip bilýärdi, şonuň üçin oňa bu mümkinçilik berildi.
7, 8. Eýýup nähili synaglara uçrady we ol çydamly hem wepaly bolup, nämäni subut etdi?
7 Ýehowa Şeýtana Eýýubyň başyna agyr betbagtçylyklary yzly-yzyna indirmäge ýol berdi (Eýýup 1:12—19). Eýýup ýagdaýynyň düýbünden üýtgändigine nähili garady? Biz Eýýubyň «Hudaýy hiç zatda aýyplamandygyny» bilýäris (Eýýup 1:22). Emma Şeýtan köşeşmedi. Ol: «Adam derisi üçin deri, jany üçin ähli zadyndan geçer» diýdic (Eýýup 2:4). Şeýtan eger Eýýup horluk çekse, Ýehowa onuň üçin iň wajyp Şahsyýet bolmaz diýdi.
8 Eýýup pygamber agyr keselinden ejir çekdi, soňra aýaly hem Hudaýy näletle-de, öl diýdi. Üç ýalan dosty hem ony günäkärledi (Eýýup 2:11—13; 8:2—6; 22:2, 3). Emma bu ähli betbagtçylyklarda Eýýup aýypsyz galdy (Eýýup 2:9, 10-njy aýatlary okaň)d. Ol synaglara çydap we Hudaýa wepaly bolup, Ýehowanyň iň wajyp Şahsyýetdigini subut etdi. Şeýle-de Eýýup bikämil adamlaryň ýagdaýynyň çäklidigine garamazdan, Iblisiň atan töhmetine jogap berip bilýändigini görkezdi (Süleýmanyň tymsallary 27:11-i deňeşdiriň).
Isa ynamly jogap berdi
9. a) Şeýtan Isany öz islegini kanagatlandyrar ýaly nädip synady? b) Isa synalanda näme etdi?
9 Isa suwda çokundyrylandan soň, Şeýtan Isanyň Ýehowany iň wajyp Şahsyýet hasaplaman, onda diňe özüňi bilmeklik höwesini oýartjak boldy. Iblis Isany üç gezek synady. Birinji gezek, ol Isa öz islegini kanagatlandyrar ýaly, daşlary çörege öwür diýdi (Mat. 4:2, 3). Isa 40 gün oraza tutansoň gaty ajygypdy. Şol sebäpli, Iblis ony garnyny doýurmak üçin gudrat etmäge höweslendirdi. Isa näme etdi? Isa How eneden tapawutlylykda, Ýehowanyň Sözüne salgylanyp, derrew synagy inkär etdi (Matta 4:4-i okaň).
10. Şeýtan näme üçin Isa özüni ybadathananyň küňresinden aşak zyňmagy teklip etdi?
10 Şeýle-de Şeýtan Isany diňe özüni bilmäge iterdi. Ol Isa özüni ybadathananyň küňresinden aşak zyňmagy teklip etdi (Mat. 4:5, 6). Şeýtan nämä ynandyrdy? Ol Isa ýykylsa-da, «Hudaýyň ogly» bolany üçin zeper ýetmejekdigini aýtdy. Elbetde, Iblis Isanyň abraýy barada çendenaşa pikir etmegini, hatda özüni görkezmegini isleýärdi. Şeýtan adam ulumsy bolsa, başgalaryň ýanynda ýüzügara bolmajak bolup, bu duzaga düşýändigini bilýärdi. Şeýtan aýady ýoýsa-da, Isa Ýehowanyň Sözüne doly düşünýändigini görkezdi (Matta 4:7-ni okaň). Isa bu synagy inkär edip, Ýehowanyň iň wajyp Şahsyýetdigini subut etdi.
11. Näme üçin Isa Iblisiň dünýäniň bütin patyşalyklaryny teklip etmegini inkär etdi?
11 Iň soňy Şeýtan umydyny üzüp, Isa dünýäniň bütin patyşalyklaryny teklip etdi (Mat. 4:8, 9). Isa ony derrew ret etdi. Ol Şeýtanyň teklibini kabul etse, Ýehowanyň hökümdarlygyny, ýagny Hudaýyň Gudratygüýçli bolmaga haklydygyny inkär etjekdigine düşünýärdi (Matta 4:10-y okaň). Isa Şeýtana her gezek Töwratdan Ýehowanyň ady agzalýan aýatlary getirip jogap berýär.
