-
Siz onuň nirede gögerjegini bilmeýärsiňizGarawul diňi — 2008 | 15 iýul
-
-
Tor mysaly
15, 16. a) Tor mysalyny gürrüň beriň. b) Tor nämäni aňladýar we Isa Patyşalygyň ösüşiniň haýsy aýratynlygyny görkezdi?
15 Şägirtleriň sany däl-de, olaryň ýaramly häsiýetleri wajypdyr. Isa Patyşalygyň ösüşiniň bu aýratynlygyny tor mysaly arkaly görkezdi. Ol: «Ýene Gökleriň Patyşalygy deňze taşlanyp, her hili balygy ýygnan tor ýalydyr» diýdi (Mat. 13:47).
16 Patyşalyk baradaky wagyz işini suratlandyrýan tora «her hili balyklar» düşýär. Isa şeýle diýdi: «Tor dolanda, ony kenara çekýärler-de, oturyp, oňat balyklary gaplara salýarlar, erbetlerini hem taşlap goýberýärler. Döwrüň soňunda hem şeýle bolar. Perişdeler gelip, erbetleri dogry adamlardan aýryp, küräniň oduna taşlarlar; ol ýerde agy we diş gyjama bolar» (Mat. 13:48—50).
17. Tor mysalyndaky bölünişik haýsy döwre degişli?
17 Bu bölünişik Isanyň şöhrat bilen gelip, goýunlary geçilerden saýlap, olary gutarnykly höküm etjekdigini aňladýarmy? (Mat. 24:31—33). Ýok. Sebäbi Isa uly muşakgatda gelip, gutarnykly höküm eder. Tor mysalynda aýdylýan bölünişik bolsa, «döwrüň soňunda» bolmalyc. Bu uly muşakgatyň öň ýanyndaky biziň häzirki ýaşaýan günlerimizi aňladýar. Bölünişik nähili geçirilýär?
18, 19. a) Şu günler bölünişik işi nähili geçirilýär? b) Akýürekli adamlaryň ählisi näme etmeli? (Çykgyda serediň).
18 Şu günler göçme manydaky balyklar millionlarça ynsanlar adamzat «deňzinden» Ýehowanyň ýygnagyna düşýär. Olaryň käbiri Ýatlama agşamyna gelýär, käbiri ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýar, käbiri bolsa Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar. Emma olaryň hemmesi mesihçi bolarmy? Olary «kenara çekselerde», Isanyň aýtmagyna görä, diňe «oňat balyklar» mesihçiler ýygnagyny aňladýan gaplara salynýar. Erbet balyklar bolsa taşlaýarlar, ahyrynda zalym dünýä ýok edilende, göçme manydaky «küräniň oduna» taşlanar.
19 Köp adamlar Ýehowanyň Güwäçileri bilen öň Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap, soňra wagtyň geçmegi bilen taşladylar. Käbiri mesihçi maşgalada terbiýelense-de, Isanyň şägirdi bolmadylar. Belki, şeýle adamlar Ýehowa gulluk etmek islän däldirler ýa-da Güwäçi bolup, soňra gulluk etmegini bes edendirler (Ezek. 33:32, 33)d. Görşümiz ýaly, soňky höküm güni gelmezden öň akýürekli adamlaryň ählisi ýygnaklary aňladýan gaplara salynmaly we şol howpsuz ýerde galmaly.
-
-
Siz onuň nirede gögerjegini bilmeýärsiňizGarawul diňi — 2008 | 15 iýul
-
-
20, 21. a) Biz Isanyň Patyşalygyň ösüşi baradaky mysallaryndan näme öwrendik? b) Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?
20 Biz Isanyň Patyşalygyň ösüşi baradaky mysallaryndan näme öwrendik? Birinjiden, gorçisa tohumynyň ösüşi ýaly şu günler ýer ýüzünde Hudaýyň Patyşalygy baradaky habara seslenýän adamlaryň sany örän köpelýär. Ýehowanyň işini hiç zat togtadyp bilmez! (Iş. 54:17). Galyberse-de, gorçisa «agajynyň» kölegesinde gizlenýänler ruhy taýdan goragly. Ikinjiden, biz Hudaýyň ösdürýändigini bildik. Una «goşulan» hamyrmaýanyň bütin hamyry turşadyşy ýaly, bu ösüş hemişe göze görünmese-de, ol bolýar. Üçünjiden, hoş habara seslenýänleriň ählisi «oňat balyk» bolmaz. Isanyň aýtmagyna görä, olaryň käbiri erbet balyk bolar.
-
-
Siz onuň nirede gögerjegini bilmeýärsiňizGarawul diňi — 2008 | 15 iýul
-
-
c Matta 13:39—43-nji aýatlarda Patyşalyk baradaky wagyz işiniň başga aýratynlygyna üns berilse-de, onda beýan edilýän wakalar tor mysalyndaky wakalar ýaly «döwrüň soňunda» berjaý bolýar. Göçme manydaky balyklaryň bölünmegi, tohum ekmek we orak möwsümi ýaly uzak wagty öz içine alýan şol bir döwürde bolýar (2000-nji ýylyň oktýabr aýynyň 15-ine çykan «Garawul diňi» (rusça) žurnalynyň 25, 26-njy sahypalary; «Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň», 178—181-nji sahypalary, abzas 8—11.
-