35-NJI BAP
Iň görnükli wagyz
ISANYŇ DAGDAKY WAGZY
Isa gaty ýadan bolmaly. Sebäbi ol bütin gijäni doga edip geçiripdi we 12 resulyny saýlapdy. Muňa garamazdan, heniz onuň güýç-kuwwaty bardy we ol adamlara kömek etmek isleýärdi. Şonuň üçin ol Jeliläniň bir daglyk ýerine gidýär. Ol ýer Isanyň gulluga başlan şäherine, ýagny Kapernauma golaý bolan bolmaly.
Onuň ýanyna uzak ýerlerden gelen märeke ýygnanypdy. Olaryň käbiri günortada ýerleşýän Iýerusalimden we Ýahudadan, käbiri bolsa demirgazyk-günbatarda ýerleşýän kenarýaka şäherleri Sur bilen Sidondan gelipdi. Näme üçin? «Olar Isany diňlemek we syrkawlygyndan açylmak» isleýärdiler. Isanyň sagaldan adamlary begenjinden ýaňa uçaýjak bolýardy. Göz öňüne getiriň, syrkaw adamlaryň bary sagalýar! Ol «hatda jynlardan», ýagny Şeýtanyň zalym perişdelerinden ýaňa ejir çekýän adamlary hem sagaldýar (Luka 6:17—19).
Soňra Isa dagyň ýapgydynda oturýar, märeke hem onuň daşyna üýşýär. Şägirtleri, esasanda, 12 resuly oňa has golaý oturan bolmaly. Gelen märeke täsin gudratlary görkezen mugallymy diňlemek isleýärdi. Isa diňleýjilerine peýdaly boljak zatlary gürrüň berýär. Şondan bäri onuň şol wagzyndan müňlerçe adamlar özlerine peýda aldy. Sada dilde we aýdyň beýan edilen bu çuňňur ruhy pikirlerden bizem özümize peýda alyp bileris. Isa ýönekeý we adamlara tanyş bolan mysallary getirýär. Bu mysallar Hudaýyň ýolunda ýöräp, gowy ýaşaýşa ymtylýan adamlaryň ählisine Isanyň aýdan pikirlerine düşünmäge kömek edýär. Ol nähili ähmiýetli pikirleri aýtdyka?
KIMLER HAKYKATDAN BAGTLY?
Isa hemme adamlaryň bagtly bolmak isleýändigini bilýärdi. Şonuň üçin ol wagzyny hakyky bagtyň nämedigi baradaky gürrüň bilen başlaýar. Hawa, bu sözler diňleýjileriň bar ünsüni özüne çekýär. Emma käbir zatlar olara geň görner.
Isa şeýle diýýär: «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar bagtlydyr, çünki gökdäki Patyşalyk olaryňkydyr. Hasrat çekýän adamlar bagtlydyr, sebäbi olara teselli berler. Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, sebäbi olar doýup-ganarlar. Dogrulyk üçin yzarlanýan adamlar bagtlydyr, sebäbi gökdäki Patyşalyk olaryňkydyr. Maňa iman edýändigiňiz üçin size sögenlerinde, yzarlanlarynda... bagtlysyňyz. Begeniň, şatlanyň» (Matta 5:3—12).
Isa «bagtlysyňyz» diýende nämäni göz öňünde tutduka? Ol wagtyny gowy geçirýän adamyň alan şatlygy ýa-da lezzeti hakda aýtmaýar. Bagt sözüniň has çuň manysy bar. Bu manyly ýaşamagy we kanagatly durmuşy aňladýar.
Isa ruhy zerurlygyna düşünýän, eden günäsine gynanýan, Hudaýy tanap, oňa gulluk edýän adamlar bagtlydyr diýýär. Olar Hudaýyň islegini ýerine ýetirýändigi üçin ýigrenilse-de, yzarlansa-da bagtlydyr. Sebäbi olar Hudaýa ýaramly iş edýändiklerini we ebedi ýaşaýyş sylagyny aljakdyklaryny bilýärler.