12. Isa ýer ýüzünde ölmezden öň, nähili kyn karara gelmelidi we biz Isadan näme öwrenýäris?
12 Isa ýer ýüzünde ölmezden öň, bir kyn karara gelmelidi. Ol Hudaýa gulluk edende, janyny gurban etmäge taýyndygyny aýdýardy (Mat. 20:17—19, 28; Luka 12:50; Ýahýa 16:28). Ýöne Isa ýehudylar tarapyndan nähak günäkärlenmelidigini, höküm edilmelidigini we Hudaýa dil ýetirýän adam hökmünde öldürilmelidigini bilýärdi. Şeýle ölüm ony örän biynjalyklandyrýardy. Isa: «Eý Atam! Mümkin bolsa, bu käsäni Menden geçir; ýöne Meniň isleýşim ýaly däl, Seniň isleýşiň ýaly bolsun» diýip doga etdi (Mat. 26:39). Dogrudan-da, Isa ölümine çenli wepaly galyp, iň wajyp Şahsyýetiň kimdigini subut etdi!
Biz nähili jogap bereris?
13. Biz How enäniň, Eýýubyň we Isanyň mysalyndan näme öwrenip bileris?
13 Gadymy döwürde bolan wakalardan biz näme öwrenýäris? How enäniň mysalyndan, biz özüni we islegini wajyp saýýan adamlar üçin Ýehowanyň iň wajyp Şahsyýet bolmandygyny bilýäris. Eýýubyň wepalylygyndan bolsa, biz hatda bikämil adamlaryň synaglara näme üçin uçraýandygyna düşünmese-de, olara çydap, Ýehowa wepaly bolup, Hudaýy durmuşynda birinji orunda goýup bolýandygyny öwrendik (Ýakup 5:11). Şeýle-de Isanyň mysalyndan, biz utanjy äsgermän, öz abraýymyzy wajyp saýmazlygy öwrendik (Ýew. 12:2). Biz bu mysallardan näme öwrenip bileris?
14, 15. Isa How eneden tapawutlylykda, synaglara nädip döz geldi we biz nädip Isanyň göreldesine eýerip bileris?
14 Synaglara uçranda, Ýehowany hiç haçan ýatdan çykarma. How ene bar ünsüni görýän zadyna jemledi. Ol: «bu agajyň miwesiniň iýmit üçin gowudygyny, göze ýakymlydygyny we onuň akyl-paýhas berýändigini gördi» (Gel. çyk. 3:6). Bu Isanyň üç synaga döz gelşinden nähili tapawutlanýar! Ol her gezek synalanda, edýän hereketiniň nämä eltýändigini ýadyndan çykarmady. Ol Hudaýyň Sözüne ynanyp, Ýehowanyň adyny tutýardy.
15 Biz Ýehowa ýaramaýan özüne çekiji zatlary etjek bolanymyzda, ünsümizi nämä jemlemeli? Biz özüne çekýän zatlara näçe köp seretsek, şonça-da nädogry höweslerimiz güýçlener (Ýakup 1:14, 15). Bize şeýle höwesi göwräň bir synasyny kesip taşlamak ýaly kyn görünse-de, ony ýüregimizden derrew sogurmaly (Mat. 5:29, 30). Biz Isa ýaly edýän hereketimiziň nämä eltýändigi, Ýehowa bilen gatnaşygymyza nähili täsir edýändigi hakynda oýlanmaly. Biz Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigini unutmaly däl. Diňe şeýdip, Ýehowanyň biziň üçin iň wajyp Şahsyýetdigini subut ederis.
16—18. a) Näme sebäpden ýüregimiz gyýylmagy mümkin? b) Kynçylyklara döz gelmäge näme kömek eder?
16 Betbagtçylyga uçranda, hiç haçan Ýehowa gaharlanma (Sül. tym. 19:3). Şu zalym dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, Ýehowanyň halky betbagtçylykdan we heläkçilikden has köp ejir çekýär. Şeýle pursatlarda Ýehowa bizi gudrat bilen gorar öýtmeýäris. Biz hem Eýýup pygamber ýaly, dogan-garyndaşlarymyz aradan çykanda ýa-da özümiz kynçylyk çekende, ýüregimiz gyýylýar.
17 Eýýup pygamber Ýehowanyň näme üçin käbir zatlaryň bolmagyna ýol berendigine düşünmeýärdi. Käwagt biz hem erbetligiň näme üçin bolýandygyna düşünmeýäris. Belki, biz Gaitidäki ýer titremede we başga ýerlerde bolan tebigy betbagtçylykdan heläk bolan wepaly doganlar barada eşidendiris. Ýa-da biz aýypsyzlygyny saklamak üçin zorlukdan jebir çeken ýa elhenç betbagtçylykdan heläk bolan dogan-uýalary bilýändiris. Mümkin, özümiz käbir kyn ýagdaýlardan ýa-da adalatsyzlykdan ezýet çekýändiris. Gam-gussadan ýüregimiz para-para bolup: «Ýehowa, näme üçin bu meniň başyma indi? Men näme günä etdim?» diýýändiris (Hab. 1:2, 3). Şeýle kyn pursatlarda bize näme kömek eder?
