Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/12 sah. 4—8
Durmuşda hakyky üstünligi gazanyň
«Seniň ähli işleriňde üstünlik we abadanlyk hemraň bolar» (ÝEŞUW 1:8).
1, 2. a) Köp adamlar nämäni üstünlik hasaplaýar? b) Üstünlik barada öz pikiriňi bilmek üçin näme etmeli?
KIME durmuşda üstünlik gazanan adam diýse bolar? Eger adamlara şeýle soragy berseň, dürli-dürli jogaplary eşidersiň. Meselem, köpler baýlygy, girdejili käri we ýokary bilimi üstünlik hasaplaýarlar. Başgalaryň pikirine görä, üstünlikli bolmak üçin dogan-garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň we işdeşliriň bilen araň gowy bolmaly. Hudaýyň käbir gullukçylary bolsa, ýygnakda jogapkärçiligi almagy ýa-da wagyzda ökdeleşmegi üstünlik hasaplamagy mümkin.
2 Eýsem, seniň pikiriňçe, hakyky üstünlik näme? Muny bilmek üçin, kimi durmuşda üstünlik gazandy diýip hasaplaýan bolsaň, ýagny kime guwanýan we çuňňur hormat goýýan bolsaň, şol adamlaryň adyny ýaz. Olar näme bilen tapawutlanýar? Olar atly-abraýlymy? Berjek jogabyň seniň ýüregiňi aýan eder. Bu seniň kararlaryňa we maksatlaryňa güýçli täsir edip biler (Luka 6:45).
3. a) Ýeşuw üstünlik gazanmak üçin näme etmelidi? b) Şu makalada nämä serederis?
3 Ýöne mesihçiler üçin Ýehowanyň öňünde üstünlik gazanmak has-da wajypdyr, sebäbi gelejegimiz şoňa bagly. Ýehowa Ýeşuwy Wada edilen diýara girmäge taýýarlanýan ysraýyllara baştutan belläp, Musanyň kanunyny «gije-gündiz» okamagy we dykgatly ýerine ýetirmegi tabşyrdy-da: «Şonda seniň ähli işleriňde üstünlik we abadanlyk hemraň bolar» diýdi (Ýeşuw 1:7, 8). Bilşiňiz ýaly, Ýeşuw köp üstünlikler gazandy. Biz hem şeýle üstünlik gazanýarysmy? Biz üstünlige Hudaýyň garaýşy ýaly garaýarysmy? Muny bilmek üçin, geliň, Mukaddes Ýazgylarda agzalýan iki adamyň mysalyna seredeliň.
SÜLEÝMAN PATYŞA ÜSTÜNLIK GAZANDYMY?
4. Näme üçin Süleýman üstünlik gazanypdyr diýse bolar?
4 Süleýman patyşa örän köp üstünlik gazandy. Näme üçin? Ol ençeme ýyllap Hudaýdan gorkany we gulak asany üçin Ýehowanyň bereketlerini aldy. Ýadyňda bolsa, Ýehowa Süleýmana dilän zadyny berjekdigini aýdanda, patyşa halka ýolbaşçylyk etmek üçin akyldarlyk diledi. Ýehowa Süleýmanyň dogasyna jogap berip, diňe bir akyldarlyk däl-de, baýlyk hem berdi (1 Patyşalar 3:10—14-nji aýatlary okaň). Süleýman «pähim-paýhasynda bütin gündogarlylardan, bütin müsürlilerden öňe geçdi». Onuň at-abraýy «ähli milletleriň arasynda» bellidi (1 Pat. 4:30, 31). Baýlygy barada aýtsak, Süleýman patyşa bir ýylda gelýän diňe altynyň agramy 25 tonna töweregidi! Bu häzirki pulda bir milliard amerikan dollaryndan gowrak bolýar (2 Tar. 9:13). Ol ençeme owadan binalary gurdy, beýleki halklar bilen gowy gatnaşýardy we olar bilen söwda-satyk etmekde ökdedi. Diýmek, Süleýman patyşa Hudaýa wepaly mahaly, köp üstünlikler gazanypdyr (2 Tar. 9:22—24).
5. Süleýman patyşa hakyky üstünlik barada nämä düşündi?
5 Wagyzçy kitabyndan görnüşi ýaly, Süleýman patyşa üstünlige dogry garaýardy. Ol üstünlikli we bagtly ýaşamak üçin baýlyk hem at-abraý gerekdir öýtmeýärdi. Süleýman şeýle ýazýar: «Ynsan üçin şatlanmakdan we ömürboýy ýagşylyk etmekden gowy zadyň ýokdugyny bilýärin. Her kesiň iýip-içip, öz bar zähmetinden lezzet almagy Hudaýyň beren sylagydyr» (Wag. 3:12, 13). Ol şeýle işler diňe Hudaý bilen dostlugyň bolsa şatlyk berýändigine düşünip: «Hemme zat aýdyldy. Netije şudur: Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla, çünki bu ynsanyň esasy borjudyr» diýdi (Wag. 12:13).