Emma diňleýjileriň köpüsi üstünlik gazanmak we keýpi-sapada ýaşamak bagtly edýändir öýdýär. Ýöne Isa başgaça pikir edýärdi. Olaryň pikirinden tapawutlylykda Isa şeýle diýýär: «Baýlar, dat günüňize, sebäbi siz hemme islän zadyňyzy häzir alyp bilýärsiňiz. Doýup-ganýanlaryň dat gününe, sebäbi olar ajygarlar. Häzir gülýänleriň dat gününe, sebäbi olar hasrat çekip aglarlar. Adamlar sizi şöhratlandyran mahaly, dat günüňize, sebäbi olaryň ata-babalary ýalan pygamberleri şeýle edipdiler» (Luka 6:24—26).
Isa näme üçin baýlaryň, gülýänleriň we şan-şöhrat gazanmak isleýänleriň dat gününe diýýär? Sebäbi şeýle zatlary gowy görüp, oňa ymtylýan adamlar, adatça, Hudaýa gulluk etmek islemeýärler. Aslynda, Hudaýa gulluk etmek adamy bagtly edýär. Isa garyp ýa-da aç-suwsyz bolmalydygyny aýtmaýar. Ýöne köplenç hut şeýle adamlar Isanyň sözlerine seslenýärler we hakyky bagtyň eýesi bolýarlar.
Soňra Isa şägirtlerine ýüzlenip: «Siz ýeriň duzusyňyz» diýýär (Matta 5:13). Elbetde, olar göni manyda duz däldiler. Duz iýmiti zaýalanmakdan goraýar. Hudaýyň ybadathanasynyň gurban getirilýän ýerinde duz goýulýardy, ony getirilen gurbany duzlamak üçin ulanýardylar. Şonda gurban porsamaýardy we zaýalanmaýardy (Lewiler 2:13; Ezekiýel 43:23, 24). Isanyň şägirtleri «ýeriň duzudy»; olar adamlara ruhy we ahlak taýdan arassa galmaga kömek edýärdiler. Hawa, olaryň wagyz edýän habaryna seslenen adamlar janyny gorap bilýärdiler.
Şeýle-de Isa şägirtlerine: «Siz dünýäniň yşygysyňyz» diýýär. Adamlar çyrany ýakanda, onuň üstüne sebet ýapmaýarlar, gaýtam, ýagty saçar ýaly, ony çyradanyň üstünde goýýarlar. Şol sebäpli Isa şägirtlerine: «Siziň hem yşygyňyz adamlaryň öňünde şeýle nur saçsyn welin, ýagşy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar» diýýär (Matta 5:14—16).
ŞÄGIRTLER ÜÇIN BERLEN ÝOKARY KADALAR
Ýehudy dini ýolbaşçylary Isany Hudaýyň Kanunynyň bozujysy hasaplap, ýaňy-ýakynda ony öldürmek üçin dil düwşüpdiler. Şol sebäpli Isa: «Meni Musanyň kanunyny ýa-da pygamberleriň ýazan sözlerini bozmaga gelendir öýtmäň. Men bozmak üçin däl-de, olary berjaý etmek üçin geldim» diýip, açyk aýdýar (Matta 5:17).
Hawa, Isa Hudaýyň Kanunyna çuňňur hormat goýýardy we başgalaryň hem şeýle etmegini isleýärdi. Ol: «Şol sebäpli kimdir biri tabşyryklaryň ýekejesini bozsa, şeýle etmegi başgalara-da öwretse, gökdäki Patyşalyga girmäge mynasyp däldir» diýýär. Isa şeýle adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmejekdigini aýdýar. Soňra sözüni dowam edip: «Emma olary berjaý edip, muny başgalara-da öwredýän adam gökdäki Patyşalyga girmäge mynasyp bolar» diýýär (Matta 5:19).