18 Biz beýle betbagtçylyklar Ýehowa göz görkezýändigi üçin bolýar diýip, pikir etmeli däl. Isa-da muňuň beýle däldigini ýerde ýaşan wagty iki sany bolan betbagtçylygy mysal getirip düşündirdi (Luka 13:1—5-nji aýatlary okaň). Betbagtçylyklaryň köpüsi «wagt we tötänlik» sebäpli bolýar (Wag. 9:11). Emma biz nähili sebäpden ejir çeksek-de, bar ünsümizi «bütin teselliler Hudaýyna» bersek, olara döz gelip bileris. Ýehowa bize wepaly galar ýaly güýç berer (2 Kor. 1:3—6).
19, 20. Isa kemsitmelere çydamaga näme kömek etdi we bize-de näme ýardam eder?
19 Hiç haçan tekepbir bolma, gorkma we utanma. Isa kiçigöwünlilik bilen «gul häsiýetini alyp... Özüni hiç etdi» (Flp. 2:5—8). Ol Ýehowa bil baglany üçin kemsitmelere çydady (1 Pet. 2:23, 24). Isa kiçigöwünlilik bilen Ýehowanyň islegini birinji orunda goýýandygy üçin, Hudaý ony juda beýgeltdi (Flp. 2:9). Isa şägirtlerine hem kiçigöwünli bolmagy maslahat berdi (Mat. 23:11, 12; Luka 9:26).
20 Käwagt imanymyz synalanda, utanmagymyz mümkin. Emma biz Pawlus resul ýaly iman etmeli. Ol: «Şu görgüleri görmegimiň sebäbi hem şudur. Emma men utanmaýaryn, çünki Kime iman edenimi bilýärin, Onuň maňa tabşyran zadyny şol güne çenli saklamagy başarjakdygyna doly ynamym bar» diýdi (2 Tim. 1:12).
21. Diňe özüni bilýän adamlaryň arasynda ýaşaýandygyňa garamazdan, sen nämäni ýüregiňe düwdüň?
21 Mukaddes Ýazgylarda biziň döwrümiz hakynda «adamlar özüni söýer» diýip, pygamberlik edildi (2 Tim. 3:2). Şol sebäpli, biz diňe özüni bilýän adamlaryň arasynda ýaşaýandygymyza geň galmaýarys. Biz diňe özüňi bilmeklik ruhunyň täsir etmegine hiç haçan ýol bermeris! Gaýtam, biz synaglara, betbagtçylyga uçranda ýa-da utandyrylanda, geliň, her birimiz Ýehowanyň iň wajyp Şahsyýetdigini subut etmegi ýüregimize düweliň!
a Gelip çykyş 3:1. Ýylan Reb Hudaýyň ýaradan haýwanlarynyň hemmesinden mekirdi. Ýylan aýaldan: «Dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi? diýip sorady. 2 Aýal ýylana şeýle jogap berdi: «Bagdaky agaçlaryň miwelerinden iýmäge biziň ygtyýarymyz bar. 3 Ýöne Hudaý: «Siz bagyň ortasyndaky agajyň miwesinden iýmeläm dälsiňiz, oňa degmeläm dälsiňiz, ýogsam ölersiňiz» diýdi». 4 Ýylan aýala şeýle diýdi: «Ýok, ýok! Ölmersiňiz. 5 Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny we edil Hudaý kimin boljakdygyňyzy hem-de ýagşy-ýamany saýgarjakdygyňyzy bilýär».
b Gelip çykyş 3:6. Aýal bu agajyň miwesiniň iýmit üçin gowudygyny, göze ýakymlydygyny we onuň akyl-paýhas berýändigini görüp, ondan alyp iýdi. Adamsyna-da berdi, ol hem iýdi.
c Mukaddes Ýazgylary öwrenýän alymlar «derisi üçin deri» diýen jümläniň Eýýubyň diňe özüni bilip, derisini ýa janyny goramak üçin çagalarynyň, mallarynyň derisinden ýa janyndan geçmäge razydygyny aňladýandygyny aýdýar. Käbirleriniň aýtmagyna görä bolsa, adam diri galmak üçin derisiniň şikes ýetirilmegine taýyn bolýar. Meselem, adam urgudan kellesini eli bilen goraýar, şeýdip janyny halas etmek üçin derisine zeper ýetirýär. Bu idiomanyň manysy Eýýubyň diri galmak üçin ähli zadyndan geçmäge razydygyny aňladýar.
Siz näme öwrendiňiz?
• Şeýtan How enäni nädip aldady?
• Eýýup betbagtçylyga uçranda näme etdi?
• Isa üçin wajyp zat nämedi?