6. Süleýmanyň mysaly hakyky üstünligiň nämedigine düşünmäge nädip kömek edýär?
6 Süleýman patyşa köp ýyllaryň dowamynda Hudaýdan gorkup we gulak asyp ýaşady. Mukaddes Ýazgylarda: «Süleýman kakasy Dawudyň wesýetlerini berjaý edip, Rebbi söýdi» diýilýär (1 Pat. 3:3). Şeýle ýaşamak bilen, ol hakyky üstünlige ýetdi. Süleýman Hudaýa sežde etmek üçin ajaýyp ybadathana gurdy we Mukaddes Ýazgylaryň üç kitabyny ýazdy. Elbetde, biz Süleýman patyşanyňky ýaly işleri edip bilmeris. Emma Hudaýa wepaly gulluk eden Süleýmanyň mysalyndan hakyky üstünligiň nämedigine we oňa ýetmek üçin näme etmelidigine düşündik. Meselem, Ýehowa Süleýmany baýlyk, akyldarlyk, şöhrat we wezipe barada ýazmaga ylhamlandyrdy. Köp adamlar üstünlige ýetmek üçin şu zatlar gerekdir öýdýär. Ýöne Süleýman beýle zatlaryň yzynda ylgaýanlary, ýagny şular bilen bagta ýetjek bolýanlary «salgyma çapmak» (şemaly kowalamak, TD) bilen deňeşdirdi. Üns beren bolsaň, baýlygy söýýän adam hemişe puluny köpeltmek bilen başagaý. Onsoňam, olar köplenç bar emlägini abat saklamak hakda gaýgy-alada edýärler. Şonda-da günlerde bir gün bar baýlygy başga birine geçýär (Wagyzçy 2:8—11,17;5:10—12-nji aýatlary okaň).
7, 8. Süleýman patyşa nädip biwepalylyk etdi we netijesi näme boldy?
7 Emma Süleýman patyşa garran çagynda Ýehowa gulak asmagyny bes etdi. Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Süleýmanyň garrylyk çagynda aýallary ýüregini keseki hudaýlara tarap öwürdiler. Süleýman kakasy Dawut ýaly Hudaýy Rebbe wepaly bolmady». Ol «Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri» etdi (1 Pat. 11:4—6).
8 Şonuň üçin Ýehowanyň Süleýmana: «Seniň Meniň bilen eden ähtiňi bilgeşleýin bozup, Meniň saňa tabşyran parzlarymy saklamandygyň üçin, Men patyşalygy hökman seniň eliňden alyp, ony köşk emeldarlaryňyň birine bererin» diýmegi adalatlydy (1 Pat. 11:11). Gör, nähili gynançly ýagdaý! Süleýman köp zatlarda üstünlik gazansa-da, wagtyň geçmegi bilen Ýehowany gynandyrdy. Ol durmuşda iň wajyp zady unutdy, ýagny, Hudaýa wepaly galmady. Biziň her birimiz hem özümize şeýle sorag bermeli: «Men üstünlikli bolmak üçin, Süleýmanyň mysalyny sapak edinmegi ýüregime düwdümmi?»
HAKYKY ÜSTÜNLIK
9. Köp adamlaryň pikiriçe, Pawlus durmuşda üstünlik gazandymy? Düşündiriň.
9 Pawlus resulyň ýaşaýşy Süleýman patyşanyňkydan düýpgöter tapawutlanýardy. Ol köşkde ýaşamaýardy ýa-da patyşalar bilen iýip-içmeýärdi. Gaýtam, ol wagtyny açlyk hem suwsuzlykda, sowukda hem ýalaňaçlykda geçirmeli boldy (2 Kor. 11:24—27). Pawlus mesihçi bolup, ýehudy dinine uýýan adamlaryň öňünde abraýdan gaçdy. Ýehudy dini ýolbaşçylary ony ýigrenip, ony hatda türmä basdylar, ýençdiler, gamçyladylar we daşladylar. Ol beýleki mesihçiler bilen masgaraçylyga, yzarlamalara we töhmet atylmaga sezewar boldy. Bu barada Pawlus: «Şu çaka çenli dünýäniň syr-süplügi, hemmäniň zir-zibili bolduk» diýdi (1 Kor. 4:11—13).