Isa Hudaýyň Kanunyny bozmak baradaky pikiri-de ýazgarýardy. Ol Kanundaky «Adam öldürme» diýen sözlere salgylanyp, soňra: «Doganyna gaharlanýan adam kazyýetde jogap berer» diýýär (Matta 5:21, 22). Dogrudan-da, kimdir birine bolan ýigrenç adamy öldürmäge-de iterip biler. Şonuň üçin Isa parahatlyga ymtylmak üçin näme etmelidigini şeýle düşündirýär: «Eger sen gurbanyňy gurbanlyk sypasyna alyp barýarkaň, doganyňyň öýke-kinesiniň bardygy ýadyňa düşse, onda gurbanyňy gurbanlyk sypasynyň öňünde goý-da, ilki gidip, doganyň bilen ýaraş. Soňra gel-de, gurbanyňy hödür et» (Matta 5:23, 24).
Soňra Isa Kanunyň zyna hakdaky tabşyrygyna salgylanyp, şeýle diýýär: «Siz: „Zyna etme“ diýlenini eşidensiňiz. Emma men size diýýärin, bir aýala azgyn höwes bilen seredýän adam ýüreginde onuň bilen eýýäm zyna edendir» (Matta 5:27, 28). Isa az salymlyk döreýän ahlaksyz pikir hakda däl-de, aýala «seretmegini» dowam edýän adamyň agyr günä edip biljekdigi barada aýdýar. Dogrudan-da, aýala seretmegini dowam edýän adamda erbet höwesler döreýär we bu ony zyna etmäge iterip bilýär. Munuň öňüni almak üçin näme etse bolar? Isanyň aýtmagyna görä, aýgytly hereket etmeli. Ol: «Eger seniň sag gözüň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar-da taşla... Eger seniň sag eliň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes-de taşla» diýýär (Matta 5:29, 30).
Agyr keselli adamlaryň käbiri janyny halas etmek üçin elini ýa-da aýagyny kesdirmäge razylaşýar. Isanyň aýtmagyna görä, ahlaksyzlyga iterýän pikirlerden gaça durmak üçin ähli gymmatly zadyňdan geçmek, meselem, göz ýa-da el ýaly beden agzalaryňy kesmek has wajypdyr. Ol muny şeýle düşündirýär: «Bütin bedeniň Jähenneme (Iýerusalimiň diwarlarynyň daşynda zir-zibil ýakylýan ýer) zyňlandan bir eliňi ýitireniň gowudyr».
Mundan başga-da Isa göwnümize degen adamlar bilen özümizi nähili alyp barmalydygymyz barada şeýle maslahat berýär: «Ýamanlyk edýäne garşylyk görkezmäň. Biri sag ýaňagyňa ursa, oňa beýleki ýaňagyňy hem öwür» (Matta 5:39). Bu sözler howp abananda, özüňi ýa-da maşgalaňy goramaly däldigini aňlatmaýar. Adatça, şarpyk çalnanda, adama zyýan ýetirmek ýa-da öldürmek üçin däl-de, ony kemsitmek üçin edilýär. Isanyň aýtmagyna görä, kimdir biri sizi uruşmaga ýa-da dawalaşmaga itermek üçin şarpyk çalsa, ýa-da göwnüňize degiji sözleri aýtsa, oňa gaýtargy bermeli däl.
Hudaýyň kanunynda ýakynyňy söýmelidigi barada hem maslahat berilýär. Emma Isa diňleýjilerine: «Duşmanlaryňyzy söýüň we sizi yzarlaýanlar üçin doga ediň» diýýär. Ol munuň sebäbini düşündirmek üçin güýçli delil getirip: «Şonda siz gökdäki Ataňyzyň perzentleri bolarsyňyz. Sebäbi ol Gününi hem erbetleriň, hem ýagşylaryň üstünden dogurýar» diýýär (Matta 5:44, 45).
Soňra Isa pikirini jemläp: «Şeýlelikde, gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz-de kämil boluň» diýýär (Matta 5:48). Elbetde, ol bu sözleri aýtmak bilen, adamlaryň doly manyda kämil bolup biljekdigini göz öňünde tutmady. Emma Hudaýyň göreldesine eýermek üçin, biz diňe adamlary däl-de, duşmanlarymyzy-da söýmelidiris. Isa başga bir ýagdaýda şeýle diýipdi: «Ataňyzyň rehimdar bolşy ýaly, siz hem rehimdar boluň» (Luka 6:36).
HUDAÝA DOGA ETMEK WE OŇA BIL BAGLAMAK
Isa gürrüňini dowam edip: «Dogry işleriňizi adamlara görünmek üçin etmekden ägä boluň» diýýär. Şeýle diýmek bilen, ol ikiýüzlüligi ýazgaryp: «Mätäje sadaka bereniňizde, ikiýüzli adamlaryň sinagogalarda we köçelerde edişi ýaly, bu hakda jar etmäň» diýýär (Matta 6:1, 2). Şonuň üçin sowgady adamlara bildirmän bermeklik gowudyr.
Soňra Isa şeýle diýýär: «Hudaýa doga edeniňizde, ikiýüzli adamlar ýaly bolmaň. Olar adamlara görünmek üçin sinagogalarda we uly ýollaryň çatrygynda durup doga edýärler... siz otagyňyza giriň-de, gapyny ýapyp, göze görünmeýän Ataňyza doga ediň. Şonda gizlinlikde edilýäni görýän Ataňyz sizi sylaglar» (Matta 6:5, 6). Bu sözler adamlaryň öňünde doga etmegiň nädogrudygyny görkezmeýär. Sebäbi Isanyň özi-de şeýle doga edýärdi. Ol adamlaryň ünsüni özüňe çekmek we öwgüsini almak üçin doga etmekligi ýazgarýar.
Ol märekä: «Doga edeniňizde, başga halklar ýaly şol bir sözleri gaýtalap durmaň» diýip maslahat berýär (Matta 6:7). Isa şol bir zat barada gaýta-gaýta doga etmek nädogrudyr diýjek bolmaýar. Ol ýat tutup, «şol bir sözleri gaýtalamagyň» nädogrudygyny belläp geçýär. Soňra ýedi dilegi öz içine alýan nusgalyk dogany aýdýar. Onuň ilkinji üç dilegi Hudaýyň hökümdarlygy we onuň niýeti baradady, ýagny Isa Hudaýyň adynyň mukaddes bolmagy, Patyşalygynyň gelmegi we isleginiň amala aşmagyny dileýär. Diňe şondan soň biz Hudaýdan gündelik zerurlyklarymyz, günälerimiziň bagyşlanmagy, synaglarda berk galmagymyz barada we Zalymdan halas etmegini diläp bileris.
Eýsem, biz emlägimize nähili garamaly? Isa: «Ýer ýüzünde hazyna ýygnamagyňyzy bes ediň. Sebäbi bu ýerde olary güýe, pos iýýändir we ogrular girip ogurlaýandyr» diýip maslahat berýär. Nähili ýerlikli sözler, şeýle dälmi?! Dogrudan-da, adam maddy zatlaryny ýitirip bilýär; galyberse-de, olar Hudaýyň öňünde ýagşy at gazanmaga kömek edip bilmeýär. Şol sebäpli Isa: «Muňa derek gökde hazyna ýygnaň» diýýär. Eger Hudaýa gulluk etmegi durmuşymyzda birinji orunda goýsak, onda hiç kim bizi Hudaýyň öňünde gazanan ýagşy atdan we ebedi ýaşaýyş sylagyndan mahrum edip bilmez. Şonuň üçin Isanyň: «Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar» diýen sözleri dogrudyr (Matta 6:19—21).