Adamlaryň pikiriçe, Saula üstünlik garaşýardy
10. Näme üçin Pawlus üstünliklerden ýüz öwüren ýaly bolup görünýärdi?
10 Pawlus resul bolmanka, oňa Saul diýerdiler. Şol wagtlar onuň gelejegini uly hasaplaýardylar. Sebäbi ol abraýly maşgalada doglupdy, hormatlanýan mugallym Gamaliýelden tälim alypdy. Pawlus: «Men ýehudy deň-duşlarymyň köpüsinden ýehudylaryň dininde diýseň ilerläpdim» diýdi (Gal. 1:14). Ol ýewreý we grek dillerinde suw içen ýaly gürleýärdi. Şeýle hem rim raýaty bolany üçin köp ýeňillikleri we hak-hukuklary bardy. Eger-de Pawlus şu dünýäde üstünlik gazanjak bolan bolsa, onda ol köp sylag-hormata we baýlyga eýe bolup bilerdi. Ýöne ol düýbünden başga ýaşaýyşy saýlady, hatda dogan-garyndaşylary ol aklyndan azaşandyr diýip pikir eden bolmaklary mümkin. Näme üçin?
11. Pawlus nämäniň gadyryny bilýärdi we nämäni ýüregine düwüpdi? Näme üçin?
11 Pawlus Ýehowany söýýärdi, şol sebäpli baýlyga we at-abraýa kowalaşman, Hudaýy razy etmek isleýärdi. Pawlus hakykat barada dogry bilim alyp, bu dünýäde äsgerilmeýän zatlaryň, ýagny Isanyň töleg gurbanynyň, wagyz etmegiň, gökde ýaşamagyň gadyryny bilip başlady. Pawlus Şeýtanyň adamlar babatda orta atan jedelli meselesi barada-da bilýärdi. Şeýtan her bir adamy Hudaýdan daşlaşdyryp bilerin diýipdi. Pawlus bolsa Şeýtanyň ýalançydygyny subut etmek isleýärdi (Eýýup 1:9—11; 2:3—5). Pawlus nähili kynçylyklara uçrasa-da, hakyky seždä mäkäm ýapyşyp, Ýehowa wepaly bolmagy ýüregine berk düwüpdi. Häzirki dünýäde üstünlik gazanmak isleýän adamlar muny unudýarlar.
Pawlus hakyky üstünligi gazandy
12. Sen näme üçin Hudaýa umyt baglaýarsyň?
12 Sen hem Pawlusyň göreldesine eýerýärsiňmi? Hudaýa wepaly ýaşamak aňsat bolmasa-da, biz wepaly ýaşasak, Hudaýyň razylygyny gazanarys we bereketlerini alarys. Ine, hakyky üstünlik! (Sül. tym. 10:22). Şeýle üstünlik bilen häzir hem-de gelejekde başga-da köp bereketler alyp bileris (Markus 10:29, 30-njy aýatlary okaň). Şoňa görä-de, biz «wepasyz baýlyga däl-de, lezzet almagymyz üçin, her zady bize bolluk bilen beren diri Hudaýa umyt baglamaly». Diňe şonda biz Hudaýyň wada berýän «soňsuz ýaşaýşyna» ýetmegi umyt edip bileris (1 Tim. 6:17—19). Şeýlelikde, ýene-de ýüz ýyldan, hatda müňlerçe ýyllardan, yza göz aýlap: «Men durmuşda hakyky üstünligi gazandym!» diýip bileris.
SENIŇ HAZYNAŇ NIREDE?
13. Isa hazyna ýygnamak barada näme maslahat berdi?
13 Isa hazyna barada şeýle diýdi: «Ýer ýüzünde özüňize hazyna ýygnamaň, bu ýerde güýe bilen pos iýýändir, bu ýere ogrular girip ogurlaýandyr. Özüňize Gökde hazyna ýygnaň, ol ýerde ne güýe, ne pos iýýändir, ne-de ogrular girip ogurlaýandyr. Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar» (Mat. 6:19—21).
14. Ýer ýüzünde hazyna ýygnamak paýhaslymy?
14 Adamyň ýer ýüzünde ýygnaýan «hazynasy» diňe bir pul däl. Süleýmanyň aýdan zatlary we adamlaryň üstünlik hasaplaýan zatlary, meselem, at-abraý, şan-şöhrat we wezipe-de hazyna bolup biler. Isa pygamber hem Süleýmanyň Wagyzçy kitabynda aýdan sözlerine meňzeş pikiri aýtdy. Bilşimiz ýaly ýer ýüzündäki hazynalar wagtlaýyn we şeýle hazyna zaýalanýar ýa-da ogurlanmagy mümkin. Deýl Bruner atly bir professor Isanyň sözleri barada gowy pikirleri aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, şan-şöhrat wagtlaýyn bolýar. Şu günki meşhur adamy ertir unudýarlar. Şu ýyl köp pul gazanan adam indiki ýyl bar baýlygyny ýitirýär. Isa adamlary söýýändigi üçin şan-şöhratyň bir pursatda zym-zyýat bolup, umytsyz galdyrýandygyny öňünden aýtdy. Professoryň aýtmagyna görä, pula we şan-şöhrata bil baglaýan adamlar her gün lapykeç bolýarlar. Isa pygamber bolsa şägirtleriniň lapykeç bolmagyny islemeýär. Köp adamlar professoryň sözleri bilen ylalaşsa gerek. Ýöne näçe adam Isanyň sözleri boýunça ýaşaýarka? Isanyň maslahaty seniň durmuşyňa täsir edýärmi?