Isa pygamber sözüni tassyklamak üçin şeýle mysal getirýär: «Bedeniň çyrasy gözdür. Eger gözüň sada bolsa, bütin bedeniň hem ýagty bolar. Emma gözüň erbet bolsa, bütin bedeniň hem garaňky bolar» (Matta 6:22, 23). Gözümizi sada saklasak, ol bedenimiziň çyrasy kimin bolar. Emma munuň üçin gözümiz diňe bir zada gönükdirilen bolmaly, ýogsam biz durmuşdaky zatlara dogry baha berip bilmeris. Eger biz Hudaýa gulluk etmän, baýlyga kowalaşsak, onda «garaňky», ýagny ýaramaz işlere baş goşmagymyz mümkin.
Soňra Isa degerli mysal getirýär: «Hiç kim iki hojaýynyň guly bolup bilmez. Sebäbi ol birini ýigrenip, beýlekisini söýer ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz» (Matta 6:24).
Isany diňläp oturan adamlar: «Onda maddy zatlara nähili garamaly?» diýip, pikir eden bolmaly. Isa olara Hudaýa gulluk etmegi birinji orunda goýsalar, bu zatlaryň aladasyny etmegiň gerek däldigine ynandyryp: «Asmandaky guşlara syn ediň. Olar ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlara iýmit ýygnaýarlar. Muňa garamazdan, gökdäki Ataňyz olary iýmitlendirýär» diýýär (Matta 6:26).
Eýsem, meýdan gülleri barada näme diýse bolar? Isa: «Hatda şan-şöhrata eýe bolan Süleýman patyşa-da şeýle owadan geýnen däldir» diýýär. Bu nämäni görkezýär? «Eger şu gün bar bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan ösümliklerini Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, onda sizi has-da artyk geýindirmezmi näme?!» (Matta 6:29, 30). Isa şeýle paýhasly maslahat berýär: «Şonuň üçin „Näme iýeris?“, „Näme içeris?“ ýa-da „Näme geýeris?“ diýip, hiç haçan alada etmäň... Gökdäki Ataňyz bularyň hemmesiniň size gerekdigini bilýändir. Hudaýyň Patyşalygyny we Onuň dogrulygyny hemişe birinji orunda goýuň, şonda galan ähli zatlar hem üstüne goşulyp berler» (Matta 6:31—33).
ÝAŞAÝŞA NÄDIP GOWUŞMALY?
Resullar we başga-da akýürekli adamlar Hudaýa ýaramly ýaşamak isleýärdiler, emma bu olara aňsat däldi. Sebäbi fariseýleriň köpüsi tankytçyldy we adamlary ýazgarýardylar. Şonuň üçin Isa diňleýjilerine şeýle duýduryş berýär: «Adamlary ýazgarmagyňyzy bes ediň, şonda sizi-de ýazgarmazlar. Siz nädip ýazgarsaňyz, olar-da sizi şeýdip ýazgararlar» (Matta 7:1, 2).
Tankytçyl fariseýleriň yzyna eýermek howpludy. Isa muny şeýle mysal arkaly düşündirýär: «Eýsem, kör köri idip bilermi? Olaryň ikisi-de çukura gaçmazmy?» Onda diňleýjiler başgalara nähili garamalydylar? Olar tankytçyl bolmaly däldi, sebäbi bu agyr günä hasaplanýar. Isa şeýle diýýär: «Öz gözüňdäki agajy görmän, sen nädip: „Doganym, gel, gözüňdäki çöpi çykaraýyn“ diýip bilýärsiň? Eý ikiýüzli! Ilki öz gözüňdäki agajy çykar, şonda doganyňyň gözünden çöpi nädip çykarmalydygyny gowy saýgararsyň» (Luka 6:39—42).
Hawa, şägirtler tankytçyl bolmaly däldiler. Emma olar adamlary tanamak üçin düşgür bolmalydylar. Isa olara: «Mukaddes zady itlere bermäň, dürdäneleriňizi doňuzlaryň öňüne taşlamaň» diýip maslahat berýär (Matta 7:6). Hudaýyň Sözündäki hakykat dürdäne kimin gymmatlydyr. Eger adam hakykatyň gadyryny bilmese, onda şägirtler ony goýup, hakykaty kabul etjek adamlary agtarmaly.
Soňra Isa ýene-de doga etmek baradaky gürrüňine dolanýar we bu babatda erjel bolmagyň wajypdygyny şeýle belleýär: «Dilemegiňizi dowam ediň, size berler». Hudaýyň adamlaryň edýän doga-dilegine jogap bermäge taýyndygyny Isa şeýle sözler bilen görkezýär: «Eýsem, siziň haýsyňyz çagaňyz çörek dilände, oňa daş berersiňiz?... Eger siz erbet bolup-da, çagalaryňyza gowy sowgatlary berýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp gowy zatlary bermezmi näme?!» (Matta 7:7—11).
Şondan soň Isa özüňi alyp barmak babatda şu günler hemmelere tanyş bolan düzgüni girizýär: «Şoňa görä-de, adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şony ediň». Eýsem, biz şu sözleri ýürekden kabul edip, adamlar bilen özümizi şeýle alyp barmaly dälmi näme?! Emma muny etmek aňsat däl. Isa ony şeýle sözler bilen düşündirýär: «Dar gapydan giriň, çünki heläkçilige eltýän gapy giň we ýol inli, ondan ýöreýänler köpdür. Emma ebedi ýaşaýşa eltýän gapy dar we ýol insiz, ony tapýanlar azdyr» (Matta 7:12—14).
Ýöne şägirtleri ýaşaýşa eltýän ýoldan sowjak adamlar hem bar. Şol sebäpli Isa şeýle duýdurýar: «Ýalan pygamberlerden seresap boluň. Olar goýun derisine girip gelýändirler, ýöne içi ýyrtyjy möjeklerdir» (Matta 7:15). Agajyň gowy ýa-da erbetdigini getirýän miwesinden tanap bolýar. Adamlar babatda hem şeýle diýip bileris. Biz ýalan pygamberleri olaryň öwredýän zatlaryndan we edýän işlerinden tanap bileris. Hawa, adamlaryň aýdýan sözleri däl-de, edýän işleri Isanyň şägirdidigini görkezýär. Isany öz Halypasy hasaplaýan adamlar Hudaýyň islegini berjaý etmese näme? Isa şeýle diýýär: «Men olara: „Men sizi asla tanamaýaryn! Ýanymdan aýrylyň, eý kanuny bozýanlar!“ diýerin» (Matta 7:23).
Isa pygamber Dagdaky wagzyny jemläp, şeýle diýýär: «Şeýlelikde, meniň sözlerimi eşidýän we olary ýerine ýetirýän her kes öýüni gaýanyň üstünde guran paýhasly adama meňzeýär. Öýüň üstüne ýagyş ýagyp, sil geldi we güýçli ýel turup, öýe urdy, emma ol ýykylmady, sebäbi öý gaýanyň üstünde gurlupdy» (Matta 7:24, 25). Öý näme üçin ýykylmadyka? Sebäbi ol adam «topragy çuň gazyp, öýüň düýbüni gaýanyň üstünde gurupdyr» (Luka 6:48). Diýmek, Isanyň sözlerini eşitmek ýeterlik däl, biz olary berjaý etmeli.
Emma onuň «sözlerini eşidip-de, olary ýerine ýetirmeýän» adam babatda näme diýse bolar? Ol «öýüni çägäniň üstünde guran akylsyz adama meňzeýär» (Matta 7:26). Ýagyş ýagyp, sil gelende we güýçli ýel turanda, ol öý ýykylyp, doly weýran bolar.
Märeke Isanyň öwredişine haýran galýar. Sebäbi ol dini ýolbaşçylar ýaly däl-de, ygtyýarly adam ýaly gepleýärdi. Belki-de, Isany diňlän adamlaryň köpüsi onuň şägirdi bolandyr.