15. Biz nähili üstünlik gazanmaga çalyşmaly?
15 Käbir dini ýolbaşçylaryň öwretmegine görä, üstünlik gazanmak üçin tagalla etmek nädogry. Emma Isa pygamber beýle zady öwretmeýärdi. Ol şägirtleriniň hakyky üstünlik gazanmagyny isleýärdi, şonuň üçin olary göklerde hiç haçan zaýalanmajak hazynany ýygnamaga höweslendirdi. Biz Ýehowanyň öňünde üstünlik gazanmak isleýäris. Şeýlelikde, Isanyň sözleri her bir adamyň öňünde islän maksadyny goýmaga mümkinçiliginiň bardygyny ýatladýar. Hawa, her kim ýüreginde isleýän, ýagny iň gymmat saýýan zadyny durmuşda amala aşyrmaga çalyşýar.
16. Biz nämä ynamly bolup bileris?
16 Eger ýüregimizde Ýehowany razy etmek islegi bar bolsa, onda ol bize gerekli ähli zady berer. Pawlus resul ýaly, käte aç hem suwsuz bolmagymyz mümkin (1 Kor. 4:11). Şonda-da Isanyň paýhasly maslahatyna ýürekden ynanalyň: «„Näme iýeris?“, „Näme içeris?“, „Näme geýeris?“ diýip, gaýgy etmäň. Bütin bu zatlary başga milletler agtarýarlar, ýöne Gökdäki Ataňyz bu zatlaryň barynyň size gerekdigini bilýär. Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler» (Mat. 6:31—33).
HUDAÝYŇ ÖŇÜNDE ÜSTÜNLIK GAZANYŇ
17, 18. a) Hakyky üstünlik nämä bagly? b) Üstünlik nämä bagly däl?
17 Diýmek, hakyky üstünlik bu dünýäniň öňünde eden uly işlerimize ýa-da eýeleýän wezipämize bagly däl eken. Hakyky üstünlik ýygnakda berlen jogapkärçilik bilen hem ölçenmeýär. Megerem, şeýle berekedi Hudaýa gulak asyp, wepaly gulluk edenimiz üçin alandyrys. Injilde: «Wekilleriň her birinden bolsa sadyklyk (wepaly bolmak, TD) talap edilýär» diýilýär (1 Kor. 4:2). Şoňa görä-de, biz hemişe wepaly bolmaga çalyşmaly. Isa pygamber: «Soňuna çenli çydan halas bolar» diýdi (Mat. 10:22). Hawa, diňe Hudaýa wepaly adamlar halas bolanda, hakyky üstünligiň nämedigi has aýdyň bolar!
18 Ýokarda aýdylanlardan ugur alsak, Hudaýa wepaly bolmak at-abraýyňa, bilimiňe, baýlygyňa we aslyňa bagly däl. Wepalylyk hatda aň-düşünjäňe, zehiniňe we ukyplaryňa-da bagly däl. Biz nähili ýagdaýlarda ýaşasak-da, Hudaýa wepaly bolup bileris. Birinji asyrda ýaşan mesihçileriň arasynda baýam bardy, garybam. Pawlus baý mesihçilere: «Ýagşylyk etmegi, ýagşy işlere baý bolmagy, sahylygy, jomartlygy» maslahat berdi. Baýlar-da, garyplar-da «soňsuz ýaşaýşa eýe bolup» biler (1 Tim. 6:17—19). Şu günler hem şeýle. Ähli mesihçileriň deň mümkinçiligi we jogapkärçiligi bar. Biz Hudaýa wepaly gulluk edip, «ýagşy işlere baý bolmaly». Eger şeýle etsek, onda Ýaradyjymyzyň öňünde üstünlik gazanarys we Ýehowany razy edýändigimize begeneris (Sül. tym. 27:11).
19. Sen üstünlik gazanmak üçin näme etmekçi?
19 Belki-de, sen häzirki ýagdaýyňy üýtgedip bilmersiň, ýöne oňa garaýşyňy üýtgedip bilersiň. Nähili şertlerde ýaşaýan bolsaň-da, Hudaýa wepaly bolmaga çalyş. Ýehowanyň häzir hem, gelejekde hem köp-köp bereketler berjekdigine ynamly bol. Isanyň mesh edilen mesihçilere aýdan sözlerini hiç haçan unutma: «Ölýänçäň, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin» (Ylh. 2:10). Ine, muňa hakyky üstünlik diýseň bolar